“❤️ Saýt ýene-de öz işine başlady ❤️”

Içeri gir Agza bol
M.Yurekdesh.ru - 👉 Tanyşlyk Chat 👈
💥New chat..🗨 - üstünden basyp çata girip bilersiňiz:)
Ýürekdeş sözler!
Gerceknazar : Müňlerçe goşgular ýazandan eger, Ýekeje goşgy hem baryna deger. @Gerçeknazar

Forum | GÜRRÜŇDEŞLIK | Erkin mowzuklar

Gyzlary aslynda kim bozýar?
 Täzeje
 Categras [off]
 Şugün, 17:11

Salawmaleýkim märeke!

Basmaçy nikli agza mowzuk açypdyr. Şol mowzuk barada iki kelam etmekçi. Köp zady mamla aýdypdyr, makullaýaryn. Ýöne hemme zadyň anygyna ýetmek ýa-da hemme zatdan habardan bolmak mümkin däl. Şol sebäpden käbir bärdengaýtma garaýyşlary we dogry hasaplanan käbir ýalňyş zatlary şu mowzukda bellemek isleýärin. Biraz uzagrak bolandyr. Mowzukda "anyk faktlar görkeziň" diýipdir. Menem bu sözüni goldaýaryn we kabul edýärin.

"Adama gezýän, ýaşayan yerine, jynsyna, tiresine görä däl-de aňyna we häsiýetine görä baha bersinler".

Beýle kesgitli zat bardyr öýdemok. Käbir zatlar, şol aýratynlyklaryň netijesinde emele gelýär. Adam, ýaşaýan ýerine, ýaşaýan ýeri-de adama täsir edýär. Mysal üçin, Amerikada bikanun işleri köp edýänler, başbozarlyk, bethalyk edýänler gara tenli kişiler eken. Gara tenli kişileriň jenaýatçylykly zada baş goşmagy bilen, ak tenli kişileriň baş goşmagy deň däldir. Gara tenli kişileriňki has kändir. Bize ýakyn hasaplanýan bir ýurtdan mysal alalyň. Türkiýede "tas kafalı saç modeli" diýip atlandyrylýan saç stili bar. Bozgakçylyk edýänler, köçelerde halka azar berýänler, pyçakly uruşlara goşulýanlar we adam öldürýänler köplenç şol saç stilli erkekleriň arasyndan çykýar. Şol sebäpden käbir kişiler isleseler hem saçyny şol görnüşde aldyrmaýan ekenler. Käbir adamlar, ýolda şeýle saçly kişiler öňünden çykanda sowlup gyraky köçeden geçýär ekenler. Elbetde häsiýete seretmeli, ýöne käbir zatlaryňam häsiýetimizi emele getirýändigini unutmaly däldir.
Internet barada bolsa dogry zatlary belläp geçipdir. Internet diýilýän zat, ulanylmaz ýaly zyýanly zat däl. Zyýany bardyr, ýöne zyýany bolsa-da adamy düýpgöter haramçylyga baş goşdurjak güýji ýokdur.

"Esasy zat bolsa internete girmeýän gyzyň asyllydygny aýdyp umumylaşdyrmak hem nädogry".

Hak aýdypdyr. Haýsy bir adam özüni has hoşgylykly, ahlakly görkezjek bolýan bolsa şol ýerde bir ýetmezçilik bardyr. Sebäbi hakyky ahlakly adam, özüniň ahlaklydygyny subut etjek bolmaz. Şu wagta çenli gazanan tejribäme daýanyp size şuny aýdyp biljek, ýagny internete girmeýän (has dogrusy, girmedik bolup görünýän) gyzlar, hökman käbir hakykatlary gizleýärler. Bu gyzlar aslynda beýle ýagşy häsiýetlere eýe däl. Şol sebäpli özlerini, jemgyýetde kabul edilýän we gowy hasaplanýan käbir aýratynlyklara eýe ýaly görkezjek bolýarlar. Kim özüni ahlakly görkezjek bolýan bolsa, ilkinji nobatda oňa şübhe bilen garamak gerek. Bir adamda hiç kemçilik ýok ýaly bolsa, iň uly kemçilik şol adamda bardyr. Sebäbi kemçiliksiz adam ýokdur.

"Eger erkekleriň erbet gyza gitmegi dogry zat bolsa, ayallaryňam erbetligi etmegi şo dereje dogry diyip hasap etmeli. Ýöne bularyň ikisem deň derejede nädogry.
eger hiç bir erbet erkek bolmasa erbet aýal hem bolmaz. Müşderi bolmasa dükan açylmaz-a?!"


