“❤️ Saýt ýene-de öz işine başlady ❤️”

Içeri gir Agza bol
M.Yurekdesh.Ru/ çatsöýerler üçin - biz bärde:)
Ýürekdeş sözler!
Sebap : *Ýüregi agyrýan sabr etsin, ýüregi agyrdan ýüreginiň ýanjak gününe garaşsyn*

Forum | GÜRRÜŇDEŞLIK | Erkin mowzuklar

Köçämizden geçmediň
 Özümiziňki
 Mishel [off]
 23.02.2026 / 10:29

Saňa nämm boldy, nämm boldy
Köçämizden geçmediň
Tyrkyldap ýöremediň
Uzyn boýlaryň bilen
Köçäni bezemediň

Saňa nämm boldy, nämm boldy
Sen köçeden geçmediň
Apbakja elleriňi
Maňa galdyrmadyň
Salam diýip geçmediň

Saňa nämm boldy nämm boldy
Köçämizden geçmediň
Men garaşyp durdym
Seni görmekçi boldum
Arzuw etmekçi boldum

Saňa nämm boldy nämm boldy
Häli-şindi geçeňak
Köçämizi bezäňok
Men pahyry oýlaňok
Garaşýandyr diýeňak

A gyz indi geçegaý
Men pahyry oýlagaý
Diňe seretsem bolýar
Seni göresmi gelýär
Aruw edesim gelýär

Başga gyzlar sençe ýok
Ýüz gyz geçse serim ýok
Diňe seni oýlaýan
Indi bäri geçegaý
Men pahyry oýlagaý

Näme etjegimi bilemak
Gözlemäne hakym ýok
Adam eşitse nämm diýer
Utançsyz namart diýer
Aňy gaçypdyr diýer

Iň gowysy geçägaý
Köçämizi bezegaý
Kirli-palçyk ýolymyz
Apbak ýüzli gyzymyz
Indi ýoldan geçegaý

Men pahyry oýlagaý
Garaşýandyr diýegaý
Ýada saňa nämm boldy
Saňa gelen belalar
Meni gelip alagaý

Saňa hiç zat bolmasyn
Güler ýüzüň solmasyn
Köçämizi bezagaý
Ertir ýolda duraýyn
Seni arzuw edeýin

A gyz indi gelegäý
Men pahyry oýlagaý
Ýogsa indi belli däl
Hyýal diýýär oýlagaý
Başga gyzy peýlegaý

Başga gyzlar sençe ýok
Ýüz gyz geçse serim ýok
Diňe seni oýlaýan
Nämm boldy saňa diýýän
Köçeden geçenak diýýän

Insi bäri geçegaý
Men pahyry oýlagaý
Ýüreksiz daş gyz ekeniň
Garaşýandyr diýeňak
Men pahyry oýlaňok

Özä-ä bir zat etmeli
Seni gözläp gitmeli
Köçäňizden geçmeli
Bir bahana tapyp
Öýüňize barmaly

Indi şu hyýal geldi
Köçäňizden geçmeli
Öýüňize barmaly
Pylan diýp geldim men
Bir bahana tapmaly

Aýlar geçer günler geçer
Köçeden gyzlar geçer
Saňa meňzeş ýene bir gyz
Köçeden tyrkyldap geçer
Seniň ornuňy eýelär


102

20

1

4

0

0

0
Teswirler:
Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

Meniň şansym nola deň


Iňlisçe adyňy aýtmany başarýaňmy özi sen...dowamy...
Erkin mowzuklar | Meniň şansym nola deň
Outlier (Şugün, 08:45)

Meniň şansym nola deň


Men bolsa hiç ýerde tanymal adam däl. Onsoň Men näme edenimde BMG guramasynyň sekretary bolup bilerin. Bu mümkin däl. Diňe amatly pursat men tara...dowamy...
Erkin mowzuklar | Meniň şansym nola deň
masterdollar (Düýn, 09:08)

Meniň şansym nola deň


Görşüňiz ýaly indiki kanditatlar tanymal wezipeli adamlar. Üstesine olaryň hemmesi diýen ýaly öz ýurtlarynda ýokary wezipeleri eýelän kanditatlar...dowamy...
Erkin mowzuklar | Meniň şansym nola deň
masterdollar (Düýn, 09:05)

2026. Pagtaçy gyz pagta şu geýim bilen çykar


herkim näme ekesi gelse eksin ana şondan gowysy ýok...dowamy...

Bagyt.


Bagyt my ýa, bagt?...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Bagyt.
Mizan (30.07.2026 / 10:39)

Men seni küýsedim aýazly gyşda, Ýaz bilen deñ güllemegñi isledim.


Küýsäpbörmän öýlemmeldä how...dowamy...

Bagyt.


Awtory Aşyr Hanow....dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Bagyt.
Belki (28.07.2026 / 16:55)

2026. Pagtaçy gyz pagta şu geýim bilen çykar


Biziň ýurdumyzda pagta öndürilýar , ýöne pagtany Hytaýdan import edýänimizi bilýärdiňizmi ? Sebäbi Hytaýdan import edenimiz arzan düşýar. Ýene...dowamy...

Hudaýsyzlar 9-njy bölüm


yzyny yazarsynda...dowamy...
Erkin mowzuklar | Hudaýsyzlar 9-njy bölüm
SerdarG (26.07.2026 / 13:40)

Men seni küýsedim aýazly gyşda, Ýaz bilen deñ güllemegñi isledim.


Erbedem bolmapdyr. Nace yasynda sen?...dowamy...
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2025

By We-Pro -->