“❤️ Saýt ýene-de öz işine başlady ❤️”

Içeri gir Agza bol
👉 Tanyşlyk Chat (üstüne bas)👈
💥New chat..🗨 - üstünden basyp çata girip bilersiňiz:)
Ýürekdeş sözler!
Huzur : Käbir ynsanlar matruşka ýalydyr. Tanadykça içinden başga biri çykar we gitdigiçe kiçelerler...

Forum | GÜRRÜŇDEŞLIK | Erkin mowzuklar

Bir arapdan_Bir şarapdan №10
 Özümiziňki
 Basmacy [off]
 14.03.2026 / 07:03
 Biziň azap çekmedik zadymyz, biziňki däldir...

4-5 ýyllykda bir edarada garawuldym. Edaramyz gelim-gidimli ýerdi. Bir güni nobatçylygymda süýr günortan bir aýal we 3 sany çagasy bilen gelip, edaralyk işini bitirdi-de, yzyna gaýdyşyn meň postymyň deňinde saklandylar we çagalaryň ulusy gapymy kakdy (14-15 ýaşly oglan). Girdi-de "agam Selam" diýdi. Soňra pataloga seredip, gözüniň agyny köpeldip sakynyp durdy. Men düşünip duryn "Bugşugmana ýer barmy, bar bolsa girsem bolýarmy" diýmekçi bolýar. Görgüli, şo pikirleri jemleşdirip, sözleri ýerli-ýerine goýup bilmän "a - a - a" diýip sakowlady. Duryp-duryp tapan sözi şu boldy: "Sizde s..ip bilejegim bir ýer varmi" diýdi... Hawa-da diýmedim, ýogam. Elim bilen aýak ýolunyň gapysyny görkezdim.

Çykyp gidensoň, stoýanka tarapdaky aýnadan az-hem synladym. Ol aýal türkmen maşgalasyna meňzeýär, uzyn türkmen köýnekli, kellesi gyňaçly, çagalaram türkmen sypat... Ýa-da türkmen bolsada daşary ýurtdan gelen ýa-da gidiljek alamatynam görmedim...
Içimden "şumatdan şeýle bolsaň..." diýip goýdum.

Aýý, bular ýaly wakalar mende kän boldy. Men ýazsam bir mowzuk bolar...
Iň esasy şumatgy ýaşlar başga dilde gürlemekligi, başga imij'e geçmekligi döwrebaplyk, sowremenlik hasaplaýalar.


*****


Magtym atly kursdaşym bardy. Doly ady Magtymguly. Dz ilinden. Bu işigaýdan bir gün palow iýipdir. Özi gürrüň berýär. Dzly gardaşlar bilýändir. Palowy tabakdaşsyz iýilenok, ýagny, ýeke iýmek uslyp däl, hökman ýoldaşyň bolsa has gowy, agzybirlikden nyşan. We ýene bir gowy tarapy palowy elde iýýäler: dört barmagyňy gysyp, agzyňa sygjagyny her gezekde tabagyň gyrasyna süýkäp, burnyň aşagyna göýweribermeli...
Gepiň tümmek ýeri, Dzlylar palow bişirse ýagyny, etini, garaz hemme zadyny bol'dan edýär, gysganylanok. Onsaň, onça ýagyň içinden eliň bilen däneläp tüwi iýersiň-de, eliň ýag bolmajakmy?! Nahardan soň eliňi syksaňam, bir ýumurtga çakarlyk ýag çykýar. Gürrüňsiz!
Eli ýagly Magtymam, türkmençilik nirden kellesine gelipdir, onçasyny bilemok, däp-dessur berjaý edesi gelipdirmi, kiçilikden gulagynda galan ýeketäk adat diýip edýärmi, onçasynam bilemok, palow iýilensoň, ýaňky ýagly elini biri-birine süýkäpdir... barmaklarynyň arasyna çenli (Gowy görülýän adatmyş, sogapmyş)...
Şol durşuna-da ýatypdyr agşam. Oba jaýlaryny özüň bilýäňiz. Tarakansyz, garynjasyz öý barmy. Işigaýdan diýýänim şondan-da... Ýeri, süýkediň, dessur etdiň, sogap gazandyň, eliň guransoň, ýatmankaň ýuwyp ýatmaly-da tentek! Ol arada elini başga ýerlerine-de, eşiklerine-de çyrşandyr belki.. Garaz, uzakly gije tarakanlar, ýag garynjalar bilen darkaş guryp geçipdir.
Olar-a mör-mörjek. Ys alýandyr-da, ýalamana gelýändir. Sen adama-how, ýuwunaýda ýatmankaň...
Ukusy agyrdyr-da bendäň, garynjalar hüjüme geçen mahaly duýan bolsaň, turyp el-ýüzüňi ýuwyp, ýeriňi üýtgedip ýatybermeli-dä..
Ertesi görse elleri, boýunlary dişlem-dişlem garynjalaň yzlary...

