“❤️ Saýt ýene-de öz işine başlady ❤️”

Içeri gir Agza bol
M.Yurekdesh.Ru/ çatsöýerler üçin - biz bärde:)
Ýürekdeş sözler!
Aypipijik : Sadalyk, yagsylyk we dogrulyk bolmayan yerde BEYIKLIK yokdur

Forum | GÜRRÜŇDEŞLIK | Erkin mowzuklar

Bedr söweşi
 Täzeje
 mk [off]
 14.03.2026 / 04:57
 Тримайся Бога — і він тебе втримає!

Düýn 13-nji mart.
Milady 624-nji ýylyň hut şu gününde beýik Bedr söweşi bolup geçdi. Yslam senenamasyna görä, bu waka Pygamberimiziň ﷺ göçünden (hijreden) soňra, ikinji ýylyň Remezan aýynyň 17-nji gününe gabat gelýär.
Bedr diňe bir söweş däldi. Ol yslamyň gylyç gysymlap, bu diniň mundan beýläk kemsidilmejekdigini we hukuksyz galmajakdygyny dünýä yglan eden ilkinji pursatydy. Sebäbi Beýik Allatagala şeýle diýipdir:
«Zulm edilendigi sebäpli, söweşýänlere (garşydaşlaryna garşy durmaga) rugsat berildi. Takdyrda, Alla olara kömek etmäge kadyrdyr».
(Gurhan, 22:39)
Bedr söweşinden biz köp sanly sapaklary aldyk:
Allanyň islegi ynsan isleginden ýokarydyr.
Musulmanlar kerweniň öňüni kesmek isleýärdiler, kuraýyşlar bolsa ony halas etmekçi bolýardylar. Emma Alla söweşiň bolmagyny isledi we ol boldy.
Tekeppirlyk ynsany heläkçilige äkidýär.
Abu Jahl bir gysym mömini ýok edip, Bedrde uly baýramçylyk guramagy niýetläpdi, emma hut şol ýer onuň üçin ýasa öwrüldi.
Alladan başga hiç kim gaýyby (gizlinligi) bilýän däldir.
Hatta Pygamberimiz ﷺ hem işiň beýle uly söweşe baryp ýetjekdigini öňünden çaklamandy.
Iman — kowum-garyndaşlykdan, watandan we maşgaladan has gymmatlydyr.
Hakyky lider öz garyndaşlaryny başgalaryň arkasynda gizlemeýär.
Söweş başlamazdan ozal, Pygamberimiz ﷺ ýekeme-ýeke söweşe özüniň iň ýakyn garyndaşlaryny: öz daýysyny,giýewisini we doganoglanlaryny iberdi.
Asylly ynsan özüne edilen ýagşylygy unutmaýar.
Pygamberimiz ﷺ Bedr ýesirlerini göreninde, wagty bilen özüni goran we penah beren Mut’im ibn Adiniň asyllylygyny ýatlady we şeýle diýdi:
«Eger Mut’im ibn Adi diri bolup, şu adamlar üçin menden haýyş eden bolsady, men olaryň hemmesini onuň hatyrasyna boşadardym».
Jihad — edil oraz we namaz ýaly parz edilen ybadatdyr.
«Size oraz parz edildi...» (2:183) diýen Rebbiň özi, şol bir wagtda «Size söweşmek parz edildi...» (2:216) diýip hem buýurandyr.
Doga — gylyç näçe ýiti hem bolsa, möminiň iň uly ýaragydyr.
Pygamberimiz ﷺ goşundan çetleşip, öz Rebbine ýüzlendi we şeýle doga etdi:
«Eý Allam, Maňa wada eden kömegiňi ber! Eý Allam, eger şu kiçijik topar heläk bolsa, Ýer ýüzünde Saňa ybadat edýän hiç kim galmaz!»
Eger-de kimdir birine maslahat (şura) gerek däl bolsa, ol Pygamberimiz ﷺ bolardy, sebäbi ol wahyý arkaly goldanýardy.
Emma ol bize sapak bolmagy üçin sahabalary bilen maslahatlaşdy. Alla bir bitewi we agzybir bolan ymmatyna Öz goldawyny berýändir.
Bedr bize iň uly kanuny öwretdi:
Kim Ahyrýeti gözlese, dünýä oňa boýun eger. Kim diňe dünýäni gözlese, ol hem dünýäsini, hem Ahyrýetini ýitirer.


t.me/HudaRus


130

21

5

4

0

0

1
Teswirler:
 Täzeje
 Yunus [off]
  Her täze köneler,her diri öler, emma...
 14.03.2026 / 05:26

+1

Minnetdar!


