“❤️ Saýt ýene-de öz işine başlady ❤️”

Içeri gir Agza bol
👉 Tanyşlyk Chat (üstüne bas)👈
💥New chat..🗨 - üstünden basyp çata girip bilersiňiz:)
Ýürekdeş sözler!
Dreamfull : Hic kim senyaly bolmady dal ,ozim senin yerine hic kimi goymadym

Forum | GÜRRÜŇDEŞLIK | Erkin mowzuklar

TA-TA-TA-TAAA...
 Täzeje
 Outlier [off]
 Düýn, 22:46

Feminizme garşy durýan kääääbir ...-izmler we ş.m.-ler.

ANTIFEMINIZM (feminizme garşylyk)
Antifeminizm 19-njy asyryň ahyrynda we 20-nji asyryň başynda, aýallaryň saýlaw hukugyny gazanmak ugrundaky hereketleri bilen bir wagtda ABŞ-da we Angliýada döräpdir.
Antifeminizm doly feminizme garşy durýan düşünjedir. Antifeministler feminizmiň jemgyýetdäki däp-dessurlary bozýandygyny, maşgala gurluşyna zyýan ýetirýändigini we erkekleriň hukuklaryny kemsidýändigini öňe sürýärler.
Bu düşünjäniň maksady zenanlaryň jemgyýetdäki orunlarynyň üýtgemeginiň sosial durnuksyzlyga eltjekdigini subut etmek.
Häzirki wagtda köplenç Yslam dünýäsinde we Gündogar Ýewropanyň käbir konserwatiw ýurtlarynda öz güýjüni saklamaga çalyşýan düşünjedir. Günbatar ýewropa ýurtlarynda bolsa sosial meýdançalarda berk tankyt edilýär.

MASKULINIZM (Erkekleriň hereketi)
1970-nji ýyllarda ABŞ-da we Ýewropada feminizmiň "ikinji tolkunyna"*¹ reaksiýa hökmünde döräpdir.
Maskulinizm erkekleriň hukuklaryna, meselelerine we jemgyýetdäki ornuna ünsi çekýär. Bu akymyň käbir tarapdarlary feminizmiň diňe aýallaryň bähbitlerini goraýandygyny we netijede erkekleriň (mysal üçin, çagalara hossarlyk etmek babatda döreýän meseleler, är-aýal arasyndaky düşünişmezlikler, zenan we erkek arasyndaky dawa-jenjeller, fiziki we ruhy şikeslenmeler, başga-da ş.m. ) kemsidilýändigini aýdýarlar.
Maksady erkekleriň ruhy saglygy, atalyk hukugy (çagany saklamak) we harby borçlulyk ýaly meselelerde erkekleriň kemsidilýändigine, zenanlaryň bolsa "aşa" goralýandygyna üns çekmek we görkezmek.
Häzirki wagtda Günbatar Ýewropada, ABŞ-da we Günorta Koreýada uly täsirini ýetirýär. Has-da, käbir internet platformalarynda örän meşhur.

TRADISIONALIZM (Däp-dessurçylyk)
Bu düşünje aýratyn bir ýerde döränok, ol asyrlaryň dowamynda emele gelen medeni gurluşdyr. Emma modernizm we industrializasiýa garşy 20-nji asyryň ortalarynda filosofiki akym hökmünde has takyk kesgitlenipdir.
Bu düşünje jemgyýetiň "tebigy" ýa-da "taryhy" tertibini goraýar. Tradisionalistler — erkekler bilen we aýallaryň biri-birinden düýpli tapawutlydygyny öňe sürýän kişilerdir.
Erkek kişiniň maşgalany goraýjy we ekleýji, aýal kişiniň bolsa maşgala ojagyny saklaýjy, terbiýeleýji hökmünde galmalydygyny goldaýarlar.
Maksady "Tebigy tertibi" saklap galmak.
Orta we Ýakyn Gündogar, Merkezi Aziýa we Afrikanyň köp böleginde jemgyýetçilik durmuşynyň esasy sütüni bolup durýar. Skandinawiýa ýurtlarynda bu düşünje döwlet syýasaty bilen goldanylmaýar.

