Ýürekdeş sözler!
Wakansiýa ýok ekeni
Mishel [off]
17.02.2026 / 15:05
Iki dost bolan. Bu iki dost mal goýyn-geçi bakyp gününi görýän eken. Goýyn-geçiler ümsüm otlap ýören wagty bu ikisi gürrüňe gyzygyp gidýän eken.
Olaryň esasy gürrüňi bolsa ýurdyň patyşasy bolmak arzuwy baradaky süýji hyýal etmeler bolan. Olar biri-birine:
-Eger men patyşa bolsam seni ýanyma wezir edip alaryn. Onsoň ikimiz ýurdy adalatly dolandyrarys diýip wada hem berenler.
Emma durmuşda garaşylmadyk wakalaryň hem bolýandygyny aýytmak gerek. Bu ýurda patyşany saýlamak däbi başgaça eken. Ýörite bir guşy adam egnine otyrtmak öwredilýän eken. Ine, şu egine otyrmak endigi öwredilen guş hem indiki patyşany saýlaýan eken.
Bu ýurdyň patyşasy ýogalýar. Indi täze patyşany saýlamaly. Guşy egnine otyrtmak isleýänler täze don geýip açyk meýdana çykýan eken. Ine, şu meýdan hem bu iki dost çopan mal bakyp ýören bolýar.
Guşy asmana uçyrýarlar. Guş asmanda öz peýwagtyna ençeme wagt uçýar. Soňra uçmakdan bez bolup otyrmak üçin ýer gözlap başlaýar.
Guş täze don geýenleriň üstünden parlap uçyp geçýärde hol aňyrda mal bakyp ýören iki çopanyň biriniň egnine gonýar. Patyşa saýlaýanlar ylgap gelip egnine guş gonan çopana tagzym edip:
Indi, siz biziň patyşamyz diýip ony köşge tarap kejebeläp äkidýärler. Onuň dosty bolsa begenip patyşa bolanyň goýynlaryny öýüne eltip ýerleýär we arzuw edip başlaýar.
Dostym patyşa boldy. Indi ol meni ýanyna alar diýip öz ýanyndan begenip köşge gitmäne şaýlanýar. Goýyn-geçisini bakmany goýýar. Bir gün garaşýar. Habar ýok dostyndan, iki gün garaşýar patyşa doçtynyň çakylygyna emma habar gelenok.
Öz göwnüni aldap başlaýar. Täze patyşa bolany üçin işi köp bolup maňa häli eli degýän däldir diýip bir aý wagt geçirýär. Ikinji aý hem geçip gidip otyr. Üçünji aýda bu dost çydap bilmän patyşa bolan dosty bilen ýüzbe-ýüz bolmak üçin hemde wezir bolmak tämäkinçiligi bilen köşge barýar.
Köşge girmäne oňa rugsat berilmeýär. Emma patyşa habar göýbermek bolýan ekeni.
Şu ýagdaýdan peýdalanyp ol derwezede durýan esgerden haýyş edýär.
-Bu patyşa bilen ikimiz dost. Dostyň derwezede dur. Saňa duşmak isleýär diý. Şeý diýseň ol meni görmäne şu ýere geler diýýär.
Esger bu dostyň haýyşyny ýerine ýetirýär. Patyşanyň huzuryna girip onuň dostynyň oňa derwezede garaşyp durandygyny aýydýar.
Patyşa onda esgerden habar göýberýär.
-Dostym gowy gelipdir. Ony özüm hem görmekçidim. Emma köşkde däl. Sen oňa aýyt. Mal bakýan ýerimizde ullakan toraňňy agajy bardy. Şol ýerde geçilerini bakyp ýöräbersin. Men elim degen wagtynda ony görmek üçin bararyn diýýär.
Dosty öýüne gaýdyp gelýärde şol beýik toraňňa tarap mallaryny sürüp eltip şu ýerde dostyna bäş ýyl garaşyp geçilerini bakyp oňa garaşýar.
Bäş ýyl geçip indiki patyşa saýlawy ýetip gelýär. Bu patyşa ornyny täze patyşa berýärde köşkden çykyp gaýydýar we ertesi ol hem ýene öňki käri bolan çopançylygyny edip başlaýar. Elbetde, gün-güzeran görmek üçin.
