Ýürekdeş sözler!
Ogul...
Minigim [off]
20.03.2026 / 00:59
Lekum dinikum ve liye din
Owadanlyk bezemeýär adamy,
Owadan dogulma bagtly dogul.
Nesihatym hergiz ýadyňda bolsun,
Ýalan sözden mydam daş bolgun ogul.
Sylanlary syla müňlerçe esse,
Hiç kimi özüňden goýmagyn pesse,
Bir gün abraýdan wezipe ýetse,
Il günüň sarpasyn saklagyn ogul.
Gözüň dikme kesekiniň malyna,
Şükür eýle Allaň beren zadyna,
Ysnat getiräýmegin kakaň adyna,
Ýürek törüň imandan bezegin ogul.
Zar bolmagyn biminnetiň aşyna,
Her geleni üýşürmegin daşyňa,
Ejiz günüň dözjek ýok göz ýaşyňa,
Her ädimiň oýlap ätlegin ogul.
Namart bilen hiç agzyň deňeme,
Köpçülikde üns ber herbir sözüňe,
Haramçylykdan asla törüň bezeme,
Iýen nanyň halal çeýnegin ogul.
Bu durmuşda her gelene ynanma,
Ýalan dünýäň mal mülküne daýanma,
Ýene bir zat men-men diýip öwünme,
Men-menlikden mydam daşda dur ogul.
Guwançmyrat Şabaýew
86 |
13 |
1 |
4 |
1 |
0 |
1 |
Teswirler:
Orazjan [off]Sapby soranjaň
20.03.2026 / 18:01
+0
"Uly görün ýaşyňdan,
Hormat gazan işiňden,
Galman deň-duşundan,
Uzak ýaşa ös ogul..."
Minigim (21.03.2026 / 13:05)
Orazjan, bul kimin gosgusy
Orazjan (21.03.2026 / 22:59) Minigim, Awtory bilemoga
Minigim (21.03.2026 / 22:59)
Orazjan, aha
Soňky teswirler
Durmuş Sapaklary
Mena bashda maglumatdyr oydup pikir etdim asyl goshgy eken, ay boljak kopurak yazypbersena kapyyada girjek eken...dowamy...
JAŇ EDIŇ!
Prostq gyzyklanma: Ejeesi yanynda bolsa onam gunde azyndan 7-8 gezek hosh soz aydyp opyan bolsa bashyna tac edyqn bolsa onq tqgzym edyan bolsa. B...dowamy...
Ýatkeşligi ösdürüň!
Gowy cykalga aslynda shu meselede menem kop ejir cekyan belki bizede peyda eder hokman barlap gorerin...dowamy...
GARGALARA BILBIL BOLAN GÜLKI MEN...
Gowy synanyzhyk bolupdyr. Google translate yaly cem popular dalde dogry terjime etmegini arzuw edyan...dowamy...
GARGALARA BILBIL BOLAN GÜLKI MEN...
Ylhamda umuman pikir uzlem-saplamlygy orboyuna galyar dip pikir edyan. Aytmaklaryna gora, sonky dowur hasam samahyllapdyr. Tiktok şahyry bolupmyş...dowamy...
JAŇ EDIŇ!
Eje, häzir agtygyňy ugratjak, şoo hälki bişiren kökejikleňden 1 paket edip ugradaýda... diýip jaň edäýsemmikäm? :D...dowamy...