“❤️ Saýt ýene-de öz işine başlady ❤️”

Içeri gir Agza bol
New ,,ertir" chat - Biz bärde🙂
Ýürekdeş sözler!
BAYOGUL : Dost bardyr arkada durjak✊ dost bardyr arkadan urjak?

Forum | KOMPIÝUTER WE TAHINKA | Kompiýuter (Hardware)

HDD gowymy ýada SSD??? HDD vs SSD
 Özümiziňki
 hickim [off]
 16.02.2026 / 00:07
 Dereksiz ynsan...

Kompýuter ýa-da noutbuk alanyňyzda SSD-limi ýa-da HDD-li? diýen ilkinji sorag ýüze çykmaly.
Mana geliň bugün, bular näme we haýsysy gowylygyny, sada, ýönekeý dilde size düşündirmäne synanşaýyn.
1. HDD (Hard Disk Drive) – Gadymy ammar, arhiw
HDD-ni bir uly bugdaý ammaryna meňzedip bileris.
* Nähili işleýär: Içinde togalajyk, iňňe ýaly aýlanýan disk bar(tipa öň gören bolsaňyz DVD disk ýalyrak, emma ondan kiçijek). Maglumat gerek bolsa, şol disk aýlanýar we iňňe ony tapýar.
* Gowy tarapy: Arzan we içine gaty köp zat (kino, surat) sygýar.
* Erwet tarapy: Haýal işleýär. Eger elňizden gaçyrsaňyz, içindäki mehanizm döwülip, hemme maglumatyňyz ýitip biler. Meselem içindäki "grammofon" iňňesi döwülse, işiňiz gaýtdygydyr(emma ony hem çözüp bolýar, ýöne doly maglumatlaryň eliňizde boljagy näbelli)
2. SSD (Solid State Drive) – Häzirki işjeň ÇIP
SSD-ni bolsa telefonyň çipine ýa-da fleşka meňzedip bileris.
* Nähili işleýär: Içinde aýlanýan zat ýok, hemme zat elektroniki usulda saklanýar.
* Gowy tarapy: Gaty çalt! Kompýuteriň Power düwmesine basanyňyzda operatsion ulgamyňyz 10 sekuntda açylar, operatsion ulgam programmalary ýokary derejedäki tizlikde işlär. Hiç hili ses çykmaz we sarsylma, silkinmä durnuklylyk bolar.
* Erwet tarapy: HDD-den bahasy gymmat.
Egerde siz SSD çipini suw ýada öl ýerik degiräýseňiz, onda içindäki ähli maglumatlaryňyzam, çip hem uhlar, a kä ýagdaýlarda elektrik energiýasynyň(tok akymynyň) durnuksuzlygy ýüze çykanda(tok öçüp ýansa) bu ÇIP köýmek howpy ýüze çykyp biler.

Gysgaça deňeşdirme:
Egerde siz, öz şahsy suratlaryňyzy, toýuňyzy, uly göwrümli kä wagt ulanaýjak faýllaryňyz üçin HDD gowy saýlow. Egerde siz buhgalteriýa, şol sanda Microsoft word, excel ýada beýleki analitiki, hasaplaýyş programmalaryny ulanmakçy bolsaňyz ýada umuman operatsion ulgamyň tiz işlemegini isleseňiz, onda size SSD hökmany gerek bolar.

Netijede meniň berjek maslahatym:
Nähili ýagdaý bolanda hem 128GB SSD ortaça häzir 300-400 manat we bulardan iň gowysy, durnuklysy, şahsy tejribämden gelip çykyp aýtjagym, Lexar, Apacer modelleri iň gowylarydyr. Egerde uly surat albomy, kino, köne aýdym pleylistiňizi bolsa 512GBlyk HDD diskde saklamagyňyz dogry bolar. Onyň ortaça häzirki bahasy 300-400 manat we size maslahatym Seagate modelidir.

Mana indi bolsa siziň kompýuteriňiz haýal işleýän bolsa we operatsion ulgamyňyz HDD diskde bolsa, operatsion ulgamy SSD diske geçirip, tizlik boýunça uly jadygöýlik edip bilersiňiz!