Aşa dogruçyl bolup, hemme zadyň iň gowusyna, ýagny idealyna garaşmak, hyýalbentlikden başga zat däl bolsa gerek. Aýal bilen erkegiň arasyndaky bu alyş-çalyş meselesi taryhyň irki döwürlerinden bäri dyngysyz dowam edip gelýän gatnaşykdyr. Bu ýagdaýyň ýitip ýok bolmagyna garaşmak ýa-da adamlaryň beýle zatlara meýil etmegine garşy durmak gaýta ters netije döredýär. Sebäbi ýok ediljek bolýan duýgular ir-u-giç ýüze çykyp, has joşgunly, güýçli we ýiti ýagdaýa öwrülýär. (Serediň: Päkistan, Owganystan, Eýran). 
"Hiç erbet erkek bolmasa, erbet aýalam bolmaz" diýmek, bu meselä ýalňyş tarapdan seretmekdir. Sebäbi erbetligiň jynsyýet bilen dahylly ýeri azdyr. Belki, erbet adam bilen gowy adam bardyr. Olaram gaty kesgitli zatlar däldir. Sebäbi "gowy" we "erbet" diýip atlandyrylýan adalgalar üýtgeýji, subýektiw häsiýete eýedir. Bu adalgalaryň ählisini öz içinde jemleýän adalat adalgasyna-da, diňe bir hadysanyň esasynda müňlerçe many berip, netije çykaryp bolar.
Garaz, men bu zatlar gerek ýa-da gerek däl diýemok. Biz haýsy ýoly saýlasak-da bu zatlaryň soňy gelmeýär diýýärin.

"Bir erbet ýola, häli gapysy açylmanka bir oglany zorlap açdyryp girmeýär. Oglan aldaýar, gapysyny açýar we gyzy açyk gapysy bilen ortada goýsa erbet ýola girme ähtimaly örän belentlige galýar. Şol ýerde, bozulan gyzdan has köp bozan oglan günäli".

