“❤️ Saýt ýene-de öz işine başlady ❤️”

Içeri gir Agza bol
New ,,ertir" chat - Biz bärde🙂
Ýürekdeş sözler!
Perman : Sensizlik hem geçip barýar deñimden, Mundan soñra çykmaweri öñümden !

Forum | INTERNET WE PROGRAMMIRLEME | Programmirleme dilleri

Flutter näme?!
 Özümiziňki
 hickim [off]
 15.02.2026 / 10:31
 Dereksiz ynsan...

Flutter näme?

Köpimiz bilmeýän bolmagymyz ahmal, emma men bugün size Flutteriň nämeligini maksimal derejede ýönekeý dilde düşündirmekçi (özüm obaly bolamsoň, obalylar hem düşüner derejede ýönekeý).

Flutter – bu multiplatforma (köp enjamlar üçin) uýgunlaşdyrylan, özünüň komplýatory (çöwürijilik, geçirijilik) bilen tanalan iň meşhur frameworkdyr (has takyk aýdylanda SDK - programma üpjünçiligini işläp düzmekde gurallar toplumydyr)! Onuň programmirleme dili Dart dili bolup, Flutter 1 kod bilen (esasan kän üýtgeşme talap etmesizden), Windows, Android, iOS, MacOS, Linux operasion ulgamlar üçin programma üpjünçiligini döretmek mümkinçiligini berýär.

Näme üçin hemme kişi Fluttere geçýär?
Mana, meselem, näme üçin Androidiň öz asyl programmirleme dili bolan Kotlin we Java Android applary döretmekde ulanyşdan gaçyp barýar? Munuň esasy sebäbi, esasan täze Startup bizneslerde tiz işleri amala aşyrmak, durmuşa geçirmek üçin Flutter has ýokary öndürijiligi üpjün edýär. Şol sanda 1 kod bilen Android hemde iOS-da programmaňyzy döredip bilýäňiz.

Bu iOS ulgamy üçin aýratyn Swift programmaçysyny, Android üçin Kotlin, Java dillerini bilýän programmisti almana derek, 1 sany ökde "flutterçi" alyp, hem aýlygy, hem iş öndürijiligi tygşytlaýar. Häzirki Türkmenistan bazarynda eýýäm 70-80 göterim Playstore-daky türkmen programmalary Fluttere esaslanýar.

"Hot Reload" – gyzgyny bilen üýtgetmek
Bilmýänler üçin aýdaýyn, öňler programmada birje harpy ýalňyş ýazsaňam, düzedip netijesini görmek üçin kompýuter "pikirlenýänçä" (kompilýasiýa edýänçä) garaşyp, çaý-kofe demläp gelibem bolýardy. Flutterde welin beýle däl! Onuň "Hot Reload" diýen jadyly düwmesi bar. Kodda reňki üýtgedýäňmi ýa ýazgyny, şol bada telefonyň ýüzünde "GÜRS" edip üýtgeýär. Edil Windowsdaky Paint programmasynda ak reňkli düşegi bedrejik bilen reňklän ýaly zat. Bu bolsa programmistleriň nerwisini we wagtyny tygşytlaýar.

Lego oýnan ýaly aňsat (Widgetler)
Flutterde hemme zat "Widget" diýilýän böleklerden ybarat. Muny edil çagalaryň "Lego" oýnawajy ýaly göz öňüne getiriň. Düwmejik gerekmi? Lego bölejigini goýan ýaly goýýaň. Surat gerekmi? Ýene bir bölejik goşýaň. Şeýdip, maýda maýda bölek büçeklerdenem uly we owadan bina (programma) gurnap gidiberýärsiň. Çylşyrymly matematika ýa-da inženerçilik gerek däl, biraz logikany işletseň bolany.

Google Daýyň arkasynda dur
Ýene bir möhüm zat: Flutteriň arkasynda dünýä belli "Google" kompaniýasy dur. Ýagny, bu tehnologiýa "bugün bar, ertir ýok" boljak wagtlaýyn zat däl. Google muny öz geljegi hökmünde görýär we yzygiderli täzeleýär.

