“❤️ Saýt ýene-de öz işine başlady ❤️”

Içeri gir Agza bol
M.Yurekdesh.Ru/ çatsöýerler üçin - biz bärde:)
Ýürekdeş sözler!
Dreamfull : Каждый момент, который я провёл с тобой… был ярким. Когда погода была хорошей, когда погода была плохой. Я любил каждый миг

Forum | GÜRRÜŇDEŞLIK | Erkin mowzuklar

Pikir et we şükür et!
 Täzeje
 Yunus [off]
 22.02.2026 / 16:50
 Her täze köneler,her diri öler, emma...

Pikir et we şükür et!
Şükür etmegiň manysy: Dabanyňdan depäňe çenli Allanyň beren
nygmatlaryna çümüp oturan bolsaň, bu nygmatlary bereniň Alladygyny ýadyňdan
çykarmazlykdyr.
Siz Ýaradanyň beren nygmatlaryny sanap, soňuna ýetip bilmersiňiz: beden
saglygy, ýurt asudalygy, saçagyňda iýip-içgiň, süňňüňde egin örtgüň barlygy, dem
alara howa, ganara suw tapdyrýan bolsa, dünýäniň wajyp nygmaty seniň eliňde
eken, sen bolsa bu zatlary duýmaýarsyň. Sen ýaşap ýörsüň, ýöne özüňde bar
zadyň gymmatyny bilmeýärsiň, “Allatagala sizi aýdyň we pynhan nygmatlar bilen
bezedi: iki gözüň bar, bir diliň, iki dodagyň bar, iki eliň, iki aýagyň bar - “Siz
Allanyň beren haýsy nygmatyny inkär etjek (görmejek) bolýarsyňyz?”. Aýaklaryň
bilen ýöräp gidibermek aňsat meselemi, kyn zat däldir, ýöne eger aýaksyz galan
bolsa, alajy näme?Tirsekleriňe daýanyp, garyňa galarsyň, eger gollaryň kesilen
bolsa näme? Sen dünýäni unudyp, gözleriňi ukudan gandyrýansyň, aladasy,
agyrysy başdan agyp, ukusy gözden uçanlar näme? Işdämenlik bilen iýýän
naharyň, ganyp içýän sowuk suwuň nygmat dälmi, ol ýerde duz dadyp bilmän,
dert-yza zerarly işdäsi tutulyp, bogazyndan bir damja suw geçmeýänler bar ahyry?!
Gulagyň eşidip duranlygyny ýadyňa sal, Alla seni kerlik, güňlük keselinden aman
saklap ýör. Gözüň görüp durandygy hakda pikir et, Alla seni körlük apatyndan
gorap ýör. Sagdyn süňňüňe seret, Alla seni pislikden, heýwereden abat saklap ýör.
Akyl-huşuňa, aňyňa göz aýla, Alla seni öz akylyňda, öz aýagyňda saklaýar, dälimejnun, akylyndan azaşan etmändir ahyry.
Bir gözüňe derek daglar ýaly altyn hödürleseler çalşarmydyň? Eşidiş ukybyňa
derek gowak doly kümüş teklip etseler satarmydyň? Diliňe derek bag-bossanly,
gül-çemenli köşkleri satyn alyp, lal galasyň gelermi? Gatbar-gatbar merjen
monjuklara, dür dänelerine derek golak galasyň gelermi? Sen şeýle bir bol-telki
nygmatyň, jan saglygynyň içinde ýaşaýarsyň, ýöne bu zatlara ähmiýet
bermeýärsiň. Elmydama aladaly, ünjüli, gaýgy-gamly, tukat gezip ýörsüň.
Saçagyňda ýyljak çörek, howzuňda sowuk suw, düşegiňde rahat uky, süňňüňde
saglyk barka, özüňde ýok ýa-da elden gideren zatlaryň hakda uly pikir edip,
özüňde bar zatlar üçin şükür etmeýärsiň. Eliňde bagtyň açary, haýyrly işleri
bitirmäge ukybyň, akylyň, Alla tarapyndan berlen zehiniň we ýene-de bähbitli
birnäçe zatlar barka, maddy ýitgiler üçin ynjalykdan gaçýarsyň. Pikir et we şükür
et! “Hatda özüňizde hem bihasap nygmatlar bardyr, siz ony henizem göreňzokmy,
duýaňzokmy?”. Özüň hakda, maşgalaň, çagalaryň, öýüň, iş-amalyň, saglygyň,
dostlaryň, töweregiňde öz dünýäň barlygyny akylyňa aýla we şükür et! “Allanyň
nygmatlaryny bilip, soňra ony unudýan” adamlardan bolma!.


