“❤️ Saýt ýene-de öz işine başlady ❤️”

Içeri gir Agza bol
M.Yurekdesh.Ru/ çatsöýerler üçin - biz bärde:)
Ýürekdeş sözler!
Maksat : Balyk kellesinden porsar.

Forum | GÜRRÜŇDEŞLIK | Erkin mowzuklar

Fitnes. 2020
 Özümiziňki
 Basmacy [off]
 10.03.2026 / 05:53
 Biziň azap çekmedik zadymyz, biziňki däldir...

Ýadyma düşýär. 2020-nji ýylda karantin başlanypdy. Käbir medeni köpçülikleýin ýerler ýapylypdy. Ýapyk zat, syrly zatlar adamy köp özüne çekiji bolýar, gyzykly bolýar diýişi ýaly meniňem fitnese gatnasym geldi. (Ýogsa açyk mahaly gitmedim).
Şäherde belli-belli 1-2 sany özüne göwni ýetýän fitnes zallar açykdy, başgalary ýapyk. Men şol 2 açygyň birine bardym. Nireligini aýtjak däl (aýtmaýanymy ahyrynda bilersiňiz).

Öňler muny halamasaň beýlekisine baryp bilýädiň, ony gymmat görseň, başgasyna gidip bilýädiň. Tembole bäsdeşler ýok, hemme ýer karantin, ýapyk. Biziňkilerem özüňiz bilýäňiz, beýle pursady elden gidirjeklermi?! Öň 200-250 manada bir aýlyk gatnap bolýan ýer, 450 manada galdyrypdyr:
Trenersiz - 450
Trenerli - 550

Owarram diýip, zalyň başyndan girdim. Göni girelgede "şundan aňryk meň razylygymsyz geçmek bolonok" diýýän ýaly bir kaçok oturan ekeni. Tüýs el bilen suratda çekilen ýaly. Figura ýasap bilipdir. Ýogyn gollar, boýunlar. Her egninde bir guzuly tokly oturubermeli. Kelläme birinji gelen zat, derman bilen içi gyzardylan garpyz göz öňüme geldi.

Beýle göwräni saklamak üçin elbetde gowja pitanyada gerek, belki men obet mahaly bardymmy nämemi, ýarty çörek döneri ýaňy dişlän ekeni... symyşlap otyr.

Meň duran ýerimden zalyň içi az-kem görünýär. 10-15 sany adam gezip ýör. Bedenini güjeňläp ýören gyzlaram bar.

Men başda degişmek isledim.. adam-a deginip görmek endigim bard-a, nädeýin...)

- Bratok gowy teklibim bar
- (gözi bilen) aýdyber diýen ýalak etdi, sebäbi agzynda çörek bar
- şu zalyň içinde kimiň özüne göwni ýetýän bolsa, şonuň bilen otžimanya etmekde ýaryşjak, kim ýeňse bir aýlyk trenažor zalyň puluny töläp bermeli...?! Nähili görýäň

.. maňa boýdan başa seretdi. Göwni ýetmedi. Aňyp duryn. Sebäbi meň bolşum basseyka suwa düşmäne gelene meňzeýädi (Aýagymda şypbyk, arkamda eleşan rugzak), hiç hili sportsmenlik alamatym ýok...

- otžimanya edişesiň gelýämi?
- hawa, a näme?
- saňa gerek oglanlar agşam geler, gündiz kän adam bolonok körpe!
- A sen näme? (Içýakgyç ýylgyrdym)
.. ol menden beter ýaňsyly güldi.

- özüňe göwnüň ýetýärow hää?
- hawa, ýitirýän zadymyz ýok, barlap göräýeli.. ýöne bir şertim bar, zalyň içinde ýaryşýas, hemmeler görsün (şeýdip gižželesem razy etjegimi bildim).. aýdyşym ýalagam boldy. Razylaşdy.

Hemme kişä yglan etdim. Hemmäni üýşürdim. Şaýat boluň. Sanap duryň diýdim.

Diýsemem diýdim welin, özümem çekinýän. Pul owarram, ýeňilseň bermeli bolar. Otžimanýada özüme göwnüm ýetýänem bolsa, garşymdaka-da beletçiligim ýok. Meň arkaýyn aýtmagymyň sebäbi, bular ýaly dermana çişirilen göwreler uzak herekete ýaramaýanyny bilýärdim... Bularda güýç bar, emma dowamlylyk bolmaýar. Dykyz bedene howa ýetmän, damarlary gysylýada ysgyndan gaçyp başlaýar... beýle göwreliler bodubildingler ýaly bir gezekde 200-250 kg ştangany götermäne ökde bolýar...

Meniň ýene bir utan tarapym, garşymdakyny birinji başlamana mejbur etdim. Ikimizem şert goýduk. Towşan bökýän ýaly çalt-çaltdan elleriň ýokaryk doly açylman, döşüň hem ýere golaýlaman gaýtsa hasap däl. Talabalaýyk bolmaly.

Kikirdeşýän gyzlara özüni görkezesi geldimi, ýa maňa çyndanam göwni ýetmedimi otžimanya etmäne başlady... Üýşüp sesli sanadyk.

