“❤️ Saýt ýene-de öz işine başlady ❤️”

Içeri gir Agza bol
👉 Tanyşlyk Chat (üstüne bas)👈
💥New chat..🗨 - üstünden basyp çata girip bilersiňiz:)
Ýürekdeş sözler!
Madi : gozlerin gozlerimin gozledigi gozleri gozleseydi gozlerinle gozlerim goz goze gelirdi guzel gozlum

Forum | UMUMY BÖLÜM | Şygyryýet dünýäsi

"Dost"
 Özümiziňki
 Mawy [off]
 Şugün, 08:55
 Dymmak iñ güýçli sesdir.

Adam adam adyn alaly bäri.
Bir ýumrugy – toýly, Birisi – ýasly.
Dosty soňky demde hyrkyldap ýatyr.
Edil gapdalynda toý tutýar dosty.

Ýöne weli bu dost
Hakyky dostdy –
Dostunyň ugrunda ýurt söküp bir ýyl,
Toýuny tesdirdi. Melhem gözledi...
Emma şaha-şaha,
şatut dek ogul

Gara kesewi dek süýnüp ýatyrdy.
Peýda berenokdy hiç hili melhem.
Dostuň dosta eden melhemlerinden
Dirilip bilerdi,
Belki, öli hem.

Emma dirä weli şypa ýetmedi:
Bu dünýäde artyp bäş sany ýetim,
Sapagyndan tänen, bäş alma ýaly
Ýaş enäň etegne
gaçjakdy ertir.

Emma Kesel üçin ýetimmi, ýesir –
Tapawudy ýokdy. Bolsaň-da her kim,
Hökmürowandy ol. Sülçüsiz-zatsyz –
Bir madda boýunça
Kesýärdi
Höküm.

Bu gezek höküme howlukmady ol.
Pidasyn bir ýyllap oýnady Kesel.
Düýn oňa bir bulgur awy uzatdy,
Bu günem uzatdy
Bir oýmak hesel.

Diýmeli, yzyna tesipdir kesel.
Guwandy dost-ýarlar. Begendi il gün.
Enesi gülledi misli bir erik,
Aýaly açyldy misli bir bägül.

Toý hakda maslahat gozgaldy şol gün.
Ol diýdi: «Näme üçin şu wagta çenli
Maňa aýtmadyňyz? Men toý küýseýän.
Ataryň gazany! Getiriň gelni!
Toýuň hyzmatyna ýaraman weli,
Sazyn diňlemäge ýarar bu göwün.
Aý, onsoňam, näme dostumyň toýy
Belki bir käsejik
Urarsam şo gün».

Ertesi daň bilen gitdi atbaşy.
Gelin getirildi. Toý gyzdy öýlän.
Tans edip başlady ýigitler, gyzlar,
Gün bolsa ýaşypdy,
Ýaşypdy eýýäm.

Ýaşsa ýaşybersin. Gün diýilýän zat
Ýaşmak, dogmak üçin dälmidir başda!
Wah, ol şeýle welin,
bu günki günüň
Ýaşyşy öňküden
Bolmaly başga.

Şol gün bilen
Bile ýaşmalydy ol –
Hoşlaşmalydy ol bu älem bilen.
Ýöne dost toýuny bozmazlyk üçin
Keseller içinde iň zalym bilen
Başa-baş söweşe girişipdi ol.

Ýok, ol edenokdy ölümden heder.
Diňe birje zatdan heder edýärdi:
«Toýy bulaşdyrsam,
Il-günüm näder?!

Men diri bolmaly. Diňe diri däl,
Men adam bolmaly. Adamlyk bolsa –
Diňe Wepa bilen Mertlige bagly.
Adamlyk tohumy gutarar ýogsa».

Bir howlyň içine syganok ilat.
Deň-ýary düzlüpdir ýabyň boýuna.
Ol bolsa
söweşip ýatan ýerinden
Guwanyp dostunyň uly toýuna,

Gyzlaň gülküsine, bagşyň sazyna
Ýüregniň iň soňky sesin goşýardy.
Daşarda Saz bilen Gülki ýaryşsa,
Öýde Ömür bilen Ýas ýaryşýardy.