Indi gürrüňiň iň gyzykly ýerine ýetdik. Bir adam hiç haçanam başga bir adamyň täsiri bilen düýpgöter üýtgäp, başga häsiýetli bir adama öwrülmeýär. Bu ýerde daşky faktorlardan ötri, öz içki erki rol oýnaýar. Adamlar başga adamlaryň sözleri sebäpli üýtgemeýär. Elbetde pikirleri, dünýägaraýşy, hereketleri üýtgäp biler. Ýöne ynsanyň şahsyýeti, ýagny ony şol adam edýän häsiýeti bolsa üýtgemeýär. Ol çagalykda kemala gelýän zat. Hatda güýç hem adamy üýtgetmeýär. Güýç, aslynda diňe şahsyýetiň gapysyny açýan bir açar hökmünde rol oýnaýar. Pul hem muňa degişlidir. Sebäbi pul diýmek – güýç diýmekdir. Ýagny pul hem adamy üýtgetmeýär. Bu barada ençe ylmy derňewler bar.
(Guinote, A. (2017). How power affects people: Activating, wanting, and goal seeking. Annual Review of Psychology, 68, 353-381).
Eger bir adam başga adamlara kömek etmegi halaýan bolsa, güýçlenen mahaly has-da köp kömek edýär. Eger ulumsy bolsa has-da ulumsy bolýar. Şol sebäpli biriniň hakyky ýüzüni ýokary wezipeli wagty görüp bolýar. Diýmek, başga adamlar, başga garaýyşlar bilen duýgular adamy üýtgetmeýär, diňe onuň öz bolşy ýaly hereket etmegine kömek edýär. Şol sebäpli gyz ýa-da oglan bir zat edýän bolsa, özi şolar ýaly bolandygy üçin edýändir. Başgalaryň gepine gidip erbet ýola düşen däldir, aslynda özi şol zatlara içinden meýil edýändir. Başga bir adam diňe şol meýili ýüze çykarýar. Mysal üçin, erkeklerde-de içip, serhoş bolup ýa-da neşe serişdelerini ulanyp bahanalar gözleýän kändir. Içip lül bolsa-da: "äý dost, durmuş adalatsyzlaý" diýýär. Eger bir adam hakykatdan hem durmuşdan nalaýan bolsa ýa-da bir sebäbe esaslanýan bolsa käwagt içer. Köpüsi şony hem etmez. Ýöne mydama içip ýören biri bolsa, onuň häsiýeti şoňa ýakyndyr. Unutmaň, başgalaryny günäkärlemek aňsatdyr. Erbet zat edeňde iň aňsat ýol – başgalaryny günäkärläp özüňi akja jüýje görkezmekdir. Dogumly adamlar bolsa ilki günäni özünde gözleýär. Şol ot näçe janyny ýaksa-da, ony ilki özüne basýar. 
Gowy gyzlaryň töweregi näçe erbetlikden dolup ýatsa-da ýa-da erbet adamlar ony näçe ýoldan çykarjak bolsa-da ýoldan çykmazlar. Emma erbet häsiýetli gyzlar, sähel ýüz bereňde-de etjek zadyny edip goýbererler. Ony ne sen saklap bilersiň, ne men, ne-de bu tebigat. Sebäbi iki tapawutly gyzyň hem häsiýeti bellidir. Muňa garşy çykýanlaryň ulanýan käbir argumentleri bar: "Belki ol gyz gowudyr, ýöne bir erkek ony her edip, hesip edip aldandyr. Sebäbi adamyň ynamyny gazanmak mümkindir". Ýöne bu ýerde iki sany möhüm zady bilmelidiris.
Birinjiden, gyzlar (has dogrusy adamlar) edýän zatlaryny bilip edýärler. Bu bir ýalňyşlyk däldir. Sebäbi ýalňyşlyk köplenç pursatlaýyn bolup geçýär. Gyz bilen oglanyň başdan geçirýän zatlary bolsa uzak wagty öz içine alýar. Bu wagtyň içinde ilki islegler, pikirler, kabul edişlik, soňam gürrüňdeşlik, taýynlyk we ýene ençe zat ýatyr. Şunça wagt, ýalňyşlykdan habardar bolmak üçin ýetýär hem artýar.
Ikinjiden, gyzyň hem islegi bar. Näme üçin jynsy gatnaşyk diňe erkegiň isleýän ýa-da peýda gazanýan zady ýaly görkezilýär? Gyzyň erki, ygtyýary ýokmy? Mowzugy ýazan awtor gyzlary ygtyýarsyz, jogapkärsiz we ýönekeý jandarlar hökmünde görýän ýaly bolup dur. Ýa biz, gyzlar gaty agzysary, iş başarmaýan we gögele bolandygy üçin olaryň kararlarynyň bir ähmiýeti ýok diýip hasaplalymy? Bu ýerde gyzyň hem öz karary bar ahyryn. Gyzyň hem islegi bar. Gyzyň hem erk-islegi bilen ýörite bilip eden işi bar. Diýmek, bu ýerde günäli ýok. Iki adamyň ylalaşyp eden işi bar. Soň şol işden puşman bolmak bir adamy günäli görkezmeýär. "Meni erbet ýola saldy", "meni aldady" diýmegiň hiç ähmiýeti ýokdur. Sebäbi seniňem islegiň bar. Etmeli däl ekeniň. Kim saňa et diýdi? Eger-de zorluk, haýbat atmak we gorkuzyp bir işi etdirmek ýaly elhenç zatlar ýok bolsa, hiç hili mesele-de ýokdur. Eger käbir wadalar berlip, olar hem ýerine ýetirilmedik ýagdaýynda, muny ahlak kadalaryna ters hasaplarys. Ýöne bu ýagdaý ol wadalara ynanyp öz teniňi bermegiňi mamla görkezmeýär. Näme üçin saňa wada berildi diýip iň uly şahsy zadyňy paýlaşýarsyň? Islemeýän zadyňy näme üçin edýärsiň? Bu hadysanyň diňe gury wadanyň esasynda amal edilmeýändigini bilmejek derejede akmakmyň?
Şu zatlary ýazsam-da, hakykatdanam ýalňyşyp puşman bolan, üstesine niýeti-de gowy bolan gyzlaryň bardygyny belläp geçeýin. Ýöne olaryň sany gaty azdyr. Eger hakykatdanam özüniň ýalňyşyna, hatda akmaklygyna düşünip, çyndan puşman bolsa, ol oglany göni şol wagtyň özünde durmuşyndan çykaryp, gaýdyp bu zatlary etmejek bolar. Hakykatdanam ýalňyşandygy üçin, täze gatnaşyga başlanda halaşýanyna bu zady arkaýyn aýdar. Ol zady gizläp, bir adamyň duýgulary bilen oýnamaz. Ýöne ýene ýatladýaryn, bularyň sany biçak az. Biz bulary köp diýip pikir edýäris. Onsuzam gyzyň ynamyna girip, ony bir zat etmäge höweslendirmek gaty kyndyr. Beýle aňsat bolsa, köp kişi pul çykaryp ýörmän ederdi. Ýöne köp oglan heniz gürleşmäge gyz tapmakda-da kynçylyk çekýär. Durmuş bize düýbünden başga zat görkezýär. Garaz, aglabasy bu zatlary bilip edýärler. Soňam näme etjeklerini bilmän, başga adama günä ýöňkemek aňsat bolany üçin "ana şol etdi" diýip goýberýärler. Beýle ýagdaýlarda hakykat çuň ýerde gizlenýär. Köp oglan bolsa ol hakykaty gözlemän, bu aldawlara tiz ynanýar.
Köp gyz bu zatlary saklajak bolup hem azara galanok. Sebäbi döwür şeýlebir üýtgedi welin, bu garaýyşlaryň ähmiýeti we güýji azaldy. Şol sebäpden bir gyz elmydama keýpi-sapa edip ýaşasa-da, hökman özi bilen durmuş gurjak birini tapar. Garaz sözüň soňuna ýetsek: az günäli ýa-da köp günäli diýip zat ýokdur.