Ýeňil gopýar. 30, 40, 50, 60... 60-a ýetende men biraz ýaýdandym. 60-a baryp bilýän bolsa maňada aňsat düşmez.. meňem adam-a göwnüm ýetmäm galjak däl, 50 den geçmez öýdýärdim..
Garaz, 70-de haýallady, 85-de polny eredi... özüne gyra oklady, 2-3 min asmana seredip ýatdy haşylap...
Özüne gelensoň men aýtdym:
- eger häzir 86 sapar edip bilsemem utdygymdyr seni, diýdim...
- hawa, diýdi.

Taýynlyk gördüm. 7-8 min razminka etdim (Ine buda meniň 3nji utan tarapym).. ol razminka etmändi.

Başladym. 50-de haýalladym, 60-da demim gysdy, 70-den soň gözüm garaňkylap başlady.. özüm paşyrdap, özüm ejizlesemem birhili... 80-den soň elimde ysgyn galmady. Owarram edip taşlaýjagam boldum. Saglygym götermän başlady.. onda-da dişim gysyp galan 8-ni nädip alanymy bilemok, 88-e ýetirip özüm ýere okladym. Ellerim 5 minutlap sandyrap durdy. Şol ezilen ýagdaýda ýatyrkamam, kaçogyň ýüzüne seredip ýylgyrmana güýç tapdym..))


Umuman, bu wakany gürrüň bermegimden esasy maksat; gaýtjak mahalym, ýaňky kaçok elimi gysyp birje söz aýtdy:
- bir aý däl, 5 aý mugt gatna, oňa gynanamok. Ýekeje gynanýan zadym, meni şu ýerde özüne halypa, trener hasaplap ýörenler bardy, şolaň öňünde ýüzigara bolanyma ökünýän diýdi.

Çyndanam men oňa gapyda oturan ohrana ýa-da şol ýeriniň eýesidir öýtdim. Asyl ol gelýänleriň köpüsine trenerlik hem edýän ekeni...

20 gün gatnandyryn ýa-da gatnan däldirin, otaýsynam taşladym.

Geçeý aý şol fitnes zala ýolum düşdi, barsam ol kaçok ýok ekeni... asly Balkanly bolonsoň, Balkana göçüp gidipdir. Aňyrda trenažor açypdyr diýdiler.

Täze işgärlerede içýakgyç teklibimi edesim geldi welin, özüme göwnüm ýetmedi.))


127

33

2

4

0

0

1
Teswirler:
 Täzeje
 Yunus [off]
  Her täze köneler,her diri öler, emma...
 10.03.2026 / 06:34

+0

Malades!

 Premium
 Orazjan [off]
  Sapby soranjaň
 10.03.2026 / 09:12

+0

50 liden geçip görmedim otjimaniýada

Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

Meniň şansym nola deň


Iňlisçe adyňy aýtmany başarýaňmy özi sen...dowamy...
Erkin mowzuklar | Meniň şansym nola deň
Outlier (Şugün, 08:45)

Meniň şansym nola deň


Men bolsa hiç ýerde tanymal adam däl. Onsoň Men näme edenimde BMG guramasynyň sekretary bolup bilerin. Bu mümkin däl. Diňe amatly pursat men tara...dowamy...
Erkin mowzuklar | Meniň şansym nola deň
masterdollar (Düýn, 09:08)

Meniň şansym nola deň


Görşüňiz ýaly indiki kanditatlar tanymal wezipeli adamlar. Üstesine olaryň hemmesi diýen ýaly öz ýurtlarynda ýokary wezipeleri eýelän kanditatlar...dowamy...
Erkin mowzuklar | Meniň şansym nola deň
masterdollar (Düýn, 09:05)

2026. Pagtaçy gyz pagta şu geýim bilen çykar


herkim näme ekesi gelse eksin ana şondan gowysy ýok...dowamy...

Bagyt.


Bagyt my ýa, bagt?...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Bagyt.
Mizan (30.07.2026 / 10:39)

Men seni küýsedim aýazly gyşda, Ýaz bilen deñ güllemegñi isledim.


Küýsäpbörmän öýlemmeldä how...dowamy...

Bagyt.


Awtory Aşyr Hanow....dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Bagyt.
Belki (28.07.2026 / 16:55)

2026. Pagtaçy gyz pagta şu geýim bilen çykar


Biziň ýurdumyzda pagta öndürilýar , ýöne pagtany Hytaýdan import edýänimizi bilýärdiňizmi ? Sebäbi Hytaýdan import edenimiz arzan düşýar. Ýene...dowamy...

Hudaýsyzlar 9-njy bölüm


yzyny yazarsynda...dowamy...
Erkin mowzuklar | Hudaýsyzlar 9-njy bölüm
SerdarG (26.07.2026 / 13:40)

Men seni küýsedim aýazly gyşda, Ýaz bilen deñ güllemegñi isledim.


Erbedem bolmapdyr. Nace yasynda sen?...dowamy...
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2025

By We-Pro -->