“❤️ Saýt ýene-de öz işine başlady ❤️”

Içeri gir Agza bol
M.Yurekdesh.ru - 👉 Tanyşlyk Chat 👈
💥New chat..🗨 - üstünden basyp çata girip bilersiňiz:)
Ýürekdeş sözler!
zveezda : "Durmuşda herkim birini tapar, emma bir-biriňi tapmak örän az adama miýesser eder" _zveezda

Forum | GÜRRÜŇDEŞLIK | Erkin mowzuklar

Gara tam — Birinji bölüm
 Täzeje
 Categras [off]
 16.03.2026 / 21:55

Duýduryş:
Bu hekaýa intek doly soňlanmady. Diňe kiçiräk, ýüzleý görnüşde ýazylandyr. Hekaýadaky aňlatmalar, dialoglar we kişiler ýüzleý ýazgynyň netijesidir. Bu ýazgyny ýazmagymyň maksady, okamagy halaýan käbir adamlaryň bu hekaýany lezzet bilen okamagydyr. Bu hekaýa diňe başlangyç görnüşli hekaýadyr. Uly roman görnüşinde ýazmak üçin ne biziň, ne-de siziň wagtyňyz bardyr.
Başga-da okyjylara möhüm bir duýduryş bermek isleýärin. Bu hekaýa käbiriňiziň aňyna ýaramaz täsir ýetirip biler. Eger-de sizde gorky uly bolup, beýle zatlary görmek, diňlemek, okamak we eşitmek islemeýän bolsaňyz ýazgyny okaman, geçip gitmegiňizi maslahat berýärin!
Eger hekaýany halasaňyz goldaw hökmünde like düwmesine basyp bilersiňiz!




