“❤️ Saýt ýene-de öz işine başlady ❤️”

Içeri gir Agza bol
New ,,ertir" chat - Biz bärde🙂
Ýürekdeş sözler!
Bayradot : Gybat güýçsüz, ejiz adamyň işidir.

Forum | GÜRRÜŇDEŞLIK | Oýunlar, testler we soraglar

Adamlar näme üçin ukudaka ýöreýärler?
 Täzeje
 Allash [off]
 07.04.2026 / 17:24

Munuň ýaly wakalara käte gabat gelinýär. Ukuda ýöremeklik-häsiýetiň belli bir görnüşi bolup, onuň üýtgeşik bir syry ýok.
Bu hadysa düşünmek üçin, ilki bilen, ukynyň nämeden döreýändigini bilmeli. Uky adam bedenindäki uzakly günüň dowamynda ýadan organlarynyň hem-de dokumalarynyň dynç alyp, täzeden dikelmegi üçin gerekdir. Şu wagta çenli nädip we näme üçin uklaýandygymyzyň takyk ylmy düşündirilişi anyklanylanok.
Muňa garamazdan, biz adamzat beýnisinde uky merkezi bar diyip, ol hem adam bedeniniň ukudaky we aýak üstündäki ýagdaýyny sazlaýar diýip, düşünýäris.
Uky merkezini näme sazlaýar? Uzakly günüň dowamynda adam bedeniniň hereketde bolýanlygy üçin, ganyň düzümine dürli görnüşli maddalar goşulýar. Ganyň düzümine goşulýan maddalaryň biri-de kalsiýdir. Ol bolsa uky merkeziniň kadaly işlemegine getirýär.
Uky merkezi işe girişenden soň, iki hereketi ýerine ýetirýär. Birinjiden, biziň hiç bir işe gümra bolmazymyz ýaly, işleýän beýniniň bir bölegini togtadýar. Ol bolsa bizi özümizi duýman ýatar ýaly ýagdaýa eltýär. Bu hadysa beýni ukusy hem diýilýär.
Ikinjiden, ol beýniniň içindäki käbir nerw damarlarynyň işini togtadýar. Bu bolsa bedeniň içki organlaryny, elleri, aýaklary uka getirýär. Bu hadysa bolsa bedeniň uklamasy diýilýär. Kadaly ýagdaýda ukynyň bu iki hadysasy biri-biri bilen özara baglanyşykly bolmalydyr. Käbir şertlerde bolsa özara baglanşygyň bozulýan wagty hem bolýar. Beden aýak üstünde bolsa-da, beýni uka gidip bilýär. Beýle ýagdaý nerw sistemasy bozulan adamda bolup bilýär. Şonuň üçin hem şeýle adamlar beýnisi ukudaka hem ýatan ýerinden turup, gezip ýörýärler. Beýni ukusy bilen beden ukusyndaky arabaglanyşygyň bozulmasyndan hem ukuda gezýän adamlar döreýär.


66

4

0

1

0

0

0
Teswirler:
Mowzukda teswirler ýok! Siz ilkinji bolup teswir ýazyň!
Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

Pulyňyzy tygşytlaň


sen mugallymcylyga nace berip girdin ?...dowamy...
Erkin mowzuklar | Pulyňyzy tygşytlaň
tony_montana (Şugün, 01:51)

Gyrrygyz'ymyz


Ölümli jülgeden őlmänjik geç, öläýseňem aýt depip barlap görjek...dowamy...
Gutlaglar we arzuwlar | Gyrrygyz'ymyz
zM (06.07.2026 / 19:33)

Ýagşylyk


Bu name repmi?...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Ýagşylyk
Kimgerek_ (06.07.2026 / 17:53)

Gyrrygyz'ymyz


Pygamber yashy 63 daldimi...dowamy...
Gutlaglar we arzuwlar | Gyrrygyz'ymyz
Kimgerek_ (06.07.2026 / 17:45)

Kän garaşdyñmy?


Kän garaşdym kän.....dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Kän garaşdyñmy?
Ayjahan (06.07.2026 / 00:41)

Gyrrygyz'ymyz


Agyyy zenk yu weri mach yone menin doglan gunum dal gyyy...dowamy...
Gutlaglar we arzuwlar | Gyrrygyz'ymyz
Garrygyz (05.07.2026 / 23:29)

Gyrrygyz'ymyz


Ýüregiňe görä ömrüň bolsun, uzak ýaşa!!...dowamy...
Gutlaglar we arzuwlar | Gyrrygyz'ymyz
MaD_B (05.07.2026 / 22:36)

Degişmejik.


byrynjy gowy ekeni...dowamy...
Degişmeler älemi | Degişmejik.
SerdarG (05.07.2026 / 18:50)

Gyrrygyz'ymyz


Entägem Gyrgy gyz diymänsiñ:d)Gutlyaýan!Doglan günüñ bagtly bolsun!...dowamy...
Gutlaglar we arzuwlar | Gyrrygyz'ymyz
Candi (05.07.2026 / 16:59)

Gyrrygyz'ymyz


gaçan gunin bilen )))...dowamy...
Gutlaglar we arzuwlar | Gyrrygyz'ymyz
tony_montana (05.07.2026 / 16:20)
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2025

By We-Pro -->