Ýürekdeş sözler!
Nowruzda ÿagan ak garlar.
TäzejeAgza [off]
Şugün, 10:14
Nowruzda ýagan ak garlar. Birinji bölüm.
Bu ýyl gyş öz gazabyny entäk güýziň soňky günlerinden bildirip başlapdy. Howa sowukdy daşarda bolsa eýýäm iki gündir dyngysyz gar ýagýardy. Serdar gary gowy görýärdi şol sebäpli sowuga seretmezden daşardaky ähli işleri öz boýnuna alypdy sebäbi ol garyň aşagynda özüni özi ýaly duýýardy.
Alo
Salam bu Amanow Derkarlarmyka
Men ýoldaşy bolýan aýdyberiň
Siziň ýoldaşyňyz Kerki şäheriniň töwereginde awto heläkçilige uçrapdyr häzir ol kerki şäheriniň hassahanasynyň janlandyryş bölüminde tiz ýetip gelmegiňizi haýyş edýärin. Mundan soňky gürrüňler Jereniň gulagyna ilmedi.
Jeren hassahananyň janlandyryş bölümine ýetip gelende daşarda wraç kimdir birine bir zatlar düşündirip çilim çekip durdy.
Bagyşlaň maňa wraç Atahanow gerekdi
Atahanow men bolýan hyzmat.
Men Amanow Derkaryň ýoldaşy . ara dymyşlyk düşdi wraç çilimini çekip bolýança gürlemedi Jeren hem ony gaty gyssajak bolmady. Şondan soň wraç
Ine bu ýigidiň gelini hem siziň ýoldaşyňyzyň maşynynda bile awto heläkçilige uçrapdyrlar häzirki wagtda gerekli dermanlary şu ýigit getirip berdi. Başgada näme täzelik bolsa ýetirip durarys
Men ýoldaşymy görüp bilerinmi.
Ýok häzir mümkin däl.
Bagyşlaň umyt barmy? Diýip Jeren agyly sorady
Biz elimizden gelenini etdik galanyda Allanyň elinde umytdan düşmäň diýip wraç gapa ýöneldi.
Daşda galan ýigit bilen Jeren sessiz dymyşlykda esli wagt durdylar ýigit bir otyrdy bir turdy her gapy açylanda bolsa gapydan çykýanyň özüne habar getirýändir diýip umyt bilen bakdy emma Jeren welin ne otyrdy nede gezim etdi ol şol duran ýerinde kakylan gazyk deýin durdy. Näçe wagt geçeni belli däl emma gün ýaşmaga golaýlanda birden onuň gije galmaga ýer ýadyna düşen ýaly.
Bagyşlaň bu golaýda myhmanhana barmyka?
Şäher ýeri belki bardyr emma men hassahanadan çykan ýerdäki howluda ýerleşdim jaýlary köp özlerem bir garryja daýza iki agtyjagy bilen ýaşaýan eken eger makul bilseňiz sizem şol ýere baraýyň . Jeren bolýa-da diýmedi ýokda.
Serdar gelniniň iş ýerine jaň edip gelniniň iş sapary bilen ugradylan ýerinde awto heläkçiligine uçrandygyny aýtmakçy boldy emma oňa işgärler bölüminiň başlygy onuň gelni Maýanyň bir aýlyk zähmet rugsadyna galandygyny onuň bu ýyl dowamynda hiç hili iş sapary bilen hiç ýere ugradylmandygyny aýtdy. Bu täsindi Maýa jurnalist bolup işleýärdi şol sebäplide birnäçe gezek iş sapary bilen gitmeli boldum diýip iki üç günlik soňky gezek bolsa on günlik iş saparyna gidişidi. Serdaryň içine ot düşdi.
Jeren goşlaryny göterip
-Belki görkezersiňiz diýip ýigide ýüzlendi. Serdar yzyma düşiň diýýän ýaly kellesini silkip ýol başlady. Ýolda
- Siziňem ýoldaşyňyz hem jurnalistmy diýip Jerene ýüzlendi
- ýok meniniň bilşimçe ol gurluşyk firmasynda injener, bu ýere hem Köýten dagyň eteginde myhmanhana gurmak üçin ýer saýlamaga gaýdypdy.
- täsin onda olar nädip bir ulagda nädip ýoldaş boldukalar diýip eşidiler eşidilmez pyşyrdady.
Ertesi irden tursa eýýäm Jeren bazara gidip janly towuk we ol bul zatlary alyp gelip Serdaryň turaryna garaşyp duran ekeni.
Ertiriňiz haýyr ýumuş görmeseňiz şu towugyň kellesini kesip berermisiňiz
Men towuk arassalap göremok men şäher oglany
Arassalanda özüm arassalaýan emma şu yrym-da aýal maşgala janly jandaryň kellesini almak bolmaýa. Siz diňe kellesini kesip berseňiz bolany diýip onysyna munysyna seretmän Serdaryň eline janly towugy we bir gülbent saply pyçagy tutdurdy.
