“❤️ Saýt ýene-de öz işine başlady ❤️”

Içeri gir Agza bol
Ýürekdeş sözler!
Perman : Sensizlik hem geçip barýar deñimden, Mundan soñra çykmaweri öñümden !

Forum | GÜRRÜŇDEŞLIK | Erkin mowzuklar

Täze ýyl däp-dessurlary
 Täzeje
 Allash [off]
 07.04.2026 / 23:21

Täze ýyly dünýäniň her ýurdy özüçe, öz däplerine, yrymlaryna görä garşylaýar.
Täze ýylda ýarygije Ýaponiýadaky ähli buthanalarda zaňlar 108 gezek urulýar. Adamda alty sany ýaman häsiýet:betnebislik, betpällik, pekgelik, ýeňilkellelik, ýaýdanjaňlyk we doýmaz-dolmazlyk bar. Olaryňam öz gezeginde her haýsynyň on sekiz dürli öwüşgini bar diýilip hasaplanylýar. Zaňyň owazlary ýaňlandygyça ýaman häsiýetlerden arassalanmak bolup geçýärmişin.
Iň soňky urgy ýaňlandygy uklamaly. Säherde turup, köçä çykmaly-da, Täze ýyly dogup barýan Günüň ilkinji şöhleleri bilen garşylamaly.
Golaý döwre çenli Ýaponiýada öz doglan günlerini bellemek däbi ýok eken. Täze ýylda ýarygije urlan zaňlaryň 108-nji urgusy ähli ýaşdaky adamlaryň bir ýaşyny artdyrýan eken.Meselem,şonuň öňküsi gün dünýä inen bäbejigem ertesi irden bir ýaşly çaga hasaplapdyrlar.
Italýan çagalary Täze ýyl gijesinde jahan ýagtylýança pejiň turbasyndan nazarlaryny sowanoklar. Hut şonuň üsti bilen öýe jadygöý zenan Befana girip, olaryň paşmajyklaryna höwes edilen sowgatlary goýýarmyşyn.
Baýramçylygyň öň ýanyndaky gün Kolumbiýanyň şäherlerinde ýa-da obalarynda siz gollarynda elde ýasalan uly gurjakly adamlary görersiňiz. Şol gurjaklar köne ýylyň nyşanydyr. Olar adamlar bilen hoşlaşýarlar. Adamlar bolsa özlerinde bolup geçen ähli oňatlyklar, gowy zatlar üçin minnetdarlyk bildirýärler. Angliýada gadymy däbe görä, sagat 24:00-da öýüň arka gapysyny açýarlar. Şeýdip, köne ýyly geçirip goýberýärler. Öňki gapyny açyp bolsa, Täze ýyly garşylaýarlar.
Rumyniýada durmuşa çykmadyk gyzlar guýynyň ýanyna gelip, şol ýerde şem ýakýarlar we guýynyň düýbüne seredip, özleriniň geljekki ykbalyny gözleýärler.
Ispaniýada Täze ýyl gijesi üzüm iýmek däbi bar. Sagat 24:00-a çenli 12 üzüm dänesini iýmeli. 12 üzüm dänesi 12 aýy alamatlandyrýar.
Şotlandiýada Täze ýyl özboluşly çäreler bilen garşylanýar. Şotlandlar garaýag çeleklerini ýakyp, olary köçelerde tigirleýärler. Şeýdip, şotlandlar köne ýyly ýakyp, Täze ýyly şöhlelendirýärler.
Hytaýda Täze ýyl baýramçylygy-fonarlaryň baýramy hasaplanýar. Täze ýyl gijesi köçelerde we meýdançalarda kiçijik fonarlar asylýar. Şol fonarlaryň şöhleleri erbet ruhlary kowýar.
Mongoliýada Täze ýylyň birinji güni ählihalk gezelençleri guralýar.
1-nji ýanwar-Täze ýyl baýramçylygy hökmünde bellenilýär. Şol gün Aý-Gün senenamasyna görä, "Sagana sar" diýilip atlandyrylýar. Ýurduň däp-dessuryna görä, her maşgala köne ýyly dabaraly ugradýar. Şol gün jedelleşmek, gaharlanmak, käýişmek we kimdir birini aldamak gadagan we uly günä hasaplanýar.
Kubada Täze ýylyň öň ýanynda öýdäki ähli gap-çanaklary suw bilen doldurýarlar. Şol günüň ýarygijesinde bolsa äpişgeden gap-çanaklardaky suwy döküp başlaýarlar .Şeýtmek bilen Kubanyň ýaşaýjylary Täze ýylda suw ýaly arassa we dury ýol arzuw edýärler.
Wenesuelada hem Täze ýyly gutlamagyň özboluşly däpleri bar. Ähli dogan-garyndaşlar bir ýere üýşüp, "la hallaca" tagamyny taýýarlaýarlar. Ol örän lezzetli tagam. Ony Täze ýyl gijesi işdämenlik bilen iýýärler, biri-birini baýramçylyk bilen gutlaýarlar, öz aralaryndaky bar bolan öýke-kinäni unudýarlar.
Nepalda Täze ýyly günüň dogmagy bilen garşylaýarlar. Täze ýyl gijesi bolsa nepallylar uly ot ýakyp, şol ýere gerek däl zatlaryny zyňýarlar. Ertesi gün boýag baýramçylygy başlanýar. Adamlar ýüzüni, elini reňkleýärler.
Soňra aýdym aýdyp, tans edip şatlanýarlar.
Panamada Täze ýyl gijesi jaňlar kakylýar. Panamalylar bolsa sesiniň ýetdiginden gygyrýarlar.
Russiýada Täze ýyl baýramçylygy uly şatlyk we şagalaň bilen bellenýär. Ýurduň köp ýerinde arça agaçlary bezelýär, feýerwerkler atylýar, medeni-köpçülikleýin çäreler geçirilýär.


