Ýürekdeş sözler!
Iliñ çagasy)
EjegyzS [off]
14.01.2024 / 11:08
"Beýle kimkä diýip pikirlenerdim,
Şo-ol kakamyñ öwýän "iliñ çagasy".
Bäş wagtyna namaz okaýan eken,
Goñşymyz Myradyñ naskeş agasy.
"Beýle kimkä diýip pikirlenerdim,
Şo-ol ejemiñ öwýän "iliñ çagasy".
Obamyzda ar-namysly Almagül,
Başga ýerde on oglanyñ balasy.
Olar-şerbet eken,men bolsa erbet,
Olar- gül bolupdyr,men bolsa tiken.
Olar-kislaroda baý agaç bolsa,
Men-saman ekenim,çöl ýerde biten.
Şeýdip öýdäkileñ beren badyndan,
Içimdäki hyjuwlam oýanypdyr.
Esseläp köpelýän zähmetim bilen,
Aklym öñküsinden has goýalypdyr.
Bir üstünlik bilen guwandyrýançam,
Şolar bilen asla deñ tutulmadym.
Ýöne beýgelsem-de,ýere düşsem-de,
Iliñ çagasyndan kem tutulmadym.
Awtor: Durdygylyç Ýarjanow.
118 |
10 |
3 |
4 |
0 |
0 |
0 |
Teswirler:
Dreamfull [off]
Каждому нужен кто-то, кто его выслушает.
14.01.2024 / 15:01
+0
Onembiri diyyamish ahry(Eah ejaniñ kayinji by'ilin cagasy'dp)
EjegyzS (14.01.2024 / 22:53)
Dreamfull, hakyky)
EjegyzS [off]
14.01.2024 / 22:56
+0
Ejesi: Hana gör Reýhany,öýüñ ähli işlerine özi ýetişýä,sen ýaly meni 3-4 gezek aýtdyryp duranok.Iliñ çagasy bela ýaly.
Gyzy: Illeñ çagasyna ejesi her gün okuwa elli manat berip goýberýä.
Ejesi: Iliñ çagasy bilen işiñ bolmasyn.
Soňky teswirler
Soltan Jelaleddin. Ikinji garpyşyk
Awtory kim? Muhammet şa Heywere kesele üçrap aşyr adasynda yogalmayarmy?...dowamy...
Gyzyklanýanlaryň dykgatyna!!!
Islenen.ru da guralÿan edebiÿat agsamy konferensinde bir gezek sesiňizi eşidipdim, häsiýetiňize garamazdan owadan sesiňiz bar) hany şol sagada de...dowamy...
Ykbal Sazagy
Sen su adamlara samsykdyr oydyanmi? Emeli ana yazdyran bolgusyz gosgularyndan doldurylyan yer dal barsi. Indi seytsen pozjakdyryn....dowamy...