“❤️ Saýt ýene-de öz işine başlady ❤️”

Içeri gir Agza bol
Ýürekdeş sözler!
Admin : Hemme zatlar geçýär, diňe geçmeýän zat — dünýäniň özi.

Forum | GÜRRÜŇDEŞLIK | Erkin mowzuklar

Telefonyňyz durmuşuňyzy nädip ogurlaýar?! DEEP WORK
 Öwreniji
 hickim [off]
 28.02.2026 / 16:35
 Dereksiz ynsan...

Göz öňüňize getiriň, siz möhüm bir işi başlamakçy bolýarsyňyz, stola oturduňyz we galamy eliňize aldyňyz, ýöne edil şol sekuntda, telefonyňyz çatyldy, dostuňyzdan gelen gereksiz habar, kimleredir ýazylan kommentariýa gelen jogap, ünsüňiz bölündi, ýada otagyňyzda dynç oturup işlemekçi bolýarsyňyz ýöne köçedäki şowhun ýada ýönekeýje içiňizdäki bir ses ýuwaşlyk bilen, dynç alsam näme diýen ses siziň ünsüňizi sowupdur.
Geliň hemmejämize tanyş bolan bir ýagdaýy alalyň, siz naharlanmak üçin, saçak başyna oturduňyz, eliňize telefon alyp, haýsam bolsa bir wideo ýada kinony açdyňyz, nahar 10 minutda gutardy, emma siz entäk hem otyrsyňyz.
Nahar gutaran bolsada, ekranyň garşysynda ýene ýarym sagat bir sagat wagtyňyzy kino üçin öldürüp göýwerdiňiz.
Garynyňyz doýdy, emma beýniňiz aç, bu ýagdaý size Tanyşmy?!
Bu ýönekeýje ýaltalyk däl, bu täze dünýäde siziň iň uly baýlygyňyza gurnalan hüjümdür!
Cal Newport - özünüň Deep Work(çuňňur iş) atly kitabynda dünýäni 2 bölege aýyrýar. 1-njisi ýüzleý iş(ýüzleý adamlar) - bu sizi ýadatýar emma hiçhili netije bermeýär. Kinony soňuna çenli görmek, gereksiz habarlara jogap bermek, ünsi jemlemezden edilýän islendik bir iş, hereket. 2-njisi Çuňňur iş(Deep work) - bu dünýäni unudup, bar mümkinçiligiňizi bir maksada gönükdirmekdir. Näme üçin biz çuňňur işläp bilmeýäris? Çünki biz wagtyň gadryny unutdyk. Wagt barada gürrüň gideninde, uly atalarmyzyň teswirlenmelerine göz aýlalyň.
Şeýle bir ajaýyp rowaýat bar: deňiziň boýnunda bolsaňyzam, täret alýan wagtyňyz eliňizi görkezilen mukdarda, ýagny 3 gezekden artykmaç ýuwmazlyk gerek eken. Adamlar sorapdyrlar, biz deňiziň öňünde durus ahyram, suw köp bolsa munuň näme isrifi bar? Ulylarymyz jogap beripdirler: bu suw isrifi däl, bu wagt isrifidir. Serediňä, hatda derýa, deňiziň boýununda dursaňyz hem goşmaça 4 nji gezek el ýuwmak üçin gitýän birnäçe sekunt, isrif diýip hasaplanypdyr. Çünki bu sekuntda siz peýdalyrak, haýyrlyrak iş etmegiňiz mümkindi. Biz bolsa bugünki günde, smartfon garşysynda günlerimizi sagatlarymyzy howwa uçurup göýwerýäris. Biz bu hereketimiz bilen näme edýäris? Geljegimizi gurýarysmy ýada kimdir biriniň durmuşuny tomaşa edip öz durmuşumyzy ýatdan çykarýarysmy?

Deep Work bu ýönekeýje kitap däldir, bu size ünsüňizi nädip dikeltmegi öwretýän guraldyr.
Egerde siz 10 minutlyk nahar wagtynda bar ünsüňizi kino ýada tiktok, instagram reelslerde geçirýän bolsaňyz onda siz ünsüňiziň ýesirine öwrülensiňiz.
Kitabyň 2nji bölümi size üstünlige ýetmek üçin köp wagt däl, çuňňur ünüs gerekligini öwretýär.

Siziň pikiriňizçe günlik durmuşuňyzda iň köp wagtyňyzy näme ogurlaýar? tesiwrlerde ýazyň.

Eger bu tema gyzykly bolsa dowamyny hem ýazjak, kitapdan düşünenimçe maglumat berip geçip giderin maksimal derejede ýönekeý edip.