Täzeje
mk  (14.03.2026 / 05:27) 

Yunus, sizede.

 Täzeje
 Bagana [3m]
  Kim ir ýatyp, ir tursa şol sagdyn, baý we akylly...
 14.03.2026 / 07:54

+0

Size söweşmek parz edildi. Şu ýerne düşünmedimlaý. Giňişräk ýazsana

 Premium
 Orazjan [off]
  Sapby soranjaň
 14.03.2026 / 09:25

+1

"Kimler güler, kimler aglar,
Hany ol howaly baglar,
Bediriň uruşynda daglar,
Alty aýlap duman boldy."

 Täzeje
 OrazM [off]
  sallanchakdan gachan
 14.03.2026 / 18:45

+1

Şol sòweşde 2 gezek şeýle bir tupan turdy diýilip aýdylýar.
Her gezek tupan turanda asmandan 500 perişde inipdir.
Olar şeýle tizlik bilen hereket edýärdi weli duşman gyljyny gallyrýança kellesi gidýär eken.
Ala toýnakly atlar. Perişdeleň baştutany Jebraýyl perişde bolupdyr.
We şol perişdeleň inen dagy akyp duran çàge. Gumdan uly bir dag.
Garaz aýtsaň duýgulandyryjy zatlar köp weli.. Mawy agzaň diýşi ýaly bes edeýin.


Täzeje
Categras  (14.03.2026 / 21:48) 

OrazM, Bes et! Sebäbi bular hakyky zat däl.

Söweşler taktika, zehin we güýçli strategiýalaryň esasynda gazanylýar.

Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

Meniň şansym nola deň


Men bolsa hiç ýerde tanymal adam däl. Onsoň Men näme edenimde BMG guramasynyň sekretary bolup bilerin. Bu mümkin däl. Diňe amatly pursat men tara...dowamy...
Erkin mowzuklar | Meniň şansym nola deň
masterdollar (Şugün, 09:08)

Meniň şansym nola deň


Görşüňiz ýaly indiki kanditatlar tanymal wezipeli adamlar. Üstesine olaryň hemmesi diýen ýaly öz ýurtlarynda ýokary wezipeleri eýelän kanditatlar...dowamy...
Erkin mowzuklar | Meniň şansym nola deň
masterdollar (Şugün, 09:05)

2026. Pagtaçy gyz pagta şu geýim bilen çykar


herkim näme ekesi gelse eksin ana şondan gowysy ýok...dowamy...

Bagyt.


Bagyt my ýa, bagt?...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Bagyt.
Mizan (30.07.2026 / 10:39)

Men seni küýsedim aýazly gyşda, Ýaz bilen deñ güllemegñi isledim.


Küýsäpbörmän öýlemmeldä how...dowamy...

Bagyt.


Awtory Aşyr Hanow....dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Bagyt.
Belki (28.07.2026 / 16:55)

2026. Pagtaçy gyz pagta şu geýim bilen çykar


Biziň ýurdumyzda pagta öndürilýar , ýöne pagtany Hytaýdan import edýänimizi bilýärdiňizmi ? Sebäbi Hytaýdan import edenimiz arzan düşýar. Ýene...dowamy...

Hudaýsyzlar 9-njy bölüm


yzyny yazarsynda...dowamy...
Erkin mowzuklar | Hudaýsyzlar 9-njy bölüm
SerdarG (26.07.2026 / 13:40)

Men seni küýsedim aýazly gyşda, Ýaz bilen deñ güllemegñi isledim.


Erbedem bolmapdyr. Nace yasynda sen?...dowamy...

2026. Pagtaçy gyz pagta şu geýim bilen çykar


Örän owadan boldy bu işimiz. Ýöne togtamaly däl. Pagtadan girdeýji almaly. Bu barada gowy temalar açyp barýaryn. Siz hem goşylsaňyz gowy netije g...dowamy...
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2025

By We-Pro -->