“❤️ Saýt ýene-de öz işine başlady ❤️”

Içeri gir Agza bol
M.Yurekdesh.Ru/ çatsöýerler üçin - biz bärde:)
Ýürekdeş sözler!
Росия : Men ulumsy däl prosta özume gerekmejek adamlara yuz beremok

Forum | UMUMY BÖLÜM | Şygyryýet dünýäsi

Mekdep ýatlamasy.
Premium
 афганка [off]
 24.02.2026 / 06:24
 Всё, что хочешь от жизни бери и беги

Ýada düşýär:buz örtülen ýollardan. Eýläk-beýläk mekdep diýip gatnanym.
Öz erkime ýantorbamy süýrärdim
Okamaklyk bolmasa-da matlabym

Synplaň içi gülki bilen dolardy
Bir hyýally oglan-gyzlar üýşende
Şol gyzlarda telim göwnüm galandyr
Günde birin alyp gaçyp düýşümde

Günsaýyn däl,sagatsaýyn ösýärdik
Göz öňümde ýigit çykdy barysy
Birmahalky gar oýnaşyp ýörenleň
Pikirlerniň giňäp gitdi örüsi

Biz bilen deň okuw okan gyzlaram
Gözlerin gyrpyşyp saçlaryn ördi
Şeýdip,onsoň bizi mugallym däl-de
Şol galam-gaş gyzlar okatdy ýördi

Matlapdan,kitapdan açyldy ara
Mekdebede şolar üçin gatnalyp
Soňra bir gün şo-ol gutardyş geldi-de
Töweregmiz dolap aldy batgalyk

Öz ýoluna tutup gitdi barysy
Öz ugruna çapyp gitdi atlaryn
Görmek üçin şol mähirli ýüzleri
Soň-soňlaram mekdebe kän gatnadym

Ümür bolup gözden ýitip gidensoň
Menem görmek arzuwlamdan el çekdim
Birmahalky göwnüm gozgan gözeller
Wah,men size goşgy okap berjekdim...


Awtory - Ashyr Hanov


111

18

2

6

0

0

1
Teswirler:
 Täzeje
 Bagul [off]
 24.02.2026 / 06:44

+0

Mekdep dowrim gyzyklydy

 Özümiziňki
 Minigim [off]
  Lekum dinikum ve liye din
 26.02.2026 / 06:40

+0

Hacan gorersin klasdaslany belli dal

Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

2026. Pagtaçy gyz pagta şu geýim bilen çykar


herkim näme ekesi gelse eksin ana şondan gowysy ýok...dowamy...

Bagyt.


Bagyt my ýa, bagt?...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Bagyt.
Mizan (30.07.2026 / 10:39)

Men seni küýsedim aýazly gyşda, Ýaz bilen deñ güllemegñi isledim.


Küýsäpbörmän öýlemmeldä how...dowamy...

Bagyt.


Awtory Aşyr Hanow....dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Bagyt.
Belki (28.07.2026 / 16:55)

2026. Pagtaçy gyz pagta şu geýim bilen çykar


Biziň ýurdumyzda pagta öndürilýar , ýöne pagtany Hytaýdan import edýänimizi bilýärdiňizmi ? Sebäbi Hytaýdan import edenimiz arzan düşýar. Ýene...dowamy...

Hudaýsyzlar 9-njy bölüm


yzyny yazarsynda...dowamy...
Erkin mowzuklar | Hudaýsyzlar 9-njy bölüm
SerdarG (26.07.2026 / 13:40)

Men seni küýsedim aýazly gyşda, Ýaz bilen deñ güllemegñi isledim.


Erbedem bolmapdyr. Nace yasynda sen?...dowamy...

2026. Pagtaçy gyz pagta şu geýim bilen çykar


Örän owadan boldy bu işimiz. Ýöne togtamaly däl. Pagtadan girdeýji almaly. Bu barada gowy temalar açyp barýaryn. Siz hem goşylsaňyz gowy netije g...dowamy...

2026. Pagtaçy gyz pagta şu geýim bilen çykar


Şu ešigi dikýänçi bir kiçiräk seh açaýsammykam...dowamy...

2026. Pagtaçy gyz pagta şu geýim bilen çykar


Bu surat ýygymçylaryň şo eşikde ýygyp ýörüşi☺️

...dowamy...
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2025

By We-Pro -->