(Magtym dost bagyşlarsyňda?!)



*****


Toba aýaty inende (ýagny "Toba ediň, günäňizi bagyşlaýyn"), ähli şeýtanlar aljyraňlyga, gaýgy-gama düşüpdirler. Elewräpdirler, däliräpdirler. Hat-da şeýtanyň iň ulusyna çenli (adam atamyzy azaşdyran), alaçsyz galypdyr. 'Biziň hemme edenlerimiz puç boldy' diýişipdirler. 'Biz bulary azaşdyrsak, bularam toba etse, Alla hem günälerini bagyşlasa, biziň edenimiz biderek bolýar' diýip nalyş çekipdirler.

Emma, şeýtan, şeýtan bolýar. Bular ýaly ýagdaýdan baş alyp çykmasa, onda oňa şeýtan diýiljekmi. Tembole ol zemin ýaradylany bäri adama we adamyň psihologiýasyna belet. Niresinden gelip, nähili hereket edeňde tiz we aňsat azaşdyrmagyň usullaryny oýlap tapmagyň awtory....

Ýagny, şeýtanlaň ketdesi şeýle çykalga tapýar: Biziň azaplarymyz puç boljak bolsa, onda bize ýekeje ýol galýar. Ol hem ynsan bendesine toba etdirmezlik. Toba kelemesini diline aldyzmazlyk. Hatda, özüni günäsiz, toba mätäç däl şekilinde alyp barmaklyk. Siz şeýlebir was-wasy, tekepbirlik, boýny ýogynlyk duýgularyna gömüp taşlaň, ynsan asla "toba" diýen zady ýatdan çykarsyn diýip - ketde şeýtan, kiçi, ýardamçy şeýtanlara nesihat beripdir.

(Haçan toba etdiniz???)


*****


eger ahlak bolmasa...


Ahlak hemme jemgyýetiň binýady. Gadymda uly-uly kowumlary, imperiýalary dargadan söweşler, jeňler däl-de, ahlaksyzlykdyr.
Million, milliard goşun, pul harçlap ýurtlary boýun egdirip bolmajagyna düşünen käbir şeýtan kelleler, aňsatja kanuny ahlaksyzlygy wagyz edip, üstünde işläp, durmuşa geçirmegi başardylar...

Uzyn sözüň gysgasy...

1-2 gezek pikirlerde-de aýdypdym. 1nji gezek ýurtdan çykanymda. Baran ýerimizdäki bizden öňem ýaşap, okap ýören ýurtdaş oglanlar, 1nji gezek kluba äkitdiler meni. Biz näme sada türkmen oglanlary. Şortik-balakly gyzlary iki-ýeke tm'da-da görsegem, içki eşikde kalyan tüsseläp oturan, döşünde 3 kelleli drakonyň tatuirowkasy çekilen blondinkalary nirede görüpdiris... iň ýürekbulanjysy hem, girelgede 2 sanysy (gyz-gyz) şappyllaşyp otyrlar.. munysy artykmaçdy eýýäm..
Başym aýlandy.. bulary adaty kabul edip boljak däldi... belki, bir mahallar kino-seriallarda görenem bolsak (şonsuz kinosy barmy Golliwuduň), gözüň bilen şaýat bolmak ýigrenji eken... ol ýeriniň atmosferasam hopukdyryjy, gorkunç... ýalňyş adrese gelenime düşündim.. şondan soň klub diýilse 2 elini galdyryp duran bolduk...
Ahlak bolmasa ýetip geljek ýeriň şul ekeni.



*****



eger ahlak bolmasa...


