Içeri gir Agza bol

Yurekdesh.ru saýtynyñ android programmasy
Ýürekdeş sözler!
I_miss_you : Var bildiğim insanların yokluğuna ezelden alışkınım ?

Forum | GÜRRÜŇDEŞLIK | Erkin mowzuklar

Durmuşa çykmagyň sogaplary we günäleri
 Täzeje
 10asevdali [off]
 07.05.2024 / 19:53
 Ýüregimdäki adamyñ pikirindede ýok men

Ali ibn Abu Talib (radiyallahu anh) rowayatlaryndan şeýle diýýär:
Bir gün Allahyň Resulynyň (sallahu aleýhi wessellam) ýanyna bir aýal maşgala gelip: ‘’ – men bir oglana durmuşa çykmak isleýärin . Näme diýip bilersiňiz bu barada?’’
Serwermiz ýylgrdyda şeýle jogap berdi: “Erkegiň haky aýal maşgalanyňkydan köpdür. Sen olary ýerine ýetirip bilermiň?’’Onda ol gyz: ’’ o nähili?’’ diýip sorady.
-‘’ Eger sen öz äriň göwnüne degseň , sen Allahyň garşysyna çykdygyň bolar we seniň namazyň kabul bolmaz’’
- ‘’Ýene –de barmy ?’’
-‘’Egerde aýaly öz ärinden birugsat köçä çyksa , her äden ädimi günä hasaplanylar’’
-‘’Ýene-de barmy ?’’
-‘’Egerde aýaly erbet söz aýtsa ,onda kyýamatda onuň dili arkasyna oralar’’
-‘’ýene de barmy?’’
-‘’Egerde aýalynyň baýlygy bar bolsa we ärine kömek etmese ,ahyrýetde onuň yüzü gara bolar’’
-‘’Ýene-de barmy?’’
-‘’Egerde aýaly äriniň baýlygyny ogurlap başga birine berse we ötünç soramasa,onda ol aýalyň beren sadakalaryny we zakatlaryny Allah kabul etmez’’
-‘’ýene –de barmy?’’
- ‘’Egerde aýaly ärine sögse we oňa garşy söz aýtsa ,onda ol dili üçin Dowzahda asylar. Egerde aýal aýdym sazyň bolýan ýerine gitse we onuň üçin pul berse ,onda geýinen eşikleri şeýle diýip nalarmyş:” Sen bizi öz ýanýoldaşyň üçin geýmediň ,sen bizi haram ýerlere gitmek üçin geýdiň” . Şeýle aýallary ALLAh 1000ýyllap ýanmagy buýruk eder.’’
Bu zatlary eşiden gyz şeýle diýdi:” –Ya Allahyň Resuly ! Bu çaka çenli durmuşa çykmandym we indi hem çykmaryn”. Onda Pygambermiz(sallallahu aleyhi wesselam) şeýle jogap berdi:” Durmuşa çykaňda nähili sogaplary gazanýanydygyň barada hem aýdyp bereýinmi?” onda diňle:” Eger äri men senden razydyryn diýse , munyň sogaby aýaly üçin 60ýyl namaz okan ýalydyr”. “ Egerde sen oňa bir bulgur suw uzatsaň , bu seniň üçin 1 ýyl oraza beklenen ýaly sogap bolar”.’’ Äri bilen jyns gatnaşykdan soň gusul alsa,munyň sogaby 1000ýyl gurbanlygyň sogaby ýaly bolar”.”Ärine mekirlik etmeden ölse ,perişdeler tesbi sanar” .’’Öz baýlygyny äri üçin saklap gezse we äriniň hossarlary bilen gowy gatnaşsa ,5 wagt namazyny okasa,orazasyny tutsa bularyň sogaby 1000 gezek Käbä aýlanan ýalydyr.”


251

28

12

7

1

0

1
Teswirler:
 Täzeje
 Joker [off]
 07.05.2024 / 19:55

+0

Wahe houa sol cyn eken


Täzeje
Balm_mioo  (07.05.2024 / 19:56) 

Joker, okadyňmy

 Täzeje
 Joker [off]
 07.05.2024 / 19:56

+0

Senem ariňe wepaly bol


Täzeje
Balm_mioo  (07.05.2024 / 19:56) 

Joker, hehe bolýa


Täzeje
Balm_mioo  (07.05.2024 / 19:57) 

