“❤️ Saýt ýene-de öz işine başlady ❤️”

Içeri gir Agza bol
M.Yurekdesh.Ru/ çatsöýerler üçin - biz bärde:)
Ýürekdeş sözler!
Belki : Bir gün sesiñi eşitmesem yza çekýän, hamala sensiz ýigrimi alty ýyl ýaşamadyk ýaly. #Belki

Forum | GÜRRÜŇDEŞLIK | Erkin mowzuklar

HYÝANAT #döwülen ynamy gaýtaryp bolýarmy?
 Özümiziňki
 hickim [off]
 03.03.2026 / 22:32
 Dereksiz ynsan...

Kiçi wagtlarym, agam dagy, agamyň doslary bilen gizlenpeçek(bukuldy) oýaýardyk. Emma köplenç men zordan olara goşulýardym we birgün, agamyň dossy öýe gelip. Ýör gije boldy, bukuldy oýnamana gideli diýip ýanynda birnäçe oglan bilen gelipdir. Menem agamyň yzyndan bardym, we menem gitjek diýip agladym, we agamyň dossy. Bolýa bar aýagyňda şypyk nirik gitjek how sen bar aýagyňa krassowka ýa aýagap geý, gije aýagyňa birzat giräýmesin diýdi we menem ylgap öýe girip köwüşümi gözleýärdim hiç tapylmady we ahyrsoňy ýyrtyk bolsada bir köne krassowka tapdym we aýagyma geýip ylgap köçä gitjekdim welin, ejem oglum nirik, nirik barýaň giçde diýdi, menem aý, aýlanmana prosta agam bilen diýip ylgap köçämize çykdym welin hiçhili oglan ýok, eýläk seretdim beýläk seretdim welin adam gara ýok we men gaharlanyp ylgap jaýymyza girip barşyma aldadylar, aldadylar, ýalan sözläp meni taşlap gitdiler özleri oýnamana diýip gygyryp gaty ses bilen aglap ýorganyma geçip ýatdym we ejem gelip, borla oglum aglama durmuşda bu zatlaram bolýa zyýany ýok aglama diýip başymy sypalady we yzyndan sen beýle etmegin diýdi.
4nji synp wagtymyzdyr, obamyzda şeýle bir pully adamyň ogly bardy, onyň kakasy pullydy, hemme kişi onuň puly kän bolany üçin hormat goýup, ony arşa göteräýjek bolýardylar. Birgünem şol pullynyň ogly bilen mekdepde uly arakesmede mekdebimiziň sport otagynyň tam arkasyndaky erik agajynyň eriginiň ýanynda durduk welin hälki oglan agaçy uly çagyl bilen atyp miwesini gaçyrýardy we iki jübüsini dolurup alýardy. Ol agajyň miwesini aldyrmazlyk üçin mollimler herzat edýärdiler emma aljak alýardy. Men welin şol wagt seredip durkam, ol çagyl bilen atyp aldyda gaçyp gitdi, onýança meniň arkamdan matematika mugallymymyz gelip elimden tutdyda, sen çagyl atdyň gerek diýip meni direktoryň kabinetine elti, emma direktor bar sapagyna barsyn diýip göýwerdi we men gaýtdym, emma şol wagt ol oglan etdi diýmäne mende güýç ýokdy, ol oglan hemmäniň gözünde gowy oglandy welin men erwet diýsemem şol gowy bolaýjak ýalydy. Soň sapaga bardym, sapagyň arasynda direktor geldi we meni synp tagtasynyň öňüne geçirdide serediň okuwçylar, ine bu ýoldaşyňyz mekdebiň sport zalynyň arkasyndaky erikleri alýan oglan ekeni, zatlaryňyzdan häzir boluň, zatlaryňyzam alaýmasyn diýdi. Şol wagt şol oglana seretdim, ol gaty arkaýyn hiç zat etmedik ýaly partasynda gaýşarlyp okuwçylara goşulup gülýärdi üstümden, we men şol wagt näme diýjegimi bilmedim, aglasym geldi, emma gözüme çala ýaş aýlananda tizlik bilen sapakdan çykyp göni öýe gelip ejeme ýagdaýy düşündirip agladym. Ejem ýene başymy sypap, goý oglum aglama, durmuşda olar ýaly zat hem bolýar aglama diýip yzyndan ýene ýöne sen olar ýaly etme diýdi.