Haýsynyň ýeňjegi eýýäm bellidi.
Emma dowam edýär başa-baş söweş.
Göýä Ajal onuň bogazna däl-de,
Ol onuň bogazna münene meňzeş –

Gysýardy ýumrugyn, barha gysýardy.
Ýüzüniň, gözüniň üýtgäpdi persi.
Göýä gurçuk üçin pudalan tuduň
Kellesi ýalydy ýumrugnyň hersi.

Ýatyrdy ol misli telegraf pürsi –
Göýäki diýersiň, uly bir tupan
Ony ýykypdyr-da, emma henizem
Simler işläp ýatyr myhyndan sypman.
Emma etjegini edipdi tupan.
Güýç barha keselden
Asgyn, asgyn, asgyn...

Onýança-da dosty gapydan girdi.
Gyssandy: «Toýuňy sowduňmy, dostum?»
– Hawa, hawa, toýy sag-aman sowduk.
Ýap-ýaňja ugratdym soňky myhmany.
– Onda eliň äber... Toý gutly bolsun!...
Men gitdim...
Hyrk boldy.
Sogruldy jany.

#Kerim. Gurbannepesow.


5

4

1

1

0

0

0
Teswirler:
 Premium
 USA_virus [off]
  Dostum yok duşmanm kop
 Şugün, 10:47

+0

kerim gurbannepesowyn gosgylary gaty gowy

Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

Biologik ýaş.


mawy agzamyza gosulyan+...dowamy...
Erkin mowzuklar | Biologik ýaş.
USA_virus (Şugün, 10:48)

Beýni hem garraýar. Näme üçin eýýäm 30 ýaşdan soň onuň aladasyny etmeli?


gaty gowy...dowamy...

"Dost"


kerim gurbannepesowyn gosgylary gaty gowy...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | "Dost"
USA_virus (Şugün, 10:47)

Biologik ýaş.


Ýaş başda däl, dişde diýen bolaýynla. Agzynda dişi az bolsa şol hem uly ýaşly))...dowamy...
Erkin mowzuklar | Biologik ýaş.
Mawy (Şugün, 09:29)

Çagalar hakynda.


Şola dogry. Çaga 5 likçi bolsa durmuşda hemme üstünlik şoña garaşýan ýaly köp ene atalar. Öz klasdaşlarymdan bilýän, nirede harplary goşup söz dú...dowamy...
Erkin mowzuklar | Çagalar hakynda.
Mawy (Şugün, 09:26)

Söýgi Hasraty


gowja goşgy ekeni...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Söýgi Hasraty
SerdarG (Düýn, 16:10)

TA-TA-TA-TAAA...


Bu zatlara kelle agyrtyan bamay...dowamy...
Erkin mowzuklar | TA-TA-TA-TAAA...
MmB (Düýn, 12:57)

TA-TA-TA-TAAA...


Men arap TRADISIONALIZM KONSERWATIZM KOMPLEMENTARIZM INCEL*² KULTURAL-RELÝATIWIZM*⁵ Şylaň owlannykeýn. Din-Imanyňa gaýym bol Özüň...dowamy...
Erkin mowzuklar | TA-TA-TA-TAAA...
zM (Düýn, 12:09)

TA-TA-TA-TAAA...


Durmuşda bagt tapmak diňe bir jemgyýetiň gurluşyna ýada kimdir birine günä ýüklemek bilen edilenok. Incel-leriň gahary hem, feminizme garşy çykýa...dowamy...
Erkin mowzuklar | TA-TA-TA-TAAA...
Mawy (06.04.2026 / 23:06)

SÖÝÜÑ GARA GÖZLERIM


Gowy goryan gosgularymdan biri. "Ajayyp" kinofilminde bir epizod bolmaly. Jallyň masynyn ustunde tans edyani. Ana sol aydymyn gosgusam Turkmenbas...dowamy...
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2025

By We-Pro -->