Mishel [32s]
12.02.2026 / 08:30
Öýlenmän ýören oglanlar köpelip barýar. Mundan bir-iki ýyl geçen döwürde toýlar köp bolardy. Indi bolsa öýlenmän 30 ýaşdan geçen oglanlar üýşüp galypdyr. Şonuň ýalyda durmuşa çykman galan uly ýaşly gyzlar hem köpelip gitdi.
Näme üçin öýlenmeýäň diýip soranymda olar birmeňzeş jogap berýärler.
Gowy gyz ýok diýýärler.
Olaryň bu hili jogabyny eşidip men haýran bolup galýan. Bu ýerde meniň bu ogalnlara düşünmeýän ýerim bar.Näme üçin bu oglanlar birmeňzeş sözi aýydaýrlar.
Gowy gyz ýok diýýärler.
Ýa öýlenmäne serişdäm ýok diýmeýerler, ýada gyzlar ýalta diýmeýärler, ýada söýüşýän gyzym ýok diýmeýärlerde şol birmeňzeş söz, ýagny gowy gyz ýok diýýärler.
Asly özi gowy gyz diýip haýsy gyza aýdylýar?.
Mundan iki-üç ýyl geçen döwürde gyzlar barada gürrüň açylanda, pylanyň gyzy işeňňir, şol gyzy gelin edip alsaň utylmaýaň diýip aýdylardy. Öýe gelin bolup gelmeli gyzlara ata-eneler baha berip şol işeňňir diýip at alan gyzlary gelin edip alardylar. Indi ata-eneler hem gyzyny wagtynda çykarmak üçin hereket edenoklar, oglanlaryny bolsa öýlendirenoklar,
Iki ýyla golaý geçen döwürde biz tarapda bir atanyň aýydan sözi il içinde ýaýrap maňa gelip ýetdi.
Bu atadan sorapdyrlar. Näme üçin oglyňy öýlendirmeýäň diýip. Onda bu ata şeýle jogap beripdir.
Häzirki gelinler bir topar pul çykaryp alanyňa degmeýär. Olar bir ýyla ýetmän aýrylyp gidýäler.
Ýöne bu adamyň aýydany dogry. Apaşlap getirilen gyzlaryň aglabasy gelin bolandan bir ýyla ýetmän aýrylyp gidip otyrlar. Onsoň gyzy kim pul töläp alasy geler.
Bu adamyň dört ogly bar.Dört oglyny hem okatdy. Gurply hojalyk. Bu atanyň dört oglynyň iň kiçisi 24 ýaşady. Iň ulysy 30 ýaşady. Ulyny öýlendirmäniň wagty bireýýämdi.
Şol dört oglanyň üçünjisinden men soradym. Näme üçin öýlenmeýäň diýip. Ol bolsa şeýle jogap berdi.
Gowy gyz ýok.
Indi bolsa gowy gyz diýip haýsy gyza aýdylýar. Bu barada bir oglandan soradym. Ol şeýle jogap berdi.
Gowy gyz diýip telefonda oglanlar bilen gepleşmeýän gyzlara aýdylar diýdi. Ine, saňa jogap. Näme diýjegiňi bileňak.
Bu jogabyň arkasynda köp zatlar ýatyr. Belli bir derejede bu gowy jogap. Oglanlar ýaramaz gyzlara öýlenmejek bolýarlar. Bu gaty dogry. Sebäbi, bu gyzlar üçin örän köp galyň tölenilýär. Galyňdan daşary gelin bolup gelen gyzlara mellek alyp bermeli, jaý salyp bermeli, işe girizmeli. Kesellese keselini bejertmeli.
Elinde telefony bolup güni bilen her hili erkekler bilen gepleşýän gyzlara ynam barmy? Ýok. Köp erkek bilen gepleşen gyzlaryň psihilogiýasy bu erkekleriň gepleriniň täsiri astynda üýtgäp gitjegi görünip dur.
Mundan dört ýyl geçen döwürde saçymy bejertmek üçin dellekhana girdim. Dellekhanada saç bejerýän ýigidiň iki sany çagasy oýnäp ýör. Ulysy dört ýaşly oglan, kiçisi iki ýaşly gyz çaga.
Saç bejerýän dellek meni kreslo otyrdyp özi telefonyny ýokary sesde goýdy. Edil şu wagt onyň telefonyna jaň geldi. Telefon meniň gapdalymda stolyň üstünde dur.
Şundan soň dellekçi hem meniň saçmy bejrip hem başlady hem oňa jaň eden gyz bilen gepleşip başlady. Gyz sowuklan bolara çemeli her dem sümügini çekip gepleýär. Dellekçiniň çagalary aýak teýinde oýnap ýör.
Bu ikisi biri-birine mahriban ýaly bolyp gepleşýär. Emma sesine üns berseň ikiside biri-birinden bähbit gözleýär. Ýagny gyz özüne teklip isleýär dellekçi bolsa gepi uzaga çekip mylakat geplän bolup gyz bilen gatnaşygy arzan düşürmek isleýär.
Elbetde, men bu ikisine haýran galdym.
Mysaly öz ýürekdeş. Ru aýtyndan alaly. Meniň üns berişime görä bu saýtyň erkekleriniň aglabasy uly ýaşly adamlar.
