Ýürekdeş sözler!
Bir arapdan_bir şarapdan №11
Basmacy [off]
Şugün, 06:03
Biziň azap çekmedik zadymyz, biziňki däldir...
BIZ BASMAÇYMY?
2012-nji ýylda, Harkowyň Agrar uniwersitetinde okaýardym... Orta Aziýadan talyplar köpdi, aýratynam biz Türkmenler köpdük.
Gürrüňi uzaga çekdirmän, şu ýerde bir kiçijik ýatlamajygy aýdyp berjek bolýan.
Alina atly dolmuş aýal (asly Belorusiýaly) mollymymyz bardy. Taryhdan okadýar. Bu daýzaňam jyny diňe bizde, diňe Tm talyplaryna azar berýär, köseýär. Iň içinde-de maňa beýlekilere görä köp deginýärdi. Bahana tapdygy, sorag berýär, ýykjak bolýar, sapaga salmajak bolýar..
Özi hem birwagtky Sowet Soýuzyň partiýasyna gulluk edip geçen zenan maşgala. Şonuň üçin öz özünden düşnükli bolýar, Orta Aziýalylara näme üçin pes göz bilen seredýäni. Men anygyny bilemok. Özümçe şeýle pikir edýän.
Bir günem auditoriýada adatdaky ýaly ýene meni turuzyp, sorag berdi:
- Näme üçin orta asyrlarda Rim esgerleriniň gylyçlarynyň ujy göni, tekiz bolupdyr? Näme üçin şol döwürdäki musulmanlaryň gylyçlarynyň ujy aýlow şekilinde (Hezreti Alynyňky ýaly) bolupdyr? diýdi.
Ozalam şu daýza jynyma düşip ýörensoň, hakyky jogaby bilsemem, duzlap galaýyn diýip, şeýle diýdim:
- Rimliler, gylyjy göni sokýalar we yzyna çekip çykarýalar... Musulmanalar hem gylyjyny sokýalar, ýöne yzyna çekenlerinde, adamyň bir böwregini ýa bagryny ýa-da ýüregini yzyna çekip alýalar, diýdim...
Auditoriýa dym-dyrsdy. Alina daýzaň ýüzi agralyp gitdi. Bir agyz "otur" diýdi. Ynanmarsyňyz, tää şol smestri gutarýançam maňa ýekeje soragam bermedi, men tarapa seretmedem soňra..))
Indiki smestirde ol bizi okatmady.
Aslynda hakyky jogap şeýledi: Musulmanlaryň şol wagtky gylyçlarynyň uçlary egri bolmagy, duşmany öldürmek üçin däl-de, diňe kesip ýaralamak üçin, şeýle ulanylýar. Bu bir wagtyň özünde güýç we wagt tygşytlaýar.
Eger gylyjyň ujy göni bolanlygynda, duşmana sokan mahalyň, yzyna çekip çykarmak birbada kyn bolýar, indiki topuljak duşmandan goranyp bilmezligiň mümkin.
Diýjek bolýanym, şol döwürde-de we häzirem Alina we şoňa meňzeş pikirdäki Sowet Soýuza gulluk eden adamlar entägem bizi basmaçy, kellekeser hasap edýärler. Alina daýzaň auditoriýada doňup galmagynyň sebäbi şol aslynda...
*****
Pikirlenip, gözläp, şübhelenip, özüni we daş-töweregini derñäp, tankyt edip bilýän özüniñ we daş-töwereginiñ meselelerini çözgüt gözleýän, geçmişe baha berip bilýän, gelejegi öñünden çaklaýan, özüniñ we başgalaryñ hak-hukuklaryny goraýan, adalatsyzlyga garşy gidip biljek batyrgaýlyga eýe, başgalar gynanyp durka gynanyp bilýän, jemgyýetçilik jogapkärçiligi duýýan, ukyp-başarnyklaryny we mümkinçiliklerini bilýän, emma şol bir wagtyñ özünde bu ukyp-başarnyklaryny we çäklerini ulanýan, özüni dowamly kämilleşdirýän we täzeleýän, bir işe çyny bilen ýapyşýan, başlan işini soñlaman goýmaýan, wagtyny dogry we netijeli ulanýan, sarp edýäninden köp öndürip bilýän, ýykyjy däl-de gurujy bolan, maddy we magnawy taraplary bilen başgalardan we şertlerden garaşsyz, durmuşda ýeke özi öz başyny çarap bilýän şahslar ýetişdirýärler.
