“❤️ Saýt ýene-de öz işine başlady ❤️”

Içeri gir Agza bol
👉 Tanyşlyk Chat (üstüne bas)👈
💥New chat..🗨 - üstünden basyp çata girip bilersiňiz:)
Söýgüli chat
Ýürekdeş sözler!
yurekdes : Memories never die #yurekdes

Forum | GÜRRÜŇDEŞLIK | Erkin mowzuklar

Ykdysadyýet nähili işleýär? Çäksiz pul çykarylsa näme bolar?
 Öwreniji
 hickim [off]
 28.02.2026 / 23:31
 Dereksiz ynsan...

Men kiçiligimden söwda-satuwa gaty gyzýardym. Hatda öýümizdäki ekin meýdanymyzda biten üzümleri hem bazara çykaryp satýadym. Ýöne meňki adaty satuw däldi – men bazara gitmezimden bir gün öň üzümleri ýuwup, arassalap, owadanlap goýýardym. Şol wagtlar obada biziň üzümlerimiziň tagamyna we owadanlygyna(daşyna keşbine) geljegi ýokdy! Gapdalymdaky satyjylardan has köp we çalt satýardym.
Gysgasy, bazarda ep-esli wagt geçirenimden soň, bahalaryň nädip üýtgeýändigini, adamlaryň jübüsindäki puluň söwda nähili täsir edýändigini synlap başladym. Şol ýerde gazanan tejribelerimi we soň ykdysadyýet barada toplan maglumatlarymy birleşdirip, şu gün size Ykdysadyýetiň aslynda nähili işleýändigini ýönekeý obaçarak dilde düşündirmekçi.

1. Näme üçin bize 50 ýyldan soň Ykdysady krizis garaşýar?
2. Näme üçin eliňizdäki puluňyz, kimdir biriniň karzy?
3. Näme üçin satyn alýan zatlarymyzyň bahasy ýokarlanmasa biz minusa düşýäris?
4. Nädip garyndaşlaryňyz bilen banky bankrot edip bilersiňiz?
5. Manadyň gadry nämä bagly?
6. Döwlet puly çäksiz çykaryp adamlara paýlasa näme bolýar?
7. Ýada Döwletde pul galmasa näme?
8. We iň esasysy Ykdysadyýet nähili işleýär?

Diýen soraglara bugün men size maksimal derejede ýönekeý we Ykdysady terminlary oba dilinde düşündirjek, taýýar bolsaňyz başladyk.!

1. Näme üçin bize 50 ýyldan soň Ykdysady krizis garaşýar?
Ykdysadyýet edil pasyllar ýaly aýratynja Sikllar (aýlawlar) bar. Şolaryň iň ulusyna "Uzak möhletli karz sikli" diýilýär. Adamlar we kompaniýalar hemişe gazanjyndan has köp karz alýarlar. Bu ýagdaý 50-75 ýylyň dowamynda çişip-çişip, Ykdysady şary, çişmäni emele getirýär we ahyrynda şeýle bir uly bolýar welin, jemi karzlar girdejilerden has ulalýar. Şol wagt "Deleverage" (karzlardan arassalanma) döwri başlaýar. Adamlar çykdaýjylaryny azaldýar, karzlaryny üzüp başlaýarlar we bu bütindünýä ykdysady krizisine öwrülýär.

2. Näme üçin eliňizdäki puluňyz, kimdir biriniň karzy?
Biz puly diňe döwlet çap edýändir diýip pikir edýäris. Aslynda, ykdysadyýetdäki puluň 90%-den köpüsi kreditler, ýagny karzlardyr. Mysal üçin, bank size jaý almak üçin 100,000 manat karz berende, ol puly haýsydyr bir seýfden almaýar. Ol diňe kompýuterde siziň hasabyňyza şol sany ýazýar we "täze pul" döredýär. Ýagny, siziň jübiňizdäki puluňyz, aslynda başga biriniň geljekde töläris diýip banka beren wadasydyr, kreditidir!

3. Näme üçin satyn alýan zatlarymyzyň bahasy ýokarlanmasa biz minusa düşýäris?
Dury kelle bilen pikirlenip görüň: eger ertir hemme zadyň bahasy arzanlasa nähili bolardy? "Gowy bolardy" diýýärsiňizmi? Ýok, ykdysadyýet üçin bu heläkçilikdir (muňa Deflýasiýa diýilýär). Eger harytlar arzanlasa, siz "ertir hasam arzanlar" diýip satyn almany bes edersiňiz. Siz satyn almasaňyz, zawodlar we dükanlar pul gazanmaz, soňra işgärleri işden çykarmana başlarlar. Işsiz galan adamlar hasam az pul harçlar. Şonuň üçinem, ykdysadyýetiň "dem almagy" üçin ýylda ujypsyzja (2-3%) inflýasiýa, Döwlet üçin hökmany zerurdyr.

