Mishel [off]
Şugün, 08:57
Fantom agza öňräk “garamaýak” diýip kime aýdylýar diýen soragy beripdi. Bu soraga şol wagt jogap bermek maňa ýokmady emma Mawy agzanyň kommunizm näme, kapitalizm näme diýen soragyna jogap berenimden soň Fantom agzanyň hem soragyna jogap bermeli diýen pikir kelläme geldi.
Iki soraga hem sada türkmen dilinde jogap bermek kyn.
Näme üçin “ garamaýak” sözi Fantom agzany gyzyklandyrdy men bilemak.
Adaty durmuşda bu söz halkymyz arasynda ulanylmaýar. Bu sözüň manysyny yzarlaýan garyp-gasar sözi, hyzmatkar sözi halk arasynda bar. Garyp-gasar sözi gadymy söz. Bu söz häzirki zamanda öz manysyny ýitirdi. Häirki döwürde garyp-gasar ýok. Garyp-gasar sözüniň ornyna “puly ýok” diýen söz dogry gelýär. Pulsuz bolmak bolsa garyp-gasarlyga hem-de garamaýak sözüne girmeýär.
Irte döwürde nesil yzarlýan garyplyk bolan eken. Ýagny ata-enesi garyp bolanyň perzentleri hem garyp bolan. Biziň döwrümizde nesil yzarlaýan garyplyk ýok.
Ruslarda nesil yzarlaýan garyplyk patyşa tarapyndan karar edilen. Ruslarda nesil yzarlaýan garyplyga krepostnoý prawo (крепостное право) diýilýär. Bu karara görä baýyň gapysynda hyzmatkar bolanyň perzentleri hem şol baýyň gapysynda hyzmatkär bolmaly eken.
Türkmenlerde krepostnoý prawo sistemasy bolmadyk hasaplanýar. Türkmenlerde gulçylyk hem bolmandyr ýagny türkmenler özli-özüni gul edip satmandyr. Ýöne baýlaryň gapysynda hyzmat edýän gatlak bolan. Emma gapyda hyzmat edýänleriň hem türkmenlerde hak-hukugy bolan. Ýedi ýyl işlän gapy hyzmatkärini baý ony öýlendirip öý edip bermeli bolan.
Ýöne pulsyzlar bar. Pulsyzlyk bolsa garyplyga girmeýär. Eliňe düşen puly ýygnamanyň ornuna arak iseň, keýpi-sapaly otyrşmalary gurnasaň elbetde pulsyz bolýaň.
Baýlar hem baýanda ilkibada iýmän-içmän ýygnaýarlar. Onsoň baýap gidýärler.
Garamaýak we akmýak sözüni men eşitdim. Bir üýüşmeleňde bir molla şeýle diýdi.
Bu molla bir işanyň gapysynda hyzmatkär bolup gezip ondan ak pata aldy molla bolmaklyk üçin. Bu molla şol işandan eşiden bolmaly meniň size aýytjak bolýan bu sözümi.
Ol şeýle diýdi.
Allatagalanyň söýen adamy akmaýak bolýar. Allatagalanyň söýmedik adamy garamaýak bolýar. Garamaýagyň namazy, sadakasy, sejdesi Allataga tarapyndan kabul edilmeýär diýdi. Diýmek, bu sözen gelip çykyşyna görä işanlar özüni akmaýak hasaplaýarlar. Işan bolmadyklara garamaýak diýýän bolmagy mümkin olaryň. Mysal üçin, şu hili sözleri eşidipdim. Garamaýak işanyň gyzyna öýlenmeli däl diýilen gepleri eşidipdim.
Ýöne men özüm bu mollanyň aýydan bu hili sözüni goldamaýan.
Bu bir ýönekeý söz. Ýagny işanlar we mollalar özüniň namaz okaýanyny ile görese edesleri gelýär. Namaz okan her bir adam şeýle. Namaz okan adam özüne Alltagaladan hemaýat, mertebe alan ýaly bolýarda özüni namaz okamaýanlardan ýokarda goýýar.
Bu ýalňyş oýlanma. Bu barada bir garry adam şeýle gürrüň beripdi.