Joker, Senem heleýiňe wepaly bolgun gyy

 Täzeje
 Guljagaz [off]
  Gezyan erkime seredemok herkime
 07.05.2024 / 20:10

+0

Gowy onem esdipdp

 Öwreniji
 EpifiZ [off]
  "There Are No Second Chances"
 07.05.2024 / 21:22

+0

Like

 Premium
 BAYOGUL [1s]
  Yurekdesh.ru
 07.05.2024 / 22:10

+0

Gowy eken mlds

 Özümiziňki
 Muawiye [off]
 07.05.2024 / 22:27

+1

Nähili dini zat bolsa-da arassa aýallary masgaralap görkezýän bir ýazgyda, hiçkim aýyplaşmasyn. "Äri" hudaýlaşdyryp, aýaly ýanynda kiçijek, diýen edip ýören mör-möjek ýaly görkezýän garaýyş. Aýallary diňe erkeklere bagly hasaplaýan örän howply garaýyş. Şol sebäpli aýallary sylaman, äsgermän, dürli-dürli zorluklar, hatda jenaýatlar bolup dur.


Öwreniji
Akademik2  (08.05.2024 / 05:16) 

Muawiye, gaty gorme dostjan bu gelinlerin wezipesi hic hilam Alla denelenok ari dusunjek bol okap manysyny cykar ol yerdaki 1 soz 10 sozi anladyp dur dusundinmi din sana masgalany gul et diyenok sen teris dusunyan arinem seyle wesipleri bar ony esdaysena ozini samanmykam oydersinay borlay kopurak okap gor suny dusunersin
Allan Resuly hic wagtam aldan daldir bu hadys ahyryn!!!

 Özümiziňki
 Perhat_Sabirovv [off]
  Men hiçkim birazajyk pikirlen...!
 08.05.2024 / 02:20

+0

Käbir häzirki zaman gyzlarymyzyň biläýmeli zatlary, haladym.


Täzeje
Balm_mioo  (08.05.2024 / 07:44) 

Perhat_Sabirovv, men bilýänä boldyda

 Öwreniji
 Akademik2 [off]
  YEKETAk.RU
 08.05.2024 / 05:38

+0

Hakyky zat bular

 Özümiziňki
 Muawiye [off]
 08.05.2024 / 07:33

+1

"Hakyky zat" diýäýersiň ýigidim "errrkek" bolsaň.) Gel onda biraz bu meseläni düşünişjek bolaly, iki garry dost mysaly (aslynda örän belli zat welin).

bu gelinlerin wezipesi

Gelinler bir işdemi, gelinler "Google"-yň düzgün-kadalaryny bozup, protest edip ýakynda işden çykarlan işgärler ýaly işgärmi? Wezipedigini kim kesgitleýär? Eger dini tarapdan seretseň "okeý", dini tarapdan diňe wezipesi bolmagy mümkin. Ýöne bu döwürde dini doly amal edýän ýok we biz dünýewi döwletde ýaşaýarys. Demokratik döwletde ýaşaýarys we bulam jynslaryň hukuk taýdan deňdigini aňladýar. Men dini tarapyny gürleşemok, elbetde dini taýdan dogry bolup biler. Men umumy aýdýaryn. Nikadaky esasy wezipeler sadyklyk, birek-birege bolan mähir, hormat-sylag bolup biler.

Eger sen öz äriň göwnüne degseň , sen Allahyň garşysyna çykdygyň bolar

Nikanyň iki sany tapawutly adamyň bir durmuşda, birlikde bolan ýasaýyşydygyny unutmaly däldir, şol sebäpli islendik nikada-da düşünişmezlik çykyp bilýär, aýalam erkegem günäkär bolup bilýär bu düşünişmezliklerde. Nikada iň ýönekeý we köp ýüze çykýan düşünişmezlik, isleg we mätäçlikden dörän düşünişmezliklerdir. Mysal üçin äri bir zat etmek isleýär emma muňa aýaly garşy çykýar, ýa-da göni tersi. Muny "Alla garşy çykmak" diýip görkezmek, aýyplaşma welin ärleriň çöregine mesge çalmakdyr.)

dusunjek bol okap manysyny cykar ol yerdaki 1 soz 10 sozi anladyp dur

Dostjak aýyplaşma welin, mowzukdaky zatlary tankytlaýsam munuň soňy bolmaz. Şeýlebir tankyda açyk, şeýlebir ýalňyş düşünişilip bilinjek zatlar welin, esasy mesele-de şol. Arkaýyn bol, düşüninenim üçin ýazyp bilýärin. Perwaýsyzlyk edemok.

din sana masgalany gul et diyenok

Ýaňam aýdyşym ýaly, dini doly amal etmek mümkin däl we sen hem doly amal edeňok, men dini tarapdan seredemok.

arinem seyle wesipleri bar ony esdaysena ozini samanmykam

Äriň wezipesi aýalyň wezipesi bilen deň bolmaly. Sebäbi iki ynsan hem deňdir. Eger aýaly ärinden rugsat alyp köçä çykmaly bolsa, äri hem rugsat alyp çykmaly bor.

