“❤️ Saýt ýene-de öz işine başlady ❤️”

Içeri gir Agza bol
New ,,ertir" chat - Biz bärde🙂
Ýürekdeş sözler!
Boxer : Durmusda her bir zadyn sebabi bar. Totanleyin zat yok.

Forum | GÜRRÜŇDEŞLIK | Erkin mowzuklar

Heserdeş (oýlanma)
 Täzeje
 Gerceknazar [off]
 15.03.2026 / 09:15

Heserdeş (oýlanma)

Kölüň kenaryna gelip, ine, şu setirleri ýazyp otyryn. Ylhamly tolkunlaryň joşgunly sazy, erkana guşlaryň owazy bilen goşulşyp, ajaýyp aýdyma öwrülýär. Salkynjak şemal çalajadan köwsarlap, ýüzümi ýelpäp, göwnümi galkyndyrýar. Tolkunlaryň owazy ruhuma rahatlyk çaýyp, hoşamaý hüwdileýär. Içki duýgularym hem şu köldäki tolkunlar kimin şemalyň ugruna agyp-dönýär. Kähalat kalbymda tupan turýar, käwagt parahatlyk. Megerem bu duýgyny maňa şol alňasap gelýän gomlar bagyş eden bolmaly. Ol joşdugyça göwnümem joşýar. Emma olar ýaly irginsiz joşup bilemok. Ylham perim duýdansyz gelýär-de, kän eglenmän uçup gidýär. Bolýar gidiber, ýene-de dolanyp geljegiňe, menden ýüzüňi öwürmejegiňe ynanýan.
Wagt hem şu suwlar ýaly aýlanyp akyp dur. Kenara urulýan her bir tolkun geçip giden günleriň, geljekki arzuwlaryň we häzirki pursadyň garyşyk owazy. Meniň ylhamym hem şol tolkunlaryň arasynda gizlenipdir. Ol gelende meni dünýäden üzüp, beýik bir giňişlige äkidýär; gidende bolsa, meni şu gumak kenarda oýlanyp oturmaga mejbur edýär. Emma bu dymyşlyk hem iň uly döredijilik.
Belki-de, ylhamyň irginsiz joşup bilmezligi onuň gymmatyny artdyrýandyr. Sebäbi gymmatly zatlar hemişe tapylmaýar, olara garaşylýar. Men hem şu kenarda şol eziz myhmana garaşyp oturaryn. Çarlaklar, durnalar, gök asman we goja kenar — hemmesi meniň şu duýgyly dünýämiň aýrylmaz bölekleri.
Durmuş hem hut şu köl ýaly: käte joşgunly, käte asuda, emma hemişe öz akymynda ajaýyp. Iň esasy zat — şol akymda öz ruhuňy ýitirmän, her pursatdan ylhamlanyp ýaşamak.
Tolkunlaryň aňyrsynda Günüň batyp barýan pursadyny synlamagy halaýan. Iň gowy setirler şol pursat döreýär. Günüň batyşy bilen asmanyň ýüzünde emele gelen gyzyl şapak kölüň ýüzüne ýazylyp, suwy jadyly bir reňke boýaýar.
Şadyýan çarlaklar göge galyp, tolkunlaryň owazyna tans oýnaýarlar. Şol pursat göwnüm ganatlanyp, ho-ol çaýkalaryň arasynda pelpelleýär. Hatda ötegçi durnalaram asuda ülkäme göçüp gelipdirler.
Adam öz-özi bilen galanda has dogruçyl bolýar eken. Men dymyşlygyň sesini diňleýärin. Hawa, ümsümligiň hem özüne mahsus owazy bar eken. Men özümi şu älemiň bir bölejigi ýaly duýýaryn, emma şol bir wagtyň özünde-de tutuş älem meniň içimde jemlenen ýaly. Aňyrdan alňasap gelýän tolkunlar, erkana ganat gerýän guşlar maňa adamlardan has ýakyn, has heserdeş. Sebäbi olar öz dilinde iň uly hakykaty aýdyp berýärler. Bu diňe bir gözellik däl, eýsem, bir ömürlik hakykatyň beýany. Heserdeş bolmak — diňe bir sözde däl, ruhda we ümsümlikde birleşmek. Tebigatyň bu jümmüşinde hiç hili ýasamalyk ýok, hemme zat öz tebigylygynda gözel. Aslynda, biz adamlaryňam iň uly kemçiligi şu dälmi näme? Tebigylygy ýitirmek... Emma şu kenar maňa aslyma dolanmagy öwredýär.
Tebigat bilen şeýle ýüzbe-ýüz galanyňda, sözlere mätäçlik duýulmaýar. Ýer bilen gögüň birleşýän çyzygyna — bakyga seredip, dünýäniň neneňsi çäksizdigine haýran galýaryn. Kenardaky gamyşlaryň şygyrdysy maňa pany dünýäniň geçip gidijidigini, emma şu pursatda duýýan yşkymyň bakydygyny pyşyrdaýar. Kähalat şeýle bir pursat bolýar, hatda iň ýakyn ynsanyňa-da aýdyp bilmejek syrlaryňy tebigatyň özüne aýdasyň gelýär. Sebäbi tebigat seni ýazgarmaýar, geň görmeýär, ol seniň syrlaryňy, sözleriňi, gaýgy-gussalaryňy sabyr bilen kabul edýär. Ine, şu ýerde men özümi hakykatdanam erkin duýýaryn. Hawwa, kärdeşim we dünýädeşim Daňatar Galpakowyň aýdyşy ýaly, "Bu ýer adamlardan heserdeş maňa".