44

3

0

1

0

0

0
Teswirler:
Mowzukda teswirler ýok! Siz ilkinji bolup teswir ýazyň!
Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

Oglan bilen gyzyň arasynda dostluk bolup bilermi?!


Gowy ýazylypdyr. Ýöne mintalitet diýen zat bar, ana şoň bilen ýaşajak bolsaň onda gyýz oglanyň soňynda gowlyk ýok bolmaly. Bu elbetde rial sataş...dowamy...

Türkmen boksçysy WBC Ýewraziýa görnüşi boýunça çempionlyk guşagyny gazandy


senden soran bamy nirede näme bolandygy geçiniň öň aýagy ýaly boluberme...dowamy...

Garry gyzyň ykbaly /hekaýa


samsyk tema...dowamy...
Erkin mowzuklar | Garry gyzyň ykbaly /hekaýa
masterdollar (Düýn, 10:48)

God of War: Ghost of Sparta oýuny barada


Oynap gorella telefonda...dowamy...

Гурбан байрамынз Мубарек болсун !


Et bermesen yzyna gutlajak daldirin...dowamy...

Гурбан байрамынз Мубарек болсун !


hemmamizinki kabul bolsun krasawitsa moya...dowamy...

Garry gyzyň ykbaly /hekaýa


manysyz mowzuk...dowamy...
Erkin mowzuklar | Garry gyzyň ykbaly /hekaýa
masterdollar (26.05.2026 / 22:47)

18 ýaşym


Şuw kelle ýazýan zatlaryň bir tine durmaýanzat...dowamy...
Erkin mowzuklar | 18 ýaşym
masterdollar (26.05.2026 / 22:36)

Ene we ogul.


Agladýan goşgy eken ,Sagbol ýetirenňe ....dowamy...
Erkin mowzuklar | Ene we ogul.
Alek (26.05.2026 / 14:16)

Garry gyzyň ykbaly /hekaýa


Dogrysy doly okamok yone bi gunning okadym yagny gyzyn yene tazeden koynege otyran yerine cenli...dowamy...
Erkin mowzuklar | Garry gyzyň ykbaly /hekaýa
Minigim (24.05.2026 / 16:54)
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2025

By We-Pro -->