4. Nädip garyndaşlaryňyz bilen banky bankrot edip bilersiňiz?
Banklar adamlaryň goýum pullarynyň bary-ýogy 10% töweregini ätiýaçlykda saklaýarlar, galanyny başgalara karz berýärler. Siziň bankda puluňyz bolsa we siz banka jaň edip, men şugün 1000 manat hasabymdan aljak diýseňiz(telekeçileriň hasaby), hä bolýa geliň diýerler, siz men şugün 10 000 manat aljak diýseňizem geliň diýerler, a men edil şugüniň özünde 1 milliard manat pulumy bankdan aljak diýseňiz, bankdaky işgäriň kellesinden, bäh heýem bir onça puly bir wagtda soramak bolarmy diýen hyýal geçýär we size, bolýa 1 aýdan taýýarlap jaň ederis özümiz diýýär.
A eger siz tutuş obadaky garyndaşlaryňyz we tanyşlaryňyz bilen ylalaşyp, ähliňiz bir wagtda banka gidip "Pullarymyzy nagt yzyna beriň" diýseňiz, bankyň nagt puly ýetmez. Müşderilere puluny berip bilmedik bank bolsa gönümel bankrot bolýar. Ykdysady dilde muňa "Bank run" diýilýär. Emma beýle etmezligi mashalat berýärin, serýozny.

5. Manadyň gadry nämä bagly?
Pul, aslynda, bir kagyz bölegidir. Onuň gadry diňe ynam we islege baglydyr. Daşary ýurtly sarp edijiler biziň önümlerimizi (mysal üçin pagta, gaz ýa-da meniň satýan owadan üzümlerimi) satyn almak isleseler, olara Manat gerek bolýar. Manada isleg artdygyça, onuň hem hümmeti we gadry beýgelýär. Näçe köp eksport etsek, pulumyz şonça-da güýçli bolýar. Emma köplenç daşarky eksportlarymyz, käbir ösen walýutlarada hem kabul edilýär.

6. Döwlet puly çäksiz çykaryp adamlara paýlasa näme bolýar? (kiçi wagtym ejeme berýän samsyk soraglarym)
Göz öňüne getiriň, ertir hemmäniň hasabyna 1 million manat geçirilse, näme bolardy? Hemmeler dükanlara ylgardy. Ýöne dükanlardaky harytlaryň mukdary köpelmeýär ahyry! Satyjylar muňa derrew düşüner we bahalary galdyrar. Netijede, öň 10 manada alýan çöregiňiz 1 million manat bolar. Muňa Giperinflýasiýa diýilýär. Pul köpeldi diýeni, önümçilik köpeldi, ýokarlandy diýdigi däldir.
Adamlaryň tebigaty şeýle asyl, ýagny mydama adamlar gazanýanlaryndan köp sowýarlar, emma bu ýagdaýda, pul köpelsede bazardaky haryt köpelmeýär, ýagny has ýönekeý aýdylanda, önümçlik şol duruşuna galýar.

7. Ýada Döwletde pul galmasa näme?
Döwlet halkdan alýan salgytlary, eksport we gümrükde (tamozhnyda) ýygnalýan pullar arkaly girdeji gazanýar. Eger şu girdejiler azalsa we döwlet karzlaryny töläp bilmese, "Defolt" yglan edýär. Býudjetde pul galmansoň, aýlyklar we pensiýalar gijigip başlaýar, daşary ýurtdan derman ýa-da tehnika getirmek kynlaşýar. Bu ýagdaýdan çykmak üçin döwlet köplenç çykdaýjylaryny kemeltýär we halkara guramalardan täze, emma has agyr şertli karzlar almaly bolýar.
Salgytlar Döwleti ösdürmekde peýdalanylýar, ýollaryň abatlanşy, täze okwu binalaryň gurluşygy, bilim ugrunda sarp edilýär. Emma diňeje käbir ýurtlarda bu ýerden gelýän girdeýjiler korrupsiýa diýip kimleriňdir jübüsine düşýär we şol sebäpden Döwletiň bilim, kärhanalary, ýollar, abatlaýyş işleri pes derejede bolýar. Meselem Finlandiýalylar takmynan 50% salgyt töleýär we we olar mundan şat, sebäbi olar pullaryň dogry maksatda ulanylýandygyny bilýärler olar salgyt tölemäne razy.