Gerçeknazar AMANNAZAROW.


79

14

1

4

0

0

0
Teswirler:
 Premium
 Belki [off]
  "Dilerim ki... Dilerim ki asla caymazsın benim olmaktan..."
 15.03.2026 / 13:52

+0

Tuweleme. Ay bul-a Nesilde cap bolandyr...Yaslygymyn baharyna gatnasmansynyz-la, agam. Yeke gitmeli boldum )


Täzeje
Gerceknazar  (15.03.2026 / 22:39) 

Belki, minnetdar, bäsleşige işden soň baryp ýetişsem barjak, nesip bolsa.


Öwreniji
Mishel  (19.03.2026 / 22:53) 

Belki, Munyň ýaly ajaýyp ýer nirede bar. Bizem baraly. Ajaýyp guşlaryň saýraýan ýerinde bizen goşgy ýazaly. Ýogsa gara gün bilen elimiz degenok goşgy ýazmana. Üstesine deňiz ýok ýaşaýan ýerimizde.


Öwreniji
Mishel  (19.03.2026 / 22:56) 

BelkiEdiş şu wagt tok öçdi.yzyny garaňkyda ýazyp otyryn. Siz bolsa köl boýynda guwlara seredip ýazýaňyz. bagtly adamlar...

Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

Bagana telpekli adam


😁 bir ermeni işdeş 50 ýaşdan soň kesdiripdir....dowamy...
Erkin mowzuklar | Bagana telpekli adam
Didar (Düýn, 20:37)

Bagana telpekli adam


Bäh, ýatlatdyňaý......dowamy...
Erkin mowzuklar | Bagana telpekli adam
MaD_B (Düýn, 19:46)

Ykbal Sazagy


Sen su adamlara samsykdyr oydyanmi? Emeli ana yazdyran bolgusyz gosgularyndan doldurylyan yer dal barsi. Indi seytsen pozjakdyryn....dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Ykbal Sazagy
Belki (Düýn, 17:48)

Hudaýsyzlar (bolan waka ) 1- nji bölumi


Dowamyny okajak...dowamy...

Goşgy_1


Jana❤️...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Goşgy_1
Zinnush (Düýn, 05:28)

Dünye


Gowy goşgy eken welin.. " pişini" diýeni nämekä?...dowamy...
Erkin mowzuklar | Dünye
Orazjan (17.06.2026 / 19:57)

Maňa sabyr ber Allam!!!


" Sabyr soňy salamat."...dowamy...
Erkin mowzuklar | Maňa sabyr ber Allam!!!
Orazjan (17.06.2026 / 19:46)

JESET OGRUSY. 7-nji bölüm


вахей...dowamy...
Erkin mowzuklar | JESET OGRUSY. 7-nji bölüm
Ейжежик (16.06.2026 / 23:58)

JESET OGRUSY. 6-nji bölüm


ызны хачан гойжак...dowamy...
Erkin mowzuklar | JESET OGRUSY. 6-nji bölüm
Ейжежик (16.06.2026 / 22:41)

Goşgy_1


👍gowy...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Goşgy_1
Aixcam_nx (16.06.2026 / 14:49)
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2025

By We-Pro -->