Düwün
Premium BAYOGUL [off] 05.05.2024 / 23:03 Aldamak aňsat biz ýaly sadalary
Çagalar hassahanasyndaky otaglaryň birinde üç ýaşly gyzjagazym bilen ýeke galdym. Lukman ýaňy çykyp gitdi. Ol gyzym bilen degşip, gülümsiräp gepleşdi, ýöne otaga girmänkäk gürleşemsoň, ýagdaýyň öwerlik däldigini bilýärdim.
Ejesi daşynda bir ýerlerde (megerem, hajathanada) aglap oturandyr.
Gyzym o diýen kakaçyl däl, ýöne häzir onuň duýgularyny bukmaga ysgynam, islegem galmadyk bolarly, maňa juda naýynjar mähir bilen garaýar.
Şeýle ýagdaýda iň agyr degýän zat – eliňden hiç zadyň gelmeýänligi.
Gyzym arkan öwrülip, balykgulak ýaly towlanyp ýatanynda, elim bilen onuň buýra saçlaryny darakladym. Bir garyş şar-gara saçlarynyň ujy barmagymyň bogunlaryna ilişende, kellesini agyrdaýmaýyn diýip, seresap hereket etdim. Gyzymyň şeýdip saçyny sypaýşymy gowy görýändigine men belet, aslynda muny halamaýan çaga barmyka beri? Hatda itdir pişiklerem şuňa meňzeş mährewe zar ahyryn.
Ýyly eliň astynda çagaň gabaklary agralýar, ol meýmiräp başlaýar.
Birden men gyzymyň saçynyň bir topar tarynyň düwün edilip daňylandygyna üns berdim. Darak degmese olaryň towlanyp, bulam-bujar boljagy belli, ýöne bu ýerde saçlar bir-birine bulaşman, olaryň her biri aýratyn çigin bolupdyr. Hamala, kimdir biri olary ýörite daňan ýaly.
Yrymçyl däldirin welin, hatda menem bu çiginlerde ýaman niýetli doga-jadynyň alamaty barmyka diýip, iňkise gitdim.
Gyzyma bildirtmän, bu düwünleri bir-birden çözüp başladym. Saçynyň her kirşinde ikiläp-üçläp daňy tapdym, olary haýaljykdan çöşledim. Bu işi etdigimçe gyzymyň saçy uzaberdi. Onuň uzynlygy bahym tirsegime ýetdi.
Gözümiň köküni gyryp, palatanyň gögümtil çyrasynyň astynda bu işimi dowam edýän. Dura-bara saçy bir gulaç bolýar.
Düwünleriň baryny çözdügim, gyzymyň hassalykdan gutuljagyna ynanýan. Daşyndan çaga timar berip oturan telbä meňzeýän bolmagymam ahmal, ýöne men bu başagaýlykda ajala garşy aldym-berdimli söweş alyp barýan.
Bir salymdan gyzym asuda uka gitdi, hassahananyňam duşuşyk wagty tamamlandy. Men bolsa ýeke özüm muňa ähmiýet bermän, henizem gyzjagazymyň saçyny çöşläp ýörşüme, boşap galan dälize çykypdyryn.
Ine, birdenem gapdalymda aýalymyň sesi eşidildi:
– Gyýw, bärde näme işläp otyrsyň?
– Menden şu wagt hiç zat sorama – diýip, edip oturan işimi taşlaman, başymam galdyrman jogap berdim. – Gowsy, çöşlemäge kömek et!
– Weý, munuňky aňsat-la. Wagtyňy gidirme... – diýip, ol bir ýerlerden kiçijik gaýçy çykardy-da, men häh edip ýetişmänkäm saçyň ujuny kesip goýberdi.
Uzyn gara tarlar ýylan kibi süýrenip, otagyň içine gitdi. Yzyndan kürsäp palata girdik. Ýatalgada gyzymyz ýokdy. Oňa derek, uzyn saç potologa urnup duran reňbe-reň şarjagazlaň göbeginden sallanyp dur.
Teswirler:
Betinden rexha [off] En büyük hatanız kör sandınız🍃 09.05.2024 / 12:49+0 govken
Soňky teswirler
Dillen..!
Şular ýaly goşgy ýazyp bilýärkäňiz, näme ün adyňyzy gizleýärsiňiz? Buýsanmak gerek. Juda täsirli goşgy. Okanyňda suw ýaly akyp dur. Ylham çeşmä...
dowamy...Dutar heňi🙂
Goşgyny birtäsin gördüm bir zat aýdyljak bolan ýaly welin gepiň uzap gitmegi bilen gyzygyny gaçyrypdyr.
Awtora Üstünlik ýetirip duruň!...
dowamy...💎💎💎💎
Goşgyny adatyrak gördüm soňky iki goşgusynam ýa meniň goşgudan gözleýän zadym başgaçarak zatdyr, garaz her kime her hili goşgy ýaraýar. Awtora Üs...
dowamy...