Wagt geçdi men okuwymy gutardym, gulluga gidip geldim we Maryda 1.5 ýyllyk kiçi okuw okadym. Şol döwürde men perişde ýaly akylly owadan näzik gyzy söýüp galdym we onuň bilen söýüşdüm. Gije ak süýt ýaly bolan aýyň aşagynda şäherde aýlanýardyk, bile alleýada oturýan ýerimiz hem bardy, şol ýerde gürleşip şatlanyp oturýardyk. Soň birden ol gyz menden özüni alyp gaçyp başlady, ol menden uzaklaşdy, smslaryma jaňlaryma jogap bermän başlady we bu ýagdaýy iň ýakyn dossuma aýtýardym we arakesme wagtlaryň iň azy dossum bilen 4 sagatlap söhbetdeş bolup oturýardyk. Ol oglan alçak, işiň gözüni bilýän ökde oglandy. Dossum öýe geleninde ejem oňa 4nji oglum, we ol dossum bilen bir düşekde ýatýardyk. Şo dereje ýakyn dossumdy welin ol maňa goýsana dos, gyzlar asyl şeýle näzli bolýar, näme üçin näz etýäni özi hem bilmeýär, näme etjek gyzyň özi geler ýanyňa sabyr et birazajyk diýýärdi.
Dossum dogry aýtýardy, ünüs bermeli däldimem men asylynda ol gyzyň näzine diýip kitaphanada oturýan boldum, kitap okap başladym we egzaminlerem ýakynlaşyp gelýärdi we birgün ýadowlygy açaýyn diýip söýgülim bilen oturýan ýerimizden geçip barýarkam bir sowulaýyn süýji günleri ýatlap diýip alleýa sowuldum we birden bir gülki sesi eşitdimde, takga durdum. Seretdim söýgülim, dossumuň gujagynda, edil meň gujagymdaky ýaly ýylgyryp şatlykdan gülýärdi, ol edil meň gujagymdaky ýaly özüni erkin we ajaýyp duýýardy. We men şol ýerde durup dymdym. Adam dossundan hem söýgülüsinden hem bir wagtda aýrylsa gaty agyr bolýan eken. Tizlik bilen öýe ylgap gaýtdym we ýatdym, aglap aglap ýatýardym. Şol wagtda hiçkimi, hatda ejemi görmänede gözüm ýokdy. Birden köçe tarapdan dossum sesi eşidildi we essalowmaleýkum eje diýip meň ejeme dossum salamlaşyp duranyny eşitdim we ýerimden göni turup, dossumy bar güýjüm bilen ýumurgum bilen ýüzüne urdum we ol ýere ýykylyp ýüzüniň ganyng aýryp, bi haýa ýylgyrdy we öýden çykyp gitdi. Ýene güýjüm gaçyp ýykylyp ýatyp galdym. We ejem näme bolanyna düşünmän kän wagt ýanymda oturdy menem aglaýardym, ejemem ýene, goý oglum durmuşda şeýlede bolýar, emma sen... diýenini diňlemedimde näme men? Men näme? Näme men? Ol çep gözüň sag gözüňi oýjak, goparjak bolsa, iň syrdaş adamlaň hyýanat etse, ýalan sözlese, kimdir biri hyýanaty kesp kär edip alany üçin, kimdir biri göripçlik üçin, kimdir bir öz maksadyna ýetmek üçin aldap ýalan sözläwerermi? Durmuş şonuň üçin ýalan diýilýärmi, ýaşamagymyzyň manysy nämede onda diýip ýüregimden içimden gygyrýardym, ejem durman başymy sypaýardy we birden, çagalygym ýadyma düşüp, şol wagtda agamyň dosty ýalan sözlände, okuwçy wagtym bir samsyk sebäpli töhmede galanymda, durmuşumda her gezek bir nur hakykatyň peýda bolýanyna düşünmändirin, şol wagt dünýämiň bir burçunda bir ýyldyz ýaldyrowyk ýaly gözüme görünen ýaly boldy we birdenkä, ejeň saňa hyýanat etdimi? Ejeň saňa ýalan sözledimi? Ejeň seni aldadymy? Dünýä ana şonuň üçin belki dowam etýändir? Kim näme bolsada, her näme bolsada eneler perzenlerine hiç hyýanat etmeýär, öz çagasyny söýýär, mährini berýär diýen hyýal kellämden geçdi we ejemiň, titräp başymy sypaýan ellerini tutdum we ýüzüme sylyp sükür etdim.

