Ýürekdeş sözler!
Ne goşgy, ne aýdym
hickim [off]
14.02.2026 / 03:59
Dereksiz ynsan...
Bir ýaş oglan, arzuwlary asmanda,
Gije gündiz işleýärdi bu ýolda.
Pul gazanyp abraý tapdy ahyry,
Emma ýalňyz galdy, gijäň ýarynda.
Daş töwrek ýalan doslar köpeldi,
Gardaş diýip, eli gysýar her biri.
Jübi doly, ýürek welin boşady,
Kim hakyky, kim ýalançy bilmedi.
Ejem diýdi, pul däl bagt oglum,
Men diňlemedim, ýolumy dowam etdim.
Indi bildim, millionlar bagt getirmez,
Ýekeje jan, ýok ýanyňda seniň...
Düşünjesi pes adamlar köp eken,
Diňe pula seredýändir gözleri.
Dost diýeniň puluň bolsa gelýändir,
Puluň gutarsa görmesiň ýüzlerini.
Bu durmuşuň manysyny gözledim,
Baýlyk däl, ynsap, wepaly ýürek eken.
Giç düşündüm, emma heniz umyt bar,
Hakyky bagt, söýgi maşgala eken...
Awtor: dereksiz_ynsan
94 |
16 |
5 |
8 |
0 |
0 |
1 |
Teswirler:
erkin1997 [off]
Durmaklyk hem yza gaýtmakdyr şonuñ üçin hereketde dowam!!!
14.02.2026 / 09:23
+1
Gaty gowy
TäzejeSerdarG [off]
14.02.2026 / 09:29
+1
sonkyja seteri diysene
Ahmal [off]Old school
14.02.2026 / 09:40
+1
Bizede suna menzes gosgy yazar yaly bayamak nesip etsin)
Prinsessa [off]Dostum yok duşmanm kop
14.02.2026 / 10:36
+1
dogry kim yazan bolsada eline sagyk:dovolen::)
Minigim [off]
Lekum dinikum ve liye din
15.02.2026 / 11:29
+1
Giç düşündüm, emma heniz umyt bar,
Hakyky bagt, söýgi maşgala eken...
Soňky teswirler
Toba.(Hekaya)
Geliň şu hekaýadan ugur alyp biz hem eden ähli günälerimiz üçin toba geleli, Allahymyň toba gapysy kyýamat gününe çenli açykdyr...dowamy...
“Mydama çörek berjek hünär” / durmuşy tymsal
Gynandym sonuny okap. Okanyna degyan hekaya eken. Serdar aga salam bolsun!...dowamy...