“❤️ Saýt ýene-de öz işine başlady ❤️”

Içeri gir Agza bol
M.Yurekdesh.Ru/ çatsöýerler üçin - biz bärde:)
Ýürekdeş sözler!
BAYOGUL : Abraý agyr zat ýeñil gyzlar götermez ?

Forum | GÜRRÜŇDEŞLIK | Erkin mowzuklar

Halal zähmet (tymsal)
 Özümiziňki
 Minigim [off]
 15.03.2026 / 21:44
 Lekum dinikum ve liye din

Ýeri işläp, bejerip, halal zähmetiňi siňdirip, hasyl almak ýeňil-ýelpaý iş däl. Çünki ýerden hasyl almak daýhandan örän köp zähmeti, gujur-gaýraty, sabyr-takady talap edýär. Şu rowaýaty okap, halal zähmetiň höziriniň uludygyna ýene bir gezek magat göz ýetirýärsiň.

Gadym zamanlarda bir ýaşulynyň iki ogly bar eken. Ol ýaşuly günlerde bir gün özüniň mirasyny paýlap bermek maksady bilen, ogullaryny ýanyna çagyryp:

— Ogullarym, meniň altyn-kümüşden doly bir sandygym we bol hasyl eçilýän bereketli ýerim bar. Bulardan haýsysy göwnüňize ýarasa, şony alyň — diýipdir.

Ýaşulynyň kiçi ogly altyn-kümüşden doly sandygy alypdyr, uly ogly bolsa, özüne miras hökmünde ýeri kabul edipdir. Aý aýlanyp, ýyllar geçýär. Doganlaryň ulusy ýere yhlas bilen ideg edip gurplanýar. Kiçi doganyň bolsa, baýlygy tükenipdir. Şeýlelikde, ol doganynyň ýanyna gamgyn ýagdaýda gelip, berekediniň çeşmesini sorapdyr. Şonda dogany oňa bu berekediň çeşmesiniň pederinden miras galan ýerdigini we halal zähmetdedigini düşündiripdir.


106

22

2

5

0

0

1
Teswirler:
 Özümiziňki
 Mishel [off]
 19.03.2026 / 22:48

+0

Örän gowy temany saýlap alypsyň. Halal zähmet çekip ýaşamalydygyny aýdypsyň. Emma özüňi mysal getirip aýytmansyň. Özüň halal zähmet çekip nämeleri gazandyň. Ýa bolmsa özüň halal ýaşap bilmedigiňi aýytmansyň. mümkin tanyşyň üsti bilen işe girensiň ýada para berip okuwa girensiň. Şu barada tymsal getiren bolsaň hemmä sapak alarlyk bolardy. Ýogsa gadym döwürde bolup geçen bu tymsaly kim çyn diýip kabul eder!


Özümiziňki
Minigim  (20.03.2026 / 00:39) 

Mishel, ozim hakda yazmagy halamok yogsam yazardym

 Premium
 Orazjan [off]
  Sapby soranjaň
 20.03.2026 / 18:16

+1

Gowy tymsal :dovolen:

Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

Meniň şansym nola deň


Iňlisçe adyňy aýtmany başarýaňmy özi sen...dowamy...
Erkin mowzuklar | Meniň şansym nola deň
Outlier (Şugün, 08:45)

Meniň şansym nola deň


Men bolsa hiç ýerde tanymal adam däl. Onsoň Men näme edenimde BMG guramasynyň sekretary bolup bilerin. Bu mümkin däl. Diňe amatly pursat men tara...dowamy...
Erkin mowzuklar | Meniň şansym nola deň
masterdollar (Düýn, 09:08)

Meniň şansym nola deň


Görşüňiz ýaly indiki kanditatlar tanymal wezipeli adamlar. Üstesine olaryň hemmesi diýen ýaly öz ýurtlarynda ýokary wezipeleri eýelän kanditatlar...dowamy...
Erkin mowzuklar | Meniň şansym nola deň
masterdollar (Düýn, 09:05)

2026. Pagtaçy gyz pagta şu geýim bilen çykar


herkim näme ekesi gelse eksin ana şondan gowysy ýok...dowamy...

Bagyt.


Bagyt my ýa, bagt?...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Bagyt.
Mizan (30.07.2026 / 10:39)

Men seni küýsedim aýazly gyşda, Ýaz bilen deñ güllemegñi isledim.


Küýsäpbörmän öýlemmeldä how...dowamy...

Bagyt.


Awtory Aşyr Hanow....dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Bagyt.
Belki (28.07.2026 / 16:55)

2026. Pagtaçy gyz pagta şu geýim bilen çykar


Biziň ýurdumyzda pagta öndürilýar , ýöne pagtany Hytaýdan import edýänimizi bilýärdiňizmi ? Sebäbi Hytaýdan import edenimiz arzan düşýar. Ýene...dowamy...

Hudaýsyzlar 9-njy bölüm


yzyny yazarsynda...dowamy...
Erkin mowzuklar | Hudaýsyzlar 9-njy bölüm
SerdarG (26.07.2026 / 13:40)

Men seni küýsedim aýazly gyşda, Ýaz bilen deñ güllemegñi isledim.


Erbedem bolmapdyr. Nace yasynda sen?...dowamy...
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2025

By We-Pro -->