Ýürekdeş sözler!
Nowruzda ýagan ak garlar soñy
TäzejeAgza [off]
Şugün, 17:41
Serdar gelni Maýany paýtagta getirip iň gowy hassahana ýerleşdirdi. Bir-iki hepdeden Maýanyň ýagdaýy hasda gowulaşdy, ol diňe öz telefonyny soraýardy Serdar bolsa öwran öwran onuň telefonyny heläkçilik bolan ýerden tapylmandygyny aýtdy. Wraç erte birgünde öýe goýberjegini aýdanda Serdar pikirlendi uzak wagt sesiz Maýanyň ýüzüne seretdi hem-de näme üçin onuň beýle edendigine düşünjek boldy we-
Maýa kakaňa jaň et goý ol seni hassahanadan öýüňize alyp gitsin
Näme men öz öýümize gidemokmy?
Ýok indi biziň diýen zat ýok, men ol öýi hem satlyga goýdum seni ýatlatýan hiç bir ýatlamanyň galmagyny islämok.
Sen nämeler diýäň Serdar o nahili ?
Bu soragy özüň jogapla hany.
Ýok men kakama jeň edip bilmen.
Onda men jaň edäýerin. Şondan soň ol telefonuny alyp gaýynatasyna jaň etmäge durdy;
Essolowmaleýkim bagyşlaň men size birzat aýmakçydym erte Maýany hassahanadan çykarýalar şony özüňiz öýüňize alyp gitseňiz. .... sebäbimi men maýyp geline seredesim gelenok ..... bagyşlaň sesiňize bat bermäň ... men onuň maýyp bolanyna günäkär däl..... näme etseňiz şeýdiň men suda aýylşmak hakda arzany berip goýdum.... howwa men ony maýyp bolany üçin taşlaýan .... düşüniklimi... jaýmy gorkmaň jaýy satlyga goýdum satyldygy ýarym puluny gyzyňyza bererin... janyňyz sag bolsun.
Ine gördüňmi kakaňa aýtmak hem kyn däldir. Diýip Serdar ajy ýylgyrdy.
Sen meni diňe maýyplygym üçin aýyrylmakçymy?
Howwa men maýyp geline seredesim gelenok sag bol erte sutdan arzanyň nusgasy geler kyn görmede uzaga çekmän gol çek bolýamy. Diýip Maýanyň telefonyny eline tutdyrdyda çykyp gitdi. Telefonyny eline alanda nämäniň nämedigine ol derew düşündi emma bu giçdi onuň içindaki suratdyr widiolary bolsa hiç wagt aklap biljek däldi. Maýa aglap galdy.
Maýanyň öýündäkiler we ýakynlary ony beýle kyn gününde taşlap gidenligi üçin Serdary ýazgardylar hatda näletlänleride bardy emma iç içinden bolsa Maýa özüni kötekleýärdi hemde ýakynlaryna bildirmän aglaýardy sebäbi hakykaty diňe ol bilýärdi näme üçin taşlanylandygyna bolsa aňry ýany bilen düşünýärdi. Ol öz hatasyna düşünipdi emma bu giçdi suw eýýäm siňrikden agypdy.
Ýaz ýetip geldi baglar gyzyl ýaşyl öwsüp ak patrak deýin gülläp durdy her gezek baglara Seredende Jereniň gülküsi onuň gunduz deýin ak dişleri göz öňüne gelýärdi. Näçe urunsada ol Jereni unudyp bilmedi. Nowruz baýramy ýetip geldi iş alada diýseň köpdi sebäbi Serdar dabaralarda yşyk gurnaýjy operatordy. Nowruz baýramynda bolsa uly konsert geçirilýärdi. Konsert sowuldy onuň yzyndan ajaýyp salýut atyldy hemmeler şadyýan garaz hezillik emma bu hezllikler sowulandan soň onuň yzyny ýygnamak hem Serdar bilen onuň ýigitleriniň boýnunady. Şeýdip gijäniň ýarynda olar Ähli operatlary ýygnamaga başladylar. Howwa sowukdykimdir biri
Garyň ysy gelýär diýdi. Ýene biri
Eger gar ýagaýsa gowa bor garyň astyndaky ähli işleri Serdara tabşyraýmaly bor diýip Serdara deginip otyryşlaram şoldy welin asmandan pessaýja gar sepeläp başlady. Serdar bolsa şol wagt prožektory owadan güllän baga bakdyryp Jereniniň gülşini synlap durdy.
Birdende onuň ýadyna ,,eger nowruzda gar ýagan bolsa biz duşuşarmydyk” diýen sözleri düşdi. Ol ähli zady taşlap maşynyna tarap okduruldy.
Serdar takmyndan Jereniniň beren gürrüňlerinden çen tutup olaryň obasydyr diýip marynyň bir obalaryna geldi. Şol barmaga obanyň giren köçelerinde bir üýşmeleňi gördi belki şol ýerden kimdendir Derkarlaryň öýüni soraryn diýip şol tarapa sowuldy. Üýşmeleňe ýetip ýetmänkä onuň alnyndan bir daýza çykdy
Bagyşlaň salowmaleýkim şu obada Amanow Derkary tanaýaňyzmy?
Waleýkimsalam ol diýäniň Aman agaň agtyga däldirdä?
Şol bolmagam ahmal Jeren diýen gelni hem bolmaly.
