“❤️ Saýt ýene-de öz işine başlady ❤️”

Içeri gir Agza bol
👉 Tanyşlyk Chat (üstüne bas)👈
💥New chat..🗨 - üstünden basyp çata girip bilersiňiz:)
Ýürekdeş sözler!
@menin_dunyam : Aÿralyk bu tăze bir sahypañ başlangyjydyr. @menin_dunyam

Forum | YLYM-BILIM | Ylym-bilim ösüşi

Buhgalter kim? Näçe aýlyk alýarlar? Iş kynmy?
 Öwreniji
 hickim [off]
 16.02.2026 / 01:30
 Dereksiz ynsan...

Bilýän, siz durmuşda Buhgalter diýen kär barada 1 gezek bolsada eşiden bolmagyňyz ahmal. Buhgalter bolmak kynmy? Buhgalterler ortaça näçe aýlyk hak alýar? Mana indi bugün buhgalterleriň nähili jogapkärçilikleri barlgy barada we ýokarda gysga berilen soraglara iň ýönekeý we sada dilde size düşündirmäne çalyşaryn.
Geliň ilki obadan başlalyň(özüm myžžyk obaly bolam soň, diňe obamdan tutdurup durn), mana meselem, Planydan şunça algym bar we plana şunça bergim bar, bu ýyl pagtadan(gowaça) ýada bugdaýdan şunça gideýji etdim diýip hasaplaýarys.
Ine, buhgalter hem edil şol hasaby uly kärhana ýada hususy telekeçiniň derejesinde tutýan adamdyr.
Buhgalter kim?
Buhgalter — bu kärhananyň "hasapçysy" we "gözidir". Ol puluň nireden gelýändigini, nirä gidýändigini we iň soňunda näçe galýandygyny anyk bilýän adamdyr.
Buhgalteriň işini şeýle mysallar bilen düşündirip bileris:
* Puly sanaýar: Kärhana näçe gazandy? (Girdeji)
* Çykdajyny hasaplaýar: Işgärleriň aýlygy, tok-suw puly, benziniň bahasy — bularyň baryny kagyza ýada sanly ulgam programmasyna geçirýär.
* Döwlet bilen hasaplaşyk edýär: Salgytlary (nalog) wagtynda we dogry hasaplap tölemegi düzgünleşdirýär.
* Hasabatlary ýygnar: Ýylyň ahyrynda "Biz peýda etdikmi ýa-da zyýan?" diýen soraga jogap berer.
Buhgalteriň işini nämä meňzedip bileris?
Geliň, buhgalteri uly bir öýüň gelnine meňzedeliň.
* Öýüň ammarynda näçe halta, ýada kg un bar, näçe ýag galdy, ertir myhman gelse näme bişirmeli — gelin munuň hasabyny bilýär.
* Eger gelin hasaby ýalňyş tutsa, aýyň ortasynda un gutarar ýa-da pul ýetmez.
* Buhgalter hem şonuň ýalydyr: Ol hasaby dogry tutmasa, kärhana bergä batar ýa-da gowy girdeji gazanyp bilmez.
Buhgalter bolmak üçin nämeler gerek?
Eger "Menem buhgalter boljak" diýýän bar bolsa, oňa şu häsiýetler gerek:
* Takyklyk: 1 teňňe hem ýitmeli däl. Hasapda ýalňyşlyk bolsa, soň düzelmez.
* Sabyrlylyk: Günüň dowamynda sanlar we kagyzlar, dürli programmalar ýada Excel bilen işlemeli.
* Dogruçyllyk: Puly we hasaby amanat edýänleri aldamaly däl.
* Kompýuter bilimi: Häzirki zamanda hasaplar elde däl-de, ýörite programmalar (meselem, 1C Logotiger, AkHasap programmasy) arkaly ýöredilýär.
Eger siz telekeçi ýada magazin eýýesi bolsaňyz, işiňizi ýörite AkHasap programmasy arkaly sistemalaşdyryp bilersiňiz! Amatly bahalardan AkHasap programmasyny gurnatmak üçin habarlaşyň: +99371530560 akhasap.turkmenistan@gmail.com

Gysgaça aýtsak:
Buhgalter bolmasa, kärhananyň puly "eýesiz mal" ýaly bolar. Kim näme aldy, nirä harçlady bilinmez. Şonuň üçin hem iň uly zawoddan başlap, uly marketlara çenli gowy hasapçy (buhgalter) gerek.
Siz öz hasabyňyzy (meselem, hojalyk çykdajylaryny) nähili dolandyrýarsyňyz?
Belkem, size has ýönekeý düşünikli interfeýsdäki Algy Bergi atly şahsy hasapçy programmasy gerekdir?
Siz Algy Bergi programmasy arkaly 100% mugt, kime näçe bermeli, kimden näçe almaly, haçan berdim, haçan aldym diýen pul hasabatlaryňyzy aňsatlyk bilen düzgünleşdirip bilersiňiz.!
Programma ssylka: https://play.google.com/store/ ... bergi

