“❤️ Saýt ýene-de öz işine başlady ❤️”

Içeri gir Agza bol
M.Yurekdesh.ru - 👉 Tanyşlyk Chat 👈
💥New chat..🗨 - üstünden basyp çata girip bilersiňiz:)
Ýürekdeş sözler!
xuliganka : Pozguç ulanman çekilýän surata:"Durmuş" diýilýär:/

Forum | GÜRRÜŇDEŞLIK | Erkin mowzuklar

Çynyň bilen aglasaň sokur gözden ýaş çykar
 Öwreniji
 Mishel [off]
 Şugün, 10:30

Öwreniji
Fаntom
Bulara Kim Günäkär?
Birinjiden, jemgyýetçilik dymyşlygy. Biz ýalňyşy görsek-de, maňa näme diýip dymdyk. Erbetlik-de dymylýan ýerde gül açýar. Ikinjiden, bilimdäki ruhyýet kemçiligi. Biz diňe diplom üçin okadyk, ýöne ynsanlyk üçin okamadyk. Üçünjiden, tehnologiýanyň dolandyryşy. Biz tehnologiýany ulanmadyk, tehnologiýa bizi ulandy.

Jogap.
Geçen asyryň altmyşynjy ýyllaryna çenli Amerikada şeýle düzgün-tertip bardy. Gara tenlileriň ýurtdaky hukugy pesdi. Eger gara tenli kafede naharlanyp otyran wagtynda ak tenli gelip tur bu ýerden diýse ol turyp oňa ýer bermelidi. Ak tenlileriň ýygnaýan ýerlerine gara tenliler girmeli däldi. Eger gara tenli ak tenlä buýsanmasa oňa jeza berilýärdi.
Ine, şu hili ýagdaý bir käfede bolup geçýär. Gara tenli aýal kafede naharlanyp otyrýar. Şol wagt ak tenli aýal gelip tur bu ýerden men seniň bilen bir kafede naharlanmakçy däl diýýär. Ýurdyň kanuny boýunça gara tenli ak tenlä garşylyk görkezmäne haky ýokdy.
Emma gara tenli aýal oňa buýsanmaýar we ýer bermeýär. Onda ak tenli aýal polisiýany çagyrýar. Polisiýa gelip ýer bermejek bolýan gara tenli süýräp sud etmäne äkidýär.
Gara tenli aýalyň üstünden sud başlanýar.
Sud wagtynda bir topar adam ýygnanýar. Her dürli kärde işleýän. Sud gara tenli aýaly günäkärlap oňa jeza taýynlaýar. Emma gara tenli aýal özüne berilen jezany boýnuna almaýar. Özüniň mertebesini gorap başlaýar. Bu aýaldan öň hiç bir gara tenli öz hukugyny gorap suda çenli barmadyk bolýar. Hemmesinden beteri bu aýalyň özüniň mertebesini goraýanlygy bu ýerde otyran adamlara ýokup başlaýar. Bu ýerde bolsa belli adwokat, jurnalist, deputat bolýar. Aýalyň özüniň mertebesini goraýanlygy indi sudyň jaýyndan çykyp gara tenli halkyň arasyna ýaýraýar.
Indi gara tenli halk gozgalaň tapýar. Olara ak tenli adamlar hem goşulýar. Olaryň hemmesi ýygnanyp Amerikanyň hökümet edaealarynya gelip gara tenli halk hem amerikan halky, bir hemmämiz şol bir amerikanlar emma näme üçin ak tenliler bizden üstün hak-hukuga eýe. Biz hem şu ýurt üçin işleýäris. Şu ýurdy uruş wagtynda goraýarys. Mundan beýläk biz gara tenliler ak tenlilere boýyn bolasymyz gelenok. Indi biz ak tenliler üçin oýnawaç däl. Biz baradaky kemsidiji kanunlary ýatyryň diýip gara tenli halk hökümet edaralaryny gabap alýar.
Wagyrdy prezidente, kongrese, senata çenli baryp ýetýär. Olar ýygnanyp ýygnak geçirýärler. Bir topar wagyrdydan soň hökümet täze karar çykarmana mejbur bolýar.
Bu ýerde gysgaça aýydýan. Ýogsa mowzuk uzyn bolup gider.
Serediň bu ýerde birje aýalyň talaby bütün Amerikany lerzana salýar. Bir aýalyň sebäbine görä Amerikanyň we şol sanda beýleki ýurtlarda ýaşaýan gara tenlileriň hak-hukuklary ak tenliler bilen deň edilýär.
Näme üçin siz şu aýalça ýok. Siz hem şu aýal ýaly hak-hukugyňyzy talap ediň. Näme üçin, siz bu ýerde ýagny saýtda aýydan bolýaňyz emma talap bilen hiç ýere ýüz tutmýarsyňyz.
Siziň gozgaýan meseläňizi saýt agzalary çözüp bilmeýär. Olar diňe okap duýgydaşlyk edip bilýär. Hemme meseleler hökümet tarapayndan çözülýär.
Deputalara ýüz tutyp görmeli. Partiýalar bar. Gazýet-jurnallar bar. Jurnalisteler bar ýörite hökümet tarapyndan goýylan. Iň bolmanda synanyşyp görüň. Eger maksadyňyz jemgytimizde bar diýýän nogsanlary ýok ermek bolsa.


9

5

1

0

0

0

0
Teswirler:
 Öwreniji
 Senyorita [off]
 Şugün, 11:04

+0

Şol zenan Anjela Dewisdimikä? (Ýalňyşýamykam ýa...)

Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

Ykdysadyýet nähili işleýär? Çäksiz pul çykarylsa näme bolar?


Laýk basýanam ýokla, diýmek gyzyklydäl 😏...dowamy...

Çaý. Kofe


Gök cay bilen koffee ikisinden gecip bilemok mena...dowamy...
Erkin mowzuklar | Çaý. Kofe
Minigim (Şugün, 12:16)

Çynyň bilen aglasaň sokur gözden ýaş çykar


Şol zenan Anjela Dewisdimikä? (Ýalňyşýamykam ýa...)...dowamy...

Ykdysadyýet nähili işleýär? Çäksiz pul çykarylsa näme bolar?


Gaty gowy....dowamy...

Ykdysadyýet nähili işleýär? Çäksiz pul çykarylsa näme bolar?


Aý berekella. menä bolýa diýýän!...dowamy...

ÖLMEK HAK, DIRELMEK HAK.


İnnä lilläli we innä ileýhi rojiun...dowamy...

"Pomodora" usuly näme?


"Pomidor" bu "Altyn alma" diýmek dälmi terjimesi...dowamy...
Erkin mowzuklar | "Pomodora" usuly näme?
Orazjan (Düýn, 23:28)

"Pomodora" usuly näme?


Kitap okarýarkam ulanýadym bu usuly.. Mende ýöremedi...dowamy...
Erkin mowzuklar | "Pomodora" usuly näme?
Basmacy (Düýn, 21:50)

Patma doglan gunin bn


Tort kesilýän wagty boldy !!! Gutly bolsun ýaş toýuň...dowamy...
Erkin mowzuklar | Patma doglan gunin bn
Pushba (Düýn, 21:25)

Wagt geçipdur #durmuş


Doganjan bu gosgynyz yaman kyn okamak gowja edip yazay gynanysly saz dinlap yaz biri kapya gelse biri gelenok duyun komentaryanyzda yazdyma bir s...dowamy...
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2025

By We-Pro -->