Şeýdip Serdar ömründe birinji gezek towukda kesip gördi.
Gün günorta golaýlapdy bular bolsa şol hassahanyň janlandyryş bölüminiň gapysyna umytly garap oturyşlarydy. Hol diýmäne polisýa eşikli gelip siz Maýa Gulowa we Amanow Derkaryň hossarlarymy diýip umumy ýüzlendi. Mümkin bolsa siz men bilen edara baryp düşündiriş berseňiz diýip olary ýany bilen alyp gitdi. Polisýa Bölümine gelenlerinde leýtenant olara bolan wakany anyk aýan beýan edip başlady. Ýagdaý şeýle raýat Gulowa bilen Amanowyň gelýän awto ulagy sürçekli ýolda sürüjä boýun bolman ýoldan çykypdyr üstesine okuwdan gelýän ýaş okuwçyny hem urdurypdyr. Ol ýigit wakanyň bolan ýerinde jan beripdir. Emma raýat Amanow bilen Gulowanyň haýsysyň ruldalygyny bilip bilmedik sebäbi olaryň ikisi hem awtoulagyň oňki aýnasyndan daşary atylan ýolda ýatan halda tapyldy. Awtoulag olaryň ikisine hem degişli bolmanlygy üçin awto ulagyň eýesi häzir gözlenilýär. Ýogalan okuwçynyň atasy akylly adam eken boljak işe çäre ýok bularyň jezasyny Allam eýýäm beripdir diýip bolan waka üçin dawa arzasyny bermedi şol sebäpli jenaýat işi gozgalaýan ýagdaýyndada resminamasyz awto ulagdan peýdalanylanlygy üçin jerimeden ybarat bolar diýip olara düşündirdi. Ertir şol çaganyň ýedi sadakasy belki görünip gynanjyňyzy bildireris diýseňiz men ýoldaşlyk edip bilerin. Ine bu zatlar bolsa olaryň ýanyndan tapylan zatlar özleriňiz özara bölişersiňiz. Ýene soraglar ýüze çyksa diýip leýtenant olaryň el telefon nomerlerini alyp galdy.
Serdar bilen Jeren bolýan howlusyna gelip kagyz gutudaky zatlaryny paýlaşyp başladylar.
Gije ýarym sagat näçedigi belli däl Jeren daşardaky sese oýandy seretse Serdar gar tokgalap ony uzakda duran bedrä salmak üçin zyňyp dur. Jeren geýinip daş çykdy.
Näme uky ýokmy?
Ýok men gary gowy görýän
A men bolsa Nowruzy?
Baýramymy ony gowy görmeýän barmy?
Ýok men Nowruz döwrüni gowy görýän bu möwsümde hemme ýer gül gülzarlyga öwrülýä. Birden Jeren oslagsyz täsin sowal berdi.
Siz muny bilýärdiňizmi?
Ýok emma bolan wakalardan çen tutup şeýleräkmika öýtdüm. A siz Nädip bildiňiz?
Olaryň bile gatnaşyklaryny alan wideosy bar eken
Näme şol dereje barypdyrlarmy
Bir birinden uzakda wagtlary biri birin duýmak üçin alanmyşlar. Siziň gelniňiziň telefonynda hem bardyr belki
Belki..... ara dymyşlyk düşdi. Elbetde beýle agyr söhbetden soňra diňe dymmaklyk galýa.
Eýýam aradan hepde geçdi emma şol gapydan entäkde umytly habar ýok. Umytdan düşmedik Serdar bilen Jeren bolsa entäkde gapa seredip dur emma gün geçdigiçe olaryň içinden ýoldaşlarynyň özleri üçin eden agyr hyýanaty bolsa günden güne güýçlenýärdi. Gapynyň öňünde duranlaryna on gün diýende Serdar:
Siz aýrylyşmakçymy?
Aýrylyşyp bilerdim emma Derkaryň garry enesi bar meniň gitmegim oňa agyr täsir edermikä diýýän. A siz?
Hany bir aýaga galsyn soňra gelnim bilen düşünşip görmeli ýöne Aýrylyşmak kellämden çykanok.
8 |
4 |
0 |
1 |
0 |
0 |
0 |
Teswirler:
Mowzukda teswirler ýok! Siz ilkinji bolup teswir ýazyň!
Soňky teswirler
Adam bedeniniň gurluşy barada gyzykly maglumatlar
Adamyň dik duran mahalynda ky uzunlygyndan ýatandaky uzunlygy uly eken, ölçäp barlap görsene şonam çynmyka...dowamy...
...