Iki çopan dostyň duşmaly wagty bolýar. Bäş ýyl aýralykdan soň.
Patyşa bolan dosty beýik toraňňynyň ýanyna geçilerini eltip öň geçileri bile bakan dostynyň gelerine sabyrsyzlyk bilen garaşýar. Hem dostyndan ötünç soramak üçin hemde patyşa bolan döwründe başdan geçiren wakalaryny oňa ýadyp berip içini dökmekçi bolýar.
Ahyry dostynyň garasy görýär. Patyşa bolan dost begenip gidýär ony görüp.
Çopan bolup geçen dost hem patyşa bolan dostyny uzakdan görýär emma begenmeýär.
Öz ýanyndan:
Ol meni aldady, ol meniň üstümden güldi diýýärde mallaryny başga bir gapdala sowýarda patyşa bolan dostynyň ýanyna barmaýar.
Emma patyşa bolan dost mallaryny onyň mallary bilen goşýarda onyň ýanyna gelýär ýyljyraklap.
Gelip salam berip durýar elini uzadyp. Ikinji dost bolsa ters bakyp durýär. Emma gahary uzak durman ol peselýär we dostyna;
Sen meni aldadyň diýýär
Onda patyşa bolan dost:
Dostym öýkeleme!. Men seni ýanyma aljakdym emma öňden bir wezir bar eken. Seniň üçin bolsa wakansiýa ýok eken.Bilýäňä sen wakansiýaň nämedigini diýip dostyny köşeşdiripdir.
Men muny näme üçin ýazdym bilýäňizmi?. Men ýurda prezident bolsam ýürekdeş.ru saýtynyň agalary ýanyma gelip, biz bir saýtda dost bolupdyk diýse emelläp bolsada olar üçin öz ýanymdan wakansiýa açardym.
80 |
17 |
4 |
3 |
0 |
0 |
0 |
Teswirler:
TäzejeVandenes [off]
17.02.2026 / 17:23
+0
Meň pessimoparanoik tarakanlarym "bu mowzuklar bunt üçin dürtüp görme metody" diýýä.
(Esas: Hersinden alan detallarym we teswirime berlen jogap boýunça)
Ýöne ýatyp galandan atyp gal diýilýän bolaýmasa bärden "çörek" bolarmyka...
Ana indi gorkuzdym öýdýän agzalaryňy)
Mishel (17.02.2026 / 20:57)
Vandenes, Durmuş dowam edýär. Geljek tükeniksiz. bu durmuşyň bir ýerinde optimizm bardyr
erkin1997 [off]
Durmaklyk hem yza gaýtmakdyr şonuñ üçin hereketde dowam!!!
17.02.2026 / 20:34
+0
Mlds gaty gowy
Fantom [off]
Ýalňyzlyk diňe emosional ýagdaý däl, eýsem fiziologik stressordyr...
17.02.2026 / 23:32
+0
hmm, dogrysy köşk intrigalaryndan goramak üçin o dostuny köşkden daşda saklady diýseň, hökümdarlygyny guşa saýlatýanlardan nämä garaşjak.
ýöne ýene şo wezir hemme wagytam aýrylman şo ýerde oturan bolsa onda diýmek kölge güýji şo bolýada?
Indi sorag, bärde ýäni şörde, wezir kim? :D
Soňky teswirler
Söýgümiziň synagy
Uzak wagt hiç zat ýazmadyň. Emma bu gün ýene şol köne söýgüliňi ýatladyň bu ýerde. Şeýlede bolsa geleniňe begenýän. Eger çyksa biz çalarak dost e...dowamy...
Erkek eşek (mi?)
Çopan: "aýlan geçi" -diýä weli määä-ää edýädä ana. 10ň3ň bilen seň.. Bendäň çagasy....dowamy...
Bilim, filosofiýa, din we maglumatlaryň görnüşleri
Bar bolan zatlar ylym bilimiň üsti bilen açylandygyna esaslanyp, mowzugyň başyndaky tehnologiýany garyşdyrmaň diýeni soňuna ýetinçäm böwrüme sanj...dowamy...
Söýgümiziň synagy
"Mejnun bilen söýgi synpynda bile okadyk, ol hemiše 4-lik, men bolsa diñe 5-lik alardym." Diýýådimi Oraz.Ýagmyr))...dowamy...