"Hemmä belli gyzlaryň has ynanjandygy, nämä gerek bu ejiz nokady ulanyp soňam öýüňe baryp gyz jigiňi, gyzyňy gabap saklamak?".

Ýene-de doly anygyna ýetilmedik meşhur bir gürrüň. Gyzlaryň erkeklerden has ynanjaňdygyny nädip ýa-da nämä esaslanyp aýdýarsyň? Beýle zat nirede bar? Hatda, aslynda munuň göni tersidir. Bir ylmy barlaga görä, erkekler çalt aşyk bolýar ekenler.
(Rubin, Z., Peplau, L. A., & Hill, C. T. (1981). Loving and Leaving: Sex Differences in Romantic Attachments. Sex Roles, 7(8), 821–835).
Ýagny erkekler aýallara görä has çalt ynanýarlar we birine aşyk bolup, çalt bil baglaýarlar. Biraz oýlanyp gören adam hem durmuşda beýle zadyň kän ýokdugyny aňyp biler. Meselem, gyzlar ilki synlaýarlar, pikirlenýärler we oýlanýarlar. Kellesinde "bu oglan maňa seredip bilermi", "geljekde maňa gowy är bolup, çagalaryma seredip bilermi" diýen ýaly pikirler aýlanýar. Käbirleri muny bilmän (instinktiw) edýärler. Şol sebäpden bir gyza iki süýji söz aýdyp, doly ynamyna girmek mümkin däldir. Gaýta "ýok" jogabyny almagyň gaty mümkindir. Muny ret edilip gören oglanlar gowy bilýän bolsa gerek. Şol sebäpli erkekler edil öňki ýaly awçylyk häsiýetine eýe däl we ilkinji ädimi ätmeýärler.

Gyzlyk barada aýdan zatlaryny dogry diýip hasaplaýaryn. Ýöne şu sözlemi barada bir zat aýtmaly:
"Eger öýlenjek gyzyňyzyň fiziki hem ruhy taýdan gyz bolmagyny isleýän bolsaňyz, onda internetde öňüňizden çykan gyz bilen kilçilleşip, ruhy taýdan gaýmagyny pozman, gündelik durmuşda-da fiziki taýdan gaýmagyny ellemäň".
Ýaňam belläp geçdik. Muny köp oglan başarmaýar, köpüsi-de beýle zatlar etmeýär. Göýä erkekleriň gaty köp bölegi bu zatlary edýän ýaly gürlemek ýalňyş gürlemekdir. Muny diňe az sanly oglan, kilçilleşmegi halaýan gyzlar bilen edýärler. Eger-de sen, beýle zatlary islemeýän birine şeýdip ýazyp görseň, bir sagat geçmän gara sanawda ýeriňi alarsyň we gaýdyp çykmarsyň. Beýle zat etmek üçin diňe erkekler gyz gözlänok, şol gyzlar hem şeýle erkekleri gözläp tapýarlar. Ýagny ikisem şeýle häsiýetlidir.

"Gyzlarymyzyň bozulmagyna belli bir derejede gaty gynanýan. Ýöne daşary yurtda bozulýan ya-da bozulyp biljek gyzlary  Türkmenistanda türkmen oglanlary bozýar".