KOMPLEMENTARIZM (Biri-birini dolduryjylyk)
Köki gadymy Gündogar (In-Ýan) we gadymy grek filosofiýasyna uzaýar. Häzirki zaman terminologiýasynda-da 20-nji asyryň ahyrynda Watikanda (Katolik buthanasynda) we käbir protestant akymlarynda has aýdyňlaşdyryldy.
Has köp dini we filosofiki kontekstde duş gelýän bu garaýyş, aýallaryň we erkekleriň "deň" emma "meňzeş däldigini" öňe sürýär. Olar biri-biriniň garşydaşy däl-de, biri-birini doldurýan iki bölek hasaplanýar. Bu düşünjede erkek bilen zenanyň rollary deňhukuklylyga däl-de bitewülige esaslanýar.
Maksady erkek bilen aýaly biri-birine bäsdeş däl-de, bitewülik hökmünde görkezmek we dini kanunlara laýyklykda jyns rollaryny düşündirmek.
Italiýa (Watikan), Latyn Amerikasy we Ysraýyl ýaly dini ynançlaryň "güýçli" bolan ýerlerinde örän aktiw düşünjedir.


KONSERWATIZM (Goraýjylyk)
18-nji asyryň ahyrynda Edmund Berk tarapyndan Beýik Britaniýada "Fransuz rewolýusiýasyna" garşy "jogap" hökmünde kemala getirilipdir.
Syýasy taýdan konserwatiw garaýyşly adamlar köplenç feminizmiň radikal görnüşlerine garşy çykýarlar. Olar feminizme jemgyýetiň esasyny düzýän maşgala "mekdebini" üýtgedýän howp hökmünde garaýarlar we durnuklylygyň köne kadalary saklamak arkaly mümkindigine ynanýarlar.
Bu syýasy garaýşyň maksady çalt we radikal sosial özgerişleriň öňüni alyp, taryhy tejribeleri gorap saklamak.
ABŞ-nyň Respublikaçylar partiýasy, Beýik Britaniýanyň Konserwatiwler partiýasy we Russiýa ýaly ýurtlarda döwlet derejesinde täsirli ideologiýadyr.

INCEL*² (mejbury sallahlyk ýa-da islenilmezden sallah bolmak) Sub-medeniýeti*³
Bu has döwrebap we köplenç internet arkaly ýaýraýan radikal bir akymdyr.
2010-njy ýyllaryň başynda, esasan, Demirgazyk Amerikada we Ýewropada internet forumlarynda döräpdi.
Bu adamlaryň pikiriçe, häzirki zaman feminizmi we jynsy erkinlik diňe iň gelşikli hem-de baý erkeklere peýda berýär, galan erkekleri bolsa "ýalňyzlyga" itekleýär.
Bu sub-medeniýeti kabul edýän adamlaryň aýtmagyna görä, olar romantik ýa-da jynsy gatnaşyk gurmak isleýärler, ýöne muňa garamazdan, dürli sebäplere (daş keşbi, sosial ukypsyzlyk, ykdysady ýagdaý) görä ýanýoldaş tapyp bilmeýärler.
Incel sub-medeniýetiniň özüne mahsus "pelsepesi" bar. Olaryň garaýşy "LSM" ýörelgesini emele getirýär.
"LSM (Lookism*⁴, Status, Money) — zenanlar diňe iň gelşikli (Lookism), iň ýokary statusly (Status) we iň baý (Money) erkekleri saýlaýarlar"
Incel-leriň umumy pelsepesi "Eger sen gelşikli we şowly bolup dogulmadyk bolsaň durmuşda hiç haçan bagtly bolup bilmersiň"
Incel-ler häzirki zaman feminizmini özleriniň "bagtsyzlygynyň" esasy sebäpkäri hökmünde görýärler. Olaryň pikiri — feminizm zenanlara aşa köp azatlyk berdi we bu azatlyk netijesinde zenanlar diňe "iň gowy" erkekleri saýlap, beýleki erkekleri (incel-leri) ünsden düşürýärler. Olar öňki döwürdäki "däp-dessurçy" maşgala gurluşynyň (patriarh) özleri üçin has adalatly bolandygyna ynanýarlar.
Bu sub-medeniýet käbir ýurtlarda (mysal üçin ABŞ we Kanada) berk gözegçilik astynda saklanýar. Sebäbi, forumlaryndaky gepleşikler köplenç zenanlara bolan ýigrenji wagyz edýär. Taryhda käbir incel-leriň öz umytsyzlygy we gahary sebäpli köpçülikleýin hüjümlere we zorlamalara baş goşan halatlary boldy.

