“❤️ Saýt ýene-de öz işine başlady ❤️”

Içeri gir Agza bol
👉 Tanyşlyk Chat (üstüne bas)👈
💥New chat..🗨 - üstünden basyp çata girip bilersiňiz:)
Ýürekdeş sözler!
Dreamfull : “How can I give up on you? I’ve finally found the one.”

Forum | GÜRRÜŇDEŞLIK | Erkin mowzuklar

Hiç zat tötänlikden däl (Hekaýa)
Premium
 Prinsessa [off]
 14.02.2026 / 11:29
 Dostum yok duşmanm kop

Şol gün Nazar işine hemişekisinden gijräk galyp barýany üçin çalt ýöräp, duralga geleninde awtobus hem garaşdyrman geläýdi. Awtobus saklanandan Nazar howlugyp, dogrusyndaky öňki gapa tarap okdurylanynda ondan düşüp gelýän gyzyl paltoly gyz bilen çaknyşanyny duýman galdy. Gyz gaşlaryny çytyp:

— Awtobusa yzky gapydan münülýändir-ä — diýip gatyrgananda:

— Bagyşlaň, akylly gyz! — diýip, Nazar ötünç soran boldy.

Gyz ýigidiň özüne «Akylly gyz» diýip kakdyranyna hiçzat diýmese-de, nägilelik bilen garap gitdi.

Awtobus on bäş minut çemesi ýol geçip, Nazaryň düşýän duralgasyna golaýlanda onuň oturan oturgyjynyň aşagyndan el telefonynyň jaňy eşidildi. 0l haýran galmak bilen sermelenip, eline ilen telefony götereninde, imodan gelen jaňda häli gapyda çaknyşan gyzyň keşbi göründi. Nazaryň keşbi gyzyň jaň eden telefonynda görnen bolsa gerek.

— Wiý, telefonymy siz tapdyňyzmy?

— Hawa, awtobusda oturan ýeriňizde galdyrypsyňyz.

— Indi, sizden telefonymy nädip alarkam?

— Meni tapjak bolup azara galmaň, özüm elinje eltip beräýerin.

— Siz meni nädip tapmakçy?

— Bizi ilki sataşdyran duralgamyzdan taparyn. Çenim çen bolsa, siz şol duralga golaý bir ýerde işleýän bolmaly. Işden çykjak wagtyňyzy aýtsaňyz, men şol ýere guş deý uçup baraýaryn — diýdi.

Gyzyň şähdi açylyp güldi:

— Bolýar. Men şol ýerdäki çagalar bagynda işleýän. Işden soň şol duralga çykaryn — diýip jogap berdi.

Şol sözden soň Nazar işde otursa-da, hyýalyndan gyzyň keşbi gitmedi, göz öňüne geldi durdy. Belleşilen wagt golaýlaşandan ol işinden irräk çykyp, şol duralga geldi. Gyz hem köp garaşdyrmady. Jorasy bilen duralga tarap gelýän gyza gözi düşen Nazaryň ýüreginiň urgusy artdy. Ýanyndaky jorasynyň:

— Keýik, ertire çenli hoş! — diýenini eşiden Nazar gyzyň adyny bilip galdy. Uzyn boýly, gara gözli, ak ýüzli gyz ýylgyryp Nazaryň ýanyna geldi-de:

— Salam, guş deý uçup geldiňizmi? — diýip, degişme äheňinde gepledi.

Nazar onuň çekinmän, birden beýle degişmä geçenine haýran galyp:

— Özümiň aýdyşym ýaly, siziň gaýtalaýşyňyz ýaly bolup gelendirin, Keýik gyz! — diýdi.

— Tüweleme, eýýäm adymam, boýdaşymyň agzyndan kakyp alypsyňyz-a.

— Gerek zadyňy nädip alsaňam almaly bolýar.

Onýança awtobus geldi. Gyz:

— Hany, telefonymy beriň! — diýip, Nazaryň elinde tutup duran telefonyny aldy-da: — Sag boluň! — diýip, howlugyp awtobusa mündi. Nazar awtobusyň yzyndan seredip galyberdi.

Birnäçe günläp Nazaryň hyýalynda Keýigiň keşbi saklandy. Ýöne wagt diýilýän zadyň geçmegi bilen, adamda nämedendir galan täsirler nähili güýçli bolsa-da, kem- kem öz güýjüni ýitirip başlaýar. Keýigiň keşbi hem Nazaryň hyýalyndan barha daşlaşyp barýardy. Emma ykbal diýen gudratyň elinden gelmeýän zat ýok. 0l Nazary ýene özi maňlaýyna ýazan gyzy bilen duşurdy.

Bu gezek şeýle boldy. Şol gün Nazaryň iş ýerinde Aşgabatdan gastrola gelen teatryň spektaklynyň örän gyzyklydygy hakynda gürrüň boldy. Nazar hem işdeş ýoldaşy Mäti bilen agşam şol spektakly görmäge teatra bardylar. Olar biraz gijä galyp barypdyrlarmy, petek alyp girenlerinde zal tomaşaçylardan doludy. Petekde ýazylan ýerlerini tapyp, oturmakçy bolanlarynda özleriniň ýeriniň gapdalynda oturan gyza nazary kaklyşan Nazaryň ýüregi jigläp git¬di. Bu Keýikdi. Keýik ýanyndaky gyz bilen gürleşip oturşyna, gapdalyndaky boş ýere gelip oturanyň kimdigine üns bermedi. Gyzlaryň gürrüňi gutararyna mähetdel Nazar:

— Salam, Keýik! — diýdi. Gyz gapdalyna ýalta seredip, Nazary tanady:

— Wiý, bu sizmi?

