“❤️ Saýt ýene-de öz işine başlady ❤️”

Içeri gir Agza bol
M.Yurekdesh.Ru/ çatsöýerler üçin - biz bärde:)
Ýürekdeş sözler!
Sasiyona : Ellerinizde millionlyk telefon barka bir manatlyk adamlaryn janyna garasman#Sasiyona

Forum | GÜRRÜŇDEŞLIK | Erkin mowzuklar

"Pomodora" usuly näme?
 Täzeje
 Pearl_ [off]
 28.02.2026 / 20:31

,,Pomodoro” usuly näme?

Italýan dilinde "Pomidor" diýmegi aňladýan "Pomodoro" usuly, 1980-nji ýyllaryň ahyrynda uniwersitet talyby Françesko Çirillo tarapyndan oýlanyp tapyldy.
Synag döwründe kyn günleri başdan geçirýän we her gezek öwrenip başlanda ünsüni jemläp bilmeýän Françesko Çirillo ,,Pomodoro” usulyny oýlap tapypdyr.
,,Pomodoro” usuly bilen stres we wagt dolandyryşynda şowsyz bolan adamlara bu meseläniň çözgüdini getirdi we adamlaryň ykbalyny üýtgetdi.




Eýsem bu ,,Pomodoro” ady nädip ýüze çykdy? 
Wagtyny we ünsüni jemläp bilmedik Françesko Çirillo pomidor şekilli aşhana taýmerini tapýar, wagtyny ýigrimi bäş minuda düzýär, taýmeri başlaýar we taýmer gutarýança sapagyna ünsi jemleýär we soňra 5 minut arakesme etýär.
Soňra ýene 25 minut okaýar. Şeýlelikde tehnikanyň adyna şol aşhana taýmeriniň adyny dakýar.  ,,Pomodoro” usulyny nädip ýerine ýetirmeli?  Ilki bilen ediljek işi planlamaly. Işe başlamazdan öň bir kagyz bölegi we bir taýmer gerek (amatlysy telefon taýmeri). Işe başlanylanda taýmeri 25 minuda gurmaly, wagt dolýança ünsiňiz diňe işde bolmaly. Wagt dolanda kagyza bir ,,Pomodoro" gutarandygynyz hakynda bellik etmeli we 5 minut arakesme etmeli.
Arakesmede islän zadyňyzy edip dynç alyp bilersiniz. Arakesmeden soňra ýene şeýle usuly gaýtalamaly we 4 sany ,,Pomodoro" dolandan soňra 20- 30 minut dynç alynmalydyr. 
Egerde etjek işiňizi 25 minut dolmaka gutarsaňyz onda eden işiňizi gözdenn geçirip 25 minudy doldurmak gereklidir.
Ediljek işiň köplügine görä ediljek pomodoralaryň sany artdyrylyp bilner. Emma günde 16 ,,Pomodoro” -dan köpsi maslahat berilmeýär.
,,Pomodoro” usuly esasan wagt dolandyryş usulydyr. Barlaglaryň netijesinde ,,Pomodoro” usuly üns jemlemekde, has aňsat ýatda saklamakda, has köp wagt iş etmekde peýdalydyr.
Arakesmeler bolmagy motiwasiýanyň
köp bolmagyna getirýär. Umuman ,,Pomodoro” usuly öran peýdaly bolup has gowy netijeler isleýän adamlar tarapyndan ulanylýan ulanylýan usul bolup durýar.

 ,,Pomodoro” usulynyň hakykatdanam peýdasy köpmi? 
Meň özüm bu usuly 1 hepdä golaý barlap gelýärin. Elbetde edýän işime we okaýan kitaplaryma baglylykda men günde 3-4 pomodorodan köp işläp ýa-da okap bilmedim. Emma ,,Pomodoro” usuly edýän işime has motiwasiýaly ýanaşmagyma getirdi. Hakykatdanam bu usuly ulanmaýan wagtlaryma garanda örän köp netije edindim. Şeýlelik bilen bu usuly siz bilen paýlaşmagy makul bildim. Size hem barlap görmegi maslahat berýärin!


Awtor : Azat Bäbekow


95

20

3

4

0

0

0
Teswirler:
 Özümiziňki
 Basmacy [off]
  Biziň azap çekmedik zadymyz, biziňki däldir...
 28.02.2026 / 21:50

+0

Kitap okarýarkam ulanýadym bu usuly..
Mende ýöremedi

 Premium
 Orazjan [off]
  Sapby soranjaň
 28.02.2026 / 23:28

+0

"Pomidor" bu "Altyn alma" diýmek dälmi terjimesi

 Özümiziňki
 IDEALLIDER2 [off]
 02.03.2026 / 09:29

+0

Bu "Effekt" bolýar öýdýän

Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

Meniň şansym nola deň


Iňlisçe adyňy aýtmany başarýaňmy özi sen...dowamy...
Erkin mowzuklar | Meniň şansym nola deň
Outlier (Şugün, 08:45)

Meniň şansym nola deň


Men bolsa hiç ýerde tanymal adam däl. Onsoň Men näme edenimde BMG guramasynyň sekretary bolup bilerin. Bu mümkin däl. Diňe amatly pursat men tara...dowamy...
Erkin mowzuklar | Meniň şansym nola deň
masterdollar (Düýn, 09:08)

Meniň şansym nola deň


Görşüňiz ýaly indiki kanditatlar tanymal wezipeli adamlar. Üstesine olaryň hemmesi diýen ýaly öz ýurtlarynda ýokary wezipeleri eýelän kanditatlar...dowamy...
Erkin mowzuklar | Meniň şansym nola deň
masterdollar (Düýn, 09:05)

2026. Pagtaçy gyz pagta şu geýim bilen çykar


herkim näme ekesi gelse eksin ana şondan gowysy ýok...dowamy...

Bagyt.


Bagyt my ýa, bagt?...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Bagyt.
Mizan (30.07.2026 / 10:39)

Men seni küýsedim aýazly gyşda, Ýaz bilen deñ güllemegñi isledim.


Küýsäpbörmän öýlemmeldä how...dowamy...

Bagyt.


Awtory Aşyr Hanow....dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Bagyt.
Belki (28.07.2026 / 16:55)

2026. Pagtaçy gyz pagta şu geýim bilen çykar


Biziň ýurdumyzda pagta öndürilýar , ýöne pagtany Hytaýdan import edýänimizi bilýärdiňizmi ? Sebäbi Hytaýdan import edenimiz arzan düşýar. Ýene...dowamy...

Hudaýsyzlar 9-njy bölüm


yzyny yazarsynda...dowamy...
Erkin mowzuklar | Hudaýsyzlar 9-njy bölüm
SerdarG (26.07.2026 / 13:40)

Men seni küýsedim aýazly gyşda, Ýaz bilen deñ güllemegñi isledim.


Erbedem bolmapdyr. Nace yasynda sen?...dowamy...
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2025

By We-Pro -->