“❤️ Saýt ýene-de öz işine başlady ❤️”

Içeri gir Agza bol
M.Yurekdesh.ru - 👉 Tanyşlyk Chat 👈
💥New chat..🗨
Ýürekdeş sözler!
Admin : Näzik zatlar özüni goramaga has ukyply bolýarlar.

Forum | GÜRRÜŇDEŞLIK | Erkin mowzuklar

Namysjaň adam (hekaýa)
 Özümiziňki
 Minigim [off]
 Şugün, 11:33
 Lekum dinikum ve liye din

Anton ÇEHOW,
rus ýazyjysy

Bu waka täjir Sinerylowyň toýunda boldy.

Öýlenýän ýigidiň sahyby — möle gözli, saçy syrylan, gasynlary sallanyşyp duran frakly, şilliň Nedorezow zenanlaryň arasynda durup akyl satýardy:

— Zenanlaryň ýaraşygy gözellikdir, erkek kişiden eşek ürkmese bolar. Erkegi bezeýän akyl, bilimdir, onuň üçin gözellik beýhuda zat. Sen on esse owadan, görmegeý bolaý, eger bilimiň, akylyň bolmasa, bahaň gara şaýyça bolmaz. Hawa… görmegeý erkekleri halamaýaryn. Aý, owarram bolsunlar-la!

— Siz muny özüňiz görmegeý bolmaňyzsoň aýdaýýaňyz. Ol ýere serediň! Bir erkek kişi otyr welin, görmegeý diýip şoňa aýdaýsaň! Gözleriniň özi nämä degmeýär. Ajaýyp! Kimkä ol?

Nedorezow goňşy otaga seredip, ýigrenç bilen seňrigini ýygyrdy. Ol ýerde gara gözli, gara saçly, görmegeý ýigit kürsüde gaýşarylyp otyrdy. Ol aýagyny aýagynyň üstüne atyp, barmagynda zynjyrjyk pyrlap, hondanbärsilik bilen myhmanlary synlap oturyşyna, dodaklarynda ýaňsyly ýylgyryş oýnaklaýardy.

— Üýtgeşik zady ýok-la! — diýip, sahyp aýtdy. — Aý, ýöne bolýa-da… hatda oňa bedroý diýseňem boljak. Ýüzem birhili samsyklaç… Boýnundaky kekirdek ýumrusy bolsa, iki arçyndan az däl.

— Näme diýseňem ýakymlyja-la!

— Siziň üçin owadan bolsa-da, meniň üçin-ä beýle däl. Eger owadan bolaýanda-da, samsykdyr, körsowatdyr. Ýogsa-da, ol kimkä?

— Bilmedik… Ýöne täjirlerden-ä däl bolsa gerek…

— Hüm-m… Jedel etmäge-de taýyn, ol hakyky samsyk bolmaly… Aýaklaryny yralaýşyny görýäňizmi… görseň myrryhyň tutýar! Häzir onuň haýsy bagyň guşjagazydygyny bileris, akylynam synap göreris. Häzir…

Nedorezow üsgürinjiredi-de, beýleki otaga batyrgaý gadam urdy. Ol gara saçly ýigidiň öňüne geçip, ýene bir ýola üsgürindi-de, söze başlady:

— Ýagdaýlaryňyz gowumy?

Gara saçly ýigit oňa seretdi-de, ulumsylyk bilen gülümsiräp:

— Ýuwaş-ýuwaş, boljak — diýip, göwünsiz jogap berdi.

— Näme üçin ýuwaş-ýuwaş? Size öňe gitmek gerek.

— Nämüçin öňe gitmeli?

— Şeýle-dä. Hemme zat öňe gidýär. Ine, alyp görsek elektrikler, telegraflar, telefonlar, garasaý, ähli zat öňe barýar. Hawa! «Progres» diýleni alyp görsek… bu söz nämäni aňladýar? Ol hemme zadyň öňe gitmelidigini aňladýar. Şonuň üçinem sizem öňe gitmeli…

— Onsoň men nirä gitmeli? — diýip, garagözelek ýigit ýaňsyly gülümsiredi.

— Gidere ýer gytmy näme? Islegiň bolsa, ýer kän. Ine, iň bolmanda, garbanyşhana gidäýeliň. Ilkinji tanyşlygymyzyň hatyrasyna şerbetjik jyňkytsak, nähili görýäňiz, hä?

— Baş üstüne. — Gara gözli ýigit ylalaşdy…

Olar garbanyşhana ýöneldiler. Saçy syrylan, frakly, kirli boýunbagly ofisiant iki sany bulgura şerbet guýdy. Sahyp bilen nätanyş ýigit içdi.

— Oňat şerbet — diýip, sahyp aýtdy — ýöne teýlije zatlaram ýok däl… Geliň, ilkinji tanyşlygymyzyň hatyrasyna bir bulgur gyzylyny-da içeliň.