****
Musulmanlaryň a:tlaryna allergiýasy barlar
Aslynda-ha, musulman a:t diýip zat ýok. Arap atlarynam biz teberlik diýip dakýas. Emma Pygamberimiz (saw) köp ýerde nesihat edenleri bar, özüniň we eshablarynyň atlaryny çagalaryňyza dakmaklygyny. Bulam bir gaýry dinlilerden tapawudymyzyň bir görnüşi. Dünýäniň islendik künjeginde: Muhammet, Ybraýym, Abdullah - atlylar köp bolsa, "hää diymek, musulman ekenow" diýilýär barybir.
Ýene arap atlaryna gelsek, Yslam gelmänkä araplaryň hem öz atlary egri-gyşyk bir zat ekeni. Abdulyzza, Abdullmanah (manah, yzza - bular but'laryň atlary). Ýagny plan but'yň guly diyen manyny berýär. Abdu - gul diymegi aňladýar.
Pygamberimiz şeýle atlylaryň köpüsine atlaryny üýtgetmegini maslahat berer ekenleri. Sahabalaryň köpsi soňra atlryny üýtgedýär.
Diýjek bolýanym, arap atlarynyňam aňyrsynda ýapa degýän ullakan many ýatyr, towhyd ýatyr. Şonuň üçin ol atlary dakmaklyk gowy görülýär.
Ony diňe türkmenler däl, dünýäniň her künjegindäki musulmanlar dakýar beýle atlary.
Emma, Myrat, Meretleriň, Maksatlaryň aňyrsynda näme many bar?
Köpüsinde many bar, köpüsinde asla ýok. Aýlaryň, ýyllaryň, pasyllaryň, haýwanlaryň atlaryna çalymdaş atlar.
Şular ýaly düýbi-teýkary, gelip çykyşy näbelli zatlary goýanyňdan, ýenede şol ýokardaky, manysy-mazmyny ýerinde bolan, Pygamberleriň, sahabalaryň, ýagşyzadalaryň, mezheb başylarynyň atlaryny dakanyň gowy dälmi?!
Bu meň öz pikirim. Ylalaşmanam bilýäňiz.
*****
Aşyr aga bilen Witýa daýylar gerek bize ýa-da hünär boşlugy ýapmaly.
Soňky döwür ýokary okuw jaýlara girip bilim almak durmuşyň uly bir aladasy boldy. Esasanam ene-atalar çagalaryň kellesini kän agyrtýalar. Meselem biznesmen(iş adamy) ýa-da Nebit-gaz ugrundan okuwa salaslary gelýä çagalaryny. We öz şahsy terjibämden aýtsam, köpüsi çagalar bilen maslahatlaşman salýalar şol okuwlara. Bunuň esasy sebäbi hem pul we abraý bolup biler. Käşgä okanyň bilen biznesmen bolup bolsady... Diýlişi ýaly küýkini gabyr düzeder.
Öňräk kondisionerymyz döwüldi, bir iki ýere jaň etdik. Aý - maý diýdiler, motory çalyşmaly diýdiler... Garaz gymmat düşjege meňzeýädi. Soň bir tanyş üsti bilen bir ors adamy tapdyk. Ýüzüni görenimden begenip gitdim, birhili bejerjege meňzeýädi. Eşigi ýagly, elleri hapa, maşyny köneje. Şakyr-şukur açdy kondisionery, motoryny çykardy, bir günden habar tutarn diýdi. Ertesi gün jaňlaşdyk, ýaňky motory bejerdi we bahasy jaň eden ýerlerimizden iki esse arzan boldy.
Öňler menem hemme zady söküşdirip bejerjek bolup ýörerdim, antenimyzy bejeren wagtym ýadyma düşýä, soň dagy bütün goňşularymyz çagyrýady bejermäge. Şumat bolsa bir zat çala döwülse birini çagyryp düzetdirýän. Ýöne erbet taraby şumatky ýaş ussalaryň köpüsi zat bejerip bilenok, şol detalyň täzesini zakaz edip goýup bilýäler. Bejerip bilýan Aşyr agalar we Witýa daýylar bolsa hemmesi 50 ýaşdan geçen adamlar. Olaryň işinde gaty gyzyklanma bolmansoň, okuwçylaram ýok. Bunuň sebäbi şu mesele bolup bilermikä diýip oýlanýan:
Elektrik ýada santehnik bolmak ýaşlaryň arasynda masgara bolmak bilen deň mana gelýä. Ýaltanmadyk söwda bilen bolýa. Oglan ene-atasyna men elektrik zatlary bejermäge gowy görýän, ýada agaç bilen işlemäge gowy görýän, plotnik bolasym gelýä diýse (Diýmeýä, ýöne diýse diýip kabul etsek) ene-ata göni negatiw reaksiýa berer. Bahanalaram taýýar, ýa puluň bolmaz, gyz tapmarsyň diýer, ýa goňşyň ogly Rossiýada biznes okaýa biziň nä kem ýerimiz bar diýer, ýada nebit-gaz pudagynda pul kän diňe şony okarsyň diýer. Şeýdibem çaga öz halaýan zadyndan utanyp ugraýa we başga ugurdan gidýä okamaga. Indi şol çagadan ne plotnik bolar nede biznesmen bolar, kösener ýörer. Şeýdibem proffesionalizm ýetmeýän adamlarymyz köpelýä. Beýleki tarapda bolsa moşennikler köpelýä. Özüne ussa diýip, dünýäň puluny sypyrýalar. Ol puluň ýarysyna täze detal alyp dakyp goýberýäler, ýada gaty nekaçestwennyý iş edýäler.
