Ýürekdeş sözler!
Remezan diýerler aýyň ýagşysyn!
Basmacy [off]
Şugün, 09:47
Biziň azap çekmedik zadymyz, biziňki däldir...
Ýagşy dilegler üçin açylan mowzuk diýsegem boljak..
Magtymguly atamyzyň:
"Ýigrimi dört sagat, on iki aýda,
Remezan diýerler aýyň ýagşysyn."
- diýişi ýaly, mübärek aýlaryň naýbaşysy bolan Remezan aýy hem saglyk bilen gelip ýetdi. Külli Musulmanlaryň, aýratynam Türkmen halkynyň şu aýda etjek iň kiçijik bir gowlygymyzy hem Allatagala Uhud dagy ýaly ulaldyp, amal depderimize ýazsyn!..
Remezanyňyz Kabul bolsun saýtdaşlar.!
- Üç adamyň eden dogasy gaýtarylmaz diýilipdir... Olar
1. Agzy bekli adamyň.
2. Kurany Kerimi okaýanyň.
3. Mazlumyň (zulum edilen adamyň).
Görşüňizi ýaly, agzy bekli her bir adamyň başga wagtlardakydan we başga ýagdaýdaky adamlardan tapawutlylykda, eger doga etse dogasynyň kabul bolma ähtimallygy ýokary ekeni..
Remezan diýilse köpümiz, agyz beklenen wagtdan, agyz açylýan wagt aralygynda diňe iýmek-içmekden, jynsy gatnaşykdan saklanmak diýip düşünýäris. Remezan diňe mundan ybarat däl. Rozaly wagtyň diňe iýmek-içmekden däl-de, beýleki agzalaryň bilen günäden we günä iterýän her bir zatdan saklanmakdyr. (Meselem, diliňi gybatdan-töhmetden, gözüňi nämähremden, niýet-päliňi başyna göýbermeklikden we.ş.m).
We şonuň ýaly agzymy bekledim diýip, ýokardaky aýdyşymyz ýaly internetde, saýtlarda her bir aýdylana jogap berjek bolup, gybat-gep, bimany gürrüňler, ýoknasyz gülküler edip oturjak bolsak, gelşiksiz we düşnüksiz. Eger şeýle bolsa, dogurdanam başgalarda "agzyny bekläbem etjegini edip ýör" diýen ýaly pikirleriň döremegine ýene özümiz sebäpkär bolarys. Adam hemişede kiçigöwünli, hoş ahlakly bolmalydygy hakynda gürrüň ýok, emma şu aýyň içinde, şu aýyň hormatyna başga 11 aýdakydan azajygam bolsa tapawudymyz bolsun..
Köp adamyň agyz beklejek bolşy durşy bilen odelženýa, minnet.
"Meň 4-däki turanym-ow" ,
" Meň agzym bekl-ow, maňa iş buýurma",
" Men ýetişemok, men tarawa gitmel-ow".))).
Bu elbetde edeplilikden nyşan däl. Diňe roza däl, beýleki hiç bir ybadatyň başga birine päsgelçilik berip, biynjalyk etmeli dälmikä diýýän.
Şonuň üçin gerek ýerinde edebi unutman, has kiçijik ýagşylyklaram duşumyzdan geçirmän, bir-biregiň hormatyny saklap sag aman Remezany alyp çykalyň.
Pygamberimiziň döwründe musulmanlar we başga dinlileriň hemmesi goşulyşyp ýaşaýan ekenler. Remezan gelende musulmanlaryň agyz bekleýänliginden habarly hristianyň edebi berk eken. Bir gün şol hristianyň çagasy köçede eline çörek alyp iýip ýörkä, kakasy elinden çöregi alyp
- oglum daş töweregiňde näçe adam agzyny bekläp ýörkä, seň beýdip ýörmegiň gelşiksizdir diýip käýinç äheňde duýdurypdyr. We şol edebiniň hatyrasyna ýaňky hristiany Allatagala rahmedi bilen musulman bolup dünýeden ötmekligine sebäp bolýar, we jennedine salypdyr diýip rowaýat edilýär. Başga dinliniň şol ujypsyzja hormatyna Allatagala rahmedine salýan bolsa, musulmanyň edýän her bir gowlugynda belki näçe-näçe derejeler bardyr?!.