Hä şol-şol hol üýşmeleňi görýäňmi ine şol öý
Olarda näme bolýa gaty adam känle?
Derkaryň garry enesi aýryldy şoniuň kyrk sadakasy
Wah ol ene aýryldy diýseňizle onda Jerene kyn bolan eken diýip ýuwaşja gürledi
Howwa Jerene hem kyn boldy. Serdar ugramakçy bolanda.
Jeren görgülem üçi geçenden soň aýrylyp ejesi öýüne gitdi diýenem şoldy Serdaryň ýüzi ýagtylan ýaly boldy emma ol ony bildirmezlige urnup
Bu ne beýle boldy?
Aslynda Jereni Derkaryň garry enesi özi halap aldy mugallymyň gyzy özü hem mugallym meniň Derkarymy şol ýola salar diýip emma lälik ösen çagany bir täze gelen geliniň ýola salyp bilmejegi düşnikli ahyryn. Derkar oňa hiç göwün bermedi hatda toý gijesi hem ol oglanlar bilen otyryp daňdan öýüne gaty içgili halda gelipdir. Şondan soň Jerene kürteli gyz soň soňlar bolsa gyz mugallym diýip başladylar. Elbetde gelin bolup düşeniňden soň beýle sözleri eşitmek gaty kyn emma Jeren çydady diňe şol enäniň hatyrasyna çydady. Ahyr ene gözüni ýumandan soňra bolsa üçini geçirip ejesi öýüne gitdi. Serdar bu zatlary diňläp onuň şol posa alanda meniň ilkinji gezek diýenine indi düşünip galdy.
Serdar dymyp durdy daýza hem bu ýat ýigidiň bular bilen näme üçin gyzyklanýanlygyny bilesi gelip:
Aý ýagşy ýigit sen bulary nirden tanaýaň?
Derkar awtohelakçilige meniň gelnim bilen bile uçrady şol hassahanadan bir iki zadymyz Derkarlarda galypdyr şony almaga geldim.
Seniň gelniňmi hany ony şäherdäki ikinji aýaly bilen barýaka awtohelakçilige uçrapdyr diýdilerä
Şonuň ikinji aýaly diýilýan meniň gelnim bolýa
Serdar sag bolsun aýdyp olaryň öýlerine tarap çalaja ýöredi şol wagt hem howludan Jeren çykyp çalt çalt ýöräp başlady. Serdara hem geregi Jeren bilen ikiçäk duşuşmakdy. Ol adamlardan saýlanýança çalaja onuň yzy bilen sürdi. Bir ki üçinji çatrykdan saga öwrülenden soň bat bilen geçip maşyny Jereniň alnynda kese goýdy. Birden alnyna sürülen maşyndan gorkan Jeren ýüzüni ak tam ýaly edip gyra çekildi. Maşyndan düşen Serdar:
Salam Jeren
Bihepbe diýsäni tasdan ýüregima ýardyň
Ýadyňdamy ........
Ýok hiç zat meniň ýadymda däl diýip Jeren ondan sowlup geçdide ýoluny dowam etdi
Jeren Jeren men seni hiç unudyp bilmedim haýyş birje diňläý!
Şol barmaga hem paýtagta ýagşy ýaly bu ýerde hem pessaýja gar sepeläp başlady. Messaý bilen gaýýan gar tozgalary bolsa Jereniň ýüzüni syryp aşaklygyna geçýärdi. Jeren daş töweregine seretdi Nowruzda gül gunça açan baglaryň arasyndan ýagýan ak gary synlap. Ylgap gelip özüni Serdaryň gujagyna oklady hemde:
Howwa ýadymda hemme zat ýadymda men saňa bolýa diýerdim diýip. Obada kimdir biriniň görjegine hem heder etmän elinden gidip barýan ýaly Serdary berk gujaklady.
11 |
5 |
0 |
0 |
0 |
0 |
1 |
Teswirler:
Mowzukda teswirler ýok! Siz ilkinji bolup teswir ýazyň!
Soňky teswirler
Eger 18 ýaşym gaýdyp berilse... (Parodiýa)
Deň etmän duş etmez Pis pisi tapar, suwam pesi...dowamy...
Eger 18 ýaşym gaýdyp berilse... (Parodiýa)
Agşam 11 den gijä galaýsaňdagy bar onsaň hormatlylar....dowamy...
Eger 18 ýaşym gaýdyp berilse... (Parodiýa)
Şu zatlary 18-ýaşdakam okan bolsam bolmadymy. Iller özlerini aýap, oňarýan ekenler))...dowamy...
Eger 18 ýaşym gaýdyp berilse... (Parodiýa)
(@Fantom aganyň "Uzyn teswir ýazyp bilmezlik" wirusy maňa-da ýokuşaýypdyr öýdýän :) )...dowamy...
Eger 18 ýaşym gaýdyp berilse... (Parodiýa)
Öňler telewizorda türkleriň çykaran bir üýtgeşik kinosuny türkmençä geçirip görkezerdiler. Ady ýadyma düşenok welin biz Açar kino diýerdik. Şol k...dowamy...
Bir arapdan_Bir şarapdan №9
Gahar usdi bilen diylen sozler edilen hereketler kawagt garshyñdakyñ yuzunem achayya oña näme diyjek hojam. Birem indiki temamyz yok diyip bilmey...dowamy...