BÖLÜM 1.
Günüň şöhlesi obany ýagtylandyrdy. Adamlar säher bilen turup, öz işlerine gümra bolup başladylar. Gaty köne geçmişi bolan bu obanyň ýaşaýyş jaýlary, biri-birine pyşyrdaýan adamlar ýaly, hatar-hatar bolup baýyra çenli uzap gidýärdi. Kerem obanyň çeträginde, baýyra ýakyn ýerde ýerleşýän uly jaýda ýaşaýardy. Ol kolhozda agronomdy. Onuň işleýän ýeri obadan göni çykan ýeriňde, aňyrsy-bärsi görünmeýän ekerançylyk meýdanlarynyň gyrasyndaky bir gatly, ak reňkli binady.
Bu gün ulagyna münüp, howlukmaçlyk bilen işine tarap ýola çykdy. Oba hojalyk bölüminden geljek işgärler bilen geçiriljek ýygnakdan soň hem ýerine ýetirmeli ençe işleri bardy. Ulagyny binanyň arkasyndaky ulaglaryň ýanynda goýdy. Binadan biraz uzakda, ýaňy-ýakynda getirilen 4 sany traktor durdy. Oba kiçi bolsa-da, köne tehnikalar işlere aňsat ýetişip bilenokdy.
– Kerem, geläýdiňmi? – diýip, bir ses eşidildi. Bu kişi Keremiň iň ýakyn dosty Geldimyratdy. Ol bu ýerde hasapçy bolup işleýärdi.
– Hawa, geldim – diýip, Kerem gysga jogap berdi. Soňra dostuna seretdi: – Gowmy ýagdaýyň?
– Oňat-la, sen nähili?
– Äý, boljak. Heniz başlanokmy?
– Ýok. Ýöne geldiler, häzir hemmesi başlygyň ýanynda.
Az wagtlyk dymyşlykdan soň, Kerem ýüzlendi:
– Çilim çeksem bolarmyka şu wagt?!
– Edil häzir hökman däl-le. Kelläni iýerler soň. Onsuzam ýygnak başlar. Çykaly, onsaň çekäýeris.
Soňra ikisi hem binanyň gapysyna tarap ýöredi.
Kerem agşam öýüne geldi. Onuň öýi üç otagdan ybaratdy. Öýe gireňde uly eýwan, çep tarapda bolsa aşhana bardy. Sag tarapda kiçiräk bir otag, öňde bolsa iki sany uly otag ýerleşýärdi. Kerem diňe şol uly otaglaryň birinde ýaşaýardy. Beýleki iki otaga kän girip hem durmaýardy.
Kakasy iki ýyl mundan ozal aradan çykanda, ol bu öýde ýeke ýaşap başlapdy. Jeren atly bir uýasy bardy. Onuň hem şähere durmuşa çykyp gidenine kän wagt bolupdy. Arasynda jaňlaşyp gürleşseler-de, olar beýle bir höwesli gatnaşmaýardylar.
Kerem uzyn boýly, daýaw, gara saçly we agras häsiýetli biridi. Ol ýigrimi sekiz ýaşynda bolsa-da, özüni gaty garry duýýardy. Çagalygynda güler ýüzli, şadyýandy. Mekdepde-de ýaşyna görä gaty ökde we zehinli bolansoň, mugallymlary ony okuwçylaryň arasynda geçirilýän her bir bäsleşige gatnaşdyrýardylar. Kerem bularyň köpüsinde ýeňiji bolup çykypdy. Obanyň mekdebi göni merkezde ýerleşýän iki gatly uly binady.
Käbir çagalar hakykatdan hem mekdebiň çagalarydyr. Olaryň mekdep bilen arasynda üýtgeşik, ýiti we geň bir gatnaşyk döreýär. Mekdebe örän tiz öwrenişip, sapaklara yhlas bilen ýapyşýarlar. Bu okuwçylar köplenç öz içki duýgularyna uly üns berýärler. Beýleki okuwçylar bilen dostlaşyp, gowga edip ýörmegiň ýerine, mekdep durmuşyna işjeň gatnaşmagy saýlaýarlar. Şonuň üçin hem mugallymlar bilen aralarynda uly bir bag döreýär. Olar mugallymlaryny tüýs öz eneleri ýaly görüp, olara çyn ýürekden hormat goýýarlar. Mugallymlaryň iň halaýan okuwçylary hem şolardyr. Soňra näme bolsa bolsun, mugallymlar olary sapaga işjeň gatnaşýan, göreldeli okuwçylar hökmünde ýatlaýarlar.
Kerem hem şolaryň biridi. Kerem mekdepden, mekdep hem Keremden razydy. Ýöne bu gowy günler köp dowam etmedi. Keremiň ene-atasy ýanyna iki çagasyny hem alyp, hepde-de iki-üç gezek uzak bir obadaky adamyň ýanyna gatnap başladylar. Garry, gara sakally we solgun ýüzli bu adam, her gezek gelenlerinde Jeren bilen Kereme uly ýylgyryp seredýärdi. Bu ýylgyryşyň astynda göýä bir jady bar ýalydy. Gap-gara gözleri edil içiňden geçip barýardy. Garry bolmagyna garamazdan, gaty daýaw we uzyn boýly adamdy. Zerurlyk duýmasa-da, mydama elinde galyň hasasy bardy.
Keremiň ene-atasy başga bir otaga geçip, goja bilen bir zatlar gürleşýärdiler. Soňabaka bu ýere her hepde gatnap başladylar. Olar Keremiň görýän düýşlerini hem oňa gürrüň berýärdiler. Hawa, Kerem kiçiliginden bäri käbir düşnüksiz we bulam-bujar düýşler görýärdi. Bu ýagdaý Jerende hem bolýardy, ýöne Keremde has köp gaýtalanýardy. Kerem bulary ahyry ene-atasyna aýdandan soň, olar şol adama has-da kän gatnap başlapdylar. Ol bu düýşleri uniwersitetde okaýan döwründe, ondan soň hem, hatda häli-şindem görýärdi.
Bu zatlardan daşary, Keremiň ene-atasy köplenç öýde uly goh edip sögüşýärdiler. Ähli zatlar iki çaganyň hem okuw durmuşyna uly böwet bolup, olaryň aňyna ýaramaz täsir edipdi. Şol sebäplimi ýa-da başga bir sebäp boldumy belli däl, emma Kerem hiç haçan öýlenmedi. Hatda bu zatlara kän höwes hem edip durmaýardy.

****

Uzakly gün durman, ondan-oňa hereket edendigi sebäpli gaty ýadapdy. Öýe gelip, ýassyga kellesini goýjak wagty gapy kakyldy. Elini galgadyp gaty bir söz diýjek boldy. Gapy täzeden kakyldy. Ol tiz ýöräp gapyny açdy.
– Gurgunmy oglum? – diýip, goňşusy Mahym gelneje ýüzlendi.
– Salawmaleýkim Mahym gelneje. Geliň, içeri giriň.
– Ýok-la, girip durmaýyn. Bir zat aýdaýyn diýdim. Oglum, şol ýeri görüp beräý diýdim-dä, Öwez garaşypdyr şu gün.
– Wah gelneje, özüm ýaňy geldim. Elime jaň edäýmel-ä.
– Jaň etdim diýdi-dä. Beýlekiler hem barmandyrlar.
– Ýok, gelneje. Maňa jaň eden bolmady.
– Bäh, o näme üçin beýle diýdikä?
– Siz maňa onuň telefon belgisini beriň, özüm gepleşerin...