Bir garyp adam güni bilen gara zahmet çekmeli bolany üçin namaz okamana eli degmändir. Namazy hem bilmändir. Emma işläp ýören wagtynda hemişe Allatagalynyň adyny gaýtalap ondan hemaýat soraýan eken.
Eý, Alla meniň günälerimi geç! Eý Allajan maňa kömek et! Bu sözleri dynman aýdyp ugranda Allatagaladan oňa şöhle hökmünde alamat peýda bolýan eken.
Muny gören bir baý adam hem özüniň üstünden Allatagalnyň şöhle indermegini isläpdir. Ol hem bu garybyň Allatagala ýüzlenmesini gaýtalap ugrapdyr. Emma onuň üstünden şöhle dälde daş ýagypdyr.
Baýyň namaz okamana eli degýänligi üçin şeýle bolan.
Kimde-kim säňäp onda-oňa entäp ýörenden namaz okasy elbetde gowy.
Biz türkmenler bir zady düşündirmeli bolanymyzda esasy bir zady ýatdan çykarýarys. On dokuzynjy asyryň ikinji ýarymynda Türkmenistanyň territoriasyna ruslar gelip girdi. Ruslar slawýan milleti hasaplaýar özüni. Dini bolsa hristian dininiň prawoslawiýe şahasy.
Ruslar elbetde bize köptaraplaýyn täsir etdi. Ruslar dünýägaraýşymyzy, medeniýetimizi, däp-dessurlarynmyzy üýtgetdi. Ruslar bize baýlygy we baýlary ýigrenmäni öwretdi.
Ruslarda hem garamaýak sözüniň manysyny yzarlaýan çern (чернь) sözi bar.
Öte garyp, nadan adamlar toplumyna ruslar çern ýagny garamaýak diýen söze meňzeş sözi ulanýarlar.
Ruslaryň biz türkmenlere eden köp täsirini nazarda tutyp ruslaryň çern söziniň manysyny türkmençä terjime etseň garamaýak sözi gelip çykýar.
Garamaýak diýip hak-hukuga eýe bolmadyk adama aýdylýar diýseň dogry bolmagy mümkin.
Iň gowysy bu sözi ulanmaň. Sebäbi adamy kemsitmek iň soňunda özüňe gaýdyp gelýär.
Bir şahyrda şeýle setirler bar.
-Eý, patyşa garyby garyp diýip kemsitme
Garyby garyp diýip ony öldürme.
Äri öldürilen aýal ukyda bolmaz
Her gije ýarym bolanda ukydan turar
Şem ýakyp ölen ärini gözlar
Ärini tapman gözýaşyn döker
Onuň nalyşy gargyşa döner
Gargyş bolup seniň depäňden iner
Onuň çagalary yzzanda bolar
Elin serip köçede gedaýa döner
Bu setirleriň manysyna seretseň adamlaryň garyp-gasar bolmagyna patyşalar günäkär. Patyşalar her hili sözler bilen halky kemsidip biler. Gerek bolsa garamaýak diýip at goýar.
20 |
14 |
4 |
2 |
0 |
0 |
0 |
Mishel [off]
Şugün, 09:00
+0
Adamlar meniň käbir mowzuklarym moderatorlar tarapyndan öçürilip dur.Düýn giçlik Bagana agzanyň soragyna jogap ýazypdym. Häzir seretsem bu mowzuk ýok.Bu mowzuk hem ýogalsa menden görmäň.
афганка (Şugün, 09:02) Mishel, name uchin pozyalar
Orazjan [off]Obaly maýmynjyk
Şugün, 09:06
+0
Hindiler kenar mähellede ýaşaýanlara diýýä. Hizmetçi parçasi, ş,m
Fantom [off]
Hiç zat etmän ýatmak kyn, ýöne men kynçylykdan gaçamok...
Şugün, 09:17
+1
kän zat ýazjakdym, ýöne aýrlansoň saklandym. häzirlikçe şuny okaň. gowy temalar açýaňyz.
