Basmacy [off]
04.03.2026 / 20:59
Biziň azap çekmedik zadymyz, biziňki däldir...
Adam bilen haýwanyň tapawudy, adamyň haýwanlardaky ýaly belli bir hereket edýän programmasy yok. Haýwan, hemmesem haywandyr. Emma adam özüni alyp barmak bilen perişdeden ýokarda we şeýtandan aşakda bolup bilme potensialy bardyr. Ine şu sebäpden adamlara umumy bir formula çyzmak aňy pesligiň alamatydyr. Daşary yurtda okaýan eyle, bizde okaýan beýle. Internede girýän akylsyz, girmeýän asylly we ş.m pikirde bolan adamlara ýüzlenmäm:
adama gezýän, ýaşayan yerine, jynsyna, tiresine görä däl-de aňyna we häsiýetine görä baha bersinler.
Internet bolsa bir nygmatdyr. We interneti gyz ulanmaly däl, erkek ulanmaly diyilýän pikir, gyz çörek iymeli däl - erkek iymelä barýar. Esasy zat bolsa internete girmeýän gyzyň asyllydygny aýdyp umumylaşdyrmak hem nädogry. Internetiň jynsy yok. Eger gyzlara oglan gözlemek utandyryjy yagdaý bolşy ýaly, edil şo derejede oglanyň hem gyz gözlemegi utandyryjydyr.
Pikir erkinligne gelsek, hiç kimiň pikirlerini erkin beýan etmegine garşy däl. Ýöne bir adamyň erkinligi beýleki adamlaryň erkinligine hüjüm edýän ýerinde gutarýar. Ýaňam aytdym. Adam haywan däl, we hemme kişi birmeňzeş oýlanmaga mejbur däl. Eger bir gyz terbiýesine sygdyrsa islän işini edip biler we oňa diňe hossarlary el goýup biler. Emma gyzlary umumylaşdyryp, olaryň internete girýänlerini bolsa erbet gyza çykarmaklyk örän nädogry.
Bir türkmen beýleki bir türkmene milletimiň abraýyny gaçyrýaň diýip, haçanda özüne degişli hemmäni düzedenden soň aýdyp biler.!
Indi oglanlaryň wagt geçirmegine gelsek, oglan wagt geçirip bilýän bolsa gyz hem geçirip bilmeli. Ýöne wagt altyndan gymmat we wagt geçirmek gyz üçinem erkek üçinem nädogry zat. Musulmançylykda bolsa wagty isrip etmek, zaýalamagyň günäkärçiligi bar.
Gyz bilen wagt geçirmäge gelsek, şol seniň wagt geçirýän gyzyň başga biriniň jigisi, uýasy ýada gyzy. Eger sen jigiň, uyaň we gyzyň yok bolsa, geljekde-de bolmajagyna anyk gownüň ýetyän bolsa olar bilen wagt geçirip bilersiň.
Eger jigiňe, uýaňa internet öwretmän olary ýalňyşlykdan saklaýan diyän bolsaň saňa diňe döwür bilen işi bolmadyk, GSM hyzmatlarynyň hem ulanylmagyny erbetlikden hasap edilýän we bu zatlara ätiýajy bolmadyk regionlarda ýaşayan bolsaň mamla diyjek.
Şol hemme zatdan gorap saklaýan jigiňe, uýaňa başda edep-ekram, we Hudaýdan gorkmagy öwret. Soň internet däl, näme öwrensede yalňyş zada ulanmajagy üçin özi akyl ýetirer. Eger şolary öwretmeseň, yada özüňem bilmeýän bolsaň, onda interneti, telefony günäkärläp azara galma. Ol nätsede ýoluny tapar erbetligiň.
Eger erkekleriň erbet gyza gitmegi dogry zat bolsa, ayallaryňam erbetligi etmegi şo dereje dogry diyip hasap etmeli. Ýöne bularyň ikisem deň derejede nädogry.
We şu ýerde belläp geçmeli zat, erbet gyzlara gidýän oglanlara bir maslahatym, özüňizi azajygam bolsa sylaň. Organizymyňyzy sylaň. Başga biriniň müň sapar geýip çykaran jorabyny geýmäň.