Hemme ýazan zatlarynyň içinde iň biderek we nädogry sözlem şu bolsa gerek. Bu tüýs agza gelenini otlamak bolupdyr. Ýöne muňa-da başda jogaplarymy ýazdym, gaýtalap durmaýyn. Ýöne gysgaça aýtsak, diňe bozuljak gyzlary bozýarlar. "Türkmenistandaky türkmen oglanlary" diýýänem, aslynda beýle kän kişi däl. Daşary ýurda gidip bozulýan kişi dagy bahana gözläbem oturmaly däl ahyryn. Diýmek bärde, ýagny Türkmenistanda mümkinçilik we pursat tapmandyr. Daşary ýurda gidip erkinligini ulanyp, etmek isleýän zatlaryny edipdir. Daşary ýurtda bozulan bir gyz üçin bu ýerdäki türkmen ýigitlerini günäli hasaplamak, megerem bahyllykdan başga zat däldir.
Bu mowzugy ýazandygy üçin oňa sagbolsyn aýdýaryn. Mowzukda awtoryň iki sany uly kemçiligi bar. Birinjisi, bu zatlaryň ikitaraplaýyn bolýandygyny bilmän diňe erkekleri ýazgarypdyr. Ikinjisem gyzlary hatasyz we melek hasaplaýan garaýyşa eýeripdir. Onda men gyzlaryň hem edýän käbir zatlaryny sanap geçeýin:
1. Käbiri diňe pul üçin bir sany ýa-da ondan köp oglan bilen gürleşip, hemmesiniň arassa duýgusy bilen oýnaýarlar.
2. Köpüsi ýaşlygynda ençeme kişi bilen köp zady başdan geçirip, çykmaly wagty bolanda-da ahlakly roly oýnap birine barýarlar.
3. Ýörite erbet, betha we biwaz erkekleri saýlap, olar üçin däli-porhan bolýarlar. Ýöne hoşniýetli, edepli we salyhatly erkekleri sylamaýarlar. Sögende eje-bajy goýmaýan we ikilik edip, it gününi görkezýän kişilere müň pursat berip, özüni hakykatdan hem söýjek kişilere ýekeje-de pursat bermedik bolýarlar. Iň erbedi bolsa, namarda müň şans berip terk edilende, günäkärlenýän kişiler ýene arassa kişiler bolýarlar.

Ine bular, hakykatdanam ýokardaky "gyzlary bozýan erkeklerden" 50 esse has kändir. Meniň pikirimçe bulara "7 derýanyň suwuny içen" diýýärler.

Okanyňyz üçin sagbolyň!


18

9

1

3

0

0

0
Teswirler:
 Özümiziňki
 Minigim [4s]
  Lekum dinikum ve liye din
 Şugün, 20:34

+0

. Unutmaň, başgalaryny günäkärlemek aňsatdyr. Erbet zat edeňde iň aňsat ýol – başgalaryny günäkärläp özüňi akja jüýje görkezmekdir

Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

Gyzlary aslynda kim bozýar?


. Unutmaň, başgalaryny günäkärlemek aňsatdyr. Erbet zat edeňde iň aňsat ýol – başgalaryny günäkärläp özüňi akja jüýje görkezmekdir...dowamy...

Gyzlar bagtly boluň!


Ilkinji gezek i.i tarapyndan gutlanýan, täsin duýgy... Sagboluñ))...dowamy...
Erkin mowzuklar | Gyzlar bagtly boluň!
Mawy (Şugün, 17:22)

Gyzlar bagtly boluň!


Iskusstwenny intelkt ýazyp berdi...dowamy...
Erkin mowzuklar | Gyzlar bagtly boluň!
Mishel (Şugün, 14:46)

Iskusstwenny intellekt bilen ikinji gepleşik


Wizzz...dowamy...

Iskusstwenny intellekt bilen ikinji gepleşik


😁😅 blin...dowamy...

Bu pagtadan millioner bol


Seň ekýän ýeriň hökümetiňki. näme berse şony ekersiň, we şoňada tawşyrarsyň. bolany. artykmaç hereket ýok......dowamy...

Kanun näme üçin gerek ?


Öz hukugymy ýeterlikçe gorap bilsemem ullakan mesele meniň üçin. Başgalaryňka goşulmak beýlede dursyn. Emri-maruf edip bilerin adamyň özüne, ege...dowamy...

Kanun näme üçin gerek ?


Adalatada, kanunada gowy düşünilýär, ýöne adamda gorky barda....dowamy...

Kanun näme üçin gerek ?


Adalata gurban, adalat hakda ýazanada gurban. Köpsagbol...dowamy...

GÜLLER


Güli söýüň, güle meňzeş bolarsyňyz...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | GÜLLER
Orazjan (Düýn, 18:05)
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2025

By We-Pro -->