Wii bagyşlaň reklama geçip gidipdirin, indi ýene bir tema goşmaly zadymyz,
Buhgalteriýada ýene birnäçe terminlar bar bolup olardan iň köp eşidilýänler(eşden bolmagyňyz gaty ahmal) Debit we Kredit diýen düşünjedir.
Mana geliň men häzir size muny has ýönekeý dilde düşündireýin:
Debit - meňki boldy
Kredit - menden gitdi

Meslem: siz dükanyňyza 10 halta un aldyňyz we bu sizde Debit bolup durar.
Gapydan gelen çig mal, ýada jübiňize giren pul bu Debitdir!

Kredit bolsa, bu sizden zadyň gitmegidir ýada kimdir birine siziň bergiňizdir!
Gapydan çykan çig mal, ýada jübiňizden çykan pul bu Kreditdir!

Iki taraplaýyn ýazgy(goşa ýazgy düzgüni)
Buhgalteriýada hiçzat öňden bar bolmaýar we bar zat ýok bolmaýar. Bir ýerde Debit bolsa, hökmany başga bir ýerde Kredit bolýar.

Geliň muny ýönekeý durmuşdan meselem getirip düşündireýin:

Debit: siziň jübiňize 100 manat girdi, puluňyz köpeldi.
Kredit: siziň goňşyňyza bergiňiz(borjuňyz) 100 manat boldy.

Gysgaça ýatda saklamaly zat:
Debit - mende näme bar? Nämeler geldi? (Aktiwleriň köpelmegi)
Kredit - nireden geldi, kime bergili, näme gitdi? (Passiwleriň köpelmegi ýada serişdäniň çykyp gitmegi)

Häzirki wagtda köp kişi Kredit diýilse bankdan alynýan karz höküminde düşünýärler, emma bu buhgalteriýada, has giňişleýin: islendik çykyş ýada borçlanma KREDIT hasaplanylýar.

Aa, mana birden indi siz häzirki wagtda marketlarda, dürli satuw nokatlarynda, ulydan başlap iň kiçi söwda merkezlerinde ulanylýan, buhgalterçilik programmasyna degişli bolan AkHasap programmasyny öwrenmek isleseňiz, ýokary tizlikde esasy logiki we buhgalterçilikde, kassada, distributor bizneslerinde ulanylýan esasy funksiýa aýratynlyklaryny gysga wagtda öwredip bileris. Habarlaşmak üçin: akhasap.turkmenistan@gmail.com ýa-da +99371530560

Ýokardaky reklamady, geliň indi ýene dowam edeliň:
Türkmenistanda buhgalterler näçe aýlyk alýar diýen soraga jogap berjek bolalyň.
Real bazar ýagdaýda esasan siziň iş tejribäňize görä hak tölenilýär, häzirki wagtda aýlyk ýokary bolmagy üçin, diňe bir bilim derejäňiz dälde, sanly programmalarda iş tejribäňize hem seredilýär. Hususanda özüm buhgalter bolup işlän döwrümde başlangyç 4000manatdan 8000manat aralygynda aýlyk alyp gördüm. Häzirem bolsa işden çykyp ökünüp oturşum 😀.
Garaz degişýän, eger buhgalterçilik, magazin satuwy, POS programmalary, 1C, Logotiger ýaly programmalar boýunça soraglaryňyz bar bolsa arkaýyn, teswirde ýazyp bilersiňiz.

Eger tema ýaran bolsa laýk basyp bilersiňiz.

Awtor: @dereksiz_ynsan

Eger gramatiki ýalňyşlyk bar bolsa bagyşlaň gije ýazýan men köplenç gyssanyp


99

27

7

8

0

0

1
Teswirler:
 Özümiziňki
 erkin1997 [off]
  Durmaklyk hem yza gaýtmakdyr şonuñ üçin hereketde dowam!!!
 16.02.2026 / 06:31

+0

Gaty gowy

 Täzeje
 Garrybay [off]
  1000 km hem 1 ädimden başlaýar.
 16.02.2026 / 07:31

+0

Gowy mahabat

 Täzeje
 Orhideya [off]
 16.02.2026 / 10:11

+0

logotiger diýen programmany kursuna gatnap öwrenipdim , başda gaty çylşyrymly ýaly soň öwrendigiňçe aňsatlaşýar


Öwreniji
hickim  (16.02.2026 / 10:19) 

Orhideya, real işde öwrenseň gaty aňsat, men ýaly başyňa düşen wagty, yzyňdan gyssag gelen wagty ýeňilem öwrenýäň.

