“❤️ Saýt ýene-de öz işine başlady ❤️”

Içeri gir Agza bol
👉 Tanyşlyk Chat (üstüne bas)👈
💥New chat..🗨 - üstünden basyp çata girip bilersiňiz:)
Söýgüli chat
Ýürekdeş sözler!
Perman : Pul...Bolsada bolmasada kelläni agyrdyjydyr.

Forum | GÜRRÜŇDEŞLIK | Erkin mowzuklar

Heserdeşiň kim seniň
 Täzeje
 Mugallyma [off]
 20.03.2026 / 19:18

Heserdeş (oýlanma)

Kölüň kenaryna gelip, ine, şu setirleri ýazyp otyryn.

Name üçin bir özüň. Gaty gynandym. Bir özüň kölüň boýnunda ýazyp otyranyňa. Birden joşgunyň dawleniýeňi galdyryp gidip özüňi ýiterseň näme etjek. Köle suwa gaçmagyň mümkin ahyry. Ýazyp otyrkaň çaý demlap berer ýaly bir ýürekdeşi hem ýanyňa alyp onsoň ýazsaň bolmaýarmy?. Hem bu näzenine seredip ýazanyňda ylhamyň ondanda beter joşup roman, epopeýa ýazardyň. Bu ýazan romanyň dünýä meşhur bolup gidip kitabyň milliard tirajy bolup ony satanyňda milliarderler hataryna goşylardyň. Örän pajygaly ýagdaý. Köp girdeýjiden galypsyň. Ondanda beteri Nobel baýragyndan galypsyň.

Ylhamly tolkunlaryň joşgunly sazy, erkana guşlaryň owazy bilen goşulşyp, ajaýyp aýdyma öwrülýär.

Ne kadar ajaýyp setirler. Diňe şu setiriň üçin seniň döşüňi Parahatçylyk ordeni bezemeli. Erkana guşlar diýýäňmi? A men biçäre guşlar diýýän. Sebäbi olar erkana uçyp ýörenoklar. Olar iýmäne zat gözleýärler. Üstesine bahar aýy geleni üçin höwürge ýasamaly. Sen bolsa guşlar meniň üçin gygyrýar diýen pikire gelipsiň.
Men näme üçin seniň ýaly oýlanyp bilmeýärkäm?. Guşlar meniň üçin saýrady diýsem bu nähili bolar!. Men kim guşlar meniň üçin saýrar ýaly?

Salkynjak şemal çalajadan köwsarlap, ýüzümi ýelpäp, göwnümi galkyndyrýar.

Özüňi pygamber saýýan ýaly bolaýypsyň!

Tolkunlaryň owazy ruhuma rahatlyk çaýyp, hoşamaý hüwdileýär.

Bäbek diýip özüňi oýlapsyň:
-Allaý-alleý ak babek
Aýa-güne taý babek
Ejeň işden gelýänçä
Aglamanjyk ýat bäbek

Içki duýgularym hem şu köldäki tolkunlar kimin şemalyň ugruna agyp-dönýär.

Aý, hemmäniň içki duýgylary bir ýerde duranok. Ýanyňda ýüfekdeş saýtyndan birje gyz bolanda içki duýgylaryň woobşe başgaça bolardy

Kähalat kalbymda tupan turýar, käwagt parahatlyk.
Bu setrirleri nireden aldyň. Haýsy şahyr ýazdy bulary ýa özüň ýazdyňmy. Adyny tutup aýyt ahyry kim seniň kalbyňda tupan turuzýar. Ýürekdeş. Ry saýtynyň iň owadan gyzymy? Kim ol gyz. Menem özüme owadan hem akylly gyz gözläp ýörün.

Megerem bu duýgyny maňa şol alňasap gelýän gomlar bagyş eden bolmaly. Ol joşdugyça göwnümem joşýar. Emma olar ýaly irginsiz joşup bilemok. Ylham perim duýdansyz gelýär-de, kän eglenmän uçup gidýär. Bolýar gidiber, ýene-de dolanyp geljegiňe, menden ýüzüňi öwürmejegiňe ynanýan.