****

Ullakan we uzyn bir otag. Otagyň içi ýagty, ýöne şöhläniň nireden gelýändigi belli däl. Çep gyrada penjireler bar ýaly, ýöne olar hem doly belli däl. Otagyň diwarlary ak we sary reňk garyndyly. Otagyň içi arassa, diwarlary hem täzeje. Ýerde iki sany uzyn, gyzylymtyl haly bar.
Dur hany, otagyň göni ortarasynda biri bar. Dur hany! Bu bir gyz. Ol ýerde otyr, göni öňe seredýär. Gözleri geň galyjylyk bilen seredýän ýaly. Başynda hijap ýaly örtünjesi bar. Dur, bir terslik bar...
Ol gyzyň elleri ýok. Ýok, garaş... Eller-ä bar, emma... Eý Hudaý! Ol gyzyň elleri aňňal ýaly. Hawa, dur! Tirseginden aşagy aňňala öwrülipdir. Iki eli hem aňňal görnüşinde... Gyz seredýär... Dur!

Kerem tisginip oýandy. Töweregine garanjaklady. Soň ýüzüni eli bilen syrdy. Bäh, bu näme boldugyka?!


47

9

0

3

0

0

0
Teswirler:
Mowzukda teswirler ýok! Siz ilkinji bolup teswir ýazyň!
Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

Aldamana oglana ýagşy... [pes goşga, Hak jogap]


Şu ýerde käbir adamlaryň bir häsiýetine haýran galýan.Mysal üçin, bir adam jaý gurluşygy bilmeýän bolsa, ussa ýüz tutýar. Özüniň şu ugurda hiç bi...dowamy...

Oraza baýramy


Metjidimizin ymamy Remezan,hachanda Remezan gutaranson bashlayar,namazda hachan iki egnine salam bereninden son bashlayar diyip wagyz edipdi shu...dowamy...

Oraza baýramy


Sagbolun sizinem tutan orazalarynyz eden dileg dogalarynyz kabul bolsun...dowamy...
Gutlaglar we arzuwlar | Oraza baýramy
Minigim (Şugün, 00:44)

Aldamana oglana ýagşy... [pes goşga, Hak jogap]


Göwnejaý gürrüň. Başarsaň, öwren we öwret. Başarmadyňmy, gep etme, şyltak atma....dowamy...

Halal zähmet (tymsal)


Örän gowy temany saýlap alypsyň. Halal zähmet çekip ýaşamalydygyny aýdypsyň. Emma özüňi mysal getirip aýytmansyň. Özüň halal zähmet çekip nämeler...dowamy...
Erkin mowzuklar | Halal zähmet (tymsal)
Mishel (Düýn, 22:48)

Heserdeş (oýlanma)


Tuweleme. Ay bul-a Nesilde cap bolandyr...Yaslygymyn baharyna gatnasmansynyz-la, agam. Yeke gitmeli boldum )...dowamy...
Erkin mowzuklar | Heserdeş (oýlanma)
Belki (15.03.2026 / 13:52)

Bir arapdan_bir şarapdan №11


Ikinji bolege sorag:Hany sozlemin eyesi? Kim yetisdirya ol sahslary?...dowamy...

Bedr söweşi


Şol sòweşde 2 gezek şeýle bir tupan turdy diýilip aýdylýar. Her gezek tupan turanda asmandan 500 perişde inipdir. Olar şeýle tizlik bilen her...dowamy...
Erkin mowzuklar | Bedr söweşi
OrazM (14.03.2026 / 18:45)

Bir arapdan_Bir şarapdan №10


Şeýle temalar üçin minnetdar awtor. Okanyňa degýän tema dogrusy. Dowamly bolsun ...dowamy...

Bir arapdan_Bir şarapdan №10


Herki wagtda içine şeýtan ornan milletler bolan häzirde şeýle. Ýöne musulman döwletinde şeýle zatlar biz ýaly gumuň Oglanlary üçin gaty geň....dowamy...
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2025

By We-Pro -->