“❤️ Saýt ýene-de öz işine başlady ❤️”

Içeri gir Agza bol
M.Yurekdesh.Ru/ çatsöýerler üçin - biz bärde:)
Ýürekdeş sözler!
StarFly : Wagt ýatsañ hem işleseñ hem geçip dur.Ýöne esasy sen wagtyñy nähili geçirýärsiñ?

Forum | GÜRRÜŇDEŞLIK | Erkin mowzuklar

Ýekäniň çaňy çykmaz
 Özümiziňki
 Mishel [off]
 28.02.2026 / 10:34

Ýekäniň çaňy çykmaz diýen gowy bir nakyl bar. Pikirimçe bu nakyl irte döwürde çykyp şol döwüriň adamlary bu nakylyň güýjinden gowy peýdalanandyr diýen pikirde men.
Bu nakyly oýlap tapan adam elbetde, atyny ýeke çapan adam bolmaly. Bu adam bir özi jaý gurjak bolup görendir,bir özi uruşjak bolup görendir. Bir özi köp kynçylygy görenden soň şeýle pikire gelendir. Käbir işleri bolsa amala aşman galandyr ýeke bolany üçin. Mysal üçin, ýetim bolsaň adam ýeke bolýar. Ýetim öz göbegini özi keser diýen nakyla görä onuň öýlenmesi kyn. Gyz bolsa durmuşa çykmasy kyn. Sebäbi türkmen däbinde giýew boljak ýigit öýlenmekçi bolýan gyzyna özi sawçy bolup bilmeýär. Ol sawçy edip özüne garyndaş adamlary toplap, olaryň agzyny bilikdirmek üçin ilki sadaka berip, onsoň geňeşe çagyryp, bu geňeşe ýygnanan adamlara sala salyp; adamlar meniň üçin sawça baryň pylan adamyň gyzy üçin diýmeli.
Häzirki döwürde hem şeýle. Dogry , häzirki döwürde bu däp-dessuryň aglabasy öldi. Indi jaý salmak üçin köne döwürdäki ýaly kömek arkaly pasga galdyrylmaýar. Indi pul jemälp ýörite jaý salýan gurluşykçylara ýüzlenýäň; maňa jaý salyp beriň pylança manada diýip ýüzlenmeli. Emma bu ýerde hem adamlar atyny ýeke çapanok.
Jaý salýan gurluşykçylar hem agzyny bir ýere birikdirip, öz arasyndan ussa saýlap jaý galdyrýarlar. Şeýle bolsada durmuşda şeýle adamlar bar. Olaryň göwnüne bir özüň atyňy ýeke çapyp köp işi edip bolýar diýen düşünje agdyklyk edýär. Emma bu ýalňyş pikir. Bu pikir hem däl hyýal. Hyýallar pikirden tapawutlylykda töweregimizde bar bolan hakykaty inkär edýär.
Ýekäniň çaňy çykmaz diýen pikiri ösdürip onda hany bile bolalyň diýen pursadymyzda biziň durmuşymyza örän gyzykly bir hadysalar diýeýinmi ornaşmakçy bolýar.
Özümiz barada aýytmazdan ozal size rus halkynyň agzyny bir ýere birikdiren adamlar barada gysgaça aýydaýyn
SSSR döwründe sowet halky diýen termin bardy. Sowet döwletiniň halkyny üç adam ýolbaşçy bolup halkyň agzyny bir jem edýärdi. Olar; Karl Marks, Fridrih Engels we üçünji bir adam Wladimir Iliç Lenin. Haýsy jaýa girseň bu adamlaryň portretleri asylyp duran. Şäherleriň iň görnükli ýerinde bolsa olaryň heýkelleri, muzeýli bolan.
Bu üç adam marksizm-leninizm teoriýsayny işläp düzen adamlar hasaplanýar. Şu adamlaryň gözýetminiň esasynda bolsa SSSR gurylan.
SSSR dargandan soň bu adamlaryň ady öňki ýaly tutylanok. Bu adamlaryň ornuna häzirki döwürde Staliniň ady tutylýar. Häzirki syýasata görä Stalin SSSR döwletini ýeňilmezek edip ösdüren. Ol ölenden soň bolsa indiki gelen döwlet ýolbaşçylary haýal-ýagallyk edip, SSSR-iň dargamagyna ýol beren
Biz türkmenlerde hem halkyň agzyny birýere jämlan adamlar bolan. Olardan has ady kop tutylýanlar; Oguz han, Alp-Arslan, Togrul beg we Çagryl beg, Magtymguly ýaly adamlar bolan. Bu adamlar ýekäniň çaňy çykmaz diýen nakyla dogry düşünip türkmenleriň agzybirligini bir ýere jemlan adamlar hasaplanýar.
Ýöne adaamlar örän köp dürli bolýar. Bu ady tutylanlar ýurdy syýasy taýdan birikdiren emma adamlar hemişe syýasat diýip ýykylyp ýatanoklar.
Ýurdyň agzyny diňe syýasatçylar däl başgada käbir ukyplary bar adamlar jemläp bilýär. Mysal üçin, häzirki döwüriň ýaşlary syýsat arklaýy dälde aýdym-sazda ulanylýan sözler arkaly birikmäni gowy görýärler. Olar tiz we çakgan özara birigip özlerine kumir edinip atl aýdymçy artistleriň aýdymynyň manysy astynda bir ýere jemlenýärler. Aýdymçylar esasan söýgi aýdymlary arkaly halky özüne tabyn edýärler.
Söýgi bolsa dürli halklar üçin deň düşünje, arzuw-hyýal. Şonuň üçin hökmän däl aýdymçy artistiň öz milletiňden bolmagy.
Mysal üçin, Maýkl Jekson öz milleti boýunça gara halklara degişli. Emma onuň aýdymyny gara, bolsun, ak bolsun ýada mele bolsun hemme söýüp diňleýär. Ony özüne awtoritet diýip alýar. Perzendine at goýanlar hem bar. Maýkl diýip. Içi gyssa, gahary gelse ýada ýeke bolsa Maýklyň aýdymyny eşidip göwüni aram tapýar.
Bu eýýam atyňy ýeke çapmak däl. Maýkl Jeksonyň adamlarybir ýere jemlemek ukyby astynda köpçülige goşulmak.
Özüňi normalny adam duýmak. Gerek bolsa adamlary hormatlamak ýaly bir zat. Ýenede Maýklyň çagyrmagy astynda birini söýmek, ata-ena hormat goýmak. Birine zulum etmekden daşda durmak ýaly pikrler astynda ýaşamak.
Bu hem bolýar. Hiç zatsyz bolandan. Ýeke özüň gezip gaýgy-gama basmakdan. Goý, Maýkl aýdym aýytsayn, tans oýnasyn. Artistlik etsin. Biziň göwnümizi açsyn. Onuň aýdymyny diňläp bir ýerde jem bolup gülüp otyraly.