Çendenaşa baha berýäň özüňe. Eýsem näme türke, orsa gidip barýanlaryň yzy kesilenok. Seniň ýaryň hem gidip galsa onuň gaýdyp geljegine ynam etme!

Wagt hem şu suwlar ýaly aýlanyp akyp dur. Kenara urulýan her bir tolkun geçip giden günleriň, geljekki arzuwlaryň we häzirki pursadyň garyşyk owazy.

Indi hut fizikadan açyş etdiň. Wagta fiziki häsiýet berip bildiň. Indi fizikadan Nobel baýragyna garaşyber!

Meniň ylhamym hem şol tolkunlaryň arasynda gizlenipdir.

Ol gelende meni dünýäden üzüp, beýik bir giňişlige äkidýär; gidende bolsa, meni şu gumak kenarda oýlanyp oturmaga mejbur edýär.

Aýalyň taşlap gidende hen edil şu hili bolýaň. Biz özüň tamda gugaryp galýaň. Haçan yzyna gaýdyp gelerkä diýip bosagada garaşyp otyrýaň

Emma bu dymyşlyk hem iň uly döredijilik.
Belki-de, ylhamyň irginsiz joşup bilmezligi onuň gymmatyny artdyrýandyr. Sebäbi gymmatly zatlar hemişe tapylmaýar, olara garaşylýar. Men hem şu kenarda şol eziz myhmana garaşyp oturaryn. Çarlaklar, durnalar, gök asman we goja kenar — hemmesi meniň şu duýgyly dünýämiň aýrylmaz bölekleri.

Okean adasynda bir özi ençeme ýyl ýaşan Robinzon Kruzo bolduň şu wagt

Durmuş hem hut şu köl ýaly: käte joşgunly, käte asuda, emma hemişe öz akymynda ajaýyp. Iň esasy zat — şol akymda öz ruhuňy ýitirmän, her pursatdan ylhamlanyp ýaşamak.

Pulyň bolmasa ruhyň hem ýitýär. Ylham bolsa senden gaçyp kim pully bolsa şol tarapa gidýär

Tolkunlaryň aňyrsynda Günüň batyp barýan pursadyny synlamagy halaýan. Iň gowy setirler şol pursat döreýär. Günüň batyşy bilen asmanyň ýüzünde emele gelen gyzyl şapak kölüň ýüzüne ýazylyp, suwy jadyly bir reňke boýaýar.
Şadyýan çarlaklar göge galyp, tolkunlaryň owazyna tans oýnaýarlar. Şol pursat göwnüm ganatlanyp, ho-ol çaýkalaryň arasynda pelpelleýär. Hatda ötegçi durnalaram asuda ülkäme göçüp gelipdirler.

Başdan şeýle diýip goýmalydyň; Adamlar siz meniň üçin hiçkim däl. Men öz heserimi siziň bilen dälde suw tolkunlary hem çarlaklar bilen paýlaşýan diýmelidiň. Ýöne menem senden hiç zat tamakin däl. Üstesine seniň ýaly adam bilen heserdeş bolandan gowysy ýürekdeş.ru saýtyndan bir gyz bilen tanyşyp onuň bilen heserdeş bolanym meniň üçin dogry diýip hasaplaýaryn.

Adam öz-özi bilen galanda has dogruçyl bolýar eken.
Goýsan-eý. Özüňi aldap görjek bolmaly ekeniň. Belki aldarsyň

Men dymyşlygyň sesini diňleýärin. Hawa, ümsümligiň hem özüne mahsus owazy bar eken. Men özümi şu älemiň bir bölejigi ýaly duýýaryn, emma şol bir wagtyň özünde-de tutuş älem meniň içimde jemlenen ýaly. Aňyrdan alňasap gelýän tolkunlar, erkana ganat gerýän guşlar maňa adamlardan has ýakyn, has heserdeş.

Bolupdyr. Şol çarlaklara halyňy aýdyber. Belki olar saňa öz tutan baygyndan birini bererler.