Remezan gelse, tää Remezanyň wagty çykýança şeýtanlaryň aýagyna gandal salynyp bir alysdaky deňiziň düýbüne oklanylýar. (Şu hak gürrüňdir, şu hakynda aýat hem bolmaly).
- onda näme üçin şeýtan ýok bolsa adamlar Remezanda-da günä, haram işleri edýäler diýen soragyň jogaby bolsa şeýleräk. Nälet siňen şeýtan bize beýleki 11 aýyň her minudyny sypdyrman ýüregimeze was-wasy oklap, nebsimizi günä işlere doly uýgunlaşdyrýar. Onsaň adam pahyr 11 aý nebsiniň ugruna gidip, birje aýyň içinde şeýtansyzam özümize erk edip bilemizok. Şeýtan şol derejede nebsiňi kantrol edip gidensoň, biz nebsimiziň yzyna gul bolup düşüp ýörüs. 11 aý gowlugyň yzynda gezmedik bolsaň, ol bir aýyň içinde seň ýola girmejegiň hemmä düşnüklidir-le..!
Ýer ýüzünde doga-dilege mätäç däl adam ýokdur. Hatda öz türkmençiligmizde-de birine edilen ýagşylygyň barabaryna hak-heşdek beriljek bolsa, - ýokla hökman däl Taňryýalkasyn diýseňem bolar, ýa-da - hiç zat gerekdäl, biz üçünim dileg edip beräý diýilýändir. Bu hem edilen ýagşy dilegiň, laýyk ýerinde hak-heşdekden ýokarydygyny aňladýar.
Mowzugymyň maksady hem şudy. Watanyňa, il-günüňe, külli musulmanlara ýagşy doga-dileg etmek, köpüräk zikir etmek, istigfar(günäň geçilmegini) dilemek, sadaka bermek, başarsaň metjitden galmazlyk şu aýyň içinde edilýän iň derejeli amallardyr. Şonuň üçin Pygamberimiz "Musulmanyň ýaragy - dogasydyr" diýýär.
Ýüreginde Alla söýgüsi bolan her bir adam şu aýyň hormatyna hökman bagyşlanjakdyr. Allatagalanyň rahmedi giňdir, çäksizdir. Şonuň üçin köpüräk doga-dileg edeliň. Hatda diňe öz dogan garyndaşlarymyzyň içinde-de doga-dilege mätäç bolup gezip ýören müňlerçe adam bardyr. Geliň, bolmanda şolar üçin köpüräk şu aýda doga edeliň.
• Işimizde käwagt özümizçe ýok başlyklaryň gepini çekýäs, agzyndan gelenini, enem-atamyzdan eşitmeýän sözlerimizi eşidýäs, emma ýene öýe gelip boýny ýogynlygymyzy edip, enem - atamyz bir zat diýse şolaryň gepini göterip bilemizok. Göni gaýtargy bermek, işli adam hökmünde minnetimizi görkezmek isleýäs. Alla şolaryň ýüregine gaýrat bersin. Geliň, şol bizi nalajedeýin wagtymyz hem söýüp bilýän ene-atalarymyz üçin dileg edeliň. Şolara jan saglyk, uzak ýaş, ýüzlerinde gam bolmazlygyny diläliň.
• Agyr hassa ýatan tanyş bilişlerimiz bardyr, şolaryň şypa tapmaklygy üçin, şolara seredýänlere Alla gaýrat bermekligi üçin dileg edeliň.!
• Näçe ýyllar içinde ýüregi ezilip giden, ýöne entägä çenli ýüzi perzende düşmedik maşgalalar bar. Şolara-da Alla giňlik bersin, goşa-goşadan ogul-gyz bersin diýip dileg edeliň.!
• Bagtynyň gijigip, maňlaýynyň açylmaly gününe garaşyp, abraýyny, namysyny baýdak dek pasyrdadyp oturan gül dek gyzlarymyz bar. Şolaryň abraý bilen durmuşa çykmaklygyny, halalhon, agzy arassa ýigidiň duşmaklygyny dileg edeliň.!
• We şonuň ýalyda wagty gijigip barýan, emma döwrümiziň "galyň" diýilýän maddy bäsleşigi zerarly öýlenip bilmän ýören, sada, eli ýuka ýigitlerimiziň, ýeňillik bilen, öz göwünindäki gyzlaryna duşmaklaryny dileg edeliň.!
