“❤️ Saýt ýene-de öz işine başlady ❤️”

Içeri gir Agza bol
M.Yurekdesh.Ru/ çatsöýerler üçin - biz bärde:)
Ýürekdeş sözler!
rexha : Uykulu gözlerini sevdigim adam#ponchik pandam))

Forum | UMUMY BÖLÜM | Şygyryýet dünýäsi

Goşgy.
Premium
 афганка [off]
 22.02.2026 / 23:13
 Всё, что хочешь от жизни бери и беги

Mazaryň başynda otyryn ümsüm,
Hol aňyrdan sesi gelýär garganyň,
Indi eýýäm uly adam bolsamam,
Duýman galdym gozüme ýaş aýlanym.


Bu ýerde goş basyp ýatyr tukatlyk,
Gara ýer astynda ýatyr ynsanlar,
Şowhun-galmagaldan juda uzakda,
Dynç alýar bu ýerde baka gidenler.


Her mazar astynda ýatyr bir dünyä,
Hersiniň ýetmedik arzuwy bardyr...
Kim bilýär,belki-de bu ýatanlaryň,
Öz islegi bilen gidenem bardyr???


Ululy-kiçili sansyz tümmekler,
Ses-sedasyz dymyp otyr ýer bolup,
Bir ýerlerden gelen bölejik bulut,
Sepeläp başlady damjasyn seçip.


Gözlerimden gaýdan gözýaş monjugy,
Hasratyň howrundan göyä bugardy.
Mazaryň başynda ýeke-täk çykan,
Ösüp barýan güljagazy suwardy.


Şu goşgyny okap oturan ynsan,
Günleriň bir güni gitmeli senem,
Wah,garryja atam,garryja enem!
Bir gün-ä bu ýere gelerin menem...


105

15

5

9

0

0

1
Teswirler:
 Premium
 Orazjan [off]
  Sapby soranjaň
 22.02.2026 / 23:16

+0

Molodes goşgy eken:dovolen:

 Özümiziňki
 erkin1997 [off]
  Durmaklyk hem yza gaýtmakdyr şonuñ üçin hereketde dowam!!!
 22.02.2026 / 23:29

+0

Gaty gowy

 Özümiziňki
 Fantom [off]
  Wagtyňyzy manysyz geçirmäň, çünki her bir pursat altyndan gymmatlydyr...
 22.02.2026 / 23:55

+0

Awtory kimkä. täsirli ýazlan. Dogrysy baky galjaga ýokla welin, öňde bir ýaşulyň güniňden nalaýan bolsaň bazara bar adamlary syýnla diýeni ýadyma saldy.

Dogrysy kän herhiýli adamlar gabat gelýär şo ýerde. mazarstanlygam şeýle bolmaly. şu goşga ýene azajyk trogizm ýetmändir wahh, şonam goşup bilen bolsa gör neneň ýürege ýakyn kalbyňy heýjana salyjy şygyr bolardy.

Özü gidenler bar. ýöne näme sebäpden gitýärler olar, meselem, meň öň işleýän ýerimde ýolda palatga zat goýulyp geçilmez ýagdaýa salypdyrlar. onsaň men gapdalymdaka näme beýle ýoly ýapypdyrlar diýsem 72 ýaşly goja özüni asypdyr diýä. näme üçin diýip sebäbini sorasam, bejerip bolmajak kesele uçyrapdyr diýär. onsaň öýündäkiler çykalga tapman prosendyna pul alyp bu ýaşulyny bejertjek bolupdyrlar, ýaşuly kän aýdypdyr diýipdir etmäň, takdyrdakyny göreris diýip ýöne näme kesel adama ýardam edesleri gelýändirdä, ana şondan ýaňky ýazanym bolupdyr diýär.

Ýene bir ýagdaý ýadyma düşdi. 12-nji klas gyýzjagaz özüni he


Premium
rexha  (23.02.2026 / 06:00) 

Fantom, догры

 Täzeje
 Мечтать [off]
  Now or never.
 23.02.2026 / 09:37

+0

:) ýetirip dur

 Täzeje
 MG8 [off]
 28.06.2026 / 19:38

+0

Awtory kimka gowy gosgy

Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

2026. Pagtaçy gyz pagta şu geýim bilen çykar


herkim näme ekesi gelse eksin ana şondan gowysy ýok...dowamy...

Bagyt.


Bagyt my ýa, bagt?...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Bagyt.
Mizan (30.07.2026 / 10:39)

Men seni küýsedim aýazly gyşda, Ýaz bilen deñ güllemegñi isledim.


Küýsäpbörmän öýlemmeldä how...dowamy...

Bagyt.


Awtory Aşyr Hanow....dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Bagyt.
Belki (28.07.2026 / 16:55)

2026. Pagtaçy gyz pagta şu geýim bilen çykar


Biziň ýurdumyzda pagta öndürilýar , ýöne pagtany Hytaýdan import edýänimizi bilýärdiňizmi ? Sebäbi Hytaýdan import edenimiz arzan düşýar. Ýene...dowamy...

Hudaýsyzlar 9-njy bölüm


yzyny yazarsynda...dowamy...
Erkin mowzuklar | Hudaýsyzlar 9-njy bölüm
SerdarG (26.07.2026 / 13:40)

Men seni küýsedim aýazly gyşda, Ýaz bilen deñ güllemegñi isledim.


Erbedem bolmapdyr. Nace yasynda sen?...dowamy...

2026. Pagtaçy gyz pagta şu geýim bilen çykar


Örän owadan boldy bu işimiz. Ýöne togtamaly däl. Pagtadan girdeýji almaly. Bu barada gowy temalar açyp barýaryn. Siz hem goşylsaňyz gowy netije g...dowamy...

2026. Pagtaçy gyz pagta şu geýim bilen çykar


Şu ešigi dikýänçi bir kiçiräk seh açaýsammykam...dowamy...

2026. Pagtaçy gyz pagta şu geýim bilen çykar


Bu surat ýygymçylaryň şo eşikde ýygyp ýörüşi☺️

...dowamy...
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2025

By We-Pro -->