“❤️ Saýt ýene-de öz işine başlady ❤️”

Içeri gir Agza bol
M.Yurekdesh.ru - 👉 Tanyşlyk Chat 👈
💥New chat..🗨 - üstünden basyp çata girip bilersiňiz:)
Ýürekdeş sözler!
Dreamfull : Yaşadıklarımızla ilgili bir hayal kurdum. Adı pişmanlık oldu...#D

Forum | GÜRRÜŇDEŞLIK | Erkin mowzuklar

Nowruzda ýagan ak garlar. 2 nji bölüm.
 Täzeje
 Agza [off]
 Düýn, 17:48

Eýýam aradan hepde geçdi emma şol gapydan entäkde umytly habar ýok. Umytdan düşmedik Serdar bilen Jeren bolsa entäkde gapa seredip dur emma gün geçdigiçe olaryň içinden ýoldaşlarynyň özleri üçin eden agyr hyýanaty bolsa günden güne güýçlenýärdi. Gapynyň öňünde duranlaryna on gün diýende Serdar:
Siz aýrylyşmakçymy?
Aýrylyşyp bilerdim emma Derkaryň garry enesi bar meniň gitmegim oňa agyr täsir edermikä diýýän. A siz?
Hany bir aýaga galsyn soňra gelnim bilen düşünşip görmeli ýöne Aýrylyşmak kellämden çykanok.
Agşam ara Serdar naharhanadan eli iki üç dürli naharly hemde iki ýarymlyk alyp geldi
Bu edýäniňiz näme
Biraz ünsümi başga ýana sowmasam boljak däl eger sizem ýadowlygy çykararyn diýseňiz diýip ýarymly torbajygy ýokary galdyrdy. Jeren ýüzüni sowdy. Serdar birinji çüýşesini ýarym etmänkä Jeren gapyny kakdy
Myhman alýaňyzmy?
Geliň geçiň.
Jeren geçip otyrdy Serdar çaý içilýän käsäni ýarym edip özüne we Jerene guýup uzatdy. Jeren
Noş bolsun emma men içmäýin ýöne ýekelik dört diwaryň içinde gysyp gowrup barýar.
Ondan soň serdar hem içmesini goýdy olar nahar başynda mesaýy gürrüň edip esli otyrdylar. Ondada olaryň keýpleri ýokdy. Jereniň ýagdaýy ýene gowulaşmady birhili ýüzi gyzaryp iki ýana yranyp başlady.
Gowusy men geçip biraz gyşaraýyn ýadadym şekilli. Diýip öz jaýyna geçmek üçin
ýerinden turanam şoldy welin özüne erk edip bilmän aşak otyrdy. Serdar baryp onuň goltugyna girip ýokary galdyrdy biraz arassa howada gezim etseňiz gowy geler diýip ony daş alyp çykypdy. Elbetde gyşyň sowuk howasy oňa gowy geldi biraz özüne gelen ýaly boldy. Şeýdip bular biraz daşda gezim etmek üçin ýola çykdylar gar bolsa entägem ýuwaşja sepeleýärdi. Serdar bolsa entägem onuň goltugyndan goltgy berip gelýärdi. Jereniň içinden oňa bolan duýgy oýanyp başlapdy bu duýgy mundan biriki gün öň dörände bolsa beýle ýakynlaşma ony hasda güýjedipdi. Bu pikirler bolsa ony ýerden alyp ýere dykýardy sebäbi ol maşgalaly özü hem maşgalaly. Birden ol ,,bolmajak zat” diýip sesli gygyrdy. Serdar bu sese tisginip gitdi. Siz hakykatdan hem gowy ýadapsyňyz siz ünsüňizi başga tarapa sowmaly diýdi-de ony goýberip biraz ylgap arany geçdide ýerden gar alyp tokgalap Jereni gar okuna tutup başlady. Jerende sessiz durmady hut çagalar ýaly hezil edip garlaşyp oýnadylar. Olar şeýle bir oýuna berilipdiler welin heý goýaý. Esli salym oýnanlaryndan soň olar gülşip üst başlaryny gardan arassalamaga durdylar. Serdar Jereniň başyna düşen garlary arassalap durka şeýle bir golaý geldiler welin ol öz duýgularyna erk edip bilmän ýuwaşja onuň ýaňagyndan öpdi, bu duýdansyz ýagdaýa Jerende näme diýjegini bilmedi garşylykly jogapda bermedi onuň hereketlerine garşylykda görkezmedi. Garşylyk bolmandan soň ýaňakdan sowukdanmy ýa ýakynlaşmadan titräp duran dodaklara düşüp posa alyp başlady. Şeýdip birnäçe sekuntdan Jerende gyzlyk ejaby ony özüne getirip Serdary iterdi.
Bagyşlaň diýip Serdar müýnli baş egdi
Elbetde munuň dowamyny Jerende isleýärdi emma bu dogry däldi ýagny ýoldaşy ölüm bilen bäsleşýärkä keýpi sapada ýörmek bu bir aýylgançlykdy. Olar bolýan howlularyna gelýänçäler sessiz başlaryny egip geldiler. Howla gelip hersi öz jaýyna girmekçi bolanlarynda Serdar
Biz näme üçindir irräk tanyşmandyrys diýip ahmyrly gürledi.
Sebäbi nowruzda gar ýaganokda belki şonuň üçinde ykbal bizi duşuran däldir
Eger nowruzda gar ýagsa siz maňa bolýa diýerdiňizmi? Bu sorag jogapsyz galdy
Bu gije olaryň ikisine hem uky gelmedi. Serdar oýlanyp diwaryň bir burçyna garap geçiren bolsa, Jeren özünde nätanyş bir adama dörän duýgylary üçin özüni kötekläp uzak gijäni aglap geçiripdi. Ertesi bular irden turmadylar hassahanada gitmediler. Şeýlelikde gün günortadan agandan soň Serdaryň telefonyna wraçdan jan geldi onuň gelni Maýa özüne gelipdir, ony janlandyryş bölüminden hirurgiýa bölümine geçiripdirler, üstesine wraç oňa eger isleseňiz paýtagta gowy hassahanalara alyp gitmäge hem rugsat berýändigini aýtdy. Öýle töweregi Serdar gelniniň ýanyna gitmek üçin daş çykdy şol wagt Jerende ony peýläp duran ýaly daş çykdy
Meniňä gowy habarym bar gelnim özüne gelipdir, indi paýtagta alyp gitmäge rugsat berdiler.
Gutlaýan emgek bolup geçsin, hany biziňki hem şeýdip aýaklanyp gidiberse bolmaýamy?
Gowy bolar, men hassahana a sizem gitmekçimi?
Mende birazdan geçerin siz gidiberiň.
Jeren hassahana girenden onuň aýaklary janlandyryş bölümine heý çekmedi. Ol pessaýja ýöräp hassahananyň äpişgelerinden görünýän hassalara garap ýöredi. Ol barmada Serdaryň gelnine çemçe bilen bir zat berýänligine gözi düşdi. Niredendir bir ýerden peýda bolan ejizlik ony basdy birden agysy tutup elini agzyna tutdy-da şol ýerden yzyna öwrülip hassahanadan aglap çykyp gaýtdy. Ol gelipde esli wagtlap aglady.
Gijäniň bir wagtynda Serdar howla girip geldi. Onuň demir derwezäni açyp ýapan wagtyndaky zenzele sese Jeren daş çykdy.
Gowylykmy gaty gije çenli hassahanada galdyňyz?
Howwa gowulyk erte biz paýtagta gitýäs şol sebäpli ol-bul taýýarlamaly zatlarymyzy taýýarladyk. bu gepden soň olaryň ikisinden hem ses çykmady olaryň hersi öz jaýlaryna girip gitdiler.
Şeýdip ol günüň ertesi Serdar gelnini alyp paýtagta gaýtdy. Jereniňde ýeke özi howluda galdy. Ol Serdara gaty öwrenşipdi oňa nädip göwün berenini bolsa özüde bilenokdy.........
Dowamy bar
Awtory agza nik