Gyzyl şerbetdenem hersi bir bulgur jyňkytdy.

— Şindi ikimiziň tanyşlygymyz üçin içdik diýsegem boljak — diýip, sahyp dodaklaryny süpürişdirip dillendi…

— «Şindi» däl, «indi… — Gara saçly ýigit düzediş berdi. — Idili gepläbem bileňzok welin, telefon barada akyl satan bolýaňyz. Men siziň ýaly körsowat adam bolsam, porsap oturmazdym-da, dymardym… Şindi… şindi… Ha-ha-ha!

— Nämä gülýäňiz? — Sahyp öýkeledi. — Men «şindi» diýip, gülmek üçin aýtdym-a, degişme bi… dişiňi syrtartmak nämä gerek! Bu gyzlara hoş ýakýanam bolsa, maňa ýaranok… Siz kim bolarsyňyz? Käriňiz näme?

— Siziň işiňiz däl…

— Derejäňiz? Adyňyz näme?

— Siziň işiňiz däl… Men her bir öňümden çykana öz derejämi düşündirip oturar ýaly tentek däl… Men gaty namysjaň adam, çenden çyksaňyz, geçirimlik edip durman…

— Gör, siz nähili adam ekeniňiz… Hüm-m… Diýmek, adyňyzy aýtmakçy däl-dä?

— Aýtjak däl… men her öňýeten mahawa adymy aýdyp, özümi tanatjak bolsam, başga işem gerek däl. Men şeýlebir namysjaň adam welin, sizi hol hyzmatkär bilen des-deň görýän… Haý, nadanlar!

— Gör, siz nähili adam ekeniňiz… Häzir siziň haýsy bagyň guşudygyňyzy bileris.

Sahyp tumşugyny ýokary tutup, gelinliginiň ýanynda gyzyl leňňejiňki ýaly gözlerini gyrpyldadyp oturan öýlenýän ýigidiň ýanyna ýöneldi.

— Nikişa! — Sahyp gara gözli ýigide ümläp, öýlenýän ýigitden sorady. — Hol ýigidiň ady näme?

Öýlenýän ýigit başyny ýaýkap:

— Bilemok — diýip jogap berdi. — Ol meniň tanşym däl. Kakam çagyran bolaýmasa. Ony kakamdan sora.

— Wah, kakaň lül-gammar bolup, öz otagynda edil wagşy haýwan ýaly hor çekip ýatyr. Sizem ony tanaňzokmy? — diýip, sahyp gelinden sorady.

Gelin gara saçly ýigidi tanamaýandygyny aýtdy. Sahyp eginlerini gysyp, myhmanlardan soraşdyryp başlady. Myhmanlar ol ýigidi birinji gezek görýändiklerini aýtdylar.

— Diýmek, jüwlük bolmaly. — Sahyp şeýle netijä geldi. — Çakylyksyz bärik giripdir-de, edil tanyşlarynyňkyda ýaly gaýşaryp otyr. Ýeri, bolýa! Biz onuň gözüne görkezeris «şindini!».

Sahyp gara saçly ýigidiň ýanyna bardy-da, elini bykynyna urup:

— Siziň çakylygyňyz barmy? Ony görmäge rugsat ediň — diýip sorady.

— Men gaty namysjaň adam, şoň üçinem her öňýetene öz çakylygymy görkezmen. Üstüme abanyp durmaň-da, ugraň şu ýerden…

— Diýmek, çakylygyňyz ýok-da? Diýmek, siz kezzap bolmaly. Indi bize siziň käriňiz belli boldy. Indi siziň kimdigiňizi oňat bilýäs, siz barypýatan ýalançy.

— Eger bu sözleri maňa akylly-başly adam aýdan bolsa, onuň tumşugyny owradardym, ýöne siziň ýaly akmakdan gaty görüp oturasy iş ýok.

Sahyp beýleki otaglara aýlandy-da, ülpetleriniň bäş-alty sanysyny ýanyna alyp, gara saçly ýigidiň ýanyna bardy.

— Merhemetli hökümdar, siziň çakylygyňyzy görmäge rugsat ediň!

— Görkezjek däl. Gaharym gelmänkä meni günüme goýuň…

— Diýmek, çakylygyňyzy görkezmek islemeýän bolsaňyz, siz çakylyksyz giren bolmaly. Siz barypýatan kezzap. Häziriň özünde bärden garaňyzy saýlaň! Ýogsa sizi basgançakdan…

Sahyp we onuň dostlary gara saçly ýigidiň elinden tutup, girelgä tarap süýräp ugradylar. Myhmanlar gohlaşýardy. Gara saçly ýigit bolsa özüniň hormatly adamdygyny, olaryň bolsa nadandygyny aýdyp gygyrýardy.

— Merhemet ediň, görmegeý ýigit! — diýip, sahyp ony gapa idenekledip barşyna buýsançly samraýardy. — Biz siz ýaly görmegeýje ýigitleri oňat tanaýarys!

Ýigidi gapyň agzyna eltip, paltosyny geýdirip, kellesine telpegini çümrüp, arkasyndan itekläp goýberdiler. Sahyp kikir-kikir edip, ýüzükli ýumrugy bilen onuň ýeňsesine kakyp goýberdi-de:

— Hoş galyň! Soň baş egersiňiz! — diýip, şadyýan gygyrdy.

Gara saçly ýigit ýerinden galyp, paltosyny kakyşdyrdy-da, başyny dik tutup, şeýle diýdi:

— Akmaklar akmak adamlar ýalam hereket edýär. Men namysjaň adam, şonuň üçinem siziň öňüňizde kiçelip durman. Goý, meniň kimdigimi paýtunçym aýtsyn. Hany, bärik gel, Grigoriý! — diýip, ol köçä bakan gygyrdy.

Myhmanlar aşak düşdüler. Bir minutdan howla paýtunçy girdi.

— Grigoriý! — diýip, myhman oňa ýüzlendi. — Men kim?

— Hojaýyn, siz Semen Panteleýiç…

— Meniň derejäm hemem işleýän ýerim?

— Siz öz derejäňize ylmyňyz-bilimiňiz bilen ýetdiňiz…

— Men nirede işleýän hemem gulluk-borjum näme?

— Siz täjir Podşekiniň fabriginde mehanik bolup işleýärsiňiz, aýlygyňyzam üç müň…

— Indi bildiňizmi? Ine-de, meniň çakylygym! Meni bärik öýlenýän ýigidiň kakasy, serhoş bolup ýatan täjir Sinerylow çagyrdy…

— Aý, gadyrdanym, mähribanym! — Sahyp gygyrdy. — Näme üçin muny öň aýtmadyňyz?

— Men namysjaň adam… Özüme göwnüm ýetýär… Hoş galyň! — diýip, garagözelek ýigit gapa tarap ýöneldi.

— Ýok, munyňyz bolmaz, aýak çekiň… Gaharyňyz gelmesin, Semen Panteleiç, bu günä bolar. Indi siziň nähili adamdygyňyzy bildik… Ýörüň, siziň sowadyňyz, pikirleriňiz üçin içeliň…

Namysjaň adam gaşyny çytyp, basgançakdan ýokaryk galyp ugrady. Iki minutdan ol eýýäm bufetde durup, şerbet süzýärdi.

— Namysyň bolmasa, bu ýagty ýalançyda ýaşap bolmaz — diýip, ol akyl satýardy. — Hiç haçan hiç kime eglişik etmerin! Men öz bahamy bilýändirin. Aý, siz — nadanlar, muňa düşünip durasyňyz ýok-la!

Terjime eden Hemra HUDAÝGULYÝEW


19

12

3

4

0

0

0
Teswirler:
 Premium
 Prinsessa [off]
  Dostum yok duşmanm kop
 Şugün, 11:45

+0

uzyn ekn şondada malades

 Täzeje
 Anima [off]
 Şugün, 12:14

+0

Banynow milet

 Premium
 Orazjan [9s]
  Obaly maýmynjyk
 Şugün, 13:37

+0

Kzýkini gabyr düzeder

Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

Namysjaň adam (hekaýa)


Kzýkini gabyr düzeder...dowamy...
Erkin mowzuklar | Namysjaň adam (hekaýa)
Orazjan (Şugün, 13:37)

KANUNALAÝYKLYK.


[spoiler=][/spoiler]oyun etman goni ejeme aytyan sizi...dowamy...

Näme üçin adamlara gartaşan diýýärler


Nerwa degman kan nerwa degman...dowamy...

Namysjaň adam (hekaýa)


Banynow milet...dowamy...

Gülsem Bolýar 4


Dünyeden doydummukam ...dowamy...
Degişmeler älemi | Gülsem Bolýar 4
Мечтать (Şugün, 11:58)

Namysjaň adam (hekaýa)


uzyn ekn şondada malades...dowamy...
Erkin mowzuklar | Namysjaň adam (hekaýa)
Prinsessa (Şugün, 11:45)

Näme üçin adamlara gartaşan diýýärler


Dowamyna garaşýan...dowamy...

Näme üçin adamlara gartaşan diýýärler


ai maladesai...dowamy...

ДИАЛОГ


rusça ekn yone bilsemem terjime etmane yaltandm yone mlds...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | ДИАЛОГ
Prinsessa (Şugün, 09:09)

Gülsem Bolýar 4


ýetirip dur gülkünüç zatlar....dowamy...
Degişmeler älemi | Gülsem Bolýar 4
koshejik (Şugün, 08:29)
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2025

By We-Pro -->