“❤️ Saýt ýene-de öz işine başlady ❤️”

Içeri gir Agza bol
M.Yurekdesh.Ru/ çatsöýerler üçin - biz bärde:)
Ýürekdeş sözler!
Belki : Göwnüñ göwnüme deň bolşy ýaly, ömrüñem ömrüme deñ bolsun, söýenim! #Belki

Forum | GÜRRÜŇDEŞLIK | Erkin mowzuklar

Kanun näme üçin gerek ?
 Öwreniji
 Kapiro [off]
 05.03.2026 / 09:30
 Allah diýene Allah ýetişer

Ýaşuly professor sapagyna girişmänkä studentlere birlaý göz gezdirdi. Onuň nazary ahyryn 2-nji hatarda oturan görmegeý gyz-da saklandy. Professor ol gyza ýüzlenip :
—2-nji hatarda oturan,gök köýnekli gyz siziň adyňyz kim ?
Ol gyz gülümsiräp:—Meniň adym Aleksis —diýdi. Professor oňa ýüzlenip:
—Aleksis, siz meniň sapagymdan gidiň, men gaýdyp seni hijem öz leksýalamda göresim gelenok.
Aleksis professoruň bu sözüne birhili bolup:
—Menä hiç zada düşünemok,ol näme üçin beýle ?—diýip soraýar.Professor oňa:
—Men 2 gezek gaýtalasym gelenok, zatlaryňy alda çykyber,sag bol—diýýär. Aleksise zatlaryny ýygnap çykaýmasa başga alaç galmaýar.
Professor ol gidensoň biraz iki gapdala ýöräp,studentlere sorag berýär:
—Hany siz maňa aýdyň, kanun näme üçin gerek ? Kanunlaryň nämä geregi bar ?
Studentleriň biri:
—Sosial düzgün üçin—diýýär. Professor sesini çykarmaýar.Başga biri:
—Her bir adamyň şahsy hukuguny goramak üçin—diýýär.Professor oňada zat diýmeýär.Ýene student gyzlaryň biri:
—Döwlete bil baglamak üçin kanunlar gerek diýýär. Ýöne professory ol jogap hem kanagatlandyrmandyr. Student oglanlaryň biri:
—Kanun adalat üçin gerek—diýýär. Professor bu jogaby aýdana:
—Sag bol, ine dogry jogap —diýýär—Hany siz aýdyň ýaňy men siziň kursdaşyňyzy bärden kowup adalatsyz boldummy ? —diýýär. Studentler başlaryny atyp onuň adalatsyz bolanyny bildirýärler. Professor olara:
—Hawa, men adalatsyz boldum, ýöne näme üçin siziň hijiňiz meniň bu herekedime garşy bolmadyňyz, meni bu işden saklamaga çalyşmadyňyz ? Näme üçin siz bu adalatsyzlygyň öňüni almaga synaşmadyňyz ?
Studentler sesini çykarmandyrlar. Professor:
—Häzirki gysga wagtda bolan ýagdaýy siz men 1000 sagat leksýa okadan bolsam hem ony özüňizde synap görmän,duýman oňat düşünmezdiňiz . Siziň meni saklajak bolmadygyňyzyň sebäbi ol ýagdaýyň hut siziň özüňize degişli däldigi boldy. Maňa näme, maňa zat diýenok diýdiňiz.Ýöne beýle düşünje siziňem, siziň ýaşaýan durmuşuňyzyňam hem peýdasyna däldir. Siz adalatsyzlyk maňa degişli däl, men näme üçin oňa goşulaýyn diýdiňiz.
Meniň siziň aňyňyza guýmak isleýän zadym, eger siz adalatyň tarapynda bolup ony goldamasaňyz, irde-giçde sizem adalatsyzlyk bilen ýüzbe-ýüz bolarsyňyz we şonda sizi hem goldajak adam ýanyňyzda tapylmaz.

Rusça wideodan şahsy terjime.


