Jennet_guli [off]
04.03.2026 / 12:11
"Oňarsaň bar zady oňatlyga ýor"
Çyn dost aýbyň bolsa aýdar dogrulyp,
Çyn dost derdiň aňlar lukmandan beter
Çyn dost şärik at-abraýňa, gyşyňa
Çyn dost başyň gorar kanundan beter.
Goşgy ýalňyş bolmagy mümkin. Aýdymdan ýadymda galan ýerleri. Bu goşgyny ýazanyň şeýle dosty barmyka ýa arzuw etdimikä?! Oglanlara bilemok . Gyzlaň içindä gabat gelmedim goşgudaky ýala. Ýüzüňe gülerde öwrülersiň welin kemiňi gözlär. Aý bor-la, gybat bolmasyn, bolşuny aýtsamam.
Dostluk hakynda aşaky mowzuklary okap öz pikirimi ýazasym geldi
Dostluk bir adamy beýleki adamlardan tapawtlandyrmak ýa-da diňe şoňa ynanmak bolýar.Iki taraplaýyn deň düşünjede bolmak. Bu bolsa mümkin däl. "Adamy aşa gowy görme. Bir gün duşmanyň bolsyn. Adamy ýigrenme.Belki bir gün dostuň bolsyn".Şu sözler dogry eken.
Ýygy-ýygy görüşmesegem jaňda salamlaşyp saglygyny soraýan dost diýenlem bardy. Biraz çekilip göreýin diýdim. Saglygymy ýitirdim .Kyn ýagdaýalarda biraz ejizledim. Adam hiç zada zar däl.Çyn ýürekden mähir isleýär adam ejizlän wagty. "Ýürek ýürekden suw içer" Ýüregi aldap bolmaýar.Ýürek duýýar-a hemme zady. Oňa derek garaşmaýanlarym goltgy berdiler.Hudaýa şükür.
Diýmek, men dostluk diýlen zada düşünemok ýa-da duşamok. Köp adamlar bilen dil tapyşyp, düşünjelerini paýlaşyp bilýän. Ýöne indi hiç kime ynanyp bilemok.Ýa-da hiç kimden hiç zada garaşamok. Her adamyň dünýägaraýşy pikir ýöredişi başga başga. Her kimden bir zat öwrenýän. Hemme adamy gowy görýän. Garşylyksyz. Pikirlerine hormat goýýan. Dostum diýip adam saýlamok.
Netije:
Özüme maslahat berýän. Özümi ýazgarýan. Özüm bilen derdinişýän.
Nähili gowy . Daň säherde, gyzgynjak kofeni süzüp dogup gelýän Güni synlap Beýik Ýaradana köp şükür etmek, özüň bilen.
120 |
29 |
2 |
8 |
0 |
0 |
1 |
Meret90 [off]
04.03.2026 / 13:45
+4
Siziň ýazanlaryňyz diňe bir pikir däl, eýsem durmuşyň süzgüjinden geçen uly tejribe. Ýazan goşgy setirleriňiz Magtymguly Pyragynyňky bolmasa-da, nusgawy şahyrlarymyzyň we akyldarlarymyzyň wagyz-nesihatlary bilen bir ugrumda. Siziň häzirki ýagdaýyňyzda "hiç kime garaşmazlyk" we "her kimi gowy görmek" — bu iň ýokary ruhy dereje.
Emma, çyn dostlugyň şu günki günde-de bardygyna käbir subutnamalar bar:
Dostlugyň Bardygynyň 3 Delili
Siziň Garaşmadyk Kömegiňiz: Siz "garaşmaýanlarym goltgy berdiler" diýdiňiz. Ine, hakyky dostluk şol ýerde gizlenen. Käwagt biziň "dost" diýip atlandyranlarymyz däl-de, kalby arassa biriniň kyn günümüzde ýanymyzda durmagy, dostlugyň ölmändiginiň iň uly delilidir. Dostluk — bu köne tanyşlyk däl, bu ruhy doganlykdyr.
Wagt Süzgüji: Dostluk diňe şadyýan günlerde däl, siziň ýaly "çekilen" we "ejizlän" wagtyňyzda belli bolýar. Siziň töweregiňiziň arassalanmagy ýamanlyk däl, aksine, durmuşyň size hakyky bilen galpyny saýlap bermegidir. Az bolsun, saz bolsun.
Pikirdeşlik Medeniýeti: Şu gün dünýäde müňlerçe ynsan biri-birini hiç wagt görmese-de, diňe pikirleri we umumy maksatlary üçin biri-birine goldaw berýärler. Dostluk diňe ýygy görüşmek däl, "ýürek ýürekden suw içer" diýlişi ýaly, ruhy baglanyşykdyr.