Salam! size jogap taýynlap otyrkam mowzugyň pozulanyny gördim. ýöne şondada okaýjylar eýýäm siziň o mowzugyňyzy okandyrlar men hem ine şeýleräk jogap ýazyp ine şörde göýýaryn.
häzirki dögür bizde internet bar. siziň yhlas edip öz pikiriňizi ýazmagyňyz bu gowy zat. ýöne menem siziň ýazanlaryňyz bilen wagtynda kään gyzyklanypdym, onsaň ine şeýleräk jogaplasak boljak.
okamazdan öň herkimiň öz hakyýkaty bar ony birine zorlyk bilen düşindirjek bolmaklygyň gowydäldigini hemmämiz bilýäs. şoň üçinem men buňa öz garaýşym diýjekdäl. size diňe internetdan tapan zatlarym bilen paýlaşýan. ýene bir gezek dogry düşiniň men buny aklamak ýa garalamak üçin dälde diňe maglumat üçin goýýaryn. siz näme pikirde bolsaňyzam bir taraplaýyn garaýyş bu dogry dälmikä diýip pikir etýärin. ýaňky ýazanym ýaly herkimiň öz hakyýkaty bar. taryhy ýeňenlerem ýazýa diýilýär, ýöne internet bize gowy kömek. men şondan tapan zatlarymy siziň bilen paýlaşýan.
Siziň ýazanyňyz: Kommunizm sözi özara ylalalaşyp ýaşamak, deň işlemek, deň gazanmak, deň paýlaşmak manyny berýär.
Jogap: Bu düşünje ynsanýetiň iň gadymy arzuwlarynyň biridir. Emma SSSR-iň taryhy tejribesi görkezýär: deňlik diňe kagyz ýüzünde galdy. Amalyýetde bolsa, döwlet emeldarlary we partiýa elitasy üçin aýratyn şertler dördildi. Hakyky deňlik we dostlukly paýlaşyk bolmady. Bu ideýa adamyň nebsini we şahsy bähbidini göz öňünde tutmandygyny üçin ýykyldy.
Siziň ýazanyňyz: Garyplar bolmaýar, öýsüzler bolmaýar. Keselleseň ýada inwalid bolsaň köpçülik seni ýeke goýmaýar. Ýurtda bar bolan gowy zatlardan edinmäne hakyň bar, işlemäne hakyň bar. Hakyky kommunizmde zatlar mugt bolýar. Transport mugt, medisina mugt. Okuw mugt. Ogry jümrülik ýok. Adamlaryň medeniýeti, aň derejesi ösen bolýar. Ykdysadyýet ösen bolýar.
Jogap: Mugt bilim we medisina SSSR-iň hakyky ýetişigi boldy. Adamlaryň ertirki güne ynamy bardy. Emma bu mugtçulygyň bahasy gaty agyrdy. Medisina mugtdy, ýöne hyzmat pesdi. Okuw mugtdy, ýöne diňe partiýanyň diýenini okatdylar. Arassa we dogryçyl adamlar däl-de, ulgama ýaranýanlar öňe çykdy. Ogrylyk bolsa döwlet derejesinde gizlin korrupsiýa öwrüldi.
Siziň ýazanyňyz: Ýöne bu jemgyýetde düşnüksiz zat köp. Sebäbi kommunizm häli hiç ýerde gurylmadyk jemgyýet. Ilkinji bolup kommunisik döwleti gurmana fransuzlar çytalaşdy. Olaryň kommunizme meňzeş döwleti 70 gün çemesi ýaşap, soňra ýykyldy.
Jogap: Pariž Kommunasynyň şowsuzlygy görkezdi: diňe gýzganç we gorky bilen döwlet gurup bolmaýar. Olar 70 günüň içinde diňe ýykyşyk we gan döküşik etdiler. SSSR bolsa 70 ýyllap ýaşap, adamyň aňyny üýtgetmäge synanyşdy, ýöne adamyň açgözlügini we erkinlik islegini ýeňip bilmedi.
Siziň ýazanyňyz: lkinji bolup kommunizm jemgýetini ruslar gurmakçy boldular. Olaryň guran kommunizm jemgyýeti 1917 nji ýyldan 1993 nji aralygynda ýaşap ol hem ýykyldy. Ruslaryň guran bu kommunizm jemgyýetinde türkmenler hem ýaşady. Bu döwletiň Türkmenistan Sowet Sosialistik Respublikasy diýen ady bardy.