Hiçkim


132

22

2

8

0

0

1
Teswirler:
 Özümiziňki
 hickim [off]
  Dereksiz ynsan...
 03.03.2026 / 22:51

+0

Awtor hiçkimdäldir, bir ýerde okadym, çalaja meňki bn meňzeş eken, ýadyma düşürüp goýdum


Özümiziňki
Basmacy  (03.03.2026 / 23:01) 

hickim, teswir ýazmankam aýdanyň gowy boldy. Özüň bolsaň, teswir ýazjakdym


Özümiziňki
hickim  (03.03.2026 / 23:07) 

Basmacy, 😁 Ejem ýalan sözleme diýdi

 Özümiziňki
 Fantom [off]
  Wagtyňyzy manysyz geçirmäň, çünki her bir pursat altyndan gymmatlydyr...
 03.03.2026 / 23:58

+1

Ajaýyp... hezil edip okan mowzuklarmyň biri.


Täzeje
Mrs_B  (04.03.2026 / 06:35) 

Fantom,

Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

Meniň şansym nola deň


Iňlisçe adyňy aýtmany başarýaňmy özi sen...dowamy...
Erkin mowzuklar | Meniň şansym nola deň
Outlier (Şugün, 08:45)

Meniň şansym nola deň


Men bolsa hiç ýerde tanymal adam däl. Onsoň Men näme edenimde BMG guramasynyň sekretary bolup bilerin. Bu mümkin däl. Diňe amatly pursat men tara...dowamy...
Erkin mowzuklar | Meniň şansym nola deň
masterdollar (Düýn, 09:08)

Meniň şansym nola deň


Görşüňiz ýaly indiki kanditatlar tanymal wezipeli adamlar. Üstesine olaryň hemmesi diýen ýaly öz ýurtlarynda ýokary wezipeleri eýelän kanditatlar...dowamy...
Erkin mowzuklar | Meniň şansym nola deň
masterdollar (Düýn, 09:05)

2026. Pagtaçy gyz pagta şu geýim bilen çykar


herkim näme ekesi gelse eksin ana şondan gowysy ýok...dowamy...

Bagyt.


Bagyt my ýa, bagt?...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Bagyt.
Mizan (30.07.2026 / 10:39)

Men seni küýsedim aýazly gyşda, Ýaz bilen deñ güllemegñi isledim.


Küýsäpbörmän öýlemmeldä how...dowamy...

Bagyt.


Awtory Aşyr Hanow....dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Bagyt.
Belki (28.07.2026 / 16:55)

2026. Pagtaçy gyz pagta şu geýim bilen çykar


Biziň ýurdumyzda pagta öndürilýar , ýöne pagtany Hytaýdan import edýänimizi bilýärdiňizmi ? Sebäbi Hytaýdan import edenimiz arzan düşýar. Ýene...dowamy...

Hudaýsyzlar 9-njy bölüm


yzyny yazarsynda...dowamy...
Erkin mowzuklar | Hudaýsyzlar 9-njy bölüm
SerdarG (26.07.2026 / 13:40)

Men seni küýsedim aýazly gyşda, Ýaz bilen deñ güllemegñi isledim.


Erbedem bolmapdyr. Nace yasynda sen?...dowamy...
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2025

By We-Pro -->