Netije
Gysgaça aýtsak, dostlar, eger IT ulgamyna girmek isleseňiz ýa-da öz biznesiňiz üçin app döretjek bolsaňyz, köne usullarda "kelle döwüp" ýörmäň. Flutter — bu edil häzirki zamanyň "Samalýodydyr". Öň poýez bilen Lebapdan Aşgabada geljek bolsaňyz, tas 1 gün wagt gidýärdi emma indi Samalýot bilen 1 sagada ýetmän, hatda Kerkidenem şähere gelip bolýa!
Şonuň üçinem wagty elden bermän öwrenseňiz, belkem zyýany degmez...

Awtor: dereksiz_ynsan


84

15

3

5

0

0

1
Teswirler:
 Täzeje
 Annadurdy [off]
 15.02.2026 / 10:54

+0

Aý saw gyzyklyja. Özümem gyzykýan ugur bolansoñ haladym)

 Özümiziňki
 Minigim [off]
  Lekum dinikum ve liye din
 15.02.2026 / 11:51

+1

ine öwrenmeli zatlaryň biri


Özümiziňki
hickim  (15.02.2026 / 12:07) 

Minigim, isleseňiz ýene tema açyp bilerin? flutterde ilkinji app ýazmak üçin nämeler gerek diýen ýaly? kompýuteriň parametri, umumy ýönekeý başlangyç app kodlaryny zatlaryny


Özümiziňki
Minigim  (15.02.2026 / 13:00) 

hickim, gowy bolar welin men ozum kompda etjek bolamda edip bilemokda solary nirden nira basmalydygyna cenli gorkezip bilyanmi?


Özümiziňki
hickim  (15.02.2026 / 13:17) 

Minigim, ilki bilen minimum i5-6 njy pokoleniya prosessor, min 8GB ram, ýogsa 16GB gowy bolar nerwiçit etmän işleýin diýseň. we minimum 500GB ssd gowy bolar. Şolaryň bar bolsa ädim we ädim dokumentasiýa edip berip bilýän şuwagtam


Özümiziňki
Minigim  (15.02.2026 / 13:36) 

hickim, ha yoga menda borla sagbol kop kop

 Özümiziňki
 erkin1997 [off]
  Durmaklyk hem yza gaýtmakdyr şonuñ üçin hereketde dowam!!!
 15.02.2026 / 13:20

+0

Gaty gowy

Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

Kän garaşdyñmy?


Kän garaşdym kän.....dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Kän garaşdyñmy?
Ayjahan (Şugün, 00:41)

Gyrrygyz'ymyz


Agyyy zenk yu weri mach yone menin doglan gunum dal gyyy...dowamy...
Gutlaglar we arzuwlar | Gyrrygyz'ymyz
Garrygyz (Düýn, 23:29)

Gyrrygyz'ymyz


Ýüregiňe görä ömrüň bolsun, uzak ýaşa!!...dowamy...
Gutlaglar we arzuwlar | Gyrrygyz'ymyz
MaD_B (Düýn, 22:36)

Degişmejik.


byrynjy gowy ekeni...dowamy...
Degişmeler älemi | Degişmejik.
SerdarG (Düýn, 18:50)

Gyrrygyz'ymyz


Entägem Gyrgy gyz diymänsiñ:d)Gutlyaýan!Doglan günüñ bagtly bolsun!...dowamy...
Gutlaglar we arzuwlar | Gyrrygyz'ymyz
Candi (Düýn, 16:59)

Gyrrygyz'ymyz


gaçan gunin bilen )))...dowamy...
Gutlaglar we arzuwlar | Gyrrygyz'ymyz
tony_montana (Düýn, 16:20)

Hudaýsyzlar 6- nji bölümi.


yzyny yazarsynda...dowamy...

Kän garaşdyñmy?


Su murapbag gosgynyn nam cun her bendinin arasyny acyp yazanok?...dowamy...

Gyrrygyz'ymyz


Agsam acdynmay men gormandirin uzak yaşa...dowamy...
Gutlaglar we arzuwlar | Gyrrygyz'ymyz
Vector_Pro (Düýn, 11:40)

Gyrrygyz'ymyz


Garrymy ya gyyrry...dowamy...
Gutlaglar we arzuwlar | Gyrrygyz'ymyz
rexha (Düýn, 09:39)
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2025

By We-Pro -->