Şeýlelik bilen jemgyýetimizde uly hünär boşlugy döreýä. Şol hünär boşlugy doldurmagyň ýeke çykalgasy bar men pikirimçe. Çagalararymyzyň isleýän zatlaryna hormat goýmaly. Bu santehnik/elektrik bilen baglanşykly negatiw stereotipleri ýok etmeli. Pul hem problema bolmaz, gyz hem. Şumat şol ors adamyň boş durýan wagty ýok, günde şeýdip 4 kondisioner bejerse jübüsinde 2mln manat bolýa. Yzyny siz hasaplaberiň. Bir görseň özüne masterskoýjagaz açynar we hälki islemän biznes okan oglandan näçe esse bagtly we üstünlikli bolar. Dostlarymyzyň arasynda elektrik enjamlary bejermegi halaýanlar bar bolsa biz goldamaly, sebäbi soňunda bize hem peýdasy bolýa. Döwletimiz Bangladeşden, Hytaýdan şonça işgär getirýä, bulaň barsy dünýäň puluny alýalar. Biziňkiler bolsa biznes okap ýörler, okabam bir firmada ýada hökümetde maşennik bolup ýetişýäler.
Elbetde biznes bilen meşgullanýan adamlaram gerek, ýöne biznese gyzýan/gyzyklanýan adam meşgullansyn. Deň agramly jemgyýet gerek, diňe biznesmen we adwokat bilen iş ýöredip bolmaz. Aşyr agalara we Witýa daýylara-da biraz goldaw berilmeli, biznes okaýanlar şolar bilen gepleşip masterskoý açmaly, okuwçy okatmaly. Bulaň hemmesi bu uly boşlugy ýapmaga azda kände kömek edermikä diýýän.
Bilmedim, aýtjak bolan zadymy aýdyp bildimmi. Siziň pikirleriňize garaşýan!
26 |
13 |
1 |
3 |
1 |
0 |
1 |
Teswirler:
Belki [off]"Bilirim ki... Bilirim ki asla caymazsın benim olmaktan..."
Şugün, 07:44
+0
Ikinji bolege sorag:Hany sozlemin eyesi? Kim yetisdirya ol sahslary?
Basmacy (Şugün, 09:09)
Belki, Guwanç malçy
Soňky teswirler
Bir arapdan_bir şarapdan №11
Ikinji bolege sorag:Hany sozlemin eyesi? Kim yetisdirya ol sahslary?...dowamy...
Bedr söweşi
Şol sòweşde 2 gezek şeýle bir tupan turdy diýilip aýdylýar. Her gezek tupan turanda asmandan 500 perişde inipdir. Olar şeýle tizlik bilen her...dowamy...
Bir arapdan_Bir şarapdan №10
Şeýle temalar üçin minnetdar awtor. Okanyňa degýän tema dogrusy. Dowamly bolsun ...dowamy...
Bir arapdan_Bir şarapdan №10
Herki wagtda içine şeýtan ornan milletler bolan häzirde şeýle. Ýöne musulman döwletinde şeýle zatlar biz ýaly gumuň Oglanlary üçin gaty geň....dowamy...
Bir arapdan_Bir şarapdan №10
Antitürksüpük diýip ertir.comdakylara diýemde dyşyma ary wyzzyllan ýaly çozýadylaraý antitürksüpükler...dowamy...
Bedr söweşi
"Kimler güler, kimler aglar, Hany ol howaly baglar, Bediriň uruşynda daglar, Alty aýlap duman boldy."...dowamy...
Bedr söweşi
Bu Bedr söweşinde musulmanlar özlerinden 3 esse köp bolan goşun bilen uruşdylar, uruş wagty gorag üçin gökden 500 sany perişdäniñ ýere ineni agza...dowamy...