“❤️ Saýt ýene-de öz işine başlady ❤️”

Içeri gir Agza bol
M.Yurekdesh.ru - 👉 Tanyşlyk Chat 👈
💥New chat..🗨 - üstünden basyp çata girip bilersiňiz:)
Ýürekdeş sözler!
BAYOGUL : SONKY TÜÝKÜLÜK SAKGAL EZMEZ

Forum | GÜRRÜŇDEŞLIK | Erkin mowzuklar

Saýtymyzyň mollasy kim?
 Öwreniji
 Mishel [off]
 Şugün, 09:42

Molla kim? Ol näme funksiýa bitirýär seniň durmuşyňda? Bilýäňmi?
Bilmeýän bolsaň men aýdyp bereýin. Molla bu öz ygtyýary bilen dindar bolan adam. Dogry sen hem Hudaýa ynanýaň. Emma sen molladan tapawutlylykda öz ömrüňi Hudaýa bagyşlamadyk Adam. Molla bolsa irte döwürden dini taglymaty okap, Gurhany öwrenip, arap dilinden baş çykaryp din ugryndan halkyň öňüne çykan adam.
Molla özüni saňa garanda Hudaýa köp hyzmat eden adam hasaplaýar. Bu düşünje molla üçinem, seniň üçinem ullakan ähmiýete eýe. Sen özüňi Hudaý üçin hiç zat etmedik hasaplaýaň. Sebäbi omyn-namaz bilmeýäň. Gurhany okamadyň, arap dilini bilmediň. Emma şondada sen Hudaýdan tamakin.
Ondada örän köp zada tamakin. Munyň özi utanç dälmi seniň üçin. Hudaý seni islegiňi üpjün ediji edara däl. Ol eýýäm bir topar islegiňi hiç bir zat senden soramazdan ýerine ýetirdi. Ilki bilen saňa ata-ene berdi. Olar seni dünýä inderip aladyňy, hyzmatyňy etdi. Seni ulaltdy, aýak üstüne goýdy. Sende ömür diýen zat bar. Bu ömrüňi özüň zaýalaasaň sen ençeme ýyllar Allanyň ýaradan dünýäsinde arkaýyn, hiç bir tölegsiz ýaşap bilýäň. Bularyň hemme üçin Alla senden hiç zat soramady.
Indi molla diýen käre gäýdyp gelýäris.Molla bu Allanyň öňündäki kär. Molla bolan adam Alla bilen seniň ortaňda duryp iki tarapa hyzmat etmeli adam. Molla bilýär. Seniň Hudaýa ynanşyň ýaramaz.
Arak içýäň. Galp hyzmatlary edýäň. Söwda edeňde nebisiňe haý diýmeýäň. Maşgalaň bilen oňyşmaýaň. Adamlar bilen agzybir däl. Mollanyň üstünden gybat edýäň. Şular ýaly kemçilikleriň bar.
Indi molla näme etmeli. Ilki bilen ol öz abraýyny goramalay. Hem Allanyň öňünde hemde adamlaryň öňünde.
Hemde seni hak ýoluna göýbermäniň usulyny tapmaly.
Munyň üçin ol seniň bilen gepleşik geçirýär.
Namaz oka diýýär. Arak içme diýýär. Bolgusyzlyk etme diýýär.
Emma sen mollanyň aýdanyny etmeýäň. Sen şol ýaramazlygyňy dowam edip gidiberýäň.
Saňa güýji ýetmedik imola ndi näme etmeli.Bilýäňmi. Indi ol seniň öweziňe namaz okap başlaýar. Öz okan namzayny namaz okamaýanlyň adyndan okaýar. Şeýdip ol seniň ýaramzlygyň öwezini öz boýnuna alýar. Seniň üçin güwä geçär. Seni Allanyň gazabyndan goramakçy bolýar. Şonuň üçin ol üznüksiz namaz okamaly bolýar. Başga dini däpleri ýerine ýetirýär. Mysal üçin, sen arakdan doýyp ölen adam. Şu halaty hem molla Allanyň öňünde düzetmeli. Ol okan namazyny saňa bagyşlaýar. Şeýdip seni arassalamakçy bolýar. Eger ol köp okaberse seniň üçin, seniň üçin yhlas ediberse molla seniň günäleriňi ýuwyp aýyrmagy hem mümkin. Şonuň üçin molla bilen tanyş bol. Onuň göwnüni awla. Onsoň ondan sora öz günäleriňden seni arassalap seni dogry jennete tarap ýollamgyny. Ine, onsoň sen o dünýäde. Özüň bir topar günäleri etdiň. Molla bolsa seni mäkäm ýuwdy. Dowzahdaky adamlar bilýär seniň haramzadalygyňy. Emma molla ýuwdy gowyja edip. Sen o dünýäde wagtyňda molla bu dünýäde. Ol gije-gündiz okap otyr seniň üçin. Sen indi dogry behişte tarap gidip barýaň.
Haramzada dostlaryň bolsa seni ýanynda alyp galmakçy bolýar. Olar saňa gygyrýar. Bile arak içdik, bile adamlary aldadyk. Bile şaşlyk iýdik. Näme üçin sen behişte düşmeli men bolsa dowzah odyna ýanmaly.
Ýöne onyň gygyranyndan peýda ýok. Ol seniň taýyň däl. Ol mollanyň göwnüni tapmady. Onyň günäleriniň ýuwylmagyny aýaly, ýakynlary, perzentleri soramagy mümkin. Ýöne bu ýagdaýy inkär edip bolmaýar. Alla bu alkaşyň ýakynlarynyň günäsizdigini hasaba uryp onuň günäsini geçmegi mümkin.
Meniň bu ýazanymy anekdot hasabynda görmäň. Gülmeli ýeri bar elbetde bu ýazanymda. Durmuş hem şeýle. Biraz wagt gülüp otyrýas. Onsoň turyp işimize gidýäs. Işimizde bolsa biz çynlakaý bolmaly. Gurluşykçy bolsaň agyr zat götermeli. Mugallym bolsaň okuwçylara bilim öwretmeli. Doktor bolsaň adamlaryň ömüri üçin göreşmeli.
Hemme ýerde tanyş gerek. Siz üçin aýydýan bu sözleri. Özüm üçin däl. Siz tanyş bilen iş bitirmäni öwrenen adam.Ýöne men tanyş gözlemeýen. Men tanyşa ýalbarar derejedäki adam däl.
Adama ýalbarandan Hudaýa ýalbaranym gowy. Sebäbi Hudaý maňa köp hyzmat etdi. Meniň haýyşlarymy ýerine ýetirdi. Olaryň biri barada aýdyp bereýin diýýän size. Ýöne bu wagt däl. Edil şu ýer ýagtylmana az wagt galdy. Meýdana işe gitmeli. El-ýüzümi ýuwyp çaý içmeli. Bahar aýy ýakynlady. Ýanymdaky kanala suw geldi. Ýerim bar. Şoňa suw açmaly. Bolýar. Ertiriňiz haýyr. Maňa dost bolanlar üçin. Duşmanlarym bolsa ýer-bilen ýegsan bolsun. Olary men gaýgyrmakçy däl.