Başga bir zat, eger hiç bir erbet erkek bolmasa erbet aýal hem bolmaz. Müşderi bolmasa dükan açylmaz-a?!
Bir erbet ýola, häli gapysy açylmanka bir oglany zorlap açdyryp girmeýär. Oglan aldaýar, gapysyny açýar we gyzy açyk gapysy bilen ortada goýsa erbet ýola girme ähtimaly örän belentlige galýar. Şol ýerde, bozulan gyzdan has köp bozan oglan günäli. Hemmä belli gyzlaryň has ynanjandygy, nämä gerek bu ejiz nokady ulanyp soňam öýüňe baryp gyz jigiňi, gyzyňy gabap saklamak?
"Ýakma bişersiň, gazma düşersiň"
Seň özüň näme internetde wagt geçirýäň, eger gyzyňam oglanyňam wagt geçirmegi nädogry bolsa diyip sorap bilersiňiz. Men dogry bilyan zadymy beýlekileriň peydasyna ýarar diýip hasaplasam beýan etmegi wagt geçirmekden saýamok.
Namys meselesi diňe gyzyň gyzlygy bilen ölçelenok, ol yeke täk faktor däl-de, iň möhhüm faktor. Aydaly, aljak bolýan gyzyňyz gyz, ýöne nastraýeniýasyna görä 3-4 oglan bilen halaşan ýa bolmasa şoňa meňzeş birzat. Durmuşa çykmazyndan öň oglan sortlap ýören bolsa, durmuşa çykanyndan soň är sortlamajagyna garantiya barmy? Türkmen aga olar ýalaga "7 derýaň suwuny içen" diýýär.
Eger-de bir gyz 4-5 oglan bilen intim ýa-da has hususy duýgularyny paýlaşyp gören bolsa, onda durmuşa çykanyndan soň siz bilen paýlaşjak zady kän ýok.
Eger öýlenjek gyzyňyzyň fiziki hem ruhy taýdan gyz - GAÝTALAÝARYN hem fiziki taýdan gyz, hem ruhy taýdan gyz bolmagyny isleýän bolsaňyz, onda internetde öňüňizden çykan gyz bilen kilçilleşip, ruhy taýdan gaýmagyny pozman, gündelik durmuşda-da fiziki taýdan gaýmagyny ellemäň.
Dostluk - mostluk diýilýär, ýöne biziň medeniyetde gyz bilen oglanyň arasyndaky dostluk çäkli bolýar. Okuwy, işi we ş.m barada gürleşip bolar. Ýöne şahsy durmuşy barada gürrüň girmek, emosional pikir alyşmaga başlamak biraz riskliräk - hem oglan üçin, hem gyz üçin. (Bu hakda mowzuk açypdyk)
We ýene bir bellemeli zadym: Ene ata terbiýesi hakynda, elbetde belli bir derejede ene ataň orny uly maşgala terbiýesinde.. Ýöne adamyň kellesiz bolmagyna ene ata günäkär däl, şol adamyň özi günäkär, adam belli bir ýaşa baransoň etjek zadyny bizden ýa-da ene atasyndan sorap duranok, ene atasy günäkär diýýänler üçin 1-2 sany delil ýazaýyn. özün kast edýänler ene atasyndan sorap edýärmi? Ýada jemgyýet taýdan düşündirsem, 1 adam jenaýata çekilende ýaş wagty ene atasyndan terbiýe görmändir diyip ene atasyny jenaýata çekenoklar, diňe şol adamyň özi jogapkär..
Ýada daşary ýurda gyzyny ugradýan ene atalar gyzyna (bagyşlaň weln) k*nti bolup gel diýip ugradanok.
Kimdir biriniň meni goldap goldamazlygy meň pikirlerimiň dürsligni barlaýan parametrleriň arasynda ýok. Şonuň üçinem garşylyk görkezjek bolsaňyzam anyk faktlar bn görkeziň..