Allan Resuly hic wagtam aldan daldir bu hadys ahyryn

Hadyslardaky aşa zorluga degişli zatlar bilen, örän uly manysyzlyk bilen dolup ýatan ýerlerini we bular sebäpli "Gurhan yslamy" diýlen zadyň dörändigini we diňe hadyslar sebäpli birtopar kişiň dinden çykandygyny aýdybam oturmaýyn (sebäbi belli bu zatlardan habaryň ýok).

Diýjek bolýanym, häzir nikalar diňe iki tarabyňam birek-birege deň garamagy netijesinde döreýär. Erkekleriň nähili ikilik etmäge, aýallaryna zorluk etmäge, olary kösemäge, söýmezlige şeýlebir meýillidigini diňe Link-däki "gyzgelinlermaslahaty" atly hasapdanam görüp bilýärsiň. Kelläňi tutup diliňi dişlärsiň. Bularyň sany şeýlebir kän welin, sanasaň sogaby kän.) Şular ýaly ýazgylar sebäpli erkekler özüni bir zat hasaplap aýallaryndan özüni üstün görýärler, şol sebäpli el galdyrmagy özüne hak hasaplaýarlar, şol sebäpli jenaýatlar bolup dur.


Öwreniji
Miss_minnosh  (08.05.2024 / 09:41) 

Muawiye, dogry.

 Öwreniji
 Miss_minnosh [off]
  _ не смотри вокруг,там нет такая как я??...
 08.05.2024 / 09:44

+0

Menem muawiye'ň aýdanlarna goşulýan.Her maşgalada-da erkek we aýal deň derejede görülmeli.Atam pahyryň zamanynda bar eken şo ,,öýde erkek uly').Bu pikiri umuman kellämizden çykarmaly.
Gysgaça meň pikirlermi muwiýe ýazyp geçen)

 Gytyndan
 Yekejelai [off]
  Øzime_dønein?
 08.05.2024 / 23:19

+0

 Betinden
 rexha [off]
  Грусть — это цена, которую мы платим за любовь
 09.05.2024 / 13:06

+0

Şo agza goşulyan!

Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

GELNEJEM


Iň soňky bendi, hakyky erved degyaray...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | GELNEJEM
rexha (Şugün, 13:05)

GELNEJEM


Şol döwüriň gelnejelerem gowy bolandyr. Alla saklasyn, uruş bir bolmasyn....dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | GELNEJEM
Baharyaz (Şugün, 12:55)

GELNEJEM


“Bir täsin aýdym aýdardyň Aga çalymdaş heň bilen.” Gaty agyr goşgy. Urşuň yzýanyndaky epizodlar......dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | GELNEJEM
Pegas (Şugün, 12:15)

Катюша


Dan bn pastrenya aydyk suny...dowamy...
Gutlaglar we arzuwlar | Катюша
Aydymcy_Jemile (Şugün, 11:30)

Катюша


Atamy ýatlatdyňyz. Sag boluň. ...dowamy...
Gutlaglar we arzuwlar | Катюша
Gulmahrem (Şugün, 10:57)

Катюша


Lya lya lya...dowamy...
Gutlaglar we arzuwlar | Катюша
rexha (Şugün, 10:50)

Gara Saçyň Dökülipdir Döşiňe


Neler gördi gözüm....dowamy...
Talyplar we mugallymlar | Gara Saçyň Dökülipdir Döşiňe
rexha (Şugün, 10:47)

С праздником! С 9 мая!


Turkmence gutla...dowamy...
Gutlaglar we arzuwlar | С праздником! С 9 мая!
Domen (Şugün, 10:18)

Ýalňyş yşk-my?


Çaknyşýarys. Akylsyz biz. Akylsyz ýigit, Akylsyz gyz. Tiz bolaly. akylly Adamlar kän ...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Ýalňyş yşk-my?
Luckyboy (Şugün, 07:27)

Muny Bilmek Gyzykly !


Indi gulmelimika?...dowamy...
Degişmeler älemi | Muny Bilmek Gyzykly !
Luckyboy (Şugün, 07:25)
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2024

By Ezbereller Community
Яндекс.Метрика