Sebäbi olar öz dilinde iň uly hakykaty aýdyp berýärler. Bu diňe bir gözellik däl, eýsem, bir ömürlik hakykatyň beýany. Heserdeş bolmak — diňe bir sözde däl, ruhda we ümsümlikde birleşmek.

Aýalyň bilen agşamyna ümsümlikde birleşilýär.

Tebigatyň bu jümmüşinde hiç hili ýasamalyk ýok, hemme zat öz tebigylygynda gözel. Aslynda, biz adamlaryňam iň uly kemçiligi şu dälmi näme? Tebigylygy ýitirmek... Emma şu kenar maňa aslyma dolanmagy öwredýär.

Gadymy adamlara öwrüldiň. Entek adamlar medeniýeti bilmedik olar adam şekilli maýmynlar bolan. Sen şol döwüri bize öwredýäňmi. Men-ä ol döwüre gaýdyp barmak maksadym ýok.
Tebigat bilen şeýle ýüzbe-ýüz galanyňda, sözlere mätäçlik duýulmaýar. Ýer bilen gögüň birleşýän çyzygyna — bakyga seredip, dünýäniň neneňsi çäksizdigine haýran galýaryn. Kenardaky gamyşlaryň şygyrdysy maňa pany dünýäniň geçip gidijidigini, emma şu pursatda duýýan yşkymyň bakydygyny pyşyrdaýar.

Pany dünýäniň geçgindigini maňa gamyşlar dälde şahyrlaryň goşgylary aýytdy

Kähalat şeýle bir pursat bolýar, hatda iň ýakyn ynsanyňa-da aýdyp bilmejek syrlaryňy tebigatyň özüne aýdasyň gelýär.

Eýsem näme? Tebigatyň dili ýok diýip adamlara tebigata edip bilen ýamanlygyny edip ýörler.

Sebäbi tebigat seni ýazgarmaýar, geň görmeýär, ol seniň syrlaryňy, sözleriňi, gaýgy-gussalaryňy sabyr bilen kabul edýär. Ine, şu ýerde men özümi hakykatdanam erkin duýýaryn. Hawwa, kärdeşim we dünýädeşim Daňatar Galpakowyň aýdyşy ýaly, "Bu ýer adamlardan heserdeş maňa".

Gerçeknazar AMANNAZAROW.


61

11

0

2

0

0

0
Teswirler:
Mowzukda teswirler ýok! Siz ilkinji bolup teswir ýazyň!
Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

Bir näçe wagtlyk saýtdan gitseň, seni kim ýatlar...


sen kimay meni yatlanoklar seli...dowamy...

Bir näçe wagtlyk saýtdan gitseň, seni kim ýatlar...


Meni kim yatlarka...dowamy...

Bir näçe wagtlyk saýtdan gitseň, seni kim ýatlar...


yuhhyjy...dowamy...

Bir näçe wagtlyk saýtdan gitseň, seni kim ýatlar...


Oldlar barmy bärde Perman, Wonderfu, Pälwan pro, We pro, Nowça haýsylarny tanaýaňyz?...dowamy...

Bir näçe wagtlyk saýtdan gitseň, seni kim ýatlar...


Men gitsem ýatlajak köfdir. 5ýyl geçsede adymy unutmoýanla bargy...dowamy...

Bir näçe wagtlyk saýtdan gitseň, seni kim ýatlar...


Bir näçe wagtlyk saýtdan gitseň, seni kim ýatlar... Hiç kim!...dowamy...

Bir näçe wagtlyk saýtdan gitseň, seni kim ýatlar...


tanamok hic Kimi kim yatlasyn...dowamy...

Bir näçe wagtlyk saýtdan gitseň, seni kim ýatlar...


hic kim...dowamy...

Bir näçe wagtlyk saýtdan gitseň, seni kim ýatlar...


🙂mnä unuduldum bir wagtky aýdymcy_jemile unuldt🙂...dowamy...

???!!!


Şuny pikirlerde ýazsaň bolmadymy...dowamy...
Erkin mowzuklar | ???!!!
Bagana (03.05.2026 / 16:46)
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2025

By We-Pro -->