Gyzlarymyzyň bozulmagyna belli bir derejede gaty gynanýan. Ýöne daşary yurtda bozulýan ya-da bozulyp biljek gyzlary Türkmenistanda türkmen oglanlary bozýar. Meniň niýetim, erbetlikleri sanamak däl, diňe adamlary belli bir guta salyp bolmaýanlygyny görkezmek.
Sosyalist däl men, ayal-erkegiň fiziki deňligini orta atar yaly...
Feminist däl men, aýallaryň hakyny aýal bolany üçin talap eder ýaly,
diňe statik pikirli adamlaryň käbir zatlara göz ýetirmegini isleýän, olaram bu gün ýetirmese ertir ýetirer...
157 |
43 |
13 |
13 |
0 |
0 |
2 |
Basmacy [off]
Biziň azap çekmedik zadymyz, biziňki däldir...
04.03.2026 / 21:00
+3
Biraz uzagraga boldy. Ondada okan bolarsyňyzda
Byrynjy gezek aýal-gyzlara neýtralny göz äýnekden seredip SYN ýazyp gördüm🙂
Minigim [off]
Lekum dinikum ve liye din
04.03.2026 / 21:56
+0
Iki plus basyp bolsadyda sul mowzuga
Minigim [off]
Lekum dinikum ve liye din
04.03.2026 / 21:57
+0
Ylaslasyan menem hemme sozleri abzaslary dogry yazylypdyr
Kapiro [off]
Allah diýene Allah ýetişer
04.03.2026 / 22:10
+4
Ähli ýaramaz zatlar Allatagaladan daşlaşmaklyk zerarly ýüze çykýar.Allaha ynanan,hasap gününe ynanan hiç ýaramazlyk etmez, tersine ýagdaýda ynsany erbetlikden näme saklar. Pygamberimiz saw "Jennete düşmek islän her bir ynsan Jennete düşer"—diýipdir. Sahabalar sorapdyr "Jennete düşmek islemeýänem barmy "—diýip. Pygambermiz saw " Hawa, Allahyň buýranyny etmeýän Jennete düşmek isleýän däldir" diýipdir. Zenanyň eşigini geýen erkek, erkegiň eşigi ýaly eşik geýen zenan dowzahy diýilýär welin soňky döwür jalbarly zenanlar köpeldi moda edip . Bir rowaýatda ýer şarynda ýaşap geçen her 1000 adamyň 999 sy dowzahy diýilýär, eý jemagat halka görä dälde Haka görä ýaşap Jennet gazanmagy isläň.
Mawy [off]
Dymmak iñ güýçli sesdir.
04.03.2026 / 23:43
+1
Şu her sapar gyzlaryñ mertebesini peseldip, namysyna dil ýetirýänlere "ahlaksyz ogluñyza namysyñ nàmedigini öwredip,dogry terbiýe beren bolsadyñyz, belki o gyzlaryñ buwagt namysyna dil yetirilmezdi" diýesim gelýädä. Uzyn edip ýazdym, soñam pozdym. Şu temany añy ösen, namys, abyraýa düşünýän her erkek okasyn, netije çykarsyn!
TäzejeVandenes (05.03.2026 / 00:13)
Mawy, uzyn etekli diýilýä olar ýalylara. Diňe ejiz adam ejizden görer öz günäsini.
Täzejekoshejik [off]
Maral zeýrendi
05.03.2026 / 00:10
+1
men erkek maňa ýokýan zat ýok diýä erkekler
erkek eshek her kim ozine bek bolmoly eken (diýä erkekler
Ýone men pikirimçede gyz-gelin nähili ozine çekjek bolsodo seretmeýän erkek kän ozin sho zatlara meýili bolmaly däl
Dogry aýtýaň
Meret90 [off]
05.03.2026 / 07:13
+1
Ruhy we Fiziki Päklik Ymanyň we Wyždanyň Synagy
Maşgala mukaddesligi diňe bir fiziki gyzlyk däl, eýsem ruhy päklikdir. Türkmençilikde "7 derýanyň suwuny içen" diýilýän, duýgularyny elden-ele geçiren adamyň, durmuşda täze birine berjek "gaýmagy" galmaýar. Eger geljekki ýaryňyzyň päk bolmagyny isleýän bolsaňyz, ilki bilen özüňiz başga biriniň ruhy we fiziki päkligine el degirmeli dälsiňiz.