Siziň özüňiz bilen hem-de Beýik Ýaradan bilen tapyşan rahatlygyňyz iň uly baýlykdyr. Emma durmuş hemişe garaşylmadyk sowgatlary taýýarlaýar. Siz adamlardan garaşmagy bes eden bolsaňyz, diýmek, indi size hakyky we garşylyksyz dostlugyň gelmek wagty ýetipdir. Sebäbi hakyky dostluk — iki sany garaşsyz we kämil ruhuň birleşmesidir.
Kapiro [off]
Allah diýene Allah ýetişer
04.03.2026 / 14:37
+3
Adamlaryň bar zady hasaply. Men dostuma 2 gezek oturmaga bardym ol bir gezek geldi diýen ýaly. Men ýaramamda ol gelmedi,men oňa ol ýaramanda bardym. Olar ýaly gatnaşyk ýalňyş, esasy ýürekden birek-biregi gowy görmek. Derdiňi dostuňa aýtma gynanmasyn, duşmanyňa aýtma begenmesin diýilýärä. Sähel zatda dostum ýaramamda gelmedi,kyn günümde goldamady diýip derrew ony "Çorny spisoga" goşmak nädogry, ol gelmesede belki gelenden köp gynanandyr. Bu durmuş kä wagt birini özüň ýürekden soramak niýetiň bar welin zerur sebäpler çykyp bugün-erte diýip soňunda soraman galýaň. Şonuň üçin kine saklamaly däl, adamlara düşünjek bolmaly, belki ol seňkidende uly derdi bolup ony içinde saklaýandyr.
Jennet_guli (04.03.2026 / 19:00)
Kapiro, Salam Älik Çary aga! Mübärek Oraza aýynda beren sadakalaryňyz, eden ähli doga dilegleriňiz Kabul bolsun!
Ýazan tesiriňizi haladym. Ýöne ýokardaky ýazanlaryma degişli däl.
Dost paýlansa äber diýip gyssanma,
Alaňdan soň gysgalma hem gysgaltma,
Dileg etse gözleriňi hem gysgana,
Birin ber-de biri bilen oňup git.
diýýär şahyr. Şu derejede dostluga sarpam bar.
Ýöne adam nähili ýagdaýda bolsa bolsun "Allah diýene Allah ýetişer" Eýsem Ondan gowy Dost bolup b
Jennet_guli (04.03.2026 / 19:02)
Kapiro, Eýsem Ondan gowy Dost bolup *bilermi adama.
Kapiro (04.03.2026 / 21:33)
Jennet_guli,
Ýazan tesiriňizi haladym. Ýöne ýokardaky ýazanlaryma degişli däl.
Bar ýazanym ýokardaky ýazanlaryňa degişli,eger degişli däl diýip düşünen bolsaňyz aýtmak islän zadymy gowy düşündirip bilen däldirin.
Bir aýdylan atalar sözi bar "Ýemende men ýanyňda men, ýanyňda men Ýemende men "diýip, manysy men Ýemen diýen daşdaky ýurtda bolsamda kalbym bilen seniň ýanyňda diýýär birinji bölegi,ikinji bölegi men ýanyňda bolsamda saňa kalbymdan Ýemen ýurdy ýaly daşda diýýär. Şu atalar
Kapiro (04.03.2026 / 21:38)
Jennet_guli, Şu atalar sözi meniň diýmek islän zadyma ýakyn. Dostlam kyn günümde gelmedi,dost dällerim geldi diýipsiň . Biz bilemzok bize kim ýakyn kyn günümizde ýanymyzda bolanlarmy ýa-da biziň ýanymyzda bolman biz üçin Allahdan ýürekden doga edenler.
Jennet_guli (05.03.2026 / 04:00)
Kapiro, "Kimiň halyn kim biler, kim Ýaratsa şol biler"
Meniň şansym nola deň
Men bolsa hiç ýerde tanymal adam däl. Onsoň Men näme edenimde BMG guramasynyň sekretary bolup bilerin. Bu mümkin däl. Diňe amatly pursat men tara...dowamy...
Meniň şansym nola deň
Görşüňiz ýaly indiki kanditatlar tanymal wezipeli adamlar. Üstesine olaryň hemmesi diýen ýaly öz ýurtlarynda ýokary wezipeleri eýelän kanditatlar...dowamy...
2026. Pagtaçy gyz pagta şu geýim bilen çykar
herkim näme ekesi gelse eksin ana şondan gowysy ýok...dowamy...
Men seni küýsedim aýazly gyşda, Ýaz bilen deñ güllemegñi isledim.
Küýsäpbörmän öýlemmeldä how...dowamy...
Outlier (30.07.2026 / 06:29)
2026. Pagtaçy gyz pagta şu geýim bilen çykar
Biziň ýurdumyzda pagta öndürilýar , ýöne pagtany Hytaýdan import edýänimizi bilýärdiňizmi ? Sebäbi Hytaýdan import edenimiz arzan düşýar. Ýene...dowamy...
Men seni küýsedim aýazly gyşda, Ýaz bilen deñ güllemegñi isledim.
Erbedem bolmapdyr. Nace yasynda sen?...dowamy...
Belki (26.07.2026 / 10:12)