 Täzeje
 Agza [off]
 16.02.2026 / 14:42

+1

Meslem: siz dükanyňyza 10 halta un aldyňyz we bu sizde Debit bolup durar.
Gapydan gelen çig mal, ýada jübiňize giren pul bu Debitdir!
Bu yalnys bu bir hasapda debitde otyrsa vir hasapda kreditde otyrya
Sebabi senin sol on halta uny satyancan kredit taraptn nolda durmak diymek dal
Bagysla yazan zatlaryn 50/50 sebabi belki buhgaltersin belkide yok emma takyk sat barada na takyk maglumat bermek bu bolmaya


Öwreniji
hickim  (16.02.2026 / 15:02) 

Agza, hawa siz mamla, entäk oýlap görmändirin, wagtym bolsa hökman oýlap ýene dowamyny ýazaryn

 Täzeje
 Agza [off]
 16.02.2026 / 14:43

+1

Elbetde menin pikirim
Filosofyada seyle diyilya birininik pikirine yalnys diymeklik onun ozune bolanan hakykatynya hirmatsyzlyk men pikirin goldayan

 Premium
 Prinsessa [off]
  Dostum yok duşmanm kop
 16.02.2026 / 18:56

+0

gaty gowy

 Gytyndan
 rexha [off]
  Всё, что хочешь от жизни бери и беги
 17.02.2026 / 03:46

+0

Shu Akhasapda az wagtlyk ishlap gorupdim magazinda ishleyan wagtym yone kan bir dushunmandim ichi chylshyrynly geldi ilki. menem gyssaga dushup owrendim,ondan öñ marketde prihotchy bolup ishlamde yorite programmist marked uchin prihotcha programma duzup berdi ichi yeñil hem gowy ishleya shol programma azda kande akhasaba meñzanok


Öwreniji
hickim  (17.02.2026 / 13:58) 

rexha, kän programma olar ýaly, gowysyny tapmak kyn, ýada umuman ýok türkmen bazary üçin, gelejekde bolar

Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

Komek soran mowzuk


Menem ýatlajak bar eken. Köpsagbol...dowamy...
Erkin mowzuklar | Komek soran mowzuk
Orazjan (Şugün, 06:13)

Komek soran mowzuk


Menä hemişe özümi çetde tutammak....dowamy...
Erkin mowzuklar | Komek soran mowzuk
Outlier (Şugün, 01:39)

Komek soran mowzuk


Eger ustunde islesen mundanam gowy mowzuk edip boljak howplugyp edilen yaly...dowamy...
Erkin mowzuklar | Komek soran mowzuk
Minigim (29.03.2026 / 22:46)

Komek soran mowzuk


Mowzugyn ady name ucin "komek soran mowzuk"?...dowamy...
Erkin mowzuklar | Komek soran mowzuk
Minigim (29.03.2026 / 22:45)

Komek soran mowzuk


Pähim-paýhas nire, Garrygyz nire... Päheyt däninim. It ýandakdan böken ýalak bolupdyr...dowamy...
Erkin mowzuklar | Komek soran mowzuk
Basmacy (29.03.2026 / 22:28)

Hakyň ýok


ýa men 99 ýa şu 110...dowamy...
Erkin mowzuklar | Hakyň ýok
MMaa (29.03.2026 / 22:17)

Komek soran mowzuk


"Şol wagt saýtyň iň uly agzalarynyň biri bolan Garrygyz gürrüňe goşuldy we ýaş gyzlara pähim-paýhasy bilen ýol görkezdi." Şujagaz ýerini okap d...dowamy...
Erkin mowzuklar | Komek soran mowzuk
Dragon (29.03.2026 / 22:15)

Hakyň ýok


Realno gyrandegen adamlary görýän hawa. Ine bärdede görýän. Gyrandegen diýseler üÿtgeşik zat däl, serediň ine...dowamy...
Erkin mowzuklar | Hakyň ýok
zM (29.03.2026 / 22:12)

Komek soran mowzuk


Bir hekayany yazyp solaryn arasyna bizin niklermizi goysan hasam gyzykly bolardy bu da erwet dal...dowamy...
Erkin mowzuklar | Komek soran mowzuk
Vector_Pro (29.03.2026 / 21:34)

Hakyň ýok


Tüweleme ýürekdeşem goýulypdyr....dowamy...
Erkin mowzuklar | Hakyň ýok
Minigim (29.03.2026 / 19:04)
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2025

By We-Pro -->