— Näme, men özüme meňzämokmy? — diýip, Nazar ýylgyrdy.

— Meňzeýäniňiz üçin soradym-da — diýip, Keýik hem mylaýym ýylgyrdy. Şol wagt zaldaky yşyklar öçüp, sahna ýagtylandy, spektakl başlandy.

...Daşary çykanlarynda Nazar:

— Keýik, seni öýüňe çenli ugratmak

mümkinmi — diýdi. Gyz bu teklibe garşy däldigini bildirmän:

— Gerekmi şu... ugratmak? — diýdi.

— Gerek bolansoň aýdýan-da — diýip, Nazar ýylgyrdy.

Keýik soňra ekabyrlanyp:

— Näme üçin gerekdigini aýtsaň razylyk bereýin — diýdi.

— Ony ýolda aýdýan.

—Aýdanyň maňa ýakmasa, öýkelederin. Şoňa razy bolsaň gidäýeli!

— Men razy, gitdik! Keýigiň boýdaşy bilen Nazaryň dosty öz ugurlaryna gitdiler. Olar bolsa başga ugra ýöneldiler. Ýolda Nazar Keýigiň aşaklyk bilen özüni synlaýandygyny aňyp, özüniň nähili hem bolsa gyzda bir ýakymly täsir galdyrandygyna gözýetirdi. Keýik onuň ýolda aýdaryn diýen sözüne garaşdy.Ýöne Nazar nämäniňdir pi- kirini edip, dymyp gelýärdi. Onsoň Keýigiň özi soramaly boldy:

— Ýolda aýtjak diýeniňi aýtmadyň-a?

—Aýtjagym... Telefon belgiňi beräýseň...

— Meniň telefon belgim saňa näme üçin gerek,oglan?

— Men seniň şunuň ýaly soragyňa duralgada jogap beripdim — diýip, Nazar ýylgyrdy.

— Jogabyň ýadymda. Bolýar, juda gerek bolsa bereýin — diýip, Keýik mylaýym äheňde aýtdy.

Keýigiň el telefonynyň belgisini bermegi Nazar üçin elýetmez bagtdy. Çünki ol bu agşam öz bagtyny tapanyna ýüregi bilen ynanýardy.

Arazgeldi ÝEGENOW,


48

6

3

2

0

0

1
Teswirler:
 Premium
 Prinsessa [off]
  Dostum yok duşmanm kop
 14.02.2026 / 11:29

+0

uzyn bolsada okan gaty gyzykly

 Özümiziňki
 erkin1997 [off]
  Durmaklyk hem yza gaýtmakdyr şonuñ üçin hereketde dowam!!!
 14.02.2026 / 12:09

+1

Gaty gowy


Premium
USA_virus  (14.02.2026 / 12:10) 

erkin1997, bilyana


Premium
USA_virus  (14.02.2026 / 12:10) 

erkin1997, bilyana


Özümiziňki
erkin1997  (14.02.2026 / 12:44) 

Prinsessa, bolyala

 Gytyndan
 афганка [off]
  Всё, что хочешь от жизни бери и беги
 26.02.2026 / 09:00

+0

Öñem okapdym

Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

Komek soran mowzuk


Menem ýatlajak bar eken. Köpsagbol...dowamy...
Erkin mowzuklar | Komek soran mowzuk
Orazjan (Şugün, 06:13)

Komek soran mowzuk


Menä hemişe özümi çetde tutammak....dowamy...
Erkin mowzuklar | Komek soran mowzuk
Outlier (Şugün, 01:39)

Komek soran mowzuk


Eger ustunde islesen mundanam gowy mowzuk edip boljak howplugyp edilen yaly...dowamy...
Erkin mowzuklar | Komek soran mowzuk
Minigim (29.03.2026 / 22:46)

Komek soran mowzuk


Mowzugyn ady name ucin "komek soran mowzuk"?...dowamy...
Erkin mowzuklar | Komek soran mowzuk
Minigim (29.03.2026 / 22:45)

Komek soran mowzuk


Pähim-paýhas nire, Garrygyz nire... Päheyt däninim. It ýandakdan böken ýalak bolupdyr...dowamy...
Erkin mowzuklar | Komek soran mowzuk
Basmacy (29.03.2026 / 22:28)

Hakyň ýok


ýa men 99 ýa şu 110...dowamy...
Erkin mowzuklar | Hakyň ýok
MMaa (29.03.2026 / 22:17)

Komek soran mowzuk


"Şol wagt saýtyň iň uly agzalarynyň biri bolan Garrygyz gürrüňe goşuldy we ýaş gyzlara pähim-paýhasy bilen ýol görkezdi." Şujagaz ýerini okap d...dowamy...
Erkin mowzuklar | Komek soran mowzuk
Dragon (29.03.2026 / 22:15)

Hakyň ýok


Realno gyrandegen adamlary görýän hawa. Ine bärdede görýän. Gyrandegen diýseler üÿtgeşik zat däl, serediň ine...dowamy...
Erkin mowzuklar | Hakyň ýok
zM (29.03.2026 / 22:12)

Komek soran mowzuk


Bir hekayany yazyp solaryn arasyna bizin niklermizi goysan hasam gyzykly bolardy bu da erwet dal...dowamy...
Erkin mowzuklar | Komek soran mowzuk
Vector_Pro (29.03.2026 / 21:34)

Hakyň ýok


Tüweleme ýürekdeşem goýulypdyr....dowamy...
Erkin mowzuklar | Hakyň ýok
Minigim (29.03.2026 / 19:04)
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2025

By We-Pro -->