13

6

1

0

0

0

0
Teswirler:
 Öwreniji
 Mishel [off]
 Şugün, 09:43

+0

Harp ýalňyşy gitdi. Düzetmek soň kelläme geldi.

Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

Oglanyň dosty - oglan, Gyzyň dostam - gyzdyr!


Birzady anyk bilmesek, dine ýykylmaly bolýas. Şunlukda gyz we oglan dostlugy bolup bilmez. Emma dostluga meňzeş söýgä meňzeş şuýgy bolup biler. Ý...dowamy...

GYZ-OGLAN DOSTLUGY BOLUP BILERMI?


Birzady anyk bilmesek, dine ýykylmaly bolýas. Şunlukda gyz we oglan dostlugy bolup bilmez. Emma dostluga meňzeş söýgä meňzeş şuýgy bolup biler. Ý...dowamy...

Saýtymyzyň mollasy kim?


Harp ýalňyşy gitdi. Düzetmek soň kelläme geldi....dowamy...

"Pomodora" usuly näme?


Bu "Effekt" bolýar öýdýän...dowamy...
Erkin mowzuklar | "Pomodora" usuly näme?
IDEALLIDER2 (Şugün, 09:29)

Çaý. Kofe


Ýalňyşmasam çaýy "Göwy görüşüňe" sazlaman "Gan basyşyna(Давление)" sazlamaly öýdýän. Ýagny çynmy ýalanmy anyk bilemok, dawlenýasy gala adam gök ç...dowamy...
Erkin mowzuklar | Çaý. Kofe
IDEALLIDER2 (Şugün, 09:02)

Şahsy hatlaryňyzy okaýynmy? Şahsy habar howupsuzlygy


Hiç hir pikirim ýok...dowamy...

Siziň bahaňyz näçe? Adamyň bahasyň hasaplmasy


Dogry, ertirimiziň bahasy ýok...dowamy...

Üç topbak akyl.


Şükür Elhamdulillah...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Üç topbak akyl.
Orazjan (Şugün, 08:23)

Siziň bahaňyz näçe? Adamyň bahasyň hasaplmasy


Gaty gowy....dowamy...

GYZ-OGLAN DOSTLUGY BOLUP BILERMI?


Gyz bilen oglanyň özüne bagly mençe dostluk biler saklap bilene...dowamy...
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2025

By We-Pro -->