8. We iň esasysy Ykdysadyýet nähili işleýär?
Ykdysadyýet diňe milliardlarça gezek gaýtalanýan ýönekeý bir hereketden ybarat: Tranzaksiýa (Ylalaşyk, Şertnama). Mana meselem men öň düşünmändirin emma şeýle ekeni, bazarda üzüm satamda bir tranzaksiýa bolýar. Siz maňa pul berýärsiňiz, men size üzüm berýärin. Iň esasy düzgün: Siziň çykdaýjyňyz, başga biriniň girdejisidir!
Siz näçe köp pul harçlasaňyz, başga biri şonça köp gazanýar. Ol hem gidip başga ýerde harçlaýar. Şeýlelikde tutuş ulgam işleýär. Bu motory öňe itekleýän zat bolsa – biziň öndürijiligimizdir (has gowy işlemek, üzümi owadanlap satmak ýaly täzelikler girizmekdir).

Men maksimal gysga düşündiriş berdim, entäk kän kän maglumatlar we ýene birnäçe Ykdysady terminler bar. Siz bulary Youtubeden ýada has çuňňur ýazylan kitaplardan giňişleýin okap bilersiňiz. Men öz düşünen zadym we gysgaça Google gözleglerimiň netijesinde bu mowzugy ýazdym. Eger çyndan hem Ykdysadyýeti öwrenmek islegiňiz bolsa size Youtube we Pdf kitaplary maslahat berýärin.

Gramatiki näsazlyklar üçin, bagyşlaň, ýalňyşlykar bardyr öýtýän

Hiçkim


81

21

4

7

0

0

1
Teswirler:
 Özümiziňki
 Fantom [2m]
  Ýalňyzlyk diňe emosional ýagdaý däl, eýsem fiziologik stressordyr...
 01.03.2026 / 02:47

+1

Aý berekella. menä bolýa diýýän!

 Täzeje
 Bagana [off]
  Ertir-betinden hem gytyndan...
 01.03.2026 / 09:01

+1

Gaty gowy.

 Öwreniji
 hickim [off]
  Dereksiz ynsan...
 01.03.2026 / 12:53

+0

Laýk basýanam ýokla, diýmek gyzyklydäl 😏

 Täzeje
 Vandenes [off]
 01.03.2026 / 13:47

+1

Kanal açaňda "guk" diýginiň. Berekella!

Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

Bilim, filosofiýa, din we maglumatlaryň görnüşleri


Bar bolan zatlar ylym bilimiň üsti bilen açylandygyna esaslanyp, mowzugyň başyndaky tehnologiýany garyşdyrmaň diýeni soňuna ýetinçäm böwrüme sanj...dowamy...

Söýgümiziň synagy


Eliňe köp sms gelýämi şolar ýaly...dowamy...

Meniň dostym....


Adamlarda hakykat galdymy bu wagt set internet dogry bolar ýaly. Öz sözi bile edýän hereketi deň däl bolan birentek ynsandan daşlaşypdym golaýda....dowamy...
Erkin mowzuklar | Meniň dostym....
zM (Şugün, 14:21)

Söýgümiziň synagy


"Mejnun bilen söýgi synpynda bile okadyk, ol hemiše 4-lik, men bolsa diñe 5-lik alardym." Diýýådimi Oraz.Ýagmyr))...dowamy...

Söýgümiziň synagy


Şahyrlaryň hemmesi çilim çekýämişin...dowamy...

Erkek eşek (mi?)


Şeýle wakada gaty jedelleşip ahyry utupdum. Bir samsyk "Arssa 10 gezegä boşaryn" diýdiweli, men "Agam, häzir men mundanam gowysyny saňa getirjek,...dowamy...
Erkin mowzuklar | Erkek eşek (mi?)
IDEALLIDER2 (Şugün, 12:25)

Bilim, filosofiýa, din we maglumatlaryň görnüşleri


Newelä iç gysgynç biderek uzaaaaaaap gidýän bipeýda zatlar ýazýaňeý okasym gelmedi...dowamy...

Bilim, filosofiýa, din we maglumatlaryň görnüşleri


Kopýaladyňmy ýa özüň ýazmak üçin ulandyňmy?...dowamy...

Erkek eşek (mi?)


Dowur şol durşuna dur welin adamlaryň özleri üýtgeýar we hemme zady durmuşa ýükläp döwür üytgedi zat diyen bolyalar. Birem oglanlar şular ýaly...dowamy...
Erkin mowzuklar | Erkek eşek (mi?)
Minigim (Düýn, 13:38)

Toý ömrüň esasy mazmunymy?


Häzir aňrybaşyy däl normalnyjaa toý etjek bolsaň hökmanyy ýagdaýdaa 10 müň dollar töweregii gidýär. Eger ortaça aýlyk 3 müň manat töweregii bolsa...dowamy...
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2025

By We-Pro -->