Dowamyny isleýänler kommentariýa ýazaýyň.

gramatika näsazlyklar üçin bagyşlaň, tiz ýazdym

hiçkim


72

17

3

6

0

0

1
Teswirler:
 Öwreniji
 hickim [off]
  Dereksiz ynsan...
 28.02.2026 / 16:39

+0

kitabyň angliçeski, ruski wariantlary bardyr okajaklar üçin

 Premium
 Belki [off]
  "Dilerim ki... Dilerim ki asla caymazsın benim olmaktan..."
 28.02.2026 / 17:00

+1

Gowy maglumatlar berýäniz, dowam edin.
Wagt ogurlamak babatda-da dogry aydyan elbetde...
Hazirki wagtda adamlan in kop wagtyny ogurlap olaryn doredijilikli, onjeyli pikirlenmekden daslasdyryan zat Tiktokmyka diyyan. Sebabi Tiktok gonuden-goni sarplamagyn ustune gurulan platform. Adamlar bu yerde dine goylan wideolary gorup (sarplap) wagtyny gecirip bilyarler. Gorulyan wideolaram koplenc bize hic hili dahyly bolmadyk ozganin durmusy hakda...


Öwreniji
hickim  (28.02.2026 / 17:07) 

Belki, 5 sekunt, gysga wideolar ünüs jemlemegi öldürýär asyl. Bu uruş ýönekeýje, adamlar düşünselerdi, girmezdiler. Bu öz özüňi ýuwaşlyk bilenemdäl, gönümel tizlik bilen öldürmek.Käbirini gürletseň, eýleň beýleň üçin girýän diýýär. Dogry gowy tarapy hem bar, peýdaly wideolar edil 10-5 % bar ,ýöne peýdasyzy gaty kän. Başga biriniň durmuşuny näme etjek hou, zyň blin, diňlemede, özüňi bildä. Öwren, oka.
dowamyny goýaryn ýene biraz gözden geçireýin kitaby. Ideýa ogurlamasam biraz söz baýlyk

 Täzeje
 Vandenes [off]
 28.02.2026 / 17:25

+0

Günlük durmuşymda köp wagtymy telefon we käbir adamlaryň göwnüne görä düşündirjek bolup aýdýan sözlerim, edýän pikirlerim ogurlaýar.

1njini çäklendirip biler derejede erkim bar, hatda erkden öňde nerwim uzak seredip oturmaga goýanok zyňdyrýaram. Baglanma düýbünden ýok. Şunsuzam oňup biljek. Ýöne 2njini düzedip bilemok. Telefon hem 2nji sebäpli gerek bolýar.


Öwreniji
hickim  (28.02.2026 / 19:30) 

Vandenes, hemmesinem edip bolýa. Ynanýaňmy günde paçti 20-30 müşderi bn duşuşuk, jaňlaşyk IT hyzmat edýärdim. Akraýyn meselesizdi. Prosta tiktok girdim 5-6 aý, post jaýlamak üçin @palone.tm hasabyma. A tak eýýäm biraz kellämi zäherläp ýetişdi. Ýöne indi pozdum, köplenç çuňňur rejimde işleýänim üçin, sowadymam. Asyl çuň işläp türgenleşmeli, 2nji bölümde goýaryn onam, öz edýän fişkalarymam


Täzeje
Vandenes  (28.02.2026 / 20:21) 

hickim, tik tok özüne çekenok meni tersine il gün bir zat aýtsa nämekä diýip giren wagtym eýýäm irizýä. Men telde uzak ünsüm jemläp bilemok, iriziji gereginden artyk. Men telefon barada däl adamlar barada bir häsiýetimi taşlap bilemok.

Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

Ýagşylyk etseň ynsana, aylanyp deper ÿeňsäňe 3


Ýagşylyk et derýa at, balyk bilmese Halyk biler...dowamy...

God of War: Ghost of Sparta oýuny barada


Hemme platformada jemi 8 seriýasydagy bar öýdýän. Hatda nokia knopka telefonlardada bir setiýasy bolmaly...dowamy...

Ýagşylyk etseň ynsana, aylanyp deper ÿeňsäňe...


Ýüregim boldaý bu tema...dowamy...

Ýagşylyk etseň ynsana, aylanyp deper ÿeňsäňe


Aý, howwa, dogry...dowamy...

Sözler


Süper :dovolen:...dowamy...
Erkin mowzuklar | Sözler
Orazjan (Düýn, 07:27)

Sözler


Otyran yerinde el gysyp salamlashsan name bolyarka?...dowamy...
Erkin mowzuklar | Sözler
MG8 (11.06.2026 / 23:30)

Ýagşylyk etseň ynsana, aylanyp deper ÿeňsäňe


Bilmedim oza birhilirak...dowamy...

Ahwal


Ay bolya yazybersene islendik ishde kop synanyshmalar kamilleshdiryar diyyarler... (tanaman bir zatlar diyaydimem)...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Ahwal
MG8 (11.06.2026 / 20:08)

Durmuş romany


duygular, "Ýürekde müň bir roman bar, kagyzda bolsa hiç zat ýok"... (... kop komentarya yazjakdym emma pikirler dagap gitdi,)...dowamy...
Erkin mowzuklar | Durmuş romany
MG8 (11.06.2026 / 20:04)

Ýyldyza öwrülen gyzjagaz /hekaýa


mydama fantastica tragic gynandyrmalary garyp yazmak bilen hakykatdan uzak dushyan awtorlaryn maksady nameka? -okyjyny gynandyryp ozine cekmekmi...dowamy...
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2025

By We-Pro -->