Ýürekdeş sözler!
Ýagsana kalbymyň üstüne!
King-official [off]
14.01.2024 / 15:06
Giden gitmiştir gittiği gün bitmiştir, Ben gideni değil giden beni kaybetmiştir
Ýagsana, kalbymyñ üstüne,
Duýgularmy buýdursana,
Göwnüm añzakda ýaly,
Gar bolup ýag,
Ýagmyryña zar bolupdyr,
Seni küýsän hyýallarym,
Zyýanlylañ zyýanlaryn,
Bu beýnimiñ dumanlaryn,
Ynamymyñ gümanlaryn,
Bagrymda öýen ganlary,
Ýuwar ýaly ýag,
Ýagsana.
Dul şatlygy sallah gussa,
Durmuşa çykar, ýa öýer,
Guran arzuwlarmy suwla,
Uklan umydymy oýar,
Men özüme geler ýaly,
Damja bol, ýüzüme dam sen,
Ýag sen.
Saralyp ygaly küýsän,
Göwnüme nem bol,
Em bol başarsañ,
Yzgaryñdan özge bir zat,
Çyglyk,
Gelmesin daşardan,
Içime siñ, öýkenimde,
Dem bolup gal, ruhyma siñ,
Artygym bol her kemimde,
Ýüküm ýeñlet gerdenimden,
Şu gün ýa-da ertelemde,
Günler ömri kerteninde,
Bulut bolup garalda gel,
Guýdyr ýaz deý çagbalary,
Men ajy ýugdan balary,
Çykyp ýalñyzlyk kastyna
Ýagsana,
Ýagsana,
Kalbymyñ üstüne...
Awtory: Baýram Bejidow
Taýarlan: Muhammetgeldi Geldimyradow
118 |
11 |
1 |
5 |
0 |
0 |
0 |
Teswirler:
Dreamfull [off]
Каждому нужен кто-то, кто его выслушает.
14.01.2024 / 15:10
+1
Shy Bayeamyn gosgysna sugunler kan satashyan ozi gowluk bolsunnna
Täzeje
(16.01.2024 / 03:14)
Dreamfull, menem köp sataşyp başladym))
Crazy-boy (16.01.2024 / 11:09)
Bejidoff, seniň goşgulaňňy alýandyryn gowja goşgylaryň bar Baýram :thumbsup: öz goşgyňa like basdyňmy :sweat_smile:
Soňky teswirler
Gyzyklanýanlaryň dykgatyna!!!
Üýtgeşik bir zat aýdyp, ýazyp orta çykyp gepläp bilmejegiňi bilýän. Türkmen telewideniýesinde okalýan goşgylary diňlär ýaly däl. Sen hem şolaryň...dowamy...