“❤️ Saýt ýene-de öz işine başlady ❤️”

Içeri gir Agza bol
Ýürekdeş sözler!
Belki : Her gün adyñy gaýtalap oýanýan günlerimden "Dogrudanam, näme-däý ady?" diýýän günlerime çenli ýol geçdi ýüregim #Belki

Forum | UMUMY BÖLÜM | Dünýä täzelikleri

Dünýäniň ilkinji filmleri
 Gytyndan
 xuliganka [off]
 06.01.2024 / 13:17
 Всё, что хочешь от жизни бери и беги

Kinonyň adamlaryň durmuşyna ýetiren täsiri uçursyzdyr. Şu günki gün adamzat jemgyýeti kinosyz oňup bilmeýär. Hasaplamalara görä, ýarym asyryň içinde adam başyna 18 müňe golaý görlen film düşýär. Bu bolsa, takmynan, 27 müň sagada barabardyr. Şeýle hem tomaşaçylaryň aňynda näçeräk maglumat galýandygyny diňe çaklap bilmek mümkin. Häzirki wagtda kino maglumat almagyň esasy serişdesi hökmünde kitapdan öňe geçdi. Wizual-akustik görnüşdäki fimlere adam oňat düşünýär. Şu günki günde ilkinji kinonyň nähili peýda bolandygy we tomaşaçylaryň dünýäde iň ilkinji haýsy filme tomaşa edendikleri barada pikirlenýän az bolsa gerek.
“Otlynyň La-Sioty menziline gelmegi”
Giňden ýaýran iň ilkinji film 1895-nji ýylda düşürilipdir. Kinematografiýanyň döwrüniň başyny hut “Otlynyň La-Sioty wokzalyna gelmegi” atly kartinasy başlapdyr. Bu gysga metražly filmi doganlar Lýumýerler düşüripdir we köpçülige görkezipdir. Häzirki wagta çenli Ogýust we Lýumýer kinonyň düýbüni tutanlar hasaplanýar.
Bu filmiň juda ýönekeý sýužeti bar. Ekranda La-Sioty menziline otlynyň gelip durşy, şeýle hem ýolagçylaryň uzakdan wagonlara gelşi görkezilýär. Emma muňa garamazdan kartina has giňden belli bolupdyr. Käbir maglumatlara görä, otlynyň “diri” şekilini kabul etmäge şol döwrüň jemgyýetiniň psihologik taýdan taýýarlygy bolmanlygyna görä erbet täsir edipdir. Adamlar otly gelip uraryndan gorkup bir ýana böküp çekilipdirler.
Doganlar Lýumýeriň filmi kinonyň ykrara edilen eseri bolupdyr. Bu şeýle bolupdy. Taryhda ilkinji gezek doganlar Lýumer hereketleri ekran janlandyrypdyrler – otly uzakdan peýda bolup, birinji planda gytaklap sagdan çepe geçýär we doly ekran arkaly ekranyň çep gyrasyndan aňyrlygyna tarap gidýär. Ondan başga-da, gysga metražly bu filmde adamlary bir kadrda iri, ortaça we umumy planda görkezilýär.
Taryhy pursat
Bu filmde sessiz kinonyň “ondan-oňa aýlanyp ýören sýužeti” ilkinji gezek görkezilýär. “La-Sioty wokzalyna otlynyň gelmegi” filmi çykandan soňra, bütin dünýäniň operatorlary dünýäniň beýleki ýurtlarynyň demir ýol menzillerinde şoňa meňzeş filmleri döretmäge başlapdyrlar. Mysal üçin, 1898-nji ýylda Žorž Meles bu sýužetiň iki nusgasyny çykarypdyr: “Otlynyň Wensanna menziline gelmegi” we “Otlynyň Žuanwilýa menziline gelmegi”. Ilkinji gezek giň ekranda doganlar Lýumeriň filmi 1896-njy ýylyň 6-njy ýanwarynda görkezilipdir.
Dünýäde ilkinji sesli film
“Jaz aýdymçysy” atly sazly film taryhda ilkinji gezek doly metražly sesli kino bolupdyr. Kartinada sinhronly seslendirme ulanylypdyr. 1927-nji ýylda şeýle filmiň çykmagy, sessiz kinonyň döwrüniň tamamlanandygyny aňladypdyr. Şol wagtlar sesi “Waýtafon” tilsimaty bilen ýazgy edipdirler. “Jaz aýdymçysy” kartinasynda baş keşpde El Jolson oýnapdyr. Ol alty sany saz nomerini ýerine ýetiripdir. Filmi surata almak esli pula – 422 müň dollara düşüpdir. Şol bir wagtyň özünde, hatda, “Warner” şereketi öz döreden filmine uly çykdajy etmändir.


209

7

1

2

0

0

1
Teswirler:
 Gerekli
 Dreamfull [off]
  Каждому нужен кто-то, кто его выслушает.
 06.01.2024 / 13:18

+0

Gyzyksz kino eken


Gytyndan
афганка  (06.01.2024 / 13:21) 

Dreamfull, aldanokmy

Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

Ilkinji edebiýat birleşmämiz ☺


Menem birleşme barada birzatlar ýazaýjakdym, Basmaçylardan ýaňa ýazjagyňam ýazyp bolanok, bar höwesiňi alansoňlar ýazasyňam gelenok. Oňarypsyň, ý...dowamy...

Ýatla meni...


Bir mowzugy, bir gezek halamak mumkin! Esasy Sada halkyň göwnünden tursa, ol seniň ýazan zatlaryňy ýyldan ýyla nämejik, asyrdan asyra geçirýär....dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Ýatla meni...
Fantom (05.06.2026 / 17:14)

Ýatla meni...


Poeziyada lenc edilen pikirlerden gacarak durmak gerek. Meselem, gysda yazda yatla diyen yaly. Gosgyn icindaki uytgesijek bir zatlar aytjak bolma...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Ýatla meni...
Belki (03.06.2026 / 22:36)

Ahwal


Umuman alanda gosgyn tehnikasy sagdyn, duygusam bar. Birhili Cary Yegenmyradyn gosgularynam yatlatman duranok. indi minuslaryna gelsem kabir kapy...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Ahwal
Belki (03.06.2026 / 22:33)

Edebi söhbetdeşlik Taýmaz Seýidow bilen sorag-jogap


Tuweleme, gowy sohbetdeslik bolupdyr. Taymaz agan jogaplaryny men-a gaty haladym. Ayratynam 12-nji sorag we jogaby gaty yerine dusupdir. Ustunlik...dowamy...

Ýüregimiň Sözleri❤️


okajak bolup sakowladym...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Ýüregimiň Sözleri❤️
tony_montana (03.06.2026 / 13:51)

Ýüregimiň Sözleri❤️


söýgüň bäşiňisn, Belki ýaly bolup bir şahada 6 nar bolduň ýördüňaý. Hakylly bolarlara...dowamy...

Ýüregimiň Sözleri❤️


Emeli aň)...dowamy...

Ýüregimiň Sözleri❤️


Narmanny ýazö...dowamy...

Ýüregimiň Sözleri❤️


Şuň ýüregi näme diýýäkä? Diýip okadymda...dowamy...
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2025

By We-Pro -->