Elbetde jadygöýlik etmek üçin size SSD disk esasy oruny eýýelär we siz iň ýokary hilli, amatly bahadan SSD disklerini EZBER.COM.TM onlaýn kompýuter dükanyndan sargyt edip alyp bilersiňiz!
Ezber.com.tm onlaýn kompýuter dükany - 5 welaýatyň islendik ýerinden, şäherinden, obasyndan bolmagyňyza garamazdan amatly bahadaky kompýuter böleklerinden başlap tä bir uly taýýar gurulan kompýutere çenli gapyňyza ugradyp berýärler. Saýtyň ssylkasyny aşakda paýlaşýan.

https://ezber.com.tm

Egerde size tema ýaran bolsa laýk basyp bilersiňiz...

Awtor: @dereksiz_ynsan


93

16

2

5

0

0

2
Teswirler:
 Özümiziňki
 erkin1997 [off]
  Durmaklyk hem yza gaýtmakdyr şonuñ üçin hereketde dowam!!!
 16.02.2026 / 00:40

+0

In gowysy M2


Özümiziňki
hickim  (16.02.2026 / 01:28) 

erkin1997, oňa geljegi ýokdur

 Premium
 rexha [off]
  Всё, что хочешь от жизни бери и беги
 17.02.2026 / 03:49

+0

Hayal ishleya ekenda Hdd hayaly halamayanlar name ederka


Özümiziňki
hickim  (17.02.2026 / 14:00) 

rexha, asyl HDD-da gerekli ýeri bar. Meselem, tiktok ulanýar HDD, näme üçin we haçan ulanylýar diýilende, egerde köne maglumatlar, köne wideolar bar bolsa we soňky aktiwligi 6 aýdan, 1 ýyldan geçen bolsa Tiktok algoritimi ony awtomatiki arzan uly HDD trabaýta oklaýar. Emma diňe trend we aktiwdäki wideo faýllar eýýäm SSD, hatda serwer RAM-da hem saklap bilýärler(köplenç ramda has ulanyjy çekmek üçin edilýän taktika)

Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

Pulyňyzy tygşytlaň


sen mugallymcylyga nace berip girdin ?...dowamy...
Erkin mowzuklar | Pulyňyzy tygşytlaň
tony_montana (Şugün, 01:51)

Gyrrygyz'ymyz


Ölümli jülgeden őlmänjik geç, öläýseňem aýt depip barlap görjek...dowamy...
Gutlaglar we arzuwlar | Gyrrygyz'ymyz
zM (06.07.2026 / 19:33)

Ýagşylyk


Bu name repmi?...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Ýagşylyk
Kimgerek_ (06.07.2026 / 17:53)

Gyrrygyz'ymyz


Pygamber yashy 63 daldimi...dowamy...
Gutlaglar we arzuwlar | Gyrrygyz'ymyz
Kimgerek_ (06.07.2026 / 17:45)

Kän garaşdyñmy?


Kän garaşdym kän.....dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Kän garaşdyñmy?
Ayjahan (06.07.2026 / 00:41)

Gyrrygyz'ymyz


Agyyy zenk yu weri mach yone menin doglan gunum dal gyyy...dowamy...
Gutlaglar we arzuwlar | Gyrrygyz'ymyz
Garrygyz (05.07.2026 / 23:29)

Gyrrygyz'ymyz


Ýüregiňe görä ömrüň bolsun, uzak ýaşa!!...dowamy...
Gutlaglar we arzuwlar | Gyrrygyz'ymyz
MaD_B (05.07.2026 / 22:36)

Degişmejik.


byrynjy gowy ekeni...dowamy...
Degişmeler älemi | Degişmejik.
SerdarG (05.07.2026 / 18:50)

Gyrrygyz'ymyz


Entägem Gyrgy gyz diymänsiñ:d)Gutlyaýan!Doglan günüñ bagtly bolsun!...dowamy...
Gutlaglar we arzuwlar | Gyrrygyz'ymyz
Candi (05.07.2026 / 16:59)

Gyrrygyz'ymyz


gaçan gunin bilen )))...dowamy...
Gutlaglar we arzuwlar | Gyrrygyz'ymyz
tony_montana (05.07.2026 / 16:20)
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2025

By We-Pro -->