Ýürekdeş sözler!
Kompýuteri nähili arassalamaly?
Prinsessa [off]12.02.2026 / 22:17
Şol onkije Ayperilai🙂
Kompýuterdir beýleki elektron enjamlary arassalamagyň hem öz düzgüni bar. Kähalatlarda öýde ýa-da iş ýerinde arassaçylyk işleri geçirilende, kompýuterleriň gözden sypdyrylýan halatlary bolýar. Aslynda, bu enjamlar yzygiderli arassaçylygy talap edýär. Elektrik energiýasy bilen işleýändigi we içinde näzik bölekleriň bardygy sebäpli bu enjamlar arassalananda has ünsli bolmaly. Elektron enjamlary arassalamak üçin adaty arassaçylyk serişdelerini ulanmaly däldigini ýadyňyzdan çykarmaň! Geliň, bu enjamlaryň arassaçylygy barada käbir usullara seredeliň!
Kompýuter klawiaturasynyň arassaçylygy o diýen kyn däl. Emma islendik elektron enjam arassalananda suwuk serişdeleri örän seresaply ulanmalydygyny ýadyňyzdan çykarmaň! Sebäbi aşa köp ulanylsa ýa-da enjamyň içine girse oňa zyýan ýetirmegi mümkin. Arassaçylyga başlamazdan ozal, bu enjamlary tokdan aýyrmagy hem unutmaň! Klawiaturany arassalamak üçin ilki ony başaşak tutup, aşagyndan çalaja uruň! Şeýlelikde düwmeleriň arasyna giren tozan bölejikleri gaçar. Elektron enjamlaryň satylýan dükanlarynda klawiatura arassalamaga niýetlenen basyşly serişdäni düwmeleriň arasyna pürküň! Soňra gury mikrosüýümli esgi bilen süpüriň we guraýança ulanmaň!
Optiki syçanjyklar kiçi bolansoň, olary arassalamak kyn däl. Olary mahal-mahal çygly esgi bilen süpürip duruň!
Kompýuterleriň, ýankompýuterleriň, telewizorlaryň we beýleki enjamlaryň ekranlary örän näzik bolýar. Şol sebäpli ekrany gaty basmaň, arassaçylyk serişdesini ýüzüne pürkmäň! Çalgyç, desmal, elýaglyk, bir gezek ulanmaga niýetlenen aşhana kagyzlary bu ekranlara zeper ýetirýär. Ekrany süpürmek üçin çala çyglandyrylan ýörite esgini ulanyň! Esgä gereginden artyk sepilen ergin akyp, ekranyň çarçuwasyndan içine girse, zeper ýetirmegi mümkin. Şol sebäpli ergini esginiň diňe ýarysyna ýa-da bir burçuna sepseňiz gowy bolar. Ekranyň ýüzüne gereginden artyk ergin sepilen bolsa, gury esgi bilen bada-bat süpürmeli.
Ekranyň ýüzünde tegmil bar bolsa, ony aýyrmak üçin owkalamaň! Hapa aýrylýança çygly esgi bilen süpürmegiňizi dowam ediň! Ekrany arassalanyňyzda oňa diňe esgi degmeli. Eliňiz degse, ýene-de yz galar.
Ýuka ekranlary arassalamak üçin ýörite satylýan çygly süpürgiçlerden peýdalanyp bilersiňiz! Bu çygly süpürgiçler gündelik durmuşda ulanylýan çygly süpürgiçlerden tapawutly bolup, ekran üçin zyýansyz ýörite serişde bilen kadaly mukdarda çyglandyrylan. Bu süpürgiçler tüýjümek bolman, talabalaýyk ulanylanda ekrana zeper ýetirmeýär.
104 |
16 |
4 |
6 |
0 |
0 |
2 |
Teswirler:
Prinsessa [off]Şol onkije Ayperilai🙂
12.02.2026 / 22:18
+1
sizlere peydaly bolar dip umyt etyan
erkin1997 [off]
Durmaklyk hem yza gaýtmakdyr şonuñ üçin hereketde dowam!!!
13.02.2026 / 00:25
+1
Gaty gowy
TäzejeFAKER [off]
13.02.2026 / 06:17
+1
Kompiyuterimiza yok veli bolarda bir vagtlar bizinem :dovolen:
USA_virus (13.02.2026 / 12:20) FAKER, aha
rexha [off]Всё, что хочешь от жизни бери и беги
20.02.2026 / 23:46
+1
Barlap gordunmi
USA_virus (20.02.2026 / 23:47) rexha, yok indi hali
Soňky teswirler
Meniň şansym nola deň
Men bolsa hiç ýerde tanymal adam däl. Onsoň Men näme edenimde BMG guramasynyň sekretary bolup bilerin. Bu mümkin däl. Diňe amatly pursat men tara...dowamy...
Meniň şansym nola deň
Görşüňiz ýaly indiki kanditatlar tanymal wezipeli adamlar. Üstesine olaryň hemmesi diýen ýaly öz ýurtlarynda ýokary wezipeleri eýelän kanditatlar...dowamy...
2026. Pagtaçy gyz pagta şu geýim bilen çykar
herkim näme ekesi gelse eksin ana şondan gowysy ýok...dowamy...
Men seni küýsedim aýazly gyşda, Ýaz bilen deñ güllemegñi isledim.
Küýsäpbörmän öýlemmeldä how...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Men seni küýsedim aýazly gyşda, Ýaz bilen deñ güllemegñi isledim.
Outlier (30.07.2026 / 06:29)
Outlier (30.07.2026 / 06:29)
2026. Pagtaçy gyz pagta şu geýim bilen çykar
Biziň ýurdumyzda pagta öndürilýar , ýöne pagtany Hytaýdan import edýänimizi bilýärdiňizmi ? Sebäbi Hytaýdan import edenimiz arzan düşýar. Ýene...dowamy...
Men seni küýsedim aýazly gyşda, Ýaz bilen deñ güllemegñi isledim.
Erbedem bolmapdyr. Nace yasynda sen?...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Men seni küýsedim aýazly gyşda, Ýaz bilen deñ güllemegñi isledim.
Belki (26.07.2026 / 10:12)
Belki (26.07.2026 / 10:12)