Maşgalasy bilen türke giden dossum bar. Türkiýäni biz näme bolsa-da musulman döwlet, taryhy döwlet hasaplaýas. Ýöne Türkiýe häzirki wagt dolulygyna diýen ýaly Ýewropa swilizasiýasy bilen ýaşaýar...
Umuman, şol dos oglan bir gün şeý diýdi:
- şu gün gaty erbet ahwala düşdim. Stambulyň uly köçeleriniň birinde ýöräp barýarkak, elinden tutup gelýän 4 ýaşlyjya gyzym 'kaka ol näme zadaý' diýende, şol tarapa bakyp men prosta doňup galdym we näme jogap berjegimi bilmedim, diýdi. Uly magazynyň köçe tarapyndaky aýnasynyň öňünde 'me saňa' diyyän ýaly фаллоимитатор (seksualny igrushka) maňlaýyňa diräp dur. Onda-da her dürlüsi. Ulusy-kiçisi...

Ahlak bolmasa, şol ýerde jogap tapyp bilmezligiň ekeni...


93

30

4

8

0

0

1
Teswirler:
 Premium
 Orazjan [off]
  Obaly maýmynjyk
 14.03.2026 / 09:39

+0

Pikirimi aýtmakdan saklandym

 Täzeje
 OrazM [off]
  sallanchakdan gachan
 14.03.2026 / 17:31

+0

Antitürksüpük diýip ertir.comdakylara diýemde dyşyma ary wyzzyllan ýaly çozýadylaraý antitürksüpükler

 Täzeje
 OrazM [off]
  sallanchakdan gachan
 14.03.2026 / 17:37

+0

Herki wagtda içine şeýtan ornan milletler bolan häzirde şeýle. Ýöne musulman döwletinde şeýle zatlar biz ýaly gumuň Oglanlary üçin gaty geň.

Her ýel òwsende tozaaap gidýän tozanyňa döneýin diýip köp gaýtalardym häzirde şeýle.

Merkeze äwüp-säwüp kä wagt baryp gaýdamdada şeýle duýgulanýanaý hormatlylar menä. Daşarky ýurtlaň äjit mäjitlerä beýlede dursun.

Iň bärki tarapdan "adamçylyk" barada diýip alsagam.

Ary çozan ýaly çozaýmañ hakykat şulam

 Täzeje
 OrazM [off]
  sallanchakdan gachan
 14.03.2026 / 17:40

+1

Şeýle temalar üçin minnetdar awtor. Okanyňa degýän tema dogrusy.
Dowamly bolsun

Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

Biz nirik barýarys? Geldik düşmeli


Dogrusyny dogry aýdan ekeniň +++...dowamy...

Biz nirik barýarys? Geldik düşmeli


Blin ýene näsazlykly ýazypdyryn, izwini. Mowzukdan çykyp gitdim bagyşlaň...dowamy...

Kir pullar. Pullary ýuwmak


Gaýrat et...dowamy...

Näme üçin erkin internet hiç kime gerekdäl?


manat hem gerek dä...dowamy...

Balykçynyň buýsanjy


Umman girer bakmaz howup-hataryna, Umytly göz diker atan toruna......dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Balykçynyň buýsanjy
Orazjan (18.04.2026 / 21:11)

Bir kemsiz gözel ýok


Aý, howwada...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Bir kemsiz gözel ýok
Orazjan (18.04.2026 / 19:37)

Bilmezmiñ


Kop sagbol...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Bilmezmiñ
Orazjan (18.04.2026 / 19:35)

ÖZIME NEKROLOG


Garaz, gowy adam bolmak kyn-da......dowamy...
Erkin mowzuklar | ÖZIME NEKROLOG
Orazjan (18.04.2026 / 19:31)

ÖZIME NEKROLOG


Adamlaryň köpüsi ýaşaýşymyzyň many-mazmunyna nädogry düşünýär. Näme üçin ýaşaýarlar we näme gazanyp gitmeli, ömrüniň baş maksadynyň nämedigi hakd...dowamy...
Erkin mowzuklar | ÖZIME NEKROLOG
Kapiro (16.04.2026 / 23:07)

Näme üçin erkin internet hiç kime gerekdäl?


Başga ýurtlarda üýtgeýändir, ýöne bizde ilatyň 50-60 % di internediň nämedignem bilenok dogrusy, sebäbi internet gymmat we gowy işlänok. Şul aýda...dowamy...
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2025

By We-Pro -->