Jogap: Bu döwürde türkmen halky gaty uly pidalary berdi. Gaýgysyz Atabaýew ýaly türkmen milli gahrymanlary we döwlet işgärleri milletiň bähbidini gorandygy üçin 1937 nji ýylda atyldylar. Jüneýit han we Eziz han ýaly gerçekler basmaçy diýlip töhmet atyldy, aslynda olar milli we dini azatlygymyz ugrunda söweşdiler. Eziz hany halkyň altyn ýygnap halas etjek bolmagy, şol wagtyň syýasatynyň däl-de, halkyň öz hakykatynyň subutnamasydyr.
Siziň ýazanyňyz: Nädip adamlaryň aňyny kommunizmde ýaşar ýaly derejä eltmeli? Sebäbi adamlar medeniýetsiz, ýalta, aldawçy, ogry! Olary nedip terbiýelemeli? SSSR ine şuny edip bilmedi. Ykdysadyýet ösdi emma adamlaryň açgözlügini ýok edip bilmedi. Adamlar altyn kümüş ýygnasy geldi, gymmatbaha şaý sepler dakynasy geli. Gymmat geýimleri geýinesi geldi. Baý ýaşamak isleýän adamyň sany SSSR döwründe birbada köpelip gitdi.
Jogap: SSSR adamy terbiýelemek üçin gorkyny ulandy. Akylly we hakykaty aýdýan adamlary dälihanalara (psihuşkalara) ýapdylar. Annasoltan Kekilowa munuň iň elhenç mysalydyr. Ol 12 ýyllap agyr dermanlar bilen şol ýerde gynamalara sezewar edildi. Adamlaryň açgözlügi bolsa ulgamyň özüniň deňsizliginden we defisit harytlardan doredi.
Siziň ýazanyňyz: SSSR halkynyň islegi daşary ýurtlarda bardy. Mysal üçin Amerikada millirderler, millionerler ýaşaýardy. Daşary ýurda baryp gelenler ol ýurtlardan gymmat djinsy jalbarlar, gymmat magnitafon, wideomagnitafon getirýärdiler. Gymmat zatlary edinmek isleigi ösüp gitdi. Bu isleg özara deň ýaşamak isleginden üstün çykdy. Halk iki bölündi. Häzirki döwürde bu iki bölünmäniň birine elita diýlýär.
Jogap: Elita döredilmegi SSSR-iň iň uly ýalanydyr. Ýokary wezipeli adamlar Okean işinde bolşy ýaly, halkdan ogurlap baýadylar. 1941 nji ýylyň urşunda halk ajyndan ölende, elita şikarny ýaşaýardy. Bu bolsa deňlik ideýasynyň içinden çüýremegine getirdi.
Siziň ýazanyňyz: Haçanda SSSR kommunizm gumakçy bolanda oňa daşary ýurtlar päsgel berýan ýaly göründi. Ruslar kapitalistik sistemany uruş arkaly ýok etmek pikirine gelip ýaraglanyp başlady. SSSR gymmat ýadro ýaraglary ýasady. Ykdysadyýetiň halkyň hal ýagdaýyny gowylandyrmak üçin niýetlenen pullary we serişdeleri ýaraglara sarplandy. Halk bolsa ýatdan gykdy. Ýurtda açlyk boldy. Ýurt ykdysady taýdan çökdi. Halkyň nägileligi artdy. Halk indi kommunizm gurmakdan ýüz dönderdi.
Jogap: Bu nokat gaty möhüm. SSSR halkynyň ryskyny ýadro raketalaryna we Owganystandaky peýdasyz urşa harçlady. Ýurduň iň zehinli ýigitleri we pullary şol söweşlerde ýitdi. Netijede halk aç galdy, dükanlarda iň zerur zatlar tapylmady. Adamlaryň ynamy döwüldi.
Siziň ýazanyňyz: Käpitalizm bolsa diňe öz aladaňy etmeli diýen syýasaty alyp barýar. Puly we baýlygy hemme zatdan ýagny adamlaryň özara ysnyşygyndan, deň ýaşamak isleginden, dost dogan bolmak arsuwyndan ýokarda goýýar. Ýöne kapitalizm sistemasy kommunizm sistemesyndan iň gerekli zady aldylar. Ýöne bu hem aslynda aldaw. Mysal üçin Amerikada işsizler üçin posobiýe bar. Edil şu wagt Ilon Maskda 700 milliard dollar bar diýilýär. Ol ýylda haýyr sogap üçin birnäçe ýüz million dollary halka paýlaýar.