154

31

4

9

1

0

1
Teswirler:
 Täzeje
 Bezzat [off]
  soyguli.unaux.com
 06.03.2026 / 14:15

+1

Men bola

 Premium
 Orazjan [off]
  Sapby soranjaň
 06.03.2026 / 18:11

+1

Adalata gurban, adalat hakda ýazanada gurban. Köpsagbol


Öwreniji
Kapiro  (06.03.2026 / 21:27) 

Orazjan, Özüňede sag bol dost !

 Özümiziňki
 Basmacy [off]
  Biziň azap çekmedik zadymyz, biziňki däldir...
 07.03.2026 / 05:49

+1

Öz hukugymy ýeterlikçe gorap bilsemem ullakan mesele meniň üçin. Başgalaryňka goşulmak beýlede dursyn.

Emri-maruf edip bilerin adamyň özüne, eger endýän işi maňa we köpçülige ýaramasa... Ýöne hukugyna goşulmak, känbir biziň "gurluşymyzda" riskliräk...

Umuman, halkara derejesindäki prinsipler biziň döwletimizde ýöremeýän ýaly. Şonuň üçin men daşary ýurt eserlerini okamagy taşladym. Birhilek bize ýat düşünjeler. Biziň günlik terzimize birjigem gabat gelenok. Meselem: adam gatnaşyklary, (öz aýdyşyňyz ýaly) hukuk meselesi, we başgada global meseleler...
Birhilek , ýer şaryndan bölünip çykan ýalak bolup ýörüs. Özbaşymyza.

Gynandyryjy, ýöne aýdylmaly zat...


Öwreniji
Kapiro  (07.03.2026 / 07:32) 

Basmacy, Sada halk hukuk goraýjy adamlar näme etseler bolýandyr öýdüp düşünýär, olar hem mundan peýdalanýarlar. Aslynda kanun halkyň arasynda adalatlygy goramaly, ýöne eline emel ýetenler diňe öz bähbitlerini goraýarlar.

Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

Meniň şansym nola deň


Iňlisçe adyňy aýtmany başarýaňmy özi sen...dowamy...
Erkin mowzuklar | Meniň şansym nola deň
Outlier (Şugün, 08:45)

Meniň şansym nola deň


Men bolsa hiç ýerde tanymal adam däl. Onsoň Men näme edenimde BMG guramasynyň sekretary bolup bilerin. Bu mümkin däl. Diňe amatly pursat men tara...dowamy...
Erkin mowzuklar | Meniň şansym nola deň
masterdollar (Düýn, 09:08)

Meniň şansym nola deň


Görşüňiz ýaly indiki kanditatlar tanymal wezipeli adamlar. Üstesine olaryň hemmesi diýen ýaly öz ýurtlarynda ýokary wezipeleri eýelän kanditatlar...dowamy...
Erkin mowzuklar | Meniň şansym nola deň
masterdollar (Düýn, 09:05)

2026. Pagtaçy gyz pagta şu geýim bilen çykar


herkim näme ekesi gelse eksin ana şondan gowysy ýok...dowamy...

Bagyt.


Bagyt my ýa, bagt?...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Bagyt.
Mizan (30.07.2026 / 10:39)

Men seni küýsedim aýazly gyşda, Ýaz bilen deñ güllemegñi isledim.


Küýsäpbörmän öýlemmeldä how...dowamy...

Bagyt.


Awtory Aşyr Hanow....dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Bagyt.
Belki (28.07.2026 / 16:55)

2026. Pagtaçy gyz pagta şu geýim bilen çykar


Biziň ýurdumyzda pagta öndürilýar , ýöne pagtany Hytaýdan import edýänimizi bilýärdiňizmi ? Sebäbi Hytaýdan import edenimiz arzan düşýar. Ýene...dowamy...

Hudaýsyzlar 9-njy bölüm


yzyny yazarsynda...dowamy...
Erkin mowzuklar | Hudaýsyzlar 9-njy bölüm
SerdarG (26.07.2026 / 13:40)

Men seni küýsedim aýazly gyşda, Ýaz bilen deñ güllemegñi isledim.


Erbedem bolmapdyr. Nace yasynda sen?...dowamy...
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2025

By We-Pro -->