• Azatlykdan mahrum bolan, bendilikde oturan tanyş bilişlerimiz bardyr, şolaryňam ýüregine giňlik bersin diýip köpüräk dileg edeliň!
• Yzyndan ruhunyň şatlygy üçin aýat-töwir barmaýan birnäçe merhum bendeler ýatandyr. Ogul-gyzyndan, plan tanşyndan, goňşusyndan, dostyndan umydygär bolup ýatan merhumlar bardyr. Geliň, şolaryň ruhynyň şatlygy üçin aýat-töwiri köpüräk edeliň!
• Gara zähmeti bilen gün görýän, ýa başyna ummasyz bergi düşen,
- şu ýyl birje maşyn edinip bolmazmyka ýa-da şu ýyl jaý alyp bolmazmyka diýip ýören mätäç bendeler bar, şolaryň müşgilleri bitsin diýip gol göterip doga edeliň.!
Gadyryny bilmeli adamlaryň gadyrny bilip, ýakynlarymyzyň başynyň salamatlygyny diläp gezsek, ruhymyz hemişe rahat, göwnümiz baý bolar.
Bu ýazgylaryň yzyny uzaltsaň uzaldyp oturmaly. Umuman bu döwürde dertsiz, problemasyz adam gaty az ýa-da ýokdur.
Kämahal metjitden çykyp barýakaň, entäk ybadat ýaşyna ýetmedik 2 sany oglanjygyň
- eý plany menä ertir ýene geljek, senem geljekmi? Gowy ekenä bärsi - diýen gürrüňini eşdeniňde biygtyýar gözüňe ýaş aýlananyny bilmän galýaň.
Ýa-da iki sany gelnejäniň
- plany, meň ukym agyrrakdyr, ertir jaň edip menem turuzaweri selärlige - diýmesini eşitseň ýakymly ýylgyranyňy duýman galýaň. Şu gowluklaryň haýsy birini başga zat bilen çalyşjak?!
Umuman boş gürrüňleri, ýasama gülküleri etmäne hemişede wagt tapylar saýtdaşlar. Emma mübärek aýlary, mübärek günleri duşumyzdan boş geçirsek, ökünjiniň aşagyndan çykyp bilmeris.
Adam ömri juda gysga. Özüňiz şumat ýadyňyza saljak bolaýyň. Geçen ýyl orazadan şu oraza çenli aralykda ýatda galyjy, jemgyýete peýdaly ullakan bir eden işimizem ýokdur. Hut özümdä-hä agyz dolduryp aýdar ýaly hadysa bolup geçmedi bir ýylyň içinde, ýöne wagt onyňa seredenok, ömür gidip barýar.
- Jennetde bir gapy bardyr, ana şoňa diňe roza tutanlar girmelidir diýip hadyslarda aýdylýar. Bizede topar-topar bolup gol tutuşyp, şol gapydan jennete girmek nesip etsin!...
Ýene bir gezek Remezanyňyz kabul bolsun Türkmen ilim...!
14 |
10 |
3 |
4 |
0 |
0 |
1 |
Teswirler:
Basmacy [off]
Biziň azap çekmedik zadymyz, biziňki däldir...
Şugün, 09:48
+0
Alhamdulillah, şu mowzugy bassyr 4-njy ýyl açýan. Ýenede köp ýyllar açmak nesip etsin.
Soňky teswirler
Buhgalter kim? Näçe aýlyk alýarlar? Iş kynmy?
logotiger diýen programmany kursuna gatnap öwrenipdim , başda gaty çylşyrymly ýaly soň öwrendigiňçe aňsatlaşýar...dowamy...
Meniň täze idealym
Seniň idealyň hakda serial çykardylar apple tv kompaniýasy одна из многих bolmaly ady...dowamy...
Remezan diýerler aýyň ýagşysyn!
Alhamdulillah, şu mowzugy bassyr 4-njy ýyl açýan. Ýenede köp ýyllar açmak nesip etsin....dowamy...
Meniň täze idealym
- Adamlaryň kalbyna täze güller ekmeli. Gaty gowy. Idealyňam, mowzugyňam. Utopik žanrda ýazylan. Tomas Moruň "Utopiýasy", Marksizm Leninizm ýa...dowamy...