91

18

1

2

2

0

0
Teswirler:
 Özümiziňki
 erkin1997 [off]
  Durmaklyk hem yza gaýtmakdyr şonuñ üçin hereketde dowam!!!
 28.02.2026 / 12:23

+0

Gaty gowy

Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

Meniň şansym nola deň


Iňlisçe adyňy aýtmany başarýaňmy özi sen...dowamy...
Erkin mowzuklar | Meniň şansym nola deň
Outlier (Şugün, 08:45)

Meniň şansym nola deň


Men bolsa hiç ýerde tanymal adam däl. Onsoň Men näme edenimde BMG guramasynyň sekretary bolup bilerin. Bu mümkin däl. Diňe amatly pursat men tara...dowamy...
Erkin mowzuklar | Meniň şansym nola deň
masterdollar (Düýn, 09:08)

Meniň şansym nola deň


Görşüňiz ýaly indiki kanditatlar tanymal wezipeli adamlar. Üstesine olaryň hemmesi diýen ýaly öz ýurtlarynda ýokary wezipeleri eýelän kanditatlar...dowamy...
Erkin mowzuklar | Meniň şansym nola deň
masterdollar (Düýn, 09:05)

2026. Pagtaçy gyz pagta şu geýim bilen çykar


herkim näme ekesi gelse eksin ana şondan gowysy ýok...dowamy...

Bagyt.


Bagyt my ýa, bagt?...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Bagyt.
Mizan (30.07.2026 / 10:39)

Men seni küýsedim aýazly gyşda, Ýaz bilen deñ güllemegñi isledim.


Küýsäpbörmän öýlemmeldä how...dowamy...

Bagyt.


Awtory Aşyr Hanow....dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Bagyt.
Belki (28.07.2026 / 16:55)

2026. Pagtaçy gyz pagta şu geýim bilen çykar


Biziň ýurdumyzda pagta öndürilýar , ýöne pagtany Hytaýdan import edýänimizi bilýärdiňizmi ? Sebäbi Hytaýdan import edenimiz arzan düşýar. Ýene...dowamy...

Hudaýsyzlar 9-njy bölüm


yzyny yazarsynda...dowamy...
Erkin mowzuklar | Hudaýsyzlar 9-njy bölüm
SerdarG (26.07.2026 / 13:40)

Men seni küýsedim aýazly gyşda, Ýaz bilen deñ güllemegñi isledim.


Erbedem bolmapdyr. Nace yasynda sen?...dowamy...
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2025

By We-Pro -->