Emma bu uly ýaşly adamlar bu saýta mowzuk okamak üçin giren adamlar däl. Olar gyzlara jigim diýendede asyl maksady başga. Gyzlaryň ýüregini mylakat bilen eredip özüniň ýaramaz bähbidine ýagny özüni apaşladyp görkezmekçi bolýan adamlar. Çünki bu saýtyň gyzlary ol erkekleriň hakyky ýüzüni görmeýärler . Görýänleride bar. Görselerde bu gyzlarda alaç ýok. Gyzlar söýülmegini isleýäler.
Ýöne bu gyzlary söýýän oglanlaryda ýok. Şonuň üçin bu ýerdäki gyzlaryň aglabasy özlerine ýalan baha almak üçin bu ýerde ullakan aňy giden gartaşanlar bilen gepleşýärler. Şol gartaşanlaryň käbirini aýydaýyn. Fantom, Dark Wolf, Khanture, Ideallider.
Dowamy bar.
124 |
37 |
9 |
9 |
0 |
0 |
0 |
Täzejekoshejik [5s]
Maral zeýrendi
12.02.2026 / 13:48
+0
Dowamy gelsinle gaty gyzykly bula
Täzejekoshejik [5s]
Maral zeýrendi
12.02.2026 / 13:50
+0
Fantom,Dark wolf,khanture,Ideallider. Buloň ýashlary ulumy?
Minigim (12.02.2026 / 16:26)
koshejik, name etjek olaryn yaslaryny
Täzejekoshejik [5s] (12.02.2026 / 17:12)
Minigim, uludukloryny bilemok etjek zadym ýok
Minigim (12.02.2026 / 17:18)
koshejik, Fantom aga uly beylekileri bilemok
Fantom [off]
Ýalňyzlyk diňe emosional ýagdaý däl, eýsem fiziologik stressordyr...
12.02.2026 / 16:51
+0
Ine şeýdip ýaza. öňler diňe täzelikleriňi okaýardym. indi bunyňam biçem däl.
Ereshev [off]
12.02.2026 / 18:16
+1
Gowy gyz ýok däl. Gowy gaynene bilen gaynata azaldy. Häzir çala bir zat bolsa, gyzyny özleri öýüne dolandyryarlar. Ýigit tarap karz edip toý üçin talap edilenler upjun edyar. Onsoň toydan son durmuş başlanda ýaňky ýigit işlan pulunyn 90%ni karza, 10%ni masgalasyna berýär. şeytmese bolanok. onsoň ýaňky täze gelin öýüne gep daşaya, Son bolsa gelnin ene atasy öz eli bilen gyzyny dolandyryar. Daş toweregimizde şu yagdaylara gaty köp gabat gelyas.
Mrs_B (12.02.2026 / 19:03)
Ereshev,
Edil hemmesi beýlede däl ýetirmedigni ýetirip ylalaşýanlaram bar maşgalany saklajak bolýanlar . ( Özümden mysalda )
Ýöne kä bir zandy ýamanlar bar gadyr bilmezler edil gelinlerne näme diýse diýip otyrmalydyr öýdüp gul ýaly saklajak bolýarlar .
Ereshev (13.02.2026 / 00:48)
Mrs_B, Dogry. Menem hemme kişi diyemok. Daş toweregimde köp boldy diýdim. Gaty az galdy gowylar
афганка [7s] (20.02.2026 / 23:54)
Ereshev, bamyňay
Ereshev (21.02.2026 / 15:43)
rexha, badyryn
Basmacy [off]
Biziň azap çekmedik zadymyz, biziňki däldir...
12.02.2026 / 20:58
+0
Baýbuuu, ýalňyşyp girsem, asyl meň adym ýazyk ekenä
Mishel [33s]
12.02.2026 / 21:47
+1
Men diňe sylamany bilýän emma kemsitmäni däl. Gaharym gelen wagty sögüşýän elbetde. Sögüşenim üçin ötün soraýaryn sizden
Ereshev (13.02.2026 / 00:49)
Mishel, Gaharly wagtyň men lickama gel. Icim gysanda menem söguşyandirin
Söýgümiziň synagy
Uzak wagt hiç zat ýazmadyň. Emma bu gün ýene şol köne söýgüliňi ýatladyň bu ýerde. Şeýlede bolsa geleniňe begenýän. Eger çyksa biz çalarak dost e...dowamy...
Erkek eşek (mi?)
Çopan: "aýlan geçi" -diýä weli määä-ää edýädä ana. 10ň3ň bilen seň.. Bendäň çagasy....dowamy...
Meniň dostym....
Wah syýasata oturyp güniň analizyny berjegem bar welin, şu ýöne emmasy bar-da... Ketteler eli goçook taýakly garaşyp otyrlar :(...dowamy...
Bilim, filosofiýa, din we maglumatlaryň görnüşleri
Bar bolan zatlar ylym bilimiň üsti bilen açylandygyna esaslanyp, mowzugyň başyndaky tehnologiýany garyşdyrmaň diýeni soňuna ýetinçäm böwrüme sanj...dowamy...
Meniň dostym....
Adamlarda hakykat galdymy bu wagt set internet dogry bolar ýaly. Öz sözi bile edýän hereketi deň däl bolan birentek ynsandan daşlaşypdym golaýda....dowamy...
Söýgümiziň synagy
"Mejnun bilen söýgi synpynda bile okadyk, ol hemiše 4-lik, men bolsa diñe 5-lik alardym." Diýýådimi Oraz.Ýagmyr))...dowamy...