Bu ýerde iň uly galkan — Ymandyr. Yman diňe bir ynanmak däl, eýsem haýa, uýat we özüňi saklamagy başarmakdyr. Ymany bek adam, "internetde dostluk" ýa-da "daşary ýurt erkinligi" bahanalaryna sygynyp, öz aslyny we wyždanyny hapalamaz.
Adamyň ýalňyş ýola girmegine diňe ene-ata däl, eýsem onuň öz erki we kellesizligi günäkärdir. Jenaýat edeniň özi jogap berşi ýaly, ahlak meselesinde-de her kim öz ymanynyň öňünde jogapkärdir. Ahlakly jemgyýet gurmak üçin diňe gyzlary däl, oglanlaryň hem yman süzgejinden geçmegi şertdir.
Tehnologiýa nähili össe-de, ynsan öz ymanyny gorap bilse, ruhy we fiziki päkligini hem saklap biler. Wyždanly oglan namysy gorar, ymanly gyz bolsa aslyny satmaz.
Meret90 [off]
05.03.2026 / 07:17
+1
Siziň makalaňyzda "Gyzlyk diňe fiziki däl, eýsem ahlak we ruhy mertebedir" diýen esasy fikir öňe sürülýär. Şol bir wagtyň özünde, ahlakly jemgyýeti gurmak üçin diňe aýallary däl, eýsem erkekleriň hem öz erkine eýe bolmagy zerurdyr.
Meret90 [off]
05.03.2026 / 07:18
+1
Siziň "Gyzlary Türkmenistanda türkmen oglanlary bozýar" diýen pikiriňiz, makalaňyzyň iň batyrgaý we adalatly ýeri. Köp wagt diňe gyzlary günäkärlemek aňsat, ýöne şol "purisatlygy" döredýän oglanlaryň hem ahlak jogapkärçiligi bar.
"Gyz gorkusy — ýigit namysy" diýen düşünjäni ýada salýar. Eger-de oglanlar öz geljekki maşgalasynyň päk bolmagyny isleýän bolsalar, onda başga biriniň geljekki maşgalasynyň päkligine hem göz dikmeli däldirler.
TäzejeVandenes [off]
05.03.2026 / 13:13
+2
Osal bolsaň asarlar, ýuwaş bolsaň basarlar, ortamiýana bolsaň il agasy ýasarlar.
Men näme üçin hemişe "hemme zatda balansy halaýan" diýýän, ine şuň üçin.
Orazjan [off]Obaly maýmynjyk
05.03.2026 / 22:15
+0
Alyň okaň, peýdalanyň ajy hakykaty. Bir ynsany dzetse bir peýda. Ýerine düşen mowzuk :dovolen:
TäzejeThe_Dikea [off]
05.03.2026 / 23:04
+0
Awtor mowzugyň hiç bir ýerinde gyzyň jogapkärçiligi barada agzap geçmändir, eýse bu zayaçylyk iki tarapyňam erksizligi netijesinde bolmaýarmy. Awtor mowzugy ýazanda diňe bir tarapdan seredipdir.
Biz nirik barýarys? Geldik düşmeli
Blin ýene näsazlykly ýazypdyryn, izwini. Mowzukdan çykyp gitdim bagyşlaň...dowamy...
ÖZIME NEKROLOG
Adamlaryň köpüsi ýaşaýşymyzyň many-mazmunyna nädogry düşünýär. Näme üçin ýaşaýarlar we näme gazanyp gitmeli, ömrüniň baş maksadynyň nämedigi hakd...dowamy...
Näme üçin erkin internet hiç kime gerekdäl?
Başga ýurtlarda üýtgeýändir, ýöne bizde ilatyň 50-60 % di internediň nämedignem bilenok dogrusy, sebäbi internet gymmat we gowy işlänok. Şul aýda...dowamy...