Jogap: Kapitalizm dogrudan hem SSSR-iň gowy taraplaryny (sosial goraglylygy) özüne alyp kämilleşdi. Emma seniň aý
Fantom [off]
Hiç zat etmän ýatmak kyn, ýöne men kynçylykdan gaçamok...
Şugün, 10:17
+1
Salam. Ilki bilen saňa köp sagbolsun aýtýan. bu pozulsada sistema barar diýip umyt edýän. )
Men o soragy pikir alyşmak üçin berdim. inede seň ýazanlaryňa gyýskajyk jogap.
Aslynda garamaýak sözi baradaky gürrüňi iň düýpden, ýagny diliň we taryhyň kökünden başlamaly. Bu örän uly taryhy wakadyr. Gel, muňa bir mysal bilen seredeli. Gadymy oguz hanlarynyň döwründe, hatda ruslar taryh sahnasyna çykmazdan öň hem, türkmenlerde we beýleki türki halklarda sotsial gurluş iki sütünli bolupdyr. Olar ak süňk we gara süňk diýlip atlandyrylypdyr. Gara bu ýerde hapa ýa-da pes däl, ol uly, äpet, esasy sütün diýmekdir. Mysal üçin, biz häzir hem uly çöle Gara gum diýýäris. Bu onuň reňki gara bolany üçin däl, onuň äpetligi we sarsmazlygy üçindir. )) :D Garamaýak diýmek, döwletiň arkasyndaky hakyky güýç, salgyt töleýän, urşa gidýän we topragy ekerançylyk bilen janlandyrýan erkin halk köpçüligidir. Ruslaryň çern sözi bolsa, hakykatdan hem kemsidiji we nadan manysynda ulanylýar. Şonuň üçin, biziň öz aslymyzy ruslara baglamagymyz, öz taryhy beýikligimize dökülen palçykdyr. )
Tekstde häzirki döwürde nesil yzarlaýan garyplyk ýok diýilýär. Bu gaty şübheli we bir taraply pikir. Durmuşy mysal alalyň: bir çaga Marynyň iň gowy mekdebinde, repetitorlar bilen we internetiň iň güýçli wagtynda okaýar. Beýleki bir çaga bolsa çetki obada, mekdebinde mugallym ýetişmeýän, hatda kitaplary hem könelen ýerde okaýar. Birinjiniň we ikinjiniň durmuşda gazanjak üstünligi deň bolup bilermi? Elbetde, ýok. Kapitalizm diýen zadyň iň uly kemçiligi hem şundadyr: baýlyk mümkinçiligi döredýär, garyplyk bolsa şol mümkinçilikleri çäklendirýär. Diýmek, nesil yzarlaýan garyplyk diňe patyşanyň permany bilen däl, eýsem ykdysady deňsizlik arkaly häzir hem dowam edýär. Şol sebäpli, kim köp işlese, şol baýaýar diýen garaýyş diňe hekaýatlarda gowy görünýär, durmuşyň hakykaty bolsa has çylşyrymly.
Tekstde türkmenlerde gulçulyk bolmady diýilýän ýeri hem gaty öte geçilen pikir. Hawa, biz merdana halk, özümizi gul etdirmändiris, ýöne taryhyň dürli döwürlerinde ýesir alnanlaryň gul hökmünde ulanylandygy barada örän köp resminamalar bar. Munuň iň gowy mysaly, 19-njy asyryň başynda Hywa we Buhara hanlyklaryndaky gul bazarlarydyr. Türkmen atlylarynyň Eýrandan ýa-da töwerekden getiren ýesirleriniň bir bölegi hyzmatkär, bir bölegi bolsa gul hökmünde ulanylypdyr. Hatda türkmençede gul we gyrnak diýen sözleriň bolmagynyň özi hem bu gatlagyň taryhda bolandygyny görkezýär. Taryhy diňe ideal görkezjek bolmak, geljekki nesilleri hakykatdan mahrum etmekdir.