18

7

1

3

0

0

1
Teswirler:
 Özümiziňki
 erkin1997 [off]
  Durmaklyk hem yza gaýtmakdyr şonuñ üçin hereketde dowam!!!
 Düýn, 22:13

+0

Gaty gowy

Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

Hyýaly söýgi


Gaty gowy...dowamy...
Erkin mowzuklar | Hyýaly söýgi
erkin1997 (Düýn, 22:14)

Nowruzda ýagan ak garlar. 2 nji bölüm.


Gaty gowy...dowamy...

Excel programmasy barada giňişleýin maglumat


Meň pacti 80% ishim shu prog arkaly bitya...dowamy...

Hyýaly söýgi


Gowy...dowamy...
Erkin mowzuklar | Hyýaly söýgi
Huzur (Düýn, 18:28)

Köçämizden geçmediň


Gyz ölendir,bolmasa nämçün geçmesin...dowamy...

Ondan-Bundan.


Tüweleme. Bu mowzuga 72 ýaşly daýzañ durmuşa çykanyny goşaýmak galypdyr.)) Teswire gaharlanaýmañ, mowzugyñ ady "ondan,bundan" bolansoñ diydim.(D...dowamy...
Dünýä täzelikleri | Ondan-Bundan.
Mawy (Düýn, 11:37)

Microsoft Word programmasy barada


Eksel çylsyrymlyrak yone worda gorä funksiyalary kop,...dowamy...

Şu gün barada.


Maňa sowgat almajak bolup, aslyn bu oglanlan bayramçylygam däl diýen manyda dan dan 06 06 da mowzugam açypdyra bu ;)...dowamy...
Erkin mowzuklar | Şu gün barada.
Ahmal (Düýn, 10:09)

Ondan-Bundan.


[b]Alymlaryň ylmy barlag üçin ugradan dromy (uçarmansyz uçýan apparaty) radarlardan ýitip, 24 sagatdan soň edil uçan ýerine "yzyna" geldi. Geň ta...dowamy...
Dünýä täzelikleri | Ondan-Bundan.
Ahmal (Düýn, 10:03)

Goşgy.


:) ýetirip dur...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Goşgy.
Мечтать (Düýn, 09:37)
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2025

By We-Pro -->