Ýürekdeş sözler!
Käbäm Ejem..
Vector_Pro [off]
26.03.2026 / 07:23
Köçe Mekdebi. Ynam däl, kynçylyk öwretdi.
Dünýäniň şatlygy gözleriňdedir,
Mäherli dünýämiz sözleriňdedir.
Her bir ädimimizde, her bir ýolymyzda,
Eý, mukaddes Käbäm, dowamyň bardyr.
Seniň ýylgyryşyň – ömrümiň nury,
Doga-arzuwlaryň – kalbymyň gory.
Sen bolsaň ýanymda, dünýäm dury bolar,
Seniň mähriň bilen göwnüm nur dolar.
Gijeler ýatman, hüwdi aýdanym,
Meniň üçin her pursatda köýenim.
Sen meniň iň uly baýlygym, Ejem,
Ömrüme many beren, şatlygym, Ejem.
Başyňy dik sakla, hemişe gül sen,
Biziň bagtymyzdyr seniň barlygyň.
Goý, Taňrym gorasyn seni her zaman,
Sen biziň dünýämiz, biziň şalygym.
70 |
11 |
1 |
4 |
0 |
0 |
1 |
Teswirler:
афганка [off]
Всё, что хочешь от жизни бери и беги
28.03.2026 / 13:09
+0
Şalygym shu soze kan dushunmedim,Şalyk yagny patyshalyk diyen manydamy
Vector_Pro (28.03.2026 / 22:15)
афганка, howwa
Soňky teswirler
Ilkinji edebiýat birleşmämiz ☺
Menem birleşme barada birzatlar ýazaýjakdym, Basmaçylardan ýaňa ýazjagyňam ýazyp bolanok, bar höwesiňi alansoňlar ýazasyňam gelenok. Oňarypsyň, ý...dowamy...
Ýatla meni...
Bir mowzugy, bir gezek halamak mumkin! Esasy Sada halkyň göwnünden tursa, ol seniň ýazan zatlaryňy ýyldan ýyla nämejik, asyrdan asyra geçirýär....dowamy...
Ýatla meni...
Poeziyada lenc edilen pikirlerden gacarak durmak gerek. Meselem, gysda yazda yatla diyen yaly. Gosgyn icindaki uytgesijek bir zatlar aytjak bolma...dowamy...
Ahwal
Umuman alanda gosgyn tehnikasy sagdyn, duygusam bar. Birhili Cary Yegenmyradyn gosgularynam yatlatman duranok. indi minuslaryna gelsem kabir kapy...dowamy...
Edebi söhbetdeşlik Taýmaz Seýidow bilen sorag-jogap
Tuweleme, gowy sohbetdeslik bolupdyr. Taymaz agan jogaplaryny men-a gaty haladym. Ayratynam 12-nji sorag we jogaby gaty yerine dusupdir. Ustunlik...dowamy...
Ýüregimiň Sözleri❤️
söýgüň bäşiňisn, Belki ýaly bolup bir şahada 6 nar bolduň ýördüňaý. Hakylly bolarlara...dowamy...