Ýürekdeş sözler!
Boş gitmek
Kapiro [off]
22.02.2026 / 09:37
Allah diýene Allah ýetişer
Adam bary bir zadyň aladasynda. Her kimde bir hyýal, arzuw-isleg ,ýetilmeli menzil. Wagt bolsa öz çarhy-pelegini şol irginsiz aýlap otyr. Göwnümize bolmasa soňky döwür wagtam çalt geçýän ýaly. Garyplar baýamagyň ugrunda, baýlar hasda baýlyklaryny köpeltmegiň ugrunda. Kimler şady-horramlyk bilen döwran sürse, kimler tapany bilen mydar edýärler. Adamlaryň şeýtana we nebsine aldanýan ýeri öz arzuw-islegleriniň çäginiň ýoklugyny bilmezligidir. Pygamberimiz saw aýdypdyr "Adamlaryň iki jülge dolup duran baýlygy bolsa, ol şonuň 3 jülge bolmagynyň arzuwyny eder" diýipdir. Adamyň 2 sany kiçijik gözüni 2 zat doýurar, olaryň biri bolanja zadyňa kanagat etmek ,beýlekiside gabryň gara gumy diýipdirler. Bir wagtlar bir adam yslamyň meşhur pirlerinden Ybraýym Edhem hezretlerine pul berse ol almandyr ekeni. Ol adam pirden:
—Näme üçin pulumy alaňok—diýýär. Ol:
—Men garyp adamdan pul alamok -diýipdir. Ol adam:
—Men garyp däl,baý adam.
—Näçe puluň bar.
—50müň teňňäm bar.
—Sen şonuň 100 müň bolmagyny isleýärmiň ?
—Hawa,ony kim islemez.
—150 müň bolmagyny isleýäňmi ?
—Hawa.
—Diýmek näçe köpelse gowyda.
—Hawa.
—Hany, ýaňy sen baýdyňla, özüň bolsa zatdan doýmaz mätäç ekeniň me bul pullaram alda öz beýleki pullaryň üstüne goş diýipdir.
Gowy durmuşda ýaşamaklyk gowy zat ,ýöne şol tükeniksiz arzuw-islegler bizi ýokdan bar eden Allahyň buýran we gaýtaran zatlaryndan alyp goýmaýan bolsa. Allatagala özüniň adamlara iberen Kurany Keriminde "Men ynsanlaryň haýsynyň gowy ybadat edýänlerini synamak üçin olaryň her birine belli bir wagt arasyndaky ýaşaýşy ýaratdym diýip buýrýar.
(Mülk süresi ,2-nji aýat. Ol siziň haýsyňyzyň has ýagşy amal
edýändigiňizi synamak üçin, ölümi
we ýaşaýşy ýaradandyr. Ol Gudraty
güýçlüdir, Bagyşlaýjydyr.) Şol sebäpden özümize berilen sähel ömri ýele şowurup Allahyň huzuruna boş barmalyň. Magtumguly bu barada şeýle diýipdir
Jahanda ýaman işdir,
Gury gelip boş gitmek.
103 |
19 |
4 |
11 |
0 |
0 |
1 |
Teswirler:
TäzejeAnima [27s]
Alym bolma adam bol
22.02.2026 / 12:58
+1
:gy:
erkin1997 [off]
Durmaklyk hem yza gaýtmakdyr şonuñ üçin hereketde dowam!!!
22.02.2026 / 16:53
+1
Dogry
Soňky teswirler
Meniň şansym nola deň
Men bolsa hiç ýerde tanymal adam däl. Onsoň Men näme edenimde BMG guramasynyň sekretary bolup bilerin. Bu mümkin däl. Diňe amatly pursat men tara...dowamy...
Meniň şansym nola deň
Görşüňiz ýaly indiki kanditatlar tanymal wezipeli adamlar. Üstesine olaryň hemmesi diýen ýaly öz ýurtlarynda ýokary wezipeleri eýelän kanditatlar...dowamy...
2026. Pagtaçy gyz pagta şu geýim bilen çykar
herkim näme ekesi gelse eksin ana şondan gowysy ýok...dowamy...
Men seni küýsedim aýazly gyşda, Ýaz bilen deñ güllemegñi isledim.
Küýsäpbörmän öýlemmeldä how...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Men seni küýsedim aýazly gyşda, Ýaz bilen deñ güllemegñi isledim.
Outlier (30.07.2026 / 06:29)
Outlier (30.07.2026 / 06:29)
2026. Pagtaçy gyz pagta şu geýim bilen çykar
Biziň ýurdumyzda pagta öndürilýar , ýöne pagtany Hytaýdan import edýänimizi bilýärdiňizmi ? Sebäbi Hytaýdan import edenimiz arzan düşýar. Ýene...dowamy...
Men seni küýsedim aýazly gyşda, Ýaz bilen deñ güllemegñi isledim.
Erbedem bolmapdyr. Nace yasynda sen?...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Men seni küýsedim aýazly gyşda, Ýaz bilen deñ güllemegñi isledim.
Belki (26.07.2026 / 10:12)
Belki (26.07.2026 / 10:12)