KULTURAL-RELÝATIWIZM*⁵ (Medeni Otnositellik)
Munda feminizm "Günbataryň medeni imperializmi" hökmünde görülýär. "Günbataryň azatlyk we deňlik düşünjesi musulman ýa-da beýleki Gündogar jemgyýetlerine zor bilen kabul etdirilip bilinmez. Her medeniýetiň öz aýal-erkek gurluşy bardyr we oňa hormat goýulmalydyr" diýen pikiri öňe sürýärler.
Kultural relýatiwizme görä, her bir medeniýetiň özüne mahsus gymmatlyklary, ahlak kadalary we maşgala gurluşy bardyr. Bir medeniýeti başga bir medeniýetiň ölçeglerine (meselem, Günbatar) laýyk getirmäge çalyşmak ýa-da bir medeniýeti başga bir medeniýetiň ölçeglerine görä tankytlamak "medeni imperializm" diýlip hasaplanýar.
Bu garaýşyň tarapdarlary feminizmi şu nokatlarda tankytlaýarlar:
Günbatar feminizminiň beýleki medeniýetlerdäki zenanlary "halas edilmeli pida" hökmünde görmegini özleriniň millilik terbiýesiniň, milli jemgyýetçilik kadalarynyň bozulmagyna garşy hereket hasaplaýarlar. (Mysal üçin: Günbataryň hijaply aýalyň hökman "ezilýändigini" öňe sürmekleri).
Günbatar feminizminiň şahsyýetçiligi (diňe özüňi bilmek) öňe sürýändigini, munuň bolsa köpçülikleýin we maşgala esasly medeniýetleri (Gündogar, Afrika, Merkezi Aziýa) dargadýandygyny aýdýarlar.
Bu düşünjäniň käte Birleşen Milletler Guramasynyň (BMG) Ähliumumy Adam Hukuklary (Universal Declaration of Human Rights) bilen gapma-garşy gelýän wagtlary hem bolýar.


*bellikler:
1. "Ikinji tolkun"
Feminizmde şu wagta çenli "4 tolkun" boldy. Olaryň 2-njisi gysgaça şeýle manyda: "Diňe kanun öňünde däl, eýsem gündelik durmuşda-da deňlik gazanmak. Maşgala gatnaşygynda hukuklaryny talap etmekleri, iş ýerindäki kemsitmelere garşylyk we iş ýerinde deňlik, çaga dogurmak babatda hukuklaryny talap etmekleri we ş.m."

2. INCEL iňlisçe involuntary celibacy sözleriniň gysgaltmasy.

3. Sub-medeniýet latynça sub — "aşaky" we medeniýet) — jemgyýetdäki umumy medeniýetiň içinde özboluşly garaýyşlary, däp-dessurlary, geýinişleri ýa-da dil aýratynlyklary bilen tapawutlanýan has kiçi we aýrybaşga topara aýdylýar.
Mysal üçin, Hippiler, Panklar, Gotlar, Hip-Hopçylar, Gamerler...