baýlar iýmän-içmän ýygnap baýadylar diýmegiň, adamyň zähmetine hormat goýmak üçin aýdylan bolsa-da, ykdysady taýdan ýeterlik däl. Mysal üçin, sen ömür boýy çörek iýmän puly ýygna, ýöne şol puluň bilen hiç hili iş açmasaň ýa-da ony aýlamasaň, sen hiç haçan uly baý bolup bilmersiň. Baýlyk, bu diňe bir tygşytlylyk däl, eýsem töwekgelçilik we strategiýadyr. Şonuň üçin, garyplygy diňe arak içmek ýa-da keýp çekmek bilen baglanyşdyrmak, garyp adamyň iňsesine ýene bir şarpyk urmakdyr. Durmuşda garyp bolup, ýöne gaty köp zähmet çekýän, emma şertleriň pesligi sebäpli baýap bilmeýän müňlerçe adam bar. :(
Seniň aýdan şol mollaň garamaýagyň namazy kabul bolmaz diýmegi, hakykatda iň uly dinden çykmaklygyň biridir. Mysal üçin, Pygamberimiziň sahabalarynyň köpüsi örän garyp adamlar bolupdyr. Olaryň arasynda Billal ýaly öňki gullar hem bar eken. Eger namaz statusa görä kabul edilýän bolsa, onda din adalatly bolmazdy. Bu ýerde mesele şunda bolmagy gaty mümkin: käbir ** gatlaklar özlerini halkdan ýokarda görkezmek üçin şeýle miflary oýlap tapypdyrlar. Işanyň gyzyna öýlenmeli däl diýen ýaly düşünjeler hem hut şu emeli akmaýaklyk we garamaýaklyk bölünişigini saklamak üçin oýlanyp tapylypdyr. Emma hakyky yslamda we türkmençilikde hemme kişi Allahyň öňünde deňdir.
Ruslar gelip biziň dünýägaraýşymyzy üýtgetdiler diýmek dogry, ýöne olary diňe baýy ýigrenmäni öwretdiler diýip aýyplamak birneme ýüzleý bolýar. Ruslar bilen bilelikde täze tehnologiýalar, täze dolandyryş usullary we iň esasy zat, milli özlügiň täzeden kesgitlenmegi geldi. Baýy ýigrenmek diýen zat bolsa, ruslardan öň hem biziň halkyň içinde bardy. Sebäbi haýsy baý adalatsyz bolsa, halk ony elmydama ýigrenipdir. Mysal üçin, Kemine şahyryň goşgularyna seret. Ol ýerde hiç hili rus ýok, ýöne baýlaryň we kadylaryň adalatsyzlygy hakyndaky dert bar. Diýmek, sotsial närazylyk, bu islendik diri jemgyýetiň içki özboluşlylygydyr. ))
Ahyrynda aýdylmaly zat: döwleti dolandyrýan adamyň, patyşanyň ýa-da prezidentiň iň uly wezipesi, garyplygy ýok etmek däl-de, mümkinçilikleriň deňligini döretmekdir. Eger patyşa halkyna garamaýak diýip, ony kemsitse, şol patyşalygyň ömri uzak bolmaz. Goşgyda aýdylyşy ýaly, äri öldürilen aýalyň nalyşy sotsial partlama getirip biler. Bu diňe bir duýgy däl, bu taryhyň kanunydyr. bu ýöne bizde bolmaaaaazzzz...
garaz boldy edeýinlaý... )
Fantom agza jogap
Salam. Ilki bilen saňa köp sagbolsun aýtýan. bu pozulsada sistema barar diýip umyt edýän. ) Men o soragy pikir alyşmak üçin berdim. inede seň ýa...dowamy...
Fantom agza jogap
kän zat ýazjakdym, ýöne aýrlansoň saklandym. häzirlikçe şuny okaň. gowy temalar açýaňyz. Salam! size jogap taýynlap otyrkam mowzugyň pozulanyny...dowamy...
Fantom agza jogap
Adamlar meniň käbir mowzuklarym moderatorlar tarapyndan öçürilip dur.Düýn giçlik Bagana agzanyň soragyna jogap ýazypdym. Häzir seretsem bu mowzuk...dowamy...