105

20

6

9

0

0

0
Teswirler:
 Täzeje
 Yunus [off]
  Her täze köneler,her diri öler, emma...
 22.02.2026 / 16:53

+0

Aid al-Karni
. Gamgyn bolma

 Özümiziňki
 erkin1997 [off]
  Durmaklyk hem yza gaýtmakdyr şonuñ üçin hereketde dowam!!!
 22.02.2026 / 16:55

+1

Gaty gowy

 Premium
 Orazjan [off]
  Sapby soranjaň
 22.02.2026 / 17:01

+1

Şükür Elhamdulillah

 Täzeje
 Anima [off]
  Alym bolma adam bol
 22.02.2026 / 18:59

+0

Malades

 Premium
 афганка [off]
  Всё, что хочешь от жизни бери и беги
 22.02.2026 / 23:07

+0

Howwa şol adamlaryň biri bolmalyň

 Täzeje
 Мечтать [off]
  Now or never.
 23.02.2026 / 09:20

+0

:roza2:


Täzeje
Yunus  (23.02.2026 / 09:37) 

Мечтать, :romawki:

Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

Meniň şansym nola deň


Iňlisçe adyňy aýtmany başarýaňmy özi sen...dowamy...
Erkin mowzuklar | Meniň şansym nola deň
Outlier (Şugün, 08:45)

Meniň şansym nola deň


Men bolsa hiç ýerde tanymal adam däl. Onsoň Men näme edenimde BMG guramasynyň sekretary bolup bilerin. Bu mümkin däl. Diňe amatly pursat men tara...dowamy...
Erkin mowzuklar | Meniň şansym nola deň
masterdollar (Düýn, 09:08)

Meniň şansym nola deň


Görşüňiz ýaly indiki kanditatlar tanymal wezipeli adamlar. Üstesine olaryň hemmesi diýen ýaly öz ýurtlarynda ýokary wezipeleri eýelän kanditatlar...dowamy...
Erkin mowzuklar | Meniň şansym nola deň
masterdollar (Düýn, 09:05)

2026. Pagtaçy gyz pagta şu geýim bilen çykar


herkim näme ekesi gelse eksin ana şondan gowysy ýok...dowamy...

Bagyt.


Bagyt my ýa, bagt?...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Bagyt.
Mizan (30.07.2026 / 10:39)

Men seni küýsedim aýazly gyşda, Ýaz bilen deñ güllemegñi isledim.


Küýsäpbörmän öýlemmeldä how...dowamy...

Bagyt.


Awtory Aşyr Hanow....dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Bagyt.
Belki (28.07.2026 / 16:55)

2026. Pagtaçy gyz pagta şu geýim bilen çykar


Biziň ýurdumyzda pagta öndürilýar , ýöne pagtany Hytaýdan import edýänimizi bilýärdiňizmi ? Sebäbi Hytaýdan import edenimiz arzan düşýar. Ýene...dowamy...

Hudaýsyzlar 9-njy bölüm


yzyny yazarsynda...dowamy...
Erkin mowzuklar | Hudaýsyzlar 9-njy bölüm
SerdarG (26.07.2026 / 13:40)

Men seni küýsedim aýazly gyşda, Ýaz bilen deñ güllemegñi isledim.


Erbedem bolmapdyr. Nace yasynda sen?...dowamy...
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2025

By We-Pro -->