4. Lookism iňlisçe look — "daş keşp, görnüş" — adamyň diňe daş keşbine, owadanlygyna ýa-da fiziki görnüşine seredip, oňa baha bermek ýa-da kemsitmek diýmekdir.

5. Relýatiwizm — "hemme kişi üçin bir sany hakykat ýokdur" diýmek. "Hakykat seredýän nokadyňa görä üýtgeýär" diýen pikiri goldaýar.


© .outlier


27

13

1

3

0

0

1
Teswirler:
 Özümiziňki
 Mawy [off]
  Dymmak iñ güýçli sesdir.
 Düýn, 23:06

+2

Durmuşda bagt tapmak diňe bir jemgyýetiň gurluşyna ýada kimdir birine günä ýüklemek bilen edilenok. Incel-leriň gahary hem, feminizme garşy çykýanlaň tankydy aslynda adamlaryň öz ýerini, gymmatyny we hormatyny gözleýändiginiň başgaça bir görnüşi. Ýöne hakykat şunda: nehä feminizm hemkişini bagtsyz etdi, nede däp,dessurlar hemme kişini bagtly edýä. Bagt bu saýlaw, ösüş we özüňe garşy dogruçyl bolmak bilen gelýär. Zenan bilen erkegiň arasynda uruş,göreş, dawa, bolup, düşünüşmeklik bolmasa onda iki tarapam bagt tapmazmyka diýýän menä


Täzeje
Outlier  (Düýn, 23:15) 

Mawy, feminismi senem


Özümiziňki
Mawy  (Düýn, 23:18) 

Outlier, 50/50


Täzeje
Outlier  (Düýn, 23:20) 

Mawy, post-feminizmişiňmişiňdä onno

Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

TA-TA-TA-TAAA...


Durmuşda bagt tapmak diňe bir jemgyýetiň gurluşyna ýada kimdir birine günä ýüklemek bilen edilenok. Incel-leriň gahary hem, feminizme garşy çykýa...dowamy...
Erkin mowzuklar | TA-TA-TA-TAAA...
Mawy (Düýn, 23:06)

SÖÝÜÑ GARA GÖZLERIM


Gowy goryan gosgularymdan biri. "Ajayyp" kinofilminde bir epizod bolmaly. Jallyň masynyn ustunde tans edyani. Ana sol aydymyn gosgusam Turkmenbas...dowamy...

Kömek


Nämä gerek?...dowamy...
Erkin mowzuklar | Kömek
Maleficent (Düýn, 17:52)

Muny bilmek gyzykly (2)


,"Köýten obasy" nirä degişli...dowamy...
Erkin mowzuklar | Muny bilmek gyzykly (2)
Orazjan (Düýn, 17:30)

Muny bilmek gyzykly (2)


Köyten obasyndaky tutda 2023 gidemizde bardyk şonda 1000 yaşy bar diydiler...dowamy...
Erkin mowzuklar | Muny bilmek gyzykly (2)
SerdarG (Düýn, 17:10)

Kömek


#Gudurot_berdili...dowamy...
Erkin mowzuklar | Kömek
zM (05.04.2026 / 23:25)

Komek soran mowzuk


Bähhh...dowamy...
Erkin mowzuklar | Komek soran mowzuk
Perhatsabirovv (05.04.2026 / 21:00)

Pul we söýgi


Hic zat soyguden rustem dal...dowamy...
Erkin mowzuklar | Pul we söýgi
Belki (05.04.2026 / 09:09)

Pul we söýgi


Gowja hekaya tuweleme...dowamy...
Erkin mowzuklar | Pul we söýgi
yurekdesh (04.04.2026 / 23:06)

Pul we söýgi


Täsirli...dowamy...
Erkin mowzuklar | Pul we söýgi
Orazjan (04.04.2026 / 22:49)
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2025

By We-Pro -->