“❤️ Saýt ýene-de öz işine başlady ❤️”

Içeri gir Agza bol
M.Yurekdesh.ru - 👉 Tanyşlyk Chat 👈
💥New chat..🗨
Ýürekdeş sözler!
Prinsesa : insanlarin warliginda sewmeýi başarin

Forum | GÜRRÜŇDEŞLIK | Erkin mowzuklar

Bagt näme özi
 Täzeje
 Mishel [off]
 Düýn, 21:49

Стало известно, сколько лет Том Круз не виделся со своей дочерью от Кэти Холмс — вы удивитесь
Dünýä belli artist Tom Kruz öňki aýaly Keti Holmsdan bolan gyzyny näçe wagtlap görmändigi belli boldy







После грандиозной вечеринки по случаю 50-летия Виктории Бекхэм на Тома Круза — одного из гостей мероприятия — обрушилась волна хейта.
Tom Kruz Biktoriýa Bekhemiň 50 ýaşyny belläp otyran wagty oňa bir topar igenmeler gelip düşdi

Оказывается, в этот же день праздновала свое совершеннолетие дочь актера от Кэти Холмс Сури, и на ее празднике звезды фильма «Миссия невыполнима», разумеется, не было.
Seretseler , edil şu wagt onuň Suri atly gyzy öz 18 ýaşyny belleýän wagtynda atasy Tom Kruz ony gutlamana gelmändir.

Впрочем, судить Тома сложно, ведь Сури сама разорвала отношения с папой, причем навсегда.
Emma Tom Kruzy günäkerlemek gerek dälmikä diýýän çünki onuň gyzy Suri öz atasyny hemişelik inkär etdi.

С наступлением 18 девочка вообще собралась отказаться от его финансовой помощи, чтобы больше их с Крузом ничего не связывало — ну, кроме фамилии.
18 ýaşy dolandan soň onuň gyzy öz atasyndan alýan alimentini almajagyny aýtdy.

Хотя и это, вероятно, ненадолго (поговаривают, будто бы Сури хочет избавиться от фамилии отца).
Häli bu hemmesi däl. Onuň gyzy atasynyň familiýasyndanda ýüz dönermekçidigini aýytdy





The Mirror стало известно, что на счету Тома Круза вообще много пропущенных праздников дочери: с Сури мужчина не виделся уже более 10 лет.
The Mirrora mälim boluşyna görä Tom Kruz öz gyzynyň on ýylyň dowamynda görmändir we onuň dogulan gününiň birinede barmandyr

«Это безумие!» — твердят фанаты, и не согласиться с ними невозможно.
"Bu akylsyzlyk"-diýip Tom Kruzy sylaýan adamlar aýydýarlar.

И хотя при разводе Том и Кэти договорились, что готовы совместно заботиться о дочери, несмотря на тот факт, что Холмс получила одностороннюю опеку над Сури, недостаток общения сделал свое дело и разлучил актера с ребенком на долгие годы.
Tom Kruz Suriniň enesi bilen aýrylaşýan pursatynda söz beren ekeni. Men öz gyzymyň aladasyny ederin diýip emma gyzyna aliment tölesede onuň terbiýesine gatnaşmandyr.

При всем этом Круз верит, что все еще можно реабилитировать. «Том чувствует себя виноватым из-за того, что пропустил так много времени, но настаивает на том, что он не полностью исключил Сури из своей жизни и время от времени получает новости о ней», — цитирует издание инсайдера.


Tom Kruz öz eden ýalňyşlyklaryny düzedip häläm öz gyzyna seretjegini aýdypdyr. Özüni günäkär saýypdyr gyzyna seretmäni üçin. Şonda ol gyzyna daş gulakdan üns beripdir-diýip käbir habarlar bar ýaly.

Кстати, неудивительно, что Кэти Холмс потребовала полную опеку над Сури.
Suruniň enesi Keti Holms gyzy Suriniň hemme aladasyny etmegi atasy Tom Kruzdan talap edipdir

Дети Тома Круза от брака с Николь Кидман вслед за отцом уже долгие годы верные сайентологи, полностью отказались от общения с матерью из-за религиозных убеждений.
Tom Kruzyň Nikol Kidmandan bolan çagalary enesininden ýüz öwüripdirler. Bu çagalar saýentologiýa dini dap-dessura ynanýanlygy üçin şeýle bolupdyr.
Видимо, Кэти боялась, что и ее ждет та же участь.
Keti hem öz gyzy Suri saýentologiýa dinine eýerip ony taşlap gitmeginden gorkýar
Ну и что это, если не карма?
Indi bu ýagdaýa näme diýip bolar. Bu elbetde ykbaldan başga hiç zat däl.

Özüňiz bilýäňiz, Tom Kruz dünýä belli akter, milliarder adam. Onuň puly köp. Bir däl ýüz gyzy saklamana güýji ýetýän adam. Emma näme üçindir ol öz gyzynyň aladasyny onlarça ýyllaryň dowamynda etmändir. Özi baryp bilmese gyzyny ýanyna çagyryp ony görüp bilerdi.
Ynha, biziň hojalygymyz baý däl Tom Kruz ýaly. Emma her gün öýden çykyp giden maşgala agzalarymyzy bilen telefon arkaly gepleşýäris. Ýanlaryna baryp gaýydýarys. Keselleseler öýlerine baryp özümiz başyny saklap otyrýarys. Öýüniň işlerini edip berýäris. Umuman gatnaşygymyz gowy. Emma şondada olardan ynjalman otyrýarys. Bu diýdigim magtanmak däl.
Emma milliarder Tom Kruz öz gyzynyň aladasyny etmändir.
Bu bagtsyzlykdan başga hiç zat däl. Pul, baýlyk bu adamlara hyzmat etmändir. Pul we baýlyk olara öz haýryny bermändir.
Şu hili habary eşideniňizden soň siz saýt agzalary öz durmuşyňyz barada oýlanyp görseňiz gowy bolardy. Ata-eneňiz başyňyzy sypalap kemala getiren bolsa bu durmuşdan nägile bolmaň. Men ine enesiz ösdüm. Menden soraýarlar ýagdaýymy. Şonda men olara şeýle jogap berenimi bilmän galýaryn.
Enesiz ösen adamyň hem ýagdaýy gowy bolarmy diýip olardan soraýaryn. Durmuşda paşmadyk işlerimiň sebäbini enesiz ösenimden görýärin.
Ene-atasy ýanynda bolan perzentlere gözüm gidýär. Men şonda özüme aýydaýan. Eger enem ýanymda bolanda men hakyky bagtyň nämedigini bilerdim diýýärin.
Enem ýanymda bolanda bir topar ýalňyşlyklary göýbermezdim. Gaharjaňlygym hem enemiň bolmanlygyndan. Mylaýym häsiýeti maňa kim öwretsin. Enem bolmasa.
Indi bolsa söýgi hakda öz düşünjämi aýdyp bereýin
Söýgi diýilýän zat bu paýlap bolýan zat. Uly adamlarda söýgi adamyň özünde kemala gelýär. Kiçijik çagalarda söýgi ata-enenäiň mahrinden döreýär. Çaga kiçijik wagtynda köp söýülse bu çagadan ulalanda köp zady talap edip bolar.
Köplenç ata-ene perzende söýgi diýip köp pul bermege düşünýär. Emma bu doly söýgi däl. Doly söýgi bu kömek etemk arkaly, nebsiň agyrmagy arkaly, mylaýym sözleri aýdyp bermek arklay hatda bile oýynlary oýunlary oýnamak arkaly döreýär.
Men durmuşa köp üns berýärin. Pul bilen söýgini satyn alyp bolmaýar. Adamyň özüni satyn alsa bolar emma söýgi adamyň içgi dünýäsinde gizlenip durýar. Söýgi özi bilýär kimi söýjegini. Daşyndan adam söýýän ýaly bolup görünesede ýüreginiň töründe onuň söýgi ýok. . Bu ikiýüzlilik.
bu saýtyň gyzlary menden ýaman görmesin. Meniň hiç kime ýamanlygym ýok emma talabym bar. Meniň bu talabym ýaman zat däl. Söýgi hem däl. Emma söýginiň işe girişen görnüşi. Wagty gelende siz bu söze düşünersiňiz. Özgäni söýmek üçin ilki özüňi söýüp öz içiňde söýgi ojagyny döredip bu ojakda söýgini mazaly edip
bişirip onsoň söýýän adamyňa teklip etmeli.
Şunyň ýaly ýagdaý bir gyz maşgala bilen bolup geçdi.
Bu gyz irteden eýýäm sekizinji klas wagtynda eýýäm armiýadan gelen bir oglany söýdi. Bu ullakan oglan sekizinji klas gyzy çola ýerip çagyryp ony aldap öpüp ogşaýar. Gyz bolsa oglan meni söýýär diýip oýlaýar. Oglan bu gyzy söýen hem bolmaly emma gyz mekdebi gutarmaly.
Ata-ene bu gyzyyň şunyň ýaly özünden ullakan oglany söýendigini bilip gyzyň telefonyny elinden alýar.
Gyz oglan bilen gepleşip bilmäni üçin ata-enesine gahar edip özüni suwly kanala taşlaýar. Waka gije bolup geçýär.
Gyzynyň öýde ýokdygyny bilen ata-ene ony gözläp tapýarlar. Görse gyz kanalda gark bolup ýatýar. Ata-ene gyzyny suwdan çykaryp alyp oňa ilkinji kömegi edýälerde yzyndan tiz kömek bilen keselhana äkidýärler. Doktorlar bu gyzy ölümden alyp galýarlar reanimasiýa arkaly.
Birinji wakadan bir aý geçip bu gyz ikinji gezek özüni kanala taşlaýar. Gije gyz oglan bilen duşyp duran wagtynda ata-ene ýene onuň üstünden barýar.
Ata-enäniň igenjini eşitmejek bolan gyz özüni öldürmäne çytalaşýar emma ýene diri galýar.
Bu gyz ata-enesine köp aar berdi. Ýaramaz oglan bilen söýgisini goýmady. Hatda okuwçy halynda aýalyny kowan erkege hem çykjak bolup çytalaşdy. Emma ata-ene öz gyzyny irginsiz gorap alyp galdylar.
Mekdebi gutaran bu gyz iki aýy geçirip bir oglana gaçyp gitdi. Baran öýi tirýeki, arakhor bolup çykdy. Hemmesi şol sanda gaýyn enesi hem.
Bu gyz bu ýerde bir aý jan saklap öýüne gaçyp geldi. Gelip bolan wakalary aýdyp berende onuň gürrüňini adam eşideer ýaly däl.
Bu gyzyň baran ogly atasyna ýaşajyk gyzlary tapyp berýän eken. Bu oglan gowyja geýinip, gowyja telefon göterip ýaşajyk gyzlar bilen tanyşyp gyzlar çola ýere çagyrýan eken. gyz çola ýere baranda bu oglanyň özi dälde atasy onuň ornuna barýan eken.
Göz öňüne getiriň. Nähili ýaman adamlar bar. Bu hili adamlary ýer götermeýär. Häzir bu hojalyk dargap ölüp gitdi.
Emma gyz diri galdy. Öýüne gelenden soň bu gyz Aşgabada işlemäne gelýär. Bu şaherde ol dukançy bolup durýar. Şu dukana söwda etemk üçin bir ýigit gelýär. Bu ýigit gyz bilen tanyşýar.
Üç ýylyň dowamynda söýüşip gezýäler. Ýigit gyza maňa durmuşa çyk diýýär. Gyz men öň durmuşa çykan gyz diýýär. Emma ýigit gyzy taşlap gidip bilmeýär. Ikiuçly bolup geziberýär. Oglan özüniň bu gyza öýlenjekdigini ata-enesine aýydýar. Ata-ene welaýatdan gelen gyza ony öýermejekdigini aýydýar. Ýene iki ýyl geçip gidýär. Bu wagt aralygynda gyz agyr keselleýär. Ýigit öz söýýän bu gyzyny keselhana eltip ony operasiýa etdirip gyzy ölümden alyp galýar.
Gyz tä özüne gelýänçä onyň aladasyny edip kwartira üçin pul töläp, iýmeli we geýmeli zatlaryny alyp berip otyrýar.
Gyz gowylaşyp gidip işläp başlan pursadynda ýigidiň depesinden agyr günler inýär. Ýigide töhmet atylýarda ony türmä dykýarlar. Ýigit türmede ýatyr. Gyzy kwartirant öýünden kowýar. Gyz öz tanyş joralarynyň kwartirasyna baryp pulsyz diýen ýaly ýaşap başlaýar we ýigidi türmeden çykaryp almanyň ugryna çykýar. Ol ýigidiň daýysyny tapyp alýarda ondan ýigidi türmeden çykaryp almagyny talap edýär. Daýysy pul töläp zordan bu ýigidi türmeden çykaryp alýar emma gyz bu ýigit üçin bergidar bolup galýar. Bergisini üzmek üçin ahli zadyny satýar. Hatda telefony hem özünde galmýar.
Bolsada ýigit türmeden çykyp işläp başlaýar. Emma barybir ýagdaý gaty ýaramaz. Ýigidi türmä dykan adamlar işi ýapdyrman ýene ýigidi türmä dykmagyň aladasynda halda gyz öz welaýatyna gaýdyp gelýärde öz öýünde namaz okamany öwrenip namaz okap başlaýar. Bir aý diýilende ogalnyň ýagdaýy gowylaşýar. Ony yzarlaýan adamlar oglandan el çekýäler.
Iki aý geçenden soň oglan gyza jaň edip ony Aşgabada çagyrýar emma gyz otkaz edýär. Men öz welatymda durmuşa çykmakçy ata-enem meni birine bermekçi diýýär. Ýene bir aý geçenden soň oglan gyzy bu gezek bile toý etmäne çagyrýar. Gyz bu gezek razy bolýar.
Oglan ata-enesini razy edýär. Şu gyzdan başga hiç kime öýlenmen diýenden soň ata-ene oglynyň agyr halatayny hasaba uryp hemde gyzyň öz oglyny türmeden alyp galanda wepalylyk edenini hasaba uryp olar hem toýa razylyk berýärler. Ýene iki aýdan soň geçen ýylyň maý aýynyň ahyrynda bu iki ýaşjuwan Aşgabatda ullakan toý edip başy birikýär. Häzir by gyz oglandan göwreli. Baba Arap şährçesinde bile ýaşaýarlar.
Bäbegiň dünýä inmegine taýynlyk görüp başladylar. Gör nähili gowy habar.
Men muny näme üçin ýazdym. Gyzdan talap edilýän zat bu wepalylyk. Wepaly bolsaňyz hemişe hem ýerde gadyrly bolarsyňyz. Öz gadyryňyzy özüňiz gaçyrmaň. Her kim özi üçin ýaşaýar. Emma är-aýal biri-biri üçin ýaşýar.


16

7

2

3

0

0

0
Teswirler:
 Täzeje
 Princessa04 [off]
  Özüň üçin ýaşa adamlar iýmekden doýmaýar.. 🌍🎓
 Düýn, 22:03

+0

Üýtgeşik ýazyş stiliň bar eken tüweleme

 Täzeje
 Mishel [off]
 Düýn, 22:27

+0

Gaty köp harp ýalňyşlygy gidipdir geçiriň günämi bilman galypdyryn. Sizi sylaýan

Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

Diş pastalarynyň düýbündäki reňkler näme many berýär?


Gaty gowy baglanyşygy bar. Ýaşyl reňkliler original pasta bolýar. Gök reňkliler poddelkalary bolýar....dowamy...

Bagt näme özi


Gaty köp harp ýalňyşlygy gidipdir geçiriň günämi bilman galypdyryn. Sizi sylaýan...dowamy...
Erkin mowzuklar | Bagt näme özi
Mishel (Düýn, 22:27)

Kompýuteri nähili arassalamaly?


sizlere peydaly bolar dip umyt etyan...dowamy...

Bagt näme özi


Üýtgeşik ýazyş stiliň bar eken tüweleme...dowamy...
Erkin mowzuklar | Bagt näme özi
Princessa04 (Düýn, 22:03)

Näme üçin adamlara gartaşan diýýärler


Men diňe sylamany bilýän emma kemsitmäni däl. Gaharym gelen wagty sögüşýän elbetde. Sögüşenim üçin ötün soraýaryn sizden...dowamy...

Bu saýtda işim köp häli


Şunça bal aldym. Şunça gowy sözler eşitdim. Diýmek men elbetde siziň ynamyňyza girip başladym. Bu diýildigi meniň öňümde goýylan maksatlarm siz k...dowamy...

Näme üçin adamlara gartaşan diýýärler


Baýbuuu, ýalňyşyp girsem, asyl meň adym ýazyk ekenä...dowamy...

Näme üçin adamlara gartaşan diýýärler


Gowy gyz ýok däl. Gowy gaynene bilen gaynata azaldy. Häzir çala bir zat bolsa, gyzyny özleri öýüne dolandyryarlar. Ýigit tarap karz edip toý üçin...dowamy...

Bu saýtda işim köp häli


Turkmençilik bu. Twitterdada türkmenler bir temany gülķä, degişmä kä wagt bolsa şol mowzugyñ içinde gepi başga bir tema owüryarler....dowamy...

Bu saýtda işim köp häli


Är-aýalyň gepleşigi. — Näme boldy, jaň alaňok, jaňam edeňok? — Näme bolsun, hiç zat bolanok. — Onda näme jaň etmeýäň? Ýa o ýerde